23:58 Adam ata we How ene / pýesanyñ dowamy | |
■ Üçünji görnüş
Teatr we kino sungaty
Zemin. Tomus. Dag ýeri. Agaç şahalaryndan gurlan çatma şekilli çalamydar öý. Adam işikde, dörtburç ak daşyň üstünde otyr. Ol ýadaw. How ene bir çetde iýr-iýmişleri arassalamak bilen meşgul. Ol iş oňa hoş ýakanok. How ene (hüňňürdenýär). Negözel günümiz bardy. Iş-alada bary ýatdy. Adam ata. Özüňden gör. (Agzyna öýkünýär.) Dädip göräý, dädip göräý, diýen bolup... Gaýtam menem ýüzügara etdiň Hudaýyň öňünde. How ene (gatyrganýar). Seň näme, öz kelläň ýokmudy? Adam ata. Bolanda näme biri bir eli bilen almany somlap, beýleki eli bilenem böwrüňe dürtüp dursa, “bol, iý”, diýip... How ene. “Iý” diýen men bolsamam, böwrüňe dürten men däldirin, Şeýtandyr. Adam ata. Şo-da sapagy senden aldymyka diýip durun men-ä... How ene (siltenjireýäp ýerinden turýar. Adama tarap azgyrylýar). Sen meni kemsitmäňi goýjakmy ýa ýok? Adam ata. Haçan sen eden işiňe ökünip, toba edersiň, ana, menem şondan soň saňa iňirdemämi goýaryn. How ene. Häý, akmak Adam diýsänim! Hiý, Hudaýyň öňünde toba etmedik heleýem bir seň öňüňde toba edermi? Adam ata. Bolmanda menem saňa meň öňümde et, diýemok, Hudaýyň öňünde et, diýýän. How ene (Adamyň ýüzüne seredip “hüjjerilýär”). Etjekgä!.. (Barmagyny asmana çommaldýar.) Gaýtam, entegem meň Oňa birtopar soraglarymam bar... Adam ata. Näme soragyň bolsa aýdyber, men özüm jogap bererin. How ene. Elbetde, sebäbi sen onuň dosty ahyry. Adam ata. Aýt-da, onda. How ene. Aýtsam... Ine... Ýadyňa düşýämi, Hudaý başda bize: Şol agajyň miwesinden iýäýmäň, iýseňiz ölersiňiz, diýipdi. Adam ata. Howwa, ýadyma düşýä. How ene. Emma biz ölmedig-ä! Ine, diri gezip ýörüs-ä... Adam ata. Ol bize şol agajyň miwesinden iýseňiz ten däl-de, ruhy taýdan ölersiňiz, bakylygyňyzy ýitirersiňiz, diýdi. Bu hut şeýle hem boldy. Biz häzir öz bedenimize berlen wagtlaýyn ömrüň hasabyna ýaşap ýörüs. Behişdi, baky ruh indi bizde ýok. Şol jähtden alanyňda biz hakykatdan-da öldük. Başy ölümli, kesele giriftarly bolduk. Bu ýerde şühbelenere zat ýok. How ene (ep-esli oýlanyp oturandan soň): Bolýa, ol-a şeýlemişin diýeli, ýöne, başga bir sowalam-a meni şu ýere gelelimiz bäri erkime goýanok... Senden soramana-da çekinýän. Adam ata. Näme üçin çekinýäň? How ene. Aý, sähel zada gaharlanyp üstüme dyzaberýäň-dä. Adam ata. Gorkma-da aýdyber. Ýaňky ýaly Hudaýyň kada-kanunlaryna degişli sorag bolsa düşündirmek meniň borjum. How ene. Eger-de Şeýtana degişli bolsa näme? Adam ata. O-da meniň borjum. Şeýtany pygyllardan saplamak üçin men seniňem, çagalaryňam islendik soraglaryna jogap beräýmeli. How ene (çekinjiräp): Aýdýaýynmy onda? Adam ata. Weý, elbetde aýt. Asylam pikiri içiňde saklap ýörmän, derhal daşyňa çykarmak parzdyr. Şeýtseň göwnüň giňär, ýüregiň gümandan saplanar, kalbyň arassalanar. How ene (böwrüni diňläp oturandan soň): Men diýýän, Hudaý bilen baky göreşe giren bolsa, magşar günem