23:49 Adam ata we How ene / pýesa | |
ADAM ATA WE HOW ENE / Dört görnüşli drama
Teatr we kino sungaty
Gatnaşýarlar: 1. Adam ata. 2. How ene. 3. Abyl. 4. Kabyl. 5. Jebraýyl. 6. Iblis we beýleki perişdeler. ■ Birinji görnüş Ýedinji asman. Perişdeler. Olaryň hemmesi ak örtükli. Ýüz-gözleri görnenok. Jynsy tapawutlary ýok. Umuman, olarda ten ýok. Olar ruh. Göze görünmeýän dünýäniň wekilleri. Biribaryň hyzmakärleri. Häzirem olar Biribary wasp edip aýdym aýdýarlar. Jebraýyl perişde horuň öňünde. Iblis olara goşulanok. ―Şöhrat saňa Beýik biribarymyz, Seniň gudratyňa haýran barymyz, Seň öňüňde başymyzy egýäris, Adam atly ýaradan ynsanyňa Tagzym edýäris, we onuň akyl-huşuna Hormat goýýarys... Jebraýyl. (Aýdym gutarandan soň Iblisiň ýanyna barýar.) Sen näne üçin aýdyma goşulmaýarsyň. Iblis. Men siziň bu aýdymyňyza goşulman. Jebraýyl. Näme üçin? Iblis. Sebäbi siz munda Adamyň öňünde tagzym etmekligi ündeýärsiňiz. Jebraýyl. Biribaryň öz buýrugy şeýle. Iblis. Men beýle buýruga boýun egmeýärin (Perişdeler: “hi-iýh” etdirişip içlerini çekýärler). Jebraýyl. Sebäbi? Iblis. Sebäbi, Men perişde. Biribar meni otdan, Adamy bolsa suw bilen toprakdan ýaratdy. Şeýle hem men Biribaryň öz dünýäsiniň, göze görünmeýän dünýäniň wekili. Mekanym ýedinji asman. Ornum Hudaýyň kürsüsiniň golaýy. Adam bolsa göze görünýän dünýäniň ýaşaýjysy. Haýsy tarapdan alanyňda-da ol menden pes. Şonuň üçinem, men oňa tagzym etmen, öňünde baş egmen. Jebraýyl. Biribar bizem otdan ýaratdy. Biziňem mekanymyz arş, ornumyz Biribaryň kürsüsine golaý. Emma biz şonda-da Allanyň buýrugyna boýun bolup Adama tagzym edýäris ahyry. Iblis. Men size-de onuň öňünde kiçelmezligi maslahat berýärin. Biz diňe Biribaryň öz öňünde baş egmelidiris. Şondan başga hiç kimi, hiç bir güýji ykrar etmeli däldiris. Jebraýyl. Egerde, biz Biribary ykrar edýän bolsak, onda öňi bilen onuň buýrugyny berjaý etmelidiris. Onsoňam, Biribar Adamy toprakdan ýasap, göze görünýän dünýäde ýaşamaklygy höküm eden hem bolsa, biziň göze görünmeýän dünýämiziň ruhyndan Nur alyp içine jan goýberdi. Şeýlelikde, Adamyň göwresi iki dünýäden - göze görünýän hem görünmeýän dünýäden ybarat boldy. Iki dünýäden ybarat bir göwre biziň bir dünýeden ybarat, tensiz göwrämizden kän kämil dälmidir eýsem? Üstesine onuň akyl – huşam biziňkiden zyýada. Iblis. Sen muny nädip subut edip biljek? Jebraýyl. Muny subut etmek aňsat. Mysal üçin, ol janly- jansyz, Biribaryň ýaradan ähli zatlarynyň atlaryny bilýär. Biz bolsak bilemzok. Senem bileňok. Iblis. Bilse bilibersin, ukyply bolsa bolbersin, barybir men oňa tagzym etmen. Jebraýyl. Diýmek, sen onda Biribaryň buýrugyndan boýun towlaýarsyň-da? Iblis. Ýeke bir buýrugyndan boýun towlamak däl, asla men onuň soňky döwürlerde edip ýören işleriniň hiç biri bilenem ylalaşmaýaryn (Perişdeler ýene-de içlerini çekýärler. Gaýra-gaýra tesýärler. Tolgunýarlar.) Onuň edýän işleriniň hemmesem ters. Nädürs! Jebraýyl. Hudaýa şek ýetirme! Iblis. Men hakykaty aýdýan. Ol jümle-jahany ýaradyp gidip oturşyna uly ýalňyşlyk goýberdi. Bar zady bulaşdyrdy. Baky tümlüge duwlanyp ýatan sowuk giňişligi gaflatdan oýardy. Belli bir möhletden soň barybir ýene-de ýok bolup gitjek ýalançy dünýäni döretdi, ten hem ruhy taýdan bize görä kän ejiz bolan Adamy ýaratdy, oňa taý tapyp berdi, janly-jansyz göze görünýän dünýädäki ähli zatlaryň üstünden hökümdar edip goýdy. Şu zatlary etmek bilen ol jahana birgiden derdeser getirdi. Indi tä, ýok bolup gidýänçä şu iki dünýäde Adam zerarly boljak bulaşyklaryň soňy gelmez. Şu zatlar äşgär görnüp durka, Onuň tapýan zadyna seret: Biz Adama tagzym etmelimişik. Jebraýyl. Seniň kalbyňy gabanç duýgulary gaplap alypdyr. Sen Adamyň Allatarapyn berlen derejesini gysganýaň. Şonuň üçinem, Biribaryň buýrugyna boýun bolmajak bolýaň. Iblis. Howwa! Hut şonuň üçinem boýun bolmajak bolýan. Bolmanam. Jebraýyl. Eýle bolsa Biribar seni öz mekanyndan kowar. Mülkünden çykarar. Ýanynda saklamaz. Iblis. Elbetde! Sebäbi men onuň ýalňyşlyklaryny ýüze çykarýan. Kemçiliklerini ýüzüne basýan çekinmän. Aýdýan. Özüňkiden kän-kän akylly, paýhasly pikirleri orta atýan. Şonuň üçinem Ol meni halanok. Ýigrenýä. Menden ornuny gabanýa. Perişdeleriň ählisini öz tarapyma çekerimden, tagtyndan taýdyryp kürsüsine eýe bolarymdan gorkýa. Jebraýyl. Hudaý hiç kimden gorkmaýar. Özünden gorkmaýanlara bolsa gazap edýär. Şonuň üçin senem onuň gazabyndan gork. Toba et. Adama tagzym et! Ol rehimdardyr, günäleri geçijidir. Şeýtseň, seňkinem geçer. Iblis. Ýok! Öz ýaradan mahlugyny özi bilen deň saýyp, bizem oňa tagzym etdirmekçi bolýan Hudaýyň öňünde men toba etmen. Jebraýyl. Iň soňky mümkinçiligiňi elden berme. Iblis. Men öz sözümi aýtdym. Jebraýyl soragly nazaryny asmana dikýär. Asman närahatlyk tapýar. Gök gübürdeýär. Ýyldyrym çakýar. Şemal şuwlaýar. Soň köşeşýär. Imisalalyk bolýar. Asmandan owaz inýär. Owaz. Men ähli zady görýärin, ähli zady eşidýärin. Asmanyň kada-kanunlaryny bozup, meniň garşyma baş göteren perişdäni men häziriň özünde küle öwrerin! Iblis (kinaýa bilen): Eý, Biribar! Hany seniň geçirimliligiň? Hany seniň rehimdarlygyň? Owaz. Meniň geçirimliligimem, rehimdarlygymam ýalňyşyna düşünip toba gelýänler üçindir. Görkezen ýolumdan çykanlara, maňa garşy gidenlere menden gorkmaýanlara, meni söýmeýänlere men hiç haçan geçirimlilik etmerin. Iblis. Onda bir soragym bar. Owaz. Aýt. Iblis. Meni seniň özüň ýaratdyň gerek? Owaz. Howwa, özüm ýaratdym. Iblis. Näme üçin ýaratdyň? Owaz. Ähli perişdeler ýaly maňa gulluk etmegiň üçin. Iblis. Eýsemde bolsa Sen meni ýaradan wagtyň iru-giç garşyňa gitjekdigimi bilmediňmi? Egerde bilmedik bolsaň, onda seniň Hudaýlygyň ýalan. (Perişdeler ýene-de içlerini çekişip iki-baka tolgunyşyýarlar.) Bilibem ýaradan bolsaň, onda seniň niýetiň gowy däl. Çünki, ähli zada hökmüni ýöredýän hökmürowan hökmünde meni şu güne iteklän Seniň hut özüň bolýaň. Ýa senem ýalňyşdyryp bilýän başga-da bir uly güýç barmy? Owaz. Men ýaradan perişdelerime-de, saňa-da, Adama-da, onuň jübti Howa-da, beýleki barça jandarlara-da öz derejelerine görä akyl-huş berdim, isleglerine görä hereket ederleri ýaly erkinlik berdim, ýalňyşyp günä gazanan ýerlerinde toba etmäne mümkinçilik berdim. Sen meniň halk eden ähli mahluklarymyň arasyndan dörän we Adama tagzym, maňa toba etmekden ýüz öwren ilkinji azgyn. Şonuň üçinem, men saňa gazap ederin. Ýöne, öňde-soňda mülküme ýekeje azgynyňam bolmazy ýaly, hälem bolsa saňa toba etmäne maý berýän. Iblis. Ýok! Men indi ýokluga gidýänem bolsam toba –ha etmen. Ýaradyşyň ýaly meni bir demde ýok etjekdigiňe gözüm ýetip duranam bolsa, pikirimden dänmen. Ýöne, gazaba galmazdan öňürti senden ýekeje haýyşym bar. Owaz. Aýt. Iblis. Gel, ikimiz şeýle şertleşeli. Sen meni küle öwürme-de, öz bellän magşar günüňe çenli puryja ber. Owaz. Beýle uzak möhlet saňa nämä gerek? Iblis. Sen öňürti maňa söz ber, nämä gerekdigini şondan soň aýdaryn. Owaz. Bolýa. Men saňa tä, kyýamat – maşgar gününe çenli puryja berýän. Indi bolsa aýt, sen ol möhleti nämä ulanjak. Iblis. Ol möhleti men tä, şol güne çenli seň garşyňa ulanjak. Ähli güýjümi Adam neslini öz tarapyma çekmeklige, seň ýoluňdan azaşdyrmaklyga sarp etjek. Adamy