çat maňlaýynda oturyp, Onuň bilen hasaplaşyk geçirjek bolsa, eýýämem biz zerarly bir gezek ýeňiş gazanan bolsa... Adam ata. Biz zerarly däl, men zerarly. How ene. Howwa, howwa, sen zerarly. Adam ata (laňňa galýar). Aý nätdiň-aý muny! How ene. Hä? Näme edipdirin men? Adam ata (gatyrganýar). Men zerarly diý, diýsem sen zerarly diýýäň-ä! How ene.Wiý, özüň aýtdyň-a şumatjyk: biz zerarly däl, men zerarly diýip. Adam ata. Sen zerarly diý diýemok, men zerarly diý, diýdim. (Üstüne abanýar). Düşdüňmi? Biz zerarlam diýme, sen zerarlam diýme, men zerarly diý... Sebäbi, o bolan işiň günäkäri sen. How ene (torsarylýar). Aý, onda men-ä hiç zat aýtjagam däl? Adam ata. O nähili aýtjagam däl? (Ellerini serip ýüzüni kese sowýar.) Aýtjagyny aýdýar-da, indem aýtjagam däl, diýýär-aý... How ene (äriniň ýüzüne gymşaýlyp bakýar). Näme aýdanmyşym men? Adam ata. Sen ýene-de Biribaryň gudratyna güman getirdiň. Onuň keramatyny Şeýtanyňkydan kem saýdyň. Hudaý bilen baky göreşe giren bolsa, bir gezegem ýeňen bolsa, onda Şeýtanyňam güýji hele-mürik däl bolmaly diýdiň. How ene. Men beý diemok. Soňky sözleri sen meň sözümiň üstüne özüňden goşduň. Adam ata. Goşsamam, goşmasamam sen şony diýjek bolduň. How ene (öz-özüne): Wah, başda men şol soragy şuňa bermeli däldim welin, hili bir... Hudaýyň dostudyr öýdüp... Özem aýt-aýt, diýip duransoň...(Aglaýar). Adam ata. Ine, indem şumjaran bolýa. (Az-kem açylyşýar). Ýeri bolýa-laý... Aglamasan-aý.. Öýkelemesene-aý... (Baryp başyny sypalaýar.) Häzir men saňa onam düşündirip bereýin. Ýöne dogryňy aýt: sen ýaňy meň ýaňky aýdanlarymy aýtjak bolduň gerek? Şeýtanyň güýjem Hudaýyňkydan pes däl ekeni, diýjek bolduň gerek? (How ene aglamjyrap oturşyna “howwa” diýen manyda başyny atýar.) Onda diňle: Şeýtanda güýç ýok. Gudratam, keramatam ýok. Onda diňe hile, mekru-al, ýamanlyk bar. Şol emelleri bilen ol gelejekde öz tarapyna diňe ejiz adamlary çekip biler. Hudaýa ynanýan, aýdyň pikirli, ýagşy niýetli adamlara ol kär edip bilmez. Şonuň üçinem ol bölekleýin, wagtlaýyn ýeňiş gazanyp biler, ýöne, hiç haçan gutarnykly, hemişelik ýeňiş gazanyp bilmez. Gutarnykly ýeňiş gürrüňsiz, Hudaýyň tarapyndayr. How ene. Häý, Ol başda ýalňyşypdyr-da. Garşysyna giden pursaty ýoguna köýäýen bolsady, onda özüniňem gulagy dynardy, bizem bu günlere düşmezdik. Adam ata. Küpür gepleme, Howa. Näme etmelidigini Biribaryň özi gowy bilýändir. Onsoňam men aýtdym-a saňa telim gezek: Ol biziň akyl-paýhasymyzy synaga saldy. Isledigimizçe hereket etmäne erk – ygtyýar berdi. Biziň pähim – paýhasymyzyň özünden özge barça jandarlaryňkydan artykmaçdygyny Şeýtana subut etmek isledi. Ýöne... Biz Onuň tamasyny ödäp bilmedik... How ene. Men bir zada düşünibilemok, Adam... Adam ata. Aýt, onam eşideli. How ene. ...Bar zady ýaradan özi bolsa, ýaradan mahluklarynyňam barysynyň gelejekki ykballaryny turuwbaşdan maňlaýlaryna ýazyp goýberýän bolsa, onda biziňem Şeýtana aldatmaklyk, Jennetden kowulmaklyk ozalelbetde maňlaymyza ýazylan bolmaly-da? Egerde şeýle bolsa, onda Ol näme üçin beýtdikä? Näme üçin Özi maňlaýymyza ýazybam, boljak iş bolandan soň bize gahar etdikä? Näme üçin öz ýazgydyna görä hereket edendigimiz üçin Ol bizi – ilkinji ynsanlary beýle ýowuz güne saldyka? Egerde şol günäni biz özümiz, öz hereketlerimiz bilen gazanan bolsak, onda ýazgyt diýlen zat niredekä? Ýa beýle zat aslynda ýogammyka? Adam ata. Senem şu wagt edil, Şeýtanyň Hudaý barada Jebraýyl perişdä aýdan içýakgyç sözlerini gaýtalap otyrsyň. How ene. Olam şeý diýipmi? Adam ata. Howwa. Olam şeý diýipdir. How ene (uly hyjuw bilen). Dogry aýdypdyr. Egerde Hudaý öz ýaradn närseleriniň maňlaýyna ýazgyt ýazýan bolsa, onam Şeýtan bozup bilýän bolsa, onda meň ýaňky aýdyşym ýaly, Şeýtan hakykatdan-da Hudaýdan güýçli bolýa. Egerde öz ýazan ýazgytlaryny Şeýtandan gorap bilmeýän bolsa, onda Hudaý hakykatdan-da Şeýtandan ejiz bolýa. (Azajyk oýurganyp oturandan soň:) Ýa-da ýaňky aýdyşym ýaly ýazgyt diýlen zadyň barlygy ýalan bolup çykýa. Adam ata (gaharyny daşyna çykarmakdan zordan saklanýar). Beý diýme, Howa. Ýazgyt bar. Allatagalla biziň hemmämiziňem maňlaýymyza gowy zatlar ýazdy. Nämeden gaça durmalydygymyzy, kimiň alyna gitmeli däldigimizi duýdurdy. Behiştden orun berdi. Baky ömür bagyşlady. Öz ýazgydyňyza mynasyp ýaşaň özüňizi goraň, diýdi. Elbetde, Şeýtandan bizi onuň özem gorap bilerdi, ýöne, Ol muny biziň özümiziň başarmagymyzy isledi. How ene. Bolýa, biz-ä Şeýtanyň alyna gidipdiris, diýeli, eýsem Hudaýyň garşysyna gideri ýaly Şeýtanyň özüni kim azdyrdyka? Ýogsam başda o-da edil beýleki perişdeler ýaly Hudaýyň hyzmatkäri eken-ä. Ýa onuňam maňlaýyna şol zatlary ýaradan wagty Hudaýyň özi ýazdymyka? Egerde özi ýazan bolsa, onda, näme üçin ony öz garşysyna gidendigi üçin ýazgaryp ýanyndan kowduka? Näme üçin oňa Iblis diýip at goýduka? Adam ata. Şeýtan azdy. “Men-menlik” etdi. Hetdinden aşdy... How ene. Şeýledir-r... Ýöne, şol zatlaram onuň kalbyna kimdir biri guýandyr-a... Adam ata. Hiç kimem guýanok. Şol ýola ol öz-özünden düşdi. Çünki, Hudaý adalatly bolansoň öz ýaradan jandarlarynyň ählisine islese özüne ynanar ýaly, islemese ynanmaz ýaly hukuk berdi. How ene. Haý, näbileýin-dä... Pikir edip görýän welin, şol zatlary onuňam kalbyna Hudaýyň özi salan ýaly, ýa-da owalebetde maňlaýyna ýazan ýaly bolup dur. Egerde şeýdibem, ondan gaty görýän bolsa, onda Ol öz-özüne garşy gidýän bolup çykýa, özi salmadyk bolsa welin, onda onuň ýaradanlaryny öz garşysyna ündäp duran, özündenem güýçli, başga bir gudrat bar ýaly bolup görünýä. (Az-kem böwrüni diňläp oturandan soň:) Asla, Hudaýyň özüni kim ýaratdyka? Adam ata. Hudaýy hiç kim ýaradanok. Ol dogulanogam, dogranogam. Onuň atasam ýok, enesem. Ol ýeke. Ol hemme üçin deň. Çünki, Ol ýeke bizi däl, tutuş älemi ýaratdy. Ol beýikdir, dil ýetirilmesizdir, kämildir. Ol henizem jümle-jahany gurup, giňeldip gidip otyr. Çünki, Ol hiç haçan armaýar, ýadamaýar, dynç almaýar. How ene. Eý-ý... Gözüň bilen görmeseň ynanmak kyn-da... Adam ata. O zatlaryň barysyny seniň gözleriň görüp dur. Ýöne, seniň öz gözüňe ynanasyň gelenok. Sebäbi seniň gözleriň öňüni Şeýtanyň çeken gara perdesi tutup dur. Sen henizem ondan rişdäňi üzüp bileňok, täsirinden çykyp bileňok, öz gümürtik oý-pikirleriňden aýňalyp bileňok. Hudaýa doly iman getirip bileňok. Bu erbet ýagdaý. Bu ýagdaý biziň hiç birimizem gowulygyň üstünden eltmez. Iň ýamany sen zerarly çagalaryň arasynda-da Şeýtan pygyllylary döräp başlady. Biziň neslimizi dowam etdirjekler, köpeltjekler bolsa şolar. Men ine şondan gorkýan. How ene. Haýsymyşyn ol çagalaryň Şeýtan pygyllysy? Abylmy? Kabylmy? Ýa olaryň jübütleriniň birimi? Adam ata. Meniň Kabyldan kän bir göwnüm suw içmejek bolýa. How ene. Näme kemi barmyşyn onuň? Adam ata. O-da edil seň ýaly. Näme diýseň tersiňden tutup otyr. Hudaýy ýatlanok. Üstesine sen Hudaýhon, diýip Abyla-da azar berýä. Üstünden gülýä. Ondan önenlerem şeýle boljak bolsalar-a biziň kowmumyza dowzahdan başga garaşýan zat ýok. How ene. Men-ä Kabylyň Abyla üýtgeşik zat diýenini eşidemok. Adam ata. Sen eşitmersiň, sebäbi sen onuň bilen pikirdeş. Ine, iň bärkisi olaryň araky Hudaý ýoluna sadaka berişlerini alyp göreli. “Hudaý seňkini kabul etdi, meňkini kabul etmedi” diýip, şondan bäri Abyla azar ýamanyny berip ýör-ä. Hudaýyň eden işine Abyl günäkär däl ahyry. Ras Abylyň sadakasyny kabul etdimi, diýmek, Biribar oňa görä Abyly gowy görýändir. Munuň üçin Kabyl Abyldanam, Alladanam gaty görmeli däl-de, gowuja oýlanmaly. Indikide öz sadakasynyňam kabul bolary ýaly Biribaryň buýruklaryny berjaý etmeli. Oňa iman getirmeli. Mynajat etmeli. Şeýtany kalbyňdan kowmaly. Oňa garşy göreşmeli. Häzir welin, ol ýüzüni diň-gögüne tutup ters ýol bilen barýa. Ters ýol bolsa Şeýtanyň ýoly. How ene. Ýa, he-eý, senem-ä, çagadyr-da, akyllanar gider-dä... Adam ata. O nähili çagamyşyn? Hiý, üstünden on ýedi möwsüm öten ynsanam bir çaga bolarmy? Ol indi öýlendiribermeli bolupdyr. Hä diýmän nesil öndürmeli, ata bolmaly, dowamata goşulmaly... Çagalaryna terbiýe bermeli. Olara Hudaýyň bardygyny bildirmeli. How ene. Dowamata sen goşulypsyň, o-da goşular... Adam ata (gaharlanjak bolýar-da, zordan saklanýar). ...Özem nebisjeň. Ýeriň ýüzünde bizden başga adam ýok welin, dünýäň bar baýlygyny holtumyna dykaýsam diýýä. How ene. Dogry edýä. Bu gün gamyňy iýmeseň ertir aç galmaly dünýe bi. Behiştdäki ýaly bar zadyň özi bişip agzyňa düşüp duranok. (Azajyk böwrüni diňläp oturýar.) Ýöne ine, ýaňky öýlendiribermeli bolupdyr diýeniňe welin “hä” diýýän. Ikisinem öýlendirmeli. Mundan artyk aýratyn saklap ýörmän, ikisinem jübütleri bilen biri-birlerine çatmaly. Adam ata. Olaryň hersini öz jübti bilen däl-de, çalşyryp çatmaly. Şeýtsek azajyk hem bolsa aralary açylar. How ene. Jaý meselesini nätjek? Öýlenensoňlar bujagaz hütdüjegimiz-ä darlyk eder. Adam ata. Darlyk etse Kabyla başga jaý gurarys. Abyly bolsa öz ýanymyzda alyp galarys. How ene. Näme üçin? Adam ata. Sebäbi Abyl Hudaýy gowy görýä. Men bolsam bu jaýy Hudaýyň hut öz buýrugy bilen şu ýerde gurdum. Biziň nesillerimiz erte bu ýerde belent ymarat gurarlar, Hudaýyň öýi hökmünde gararlar. How ene. Ýene bir jaý gursak iki jaý bolýa. Iki jaý gursak üç jaý bolýa. Soň Abyl bilen Kabylyň çagalaram gursalar bäş-on jaý, agtyklaram gursalar kyrk-elli jaý bolar. Şeýdip, biziň nesillerimiz köpeler giderler, Adam. Hä? Şeýle dämi? Adam ata. Elbetde! Soňabaka küren-küren obalar, azym-azym şäherler, beýik-beýik binalar emele geler. Ýer ýüzi ikimiziň neslimizden dolar. How ene. Olar bizi ýatlarlarmyka, Adam? Adam ata. Hiý, ynsanam bir öz nesilbaşylaryny ýatlamazmy? How ene (begençden ýaňa ýüregi joşýar). Onda biz bu dünýede hakykatdanam baky ýaşarys. Nesillerimiziň kalbynda ýaşarys. Şolaryň dowamlarynda ýaşarys. Adam ata. Onuň şeýle bolmagy üçin biz nesillermizi Şeýtanyň allaryndan goramalydyrys. Ýogsam magşar güni Biribar olary öz aýdyşy ýaly zemindenem aşak, dowzaha taşlar. Olar ol ýerde baky otda ýanarlar. How ene. Goýaweri Adam, goýaweri. Olar ýaly gorkunç zatlar aýtmaweri. Adam ata. Aýtmaly bolýa, Howa. Şu günden gulaklaryna guýmasak, erte günä işlere baş goşmak arkaly Şeýtan biziň ähli nesillerimizi öz eline alar. How ene. Edil beýle bolaýasy ýok-la... Adam ata. Seniň Behiştde bolşuň ýaly ýöwsellik etseler bolmanam durmaz. How ene. Ana, ýene-de maňa azar berip başlady-da. Adam ata. Azar beremok men, bolan hem boljak işleri aýdýan. How ene. Boljak işi aýdaňok sen, menden dynmak üçin bahana gözleýäň. Meni kowup, başga birini aljak bolýaň, şoň üçinem, otursaň-tursaň maňa igenip ýörsüň. (Aňyrsyna bakyp torsarylýar.) Bar, alyber!... Adam ata (gülýär). Ahow, ýer bilen gögüň arasynda bizden başga jemende bolmasa näme? Kimi alaýyn men? How ene. Seň şol Hudaýyň toba etmändigim sebäpli maňa ýamanlyk etmek üçin ýene bir men ýalyny ýasaga-da, usullyk bilenjik ýere taşlaýan bolsa kim bilýä... (Şeýtanyň gülküsi.) Adam ata. Ine, şu-da seň Şeýtanyň alyna gidendigiň bir alamaty. Sebäbi, gabanç, güman, nebis, gahar, şer bularyň barysy Iblisiň ýaragy. Görýän welin, sen onuň täsirinden bu golaýlarda çykyp biljek däl. How ene. Mönsürän bolma, Adam. Her gün “aw” diýen bolup gidýäň-de, geler wagty geleňok. Käte gijesi bilen gelmeýän wagtlaryňam bolýa. Şonda men uzyn gijäni ýeke özüm, ýoluňa garap, aglap geçirýän. (Hamsygýar.) O dereleriň birinde garaşyp oturanyň bolmasa beýtmezdiň. Ýatardyň meň dyzymy ýassanyp Behiştdäkimiz ýaly. Adam ata.Weý, Behiştde bolsam men şu wagtam şeýderdim. How ene.Bol, şeýt-dä onda. Adam ata.Şeýder ýaly näme, Behişt bamy bu ýerde? (Birdenkä gyzyp başlaýar.) Behiştde goýduňmy sen meni? Behişdiň hözürini görkezdiňmi sen maňa? Bu ýerde öz günüňi özüň görmeli! Öz güzeranyňy özüň tigirlemeli! Gije-gündiz hars urmaly! Sen bolsaň... Sen bolsaň... How ene. Ana, ýene-de hiç zat ýok ýerden üstüme dübläp başlady. Adam ata. Özüň mejbur edýäň-dä, şeýtmäne. How ene.Näme edýän men beýder ýaly? Näme diýýän? Adam ata.Ýaňky ýaly bolgusyz sözleriň bilen gaharymy getirýäň! Ganymy gyzdyrýaň! Töhmet atýaň! How ene. Töhmet atamok men, hakykaty aýdýan. (Şeýtanyň gülküsi.) Adam ata. Sen ýaly Was-Wasyň ugruna gideniňem bir hakykaty bolarmy? How ene. Ine, görersiň, ahyrsoňunda meniňki dogry bolup çykar. Şol sebäpli iru-giç çagalaryň öňünde ýüzügara bolarsyň. Adam ata (şondan artyk çydap bilenok). Gap sesiňi! (Topulýar. How ene ulyili bilen gygyryp gaçýar. Abyl bilen Kabyl gelýär.) How ene (ylgap baryp olaryň arkasynda bukulýar). Abyl! Kabyl! Balalarym! Meni goraň! Halas ediň! Abyl (enesine): Ene, näme boldy? (Atasyna:)Ata, dawaňyz näme? Kabyl. Aý, bularyň dawasyz wagty barmy-aý? Öz aýdyşlaryna görä Biribar asmandan ýere zyňanda: “Biri-biriňize baky duşman bolgaýsyňyz”, diýip, gargyş edipdir-ä. Şoň üçinem, bularyň günleri bir bolsa, uruşlary hökman iki bolaýmaly. (Başyny ýaýkaýar.) Şonda-da atamyzyň Şol diýip ölüp ýatyşyna men-ä haýran... Abyl. Hudaýa dil ýetirme, Kabyl. Kabyl. Ana, gördüňmi? Hossaryna bir zat diýseň munyňam janyna ýakanok-da. Abyl. Howwa, janyma ýakanok. Kabyl. Elbetde! ol seniň sürüňden beren guzuň-a kabul etdi, meniň toprakdan öndüren ir-iýmişlerimiň bolsa ýüzüne–de seretmedi. Şoň üçinem sen ony gowy göräýmeli-dä! (Enesine:)Dogrudanam dawaňyz näme-aý? How ene (şumjarýar). Ataň meni urjak boldy. Kabyl. Urjak boldy? Näme üçin urjak boldy? (Atasyna:) Ata, sen näme üçin enemizi urjak bolduň? Adam ata. Men ony urjak bolamok, töhmet atma, diýdim. Aýdanymy etmedem welin topuldym. Abyl. Enem saňa näme diýip töhmet atdy, ata? Adam ata. Aý, gowusy sen şony biljegem bolmasa-na, oglum. Abyl(enesine): Ene, sen atama töhmet atdyňmy? Näme üçin? Töhmet diýlen zadyň şeýtany pygyllardandygyny sen bilýärsiň ahyry. How ene. Men töhmet atamok, dogrymy aýtdym. Abyl. Näme diýdiň? How ene. Sen diýdim, meni aýryp başga birini aljak bolýaň, diýdim. Abyl( gülýär). Nireden alsyn ol başga birini? How ene (barmagyny ýokary çommaldýar). Şoň bilen bir hyşy-wyşysy bar muň. Bir zat diýdigim: Biribara ýene bir gapyrgamy bersem senden müň esse gowusyny ýasap iberer, diýýä. Adam ata. Howa! Şu günüň içinde sen indi maňa ikinji gezek töhmet atýaň. Üstesine çagalarymam maňa duşman etjek bolýaň. Bu bolşuňy üýtgetmeseň sen basym Şeýtandanam geçirersiň. Günäňi öňküsindenem agraldarsyň. How ene. Ana, gördüňizmi? Işi şu-da şuň. Pişesi meni Şeýtana deňäp, azar berip ýörmek-dä. Siz öýden çykdygyňyz eline taýak alyp kowalap başlaýa, barysy senden boldy diýip... (Kabylyň arkasyna geçýär.) Meni gora oglum. Kabyl (atasynyň öňüne baryp hekgerýär). Ata! Eneme eliňi degiräýmegin, düşdüňmi? Adam ata. Häý, eneňem gurasyn, senem üstesine gurasyň. How ene (