ýaradyp, ony bizden ileri tutup ýalňyşandygyňy subut etjek. Şol maksadyma ýetmek üçin men maşgar gününe çenli bir pursat hem boş oturmaryn. Haýsy tarapa ugrasalaram men adamlaryň öňlerinden çykaryn, kä saglaryndan, kä sollaryndan, kä yzlaryndan gelerin. Agyz – burun deşikleriniň içi bilen kalplaryna aralaşaryn, tenleri bilen etleriniň arasynda, süýeklerinde, ýülüklerinde, gan damarlarynyň içinde ornaşaryn. Her dem saýy böwürlerine dürtüp bet işlere baş goşmaklaryny ündärin. Şeýdibem kyýamaty golaýlaşdyraryn. Magşar günem oturaga-da kimiň öz tarapyna köp adam çekendigi barada seniň bilen hasaplaşyk geçerin. Ana, şondan soň, jümle-jahanyň baky hökümdarynyň sen däl-de, mendigim belli bolar. Eşitdiňmi, mendigi belli bolar!.. (Ýakymsyz gülýär. Nämä dymýarsyň? Ýa gorkduňmy? Sözüňi yzyna alýaňmy? Owaz. Ant, şert, sözden dänmek, maňa ýatdyr. (Esli wagtdan soň): Goý, seniň diýeniň bolsun. Men seniň çagyryşyňy kabul edýärin. Tä, kyýamat – magşar gününe çenli seni özüm bilen Adam nesliniň arasyndaky çägiň ölçegi edip goýýaryn. Iblis. Bolýar onda, başladyk!... ■ Ikinji görnüş Jennet. Gülzarlyk. Şahalaryny egişip oturan her dürli miweli agaçlar. Çeşmeleriň, guşlaryň, her dürli haýwanlaryň sesi. Adam ata bilen How ene seýil edişip ýörler. Olaryň diňe uýat ýerleri ýapraklardan, otlardan örülen örtgi bilen örtülen. Adam ata. Gör, biz nähili bagtly. Biribar bizi ilkinji ynsanlar edip ýaratdy. Behiştden orun berdi. Bu ýerde bar zat baky. Bizem baky. Bize hatda perişdelerem tagzym edýäler. How ene. Adam... Adam ata. Hä?.. How ene. Meniň ýüregim joşýar. Ýaradanyň şanyna aýdym aýdasym gelýär. Adam ata. Gel onda, bile aýdaly. How ene. Gel. Dyzlaryna çöküp asmana bakýalar we bilelikde aýdym aýdýalar. ―Eý, Biribar! Saňa şöhrat bolsun! Ýaradan dünýäleriň baky abat bolsun! Saňa garşy giden Şeýtana lagnat bolsun. Goý, ol senden ýeňilsin! Aýdym gutarandan soň asmana baş egýärler. Tagzym edýäler. Soň ýene-de gezelençlerini dowam edýäler. Miwelerden ýolup iýýäler. Daş – töwereklerine bakyp söýünýärler. How ene. Adam... Adam ata. Näme, ezizim? How ene (bir daragta tarap elini uzadýar). Näme üçin Biribar bize ala-böle şol daragtyň miwesinden iýäýmäň, iýseňiz ölersiňiz, diýip sargadyka? Adam ata. Ondan iýsek bize birtopar zyýanly zatlar aýan boljakmyşyn. Her-hili etmesiz işlere baş goşmagymyz ahmalmyşyn.Şonuň üçinem, ras, şondan datmaň, Şeýtandanam ägä boluň, diýdimi, biziň hut şeýle hem etmegimiz gerek. How ene. Biz hut, şeýle hem ederis. Şu daragtyň miwesinden iýmeris, Şeýtanyň ugruna gitmeris. Indi bolsa ýör, çeşmäniň boýuna baraly. Hä diýmän ol ýere keýijikler geler, degresinden ýaşylbaş ördekler, sonalar gonar. Ýör, şolara syn edeli, soňam alagaplaňlaryň ýumşajyk arkalaryna ýaplanyp ýataly. Adam ata. Bor. Ýöne, biraz soňrak. Meniň häzir ukym tutýar. Men şu ýerde ýatyp dynç aljak. How ene. Menem onda tä, sen oýanýançaň saçym bilen ýüzüňi ýelpäp, başyňy sypalap oturjak. Adam ata How enäniň dyzyny ýasanyp ýatýar. Uklaýar. How ene onuň başyny sypalaýar, saçynyň ujy bilen ýüzüni ýelpeýär. Gaýta-gaýta ýüzüne seredip söýünýär. Ýylan keşbine giren Iblis peýda bolýar. Iblis. How-a-a.. How ene. Wiý-ý... Uzyn, bu senmi? Iblis. Howwa, men, elsiz-aýaksyz bedibagt. How ene. Näme beýle zeýrenýäň, Uzyn? Iblis. Dagy nädeýin-dä, jan dogan. Daýanara dyzym bolmasa. Iliňki ýaly aýak yzym bolmasa. (Hamsygýar.) Beýleki haýwanlaryňky ýaly dört aýakdan-a tamakinem däl welin, Biribar maňa guşlaňky, ýa siziňki ýaly ikije aýagam rowa göräýmändir-ä. Kyrkaýak dagy hiç zadyň alnyndan däl welin, şoňňam aýaklaryny sanap tükeder ýaly däl, how... (Boýnuny süýndürip Adama seredýär.) Adam näme, uklan bolup ýatyrmy? How ene. Uklan bolup däl-de, uklap ýatyr. Näme, turuzaýynmy? Iblis. Ýok, ýok, turuzma. Degme ýatsyn. Men ine, seň bilen birki agyz gürleşen borun-da, süýrener giderin öz ýoluma. How ene (Adamyň başyny dyzyndan düşürip ynjalykly ýatyrýar. Ýerinden turýar. Iblise golaýlaşýar). Aýdyber Uzyn, näme gürrüňiň bar bolsa. Men diňleýän. Iblis (töweregine garanjaklap howatyrly gürleýär.) Aý, meň bir üýtgeşik aýtjak zadym ýok-laý... How ene. Nämede bolsa aýdyber, çekinme. Iblis (ýaýdanan bolýar). Aý, ýok, gowusy aýtmaýyn-laý... How ene. Gör-dä, Uzyn, aýtsaň-a diňlejek, bolmasa-da özüň bil. (Adama tarap ugraýar). Iblis.Ýa aýdaýsammykam-aý?.. Siz hakda öz-ä. Adam ikiňiz barada. How ene (gülýär). Weý, aýdyber diýýän-ä. Iblis. Aýtsam... Ine, bi, biziň Biribarymyzyň meni aýaksyz ýaradan-a hiç diýeli, sebäbi men mahluk, ýöne, sen ynsan ahyry... How ene (ýene-de gülýär). Weý, mende näme aýak ýokmy? Ine, bar ahyry.. (Duran ýerinde bökjekleýär, “jak-jak” gülýär). Iblis. Ýuwaş-a, Howa, ýuwaş, Adamy turuzýarsyň. Onsoňam men seniň aýagyň ýok diýjek bolamo-ok... Adamy-ha “şyňlap” duran toýun bilen suwdan, seni bolsa... (Ýene-de Adama tarap boýnuny uzadýar.) ...Seni bolsa onuň ýekeje gapyrgasyndan ýasanyny aýtjak bolýan. Onda-da çep gapyrgasyndan. Onuňam keltesinden. Hamala saňa gezek gelende jümle-jahanyň toýuny bilen suwy gutaran ýaly. How ene. Wiý, nämeden ýasanda näme? Iblis. Nämeligini entek görersiň. Adam indi saňa gün bermez. Öz gapyrgasyndan ýasalandygyňy ýüzüňe basyp ömürboýy kemsider ýörer. Sen meniň çepipden alnan, diýer, çepimden turýaň, gaňryşyma gaýdýaň, diýer, garaz gep tapar. How ene. Enteg-ä beýle zat ýok. Iblis. Bu gün bolmasa-da ertir bolar. How ene. Behiştde beýle zat bolup bilmez. Iblis. Aý, seň bujagaz behişdiňi dagy basym dowzaha öwrer ol. How ene. Goýaweri Uzyn, agzyňy haýyr açaweri. Iblis. Nädeýin-dä, hakykaty aýtmasam bolanok-da. How ene (böwrüni diňleýär). Biribar ýalňyşmal-a däl. Iblis (has içginsireýär). Bolmanda-da ýalňyşyp edenok Ol ony. Bilip edýä. Soňunyň näme bilen gutarjagyna gözi ýetip edýä. Ýamanlyk üçin edýä. How ene. Hiý, Hudaýam bir ýaradan ynsanlaryna ýamanlyk edermi? Iblis (öýkelän bolup ýüzüni bir tarapa sowýa). Ana, aýtdym-a men ýaňy. Başlamaýyn şu gürrüňe diýdim-ä. Biziň ýaly bagry bilen süýşenekläp ýören garamaňlaýyň gepi ýer almaz diýdim-ä... Ýöne, göwnümde zat bolmansoň jan durmazlykdan aýdaýýan-da... Şeýdibem... Şeýdibem mydama, öňümden çykana ýekgörünji bolup ýörün-dä... How ene. Aýdanyň zyýany ýok, Uzyn, ýöne hernäçe gaty görseňem, men seniň o sözüňe ynanyp biljek däl-dä... Iblis (assyrynlyk bilen gadagan edilen daragta tarap seredýär). Ýeri bolýa, o sözüme ynanmadyň diýeli, onda Onuň sizi Behişde goýberibem munuň miwelerinden iýäýmäň diýmesi näme? How ene. Wiý, Ol bize beý dienog-a. Iblis. Biz-ä şeý diýipdir diýip eşitdik. How ene. Ýo-o-ok, ol bize diňe... (Elini gadagan edilen daragta tarap uzadýar)...Ho-ol, daragtyň miwesinden iýmäň, birem Şeýtanyň alyna gidäýmäň diýip, tabşyrdy. Iblis. Iblisiňmi? How ene. Howwa, Iblisiň. Iblis. Onsuna-ha däl diýip biljek däl. Onsy hakykat. Ondan hemmelerem ätiýaç edýäler. Menem ätiýaç edýän. Ylahym şonuň adam gursun, özem gursun, ýüzem gursun. Ol öz pälinden tapdy. Hudaý tarapyndan ýazgaryldy. Barça jandara duşman boldy. How ene. Be-e... Ol şeýle erbetmi? Iblis. Erbet. Onda-da juda erbet. Şonuň üçinem, ondan Adam ikiňiziňem iňňän ägä bolmagyňyz gerek... Ýöne ine, bu daragt barada aýdanlary welin galat. Ýalan. Hile. (Oýurganýar). Aý, howwa-da. Şeýle bolaýmalam-da. Ol size şeýle diýäýmelem-dä. Bu ýerde geň galyp oturasy iş ýogam-da. Hemme zat düşnükli-dä... How ene. Nämesi düşnükli? Iblis. Näme üçin ala-böle şol daragtdan iýäýmäň diýendigi düşnükli. How ene. Düşnükli bolsa aýt-da, onda. Iblis. Aý, ýok, on-a men asylam aýtmaýyn. How ene. Näme üçin? Iblis. Aý, men-ä bir zady janymdan syzdyryp aýdýan, dostlarça, doganlarça derdinişýän, maslahatlaşýan, sen bolsaň ynanmakdan-a geçen, gaýtam ters dawa tutýaň, ur-tut meň ýakamdan alýaň. Bu gezegem şeýle bor-da. Ýene meň özümi günäkärlärsiň-dä. How ene. Onda, ukudan turansoň Adama aýdaý. Iblis. Aý, ýok, oňa-ha asylam aýtjak-gä. Sebäbi, onda seňki ýaly kesgir akyl, ýiti paýhas, parasatlylyk ýok. Kütek! Sada! Ynanjaň! Näme diýseňem: Aý, Biribar aýdan bolsa galp aýtmaz, diýip, şol bir depen ýerini depip dur. Şonuň üçinem, bu syry meň, saňa aýdaýanymdan gowusy ýokmuka diýýän. Ýöne, ynanmazlyk etmejekdigiňe söz ber. How ene (ep-esli wagt böwrüni diňläp durandan soň): Ýeri bolýa, söz berýän. Aýdyber. Iblis (agzyny How enäniň gulagyna golaýladyp, ýuwaşja gepleýär). Hakykatda bu daragtyň miwesinden iýseňiz, siziň özüňizem perişdä öwrülýäňiz. Hudaýyň öz derejesine çenli göterilýäňiz. Baky ýaşaýaňyz. How ene. Wiý-ý... Biziň ömrümiz onsuzam baky ahyry, Uzyn. Derejämizem perişdeleriňkiden pes däl. Gaýtam, olaryň barysy bize tagzym edýäler. Iblis. Iblisem edýämi? How ene. Ýok, ol edenok. Iblis. Etmezem. Sebäbi, o zatlaryň ýalandygyna, bakylygyň size däl-de, diňe perişdelere berlendigine akly çatýa. Çünki olaryň barysy şu daragtyň miwesinden iýdi. Galan jandarlaryň barysynyň jany amanat. Wagtlaýyn. Adam ikiňiziňkem şoňňaly. Mütdetiňiz dolan güni beren janyny harladyp alar eliňizden. Teniňiz bolsa çüýräp gider. How ene. Be-e... Şeýle bolaýarmykan?.. Iblis. Elbetde. (How enäniň gulagyna:) Aslynda Hudaýyň özem şundan iýip Hudaý bolan-a... How ene (allaniçiksi bolýar). Hi-i-iýh!... Iblis. Näme, ýene ynanmajak bolýaňmy? How ene. O näme öz-özünden döremedimi? Iblis. Häý, kim näme diýse ynanyp ýören sada ynsan diýsänim. Hiý, öz-özüňdenem bir döräp bolarmy? (Gadagan edilen agaja tarap başyny ülňeýär). Şundan iýseň şo zatlara-da akyl ýetirersiň. How ene. Asyl Adam: mundan iýsek bize birtopar bilmesiz zatlarymyzam aýan boljakmyşyn diýdem-le... Iblis. Ana, indi aklyňa gelip başladyň. Şundan datdygyň meniň aýdýan zatlarymyň barysy saňa öz-özünden aýan bolar. Hudaýdan kem däldigiňize bada-bat göz ýetirersiň. Bu wagt bolsa siz bar zada kaýyl bolup, boýnuny sallaşyp ýören gullar. How ene (böwrüni diňleýär). Wiý-ý... Eýle bolsa näme üçin ol daragtyň miwesinden sen özüň iýmeýärsiň? Iblis. Iýmeýän bolsam, ýaňky aýdýan zatlarymy nireden bileýin? Ýöne, her näçe iýsemem maňa şundan artyk täsir edenok. Sebäbi men ynsan däl. Perişde-de däl. Meň ýaradylşym şeýle. Maňlaýyma ýazylany şol. Şu baga garawulçylyk etmek. Ynanmasaňam ine, seret... (Boýnuny uzadyp, agzy bilen bir almany ýolup iýýär.) Gördüňmi? Indi ynandyňmy? How ene (oýurganyp durýar). Aý, ýok, men barybir Biribaryň gadagan eden miwesinden iýip biljek däl. Iblis. A sen iýme-de dadyp göräý. How ene. Ýok, dadybam görjek däl. Iblis. Onda ysgap bir gör. (Ýene bir alma iýýär). M-m... Baý, munuň süýjüdigini. Bol, senem bitjigini dadyp gör. (How ene imrinip ugraýar.) Juda bolmasa diliňi degrip göräý. How ene (göwnüniň bölünendigi bildirýär). Dogrudanam şu daragtda şolar ýaly gudrat barmykan-aý... Iblis. Ana, henizem maňa ynanmazlyk edýä-dä... How ene (ýaýdanýar). Daşyndan seretseň-ä beýleki daragtlardan üýtgeşik ýeri ýogam ýaly... Iblis. Daşyndan seretseň elbetde şeýle. Ýöne, munuň üýtgeşikligi miwesiniň güýjünde. Şonuň üçinem, Hudaý muny perişdelerden başga ähli jandarlardan gabanýa. Iýip gutararlaryndan gorkýa. Sebäbi, wagtal-wagtal şundan iýip durmasa, özüniňem Hudaýlyk güýji gaçýa. How ene. Eý, ho-o!... Iblis. Howwa-a... perişdeler hakda-ha gürrüňem ýok. How ene (töweregine garanjaklaýar. Şahadaky almany ysgaýar). Be-e.. Ysy-ha juda ýakymly ekeni muň... Beýleki almalaryňky ýaly däl. (Ikirjiňlenýär) Çalarak dilimem degiräýsemmikäm? Iblis. Weý, çalaragyň näme, bekräk degir. Soňam dişle-de, dat. Çeýne. Iý. Hezil et. Şeýdibem öz mynasyp derejäňe eýe bol. Hudaýyň elinden al-da, jümle-jahany özüň edara et. How ene (näzirgeýär). Olar ýaly uly derejä men mynasybam däldirin-le. Iblis. Onda-da nähili mynasyp. Sebäbi sen juda akylly, uçursyz owadan. Seň husnuň bilen hatda Hudaýyň ýaradan Aýam, Günem, asmandaky lowurdaşyp duran ýyldyzlaram bäsleşip bilmezler. How ene (halys özüni ýitirýär). Edil beýle-de däldir-le... Iblis. Şeýle şol. Onsoňam men entegem aýdara mynasyp söz tapman bärden gaýdýan. Dogrusyny aýtsam-a Adam dagy seniň basyp giden aýak yzyňa-da degenok. How ene. On-a özümem duýýan welin... saýlap-seçere başga-da bir üýşüp ýatan erkegem bolmansoň... Iblis. Ine, gördüňmi, eýýäm dünýägaraýşyň üýtgäp başlady. Indi bolsa almany ýol-da, iý. Şeýtseň iň bolmanda Onuň her ädimde: “Menden gork”, “Toba et”, “Tagzym et” diýip ýören igençli sözlerinden–ä dynarsyň. Gaýtam, perişdeleri bilen bilelikde Onuň özem saňa tagzym eder. How ene (howalasy göterilýär). Uzyn! Seň şu aýdýanlaryň çyn bolup, şo derejä ýetäýsem, bu gyşyk dünýäni başgaça-ha gurardym men. Iblis. Wah, meňňem islegim şol-da! Jümle-jahanyň düzelmegi, bar zadyň ýerbe-ýer bolmagy-da! Adalatyň dikelmegi-dä! Ýogsam ine, olaryň özleri-hä asmanyň iň soňky gatynda süýt kölünde “garkyldaşyp” ýörler, biziň bolsa birimiz-ä munda elsiz-aýaksyz süýrenip ýörüs, beýlekimizem iň bir gudratly daragtyň miwesinden dadybilmän ýaýdanjyrap durus. Bu zatlary özüň ýaly akylly-başly, uzyn saçly, perişdelerdenem zyýada aperin bir tüpre jenan düzedäýmese düzelmänjik geçer. How ene. Sen-ä meni birhili ynandyryp barýaň, Uzyn. Iblis. Meňňem saňa ýamanlygym ýok, Howa. Ýöne, Hudaýlyk derejä ýeteniňden soň menem gözden salmaweri. How ene. Bor, Uzyn, bor, men saňa hökman iki sany aýak bererin. Iblis. Şony iň bolmanda dört edip bolmazmyka? How ene. Wiý, bolman näme. Gerek bolsa men ony ýüzem edip bilerin. Iblis. Ýok, ýok, onça aýak maňa gerekgä, dördüsini ekläbilsemem az däl. Ýöne, hany, öňürti derejäňe amal bir et. How ene (gorka-gorka daragta golaýlaýar. Birdenem saklanýar. Adama tarap ätiýaçly seredýär.) Aý, ýok, her niçik hem bolsa bu barada öňürti Adam bilen maslahatlaşyp görmegim gerek. Iblis. Goý, how, goý! Adamly gürrüňiňi goý. Oňa duýdursaň bar zady bulaşdyrar. Özem iýmez, saňa-da iýdirmez. Sebäbi ol sen ýaly batyr däl. Gorkak. Ötsüz. Züwwetdin. How ene (almalaryň birine şahasyndan ýolman dilini degirýär). Wiý-ý, muňň-a tagamam ýok. Iblis. Tagamy bolmaz-da, şahasyndan ýolmasaň. How ene (usullyk bilen ýolup alýar, ýene-de dilini degirýär). Şonda-da bildirýän zat ýok. Iblis. Paçakda-da bir tagam bormy, Howa. Tagamyny biljek bolsaň bir agyz dişle-de diliňi etine degir. How ene (azajyk ýaýdanyp durýar-da, “garçyldadyp” alma agyz urýar). Şeýdeýinmi? Iblis. Hm-m.. Indem çeýne. (How ene çeýnäp başlanyny bilmän galýar.) Nähili? Süýjümi? How ene (gäwüşäp durşuna): Men-ä üýtgeşik tagam duýamok. Ysy bilen deňeşdireniňde-hä... Iblis. Aýtdym-a men ýaňy gep onuň tagamyna däl-de, gudratynda diýip. How ene.Gudraty haçan bildirip başlarka muň Uzy-yn?... Iblis. Aý, indi uzaklaşdyrmaz. Sen ýöne soňuna çenli iý, ýekeje çigidinem goýma. (How ene çeýnäp duran almasyny ýuwdup goýberýär.) Ine, indi boldy. (Şol wagt Adam oýkanjyrap başlaýar. Iblis oňa tarap boýnuny uzadýar-da, ugramak bilen bolýar.) Indi menlik iş gutardy. Men gitdim.( Ugraýar. Gidip barşyna yzyna gaňrylyp:) Adama-da dadyrmaklygy ýadyňdan çykaraýma. Ýogsam sen-ä neme borsuň, o-da nemeligine galar, tapawudyňyz ýer bilen gök ýaly bor. Biri-biriňizden jyda düşmegiňizem mümkin. (Gidýär. Sesi gelýär). Her näme-de bolsa är-aýal adyňyz bar, derejäňiz deňräk bolsa ýagşy... Adam ata (oýanýar). Howa-a... How ene. Men bärde, Adam. Adam ata. Gümür-ýamyr boldumy ýa meň göwnümemi? (Turup How enä tarap gaýdýar.) How ene (elindäki almasyny arkasyna bukýar.) Aý, Uzyn geçip barýan ekeni-de, şoň bilen hal-ahwal soraşdyk. Adam ata. Hä-ä...(How enäniň agzyna siňe-siňe seredýär.) Henizem şol, alma gemrip ýörşüňmi? How ene. Howwa. Iýjekmi senem? (Dişlenen almany Adamyň agzyna tutdurýar.) Me...(Adam almadan dişläp alýar.) Al, ýene bir gezek dişle. (Adam ýene bir agyz iýýär.) Tagamy nähili? Gowumy? Adam ata. Gowumy, gowy dälmi, ýöne birhili beýlekilerden üýtgeşik ýaly. How ene. Onda ýene birini getirip bereýinmi? Adam ata.Sen muny nireden aldyň? How ene (ýaýdanýar. Soňam gadagan edilen agaja tarap elini uzadýar.) Ho-ol agaçdan? Adam ata. Nä-äme-e? Şol agaçdan? (How enäniň iki egninden penjeleýär.) Sen näme iş edeniňi bir bilýäňmi? How ene. B-b-bilýän... Men gadagan edilen agajyň miwesinden iýdim. Adam ata. Sen neneň edip Hudaýyň garşysyna gidip bildiň? How ene. Uzyn neme diýdi... Hudaý sizi aldapdyr, şundan iýmeseňiz baky ýaşamarsyňyz, iýseňiz welin, perişdeler bilen deň ýaşarsyňyz akyl-huşuňyz Hudaýyňkydanam zyýada bor diýdi. Adam ata. Ähli mahluklardan zyýada akyl-huş, ömür berlendensoň, jennete goýberileňden soň, Zemin atly mülküň içindäki barça jandarlaryň patyşasy edilip belleneňden soň saňa başga näme gerekdi, Howa-a?.. How ene. Birden Uzynyň aýdany çyn bolaýsa näme? Adam ata. Aý, bedibagt, seň ol Uzyn diýýäniň Uzyn däl-de, Uzynyň sypatyna giren Şeýtan! Iblis! Was-was! (Iki baka urunýar.) Hiý, Şeýtanyň sözem bir Hudaýyňkydan ileri bolarmy? (Ellerini serýär.) Wah, käşgä öňünden aýdylmadyk bolsa, duýdurylmadyk, sargalmadyk bolsa... How ene. Diýseň-diýmeseň mende bir üýtgeşiklig-ä bolup geçýä. Sende nädýä? Bildirýämi? (Şeýtanyň gülkisi.) Adam ata (öz-özüni diňleýär). Howwa. Maňa-da bildirýä. Ýöne bu zyýadalygyň däl-de, günä iş edendigimiziň, günämizi duýup ugrandygymyzyň alamaty. (Ol How enäniň ýüzüne, boýuna-syratyna siňe-siňe seredýär. Howa-da ony içgin-içgin synlaýar. Soň biri-birleriniň gözleriniň içine seredişip bir töwerek boýunça telim gezek aýlaw edýäler. Içki dünýälerinde öwrülişikleriň bolup geçýändigi bildirýär. Birdenem Adam çasly gygyrýar.) Aho-ow, Howa! Biz ikimizem ýalaňaç ekenig-ä! Bisyrat ekenig-ä! Eginlerimiz örtgüsiz eken-ä! How ene (öz-özüni synlaýär).Hi-i-iýh!!!... (Iki eli bilen ýüzüni tutýar.) Seretme! Maňa seretme! Men tenimi örtýänçäm aňryňa bak! (Ýaprakdyr-güllerden, ot-çöplerden ýygyşdyryp egnine atar ýaly örtgi örüp başlaýar. Adamam onuň hereketlerini gaýtalaýar. Howa aram-aram, durup-durup daş-töweregine diňşirgenýär.) Anha, ähli jandarlaram bizden ürküp gaçdylar. (Diň salýar.) Eşidýäňmi? Guşlaryň, çeşmeleriň sesem galdy. Uzaklara bir ýerlere ýitip gitdi. Adam ata. Olar däl-de, biziň özümiz bir ýerlere gaýyp bolan bolaýmasak. (Ol How enä tarap sürünýär.) Hemmesiniňem sebäpkäri sen. Bu gabahat işe sen menem goşduň. (Şeýtanyň gülküsi has çasly gaýtalanýar.) How ene. Waý, indi men nätsemkäm? (Ýokary seredýär.) Waý, biziň şu çaka çenli örtgüsiz gezendigimizi Hudaý janam görendir... Asmanda üýtgeşiklik bolup geçýär. Owaz. Men hemme zady görýärin. Hemme zady eşidýärin. Siz öz teniňizi ýapmak üçin örtgi gözleýärsiňiz. Emma kim aýtdy size ten ýalaňaçlygy uýatdyr, diýip? Siziň üçin iň gowy örtgi meniň kada-kanunlarymdy. Maňa bolan söýgüňizdi. Siziň teniňizi ruhy päkligiňiz örtýärdi. Emma siz Şeýtanyň alyna gitdiňiz. Günä gazandyňyz. Ol günäňiziň üstüni siz indi örtgi bilen örtüp bilmersiňiz. Günä etmek bilen siz özüňiziň bakylygyňyzam ýitirdiňiz. Men indi sizi zemine ugradaryn. Ol ýerde siziň janyňyz amanat, teniňiz bolsa çüýrük bolar. Bar zady öz güýjüňiz bilen gazanmaly bolarsyňyz. Ömürboýy jepa çekersiňiz, garrarsyňyz, kesellärsiňiz, ölersiňiz. How ene. Ýok! Meniň ölesim gelenok! Keselläsimem gelenok. Meniň baky ýaşasym gelýä! Şu ýerde, Behiştde galasym gelýä! Adam ata. Eý, Biribar! Rehim et!Sen bizi gazaba giriftar eýleme! Owaz. Onda ikiňizem ak ýürekden toba ediň. Kalbyňyzy şeýtany pygyllardan doly arassalaň. Şonda siz ýene-de Behişde mynasyp bolarsyňyz. Adam ata (asmana elini serýär). Eý, Biribar! Men toba edýärin! Sen meniň günämi geç! How ene (asmana bakyp jynsyz gygyrýar). Şuňkyny geçseň meňkinem geçersiň! Adam ata. Meni Behişden kowma! How ene. Şuny galdyrsaň menem galdyrarsyň! Adam ata. Men aldawa düşdüm. Aýal diýip beren bu belaň meni aldady. How ene. Menem aldadylar. Menem Şeýtanyň aldawyna düşdüm. Owaz (öňküsinden güýçli.) Maňa siziň dawaňyz gerek däl, toba gerek!.. Adam ata (aýalyna): Bol, toba et! How ene. Özüň et! Adam ata. Men etdim, indi sen et. How ene. Etjekgä! Adam ata. O näme üçin! How ene. Sebäbi men günäkär däl. Adam ata. O nähili sen günäkär däl? How ene. Günäkär däl-dä. Adam ata. Onda kim günäkär? How ene. Şeýtan günäkär. Adam ata.Näme indi seň üçin gelip Biribaryň öňünde şol toba eder öýdýäňmi? How ene. Biribar emr etse etmän bökerem. Adam ata. Seň tobaň üçin, indi Biribar Şeýtana emr etmelimi? How ene. Elbetde! Adam ata. Häý, akmak heleý diýsänim... (Asmana ýüzlenýär.) Biribar! Aklyny Iblise aldyran bu bendäňem günäsini geç! Sen munuň bilen deň bolma. Bizi öz penakärçiligiňden aýyrma! Gözden salma. Owaz. Men sizi hiç haçan gözden salmaryn. Penakärçiligimden aýyrmaryn. Ýöne mundan artyk bu ýerde saklabam bilmerin. Behişdiň gapysyny welin hemişelik ýapmaryn. Toba edip, kalbyňyzy şeýtany pygyllardan arassalan günüňiz kabul ederin. Indiki nesilleriňiziň ylahy ýa şeýtany bolmaklaram, Jennete gaýdyp gelmeklerem ýa jähenneme gitmeklerem size baglydyr. Kyýamat-magşar güni, Şeýtanyň alyna gidenleriň hemmesini men zemindenem aşak, dowzaha taşlaryn... Adam ata bilen How ene ikisi iki ýerden Biribara ýalbarmana başlaýarlar. Emma indi asmandan ses-üýn eşidilenok, hiç hili yşarat ýok. Adam ata ýene-de aýalyndan toba etmekligi talap edýär. Ol bolsa toba derek ärine jogap gaýtarýar, haýbat atýar. Özüni aklamana çalyşýar. Şondan soň olar özara dawalaşyp başlaýarlar, ýolmalaşýarlar. Birdenem güýçli şemalyň “şuwwuldysy” eşidilýär. Göze görünmeýän gara güýç Adam ata bilen How enäni iki baka idenekledip başlaýar. Olar gitmejek bolup çem gelen zatdan ýapyşýarlar. Şeýdip baryşlaryna sahnadan çykyp gidýärler. Bir haýukdan soň ikisiniňem edil, gaýadan uçanyňky ýaly: “A-a-a!!!..” diýen sesleri eşidilýär. Şondan soň daş töwerek gum-guklyga öwrülýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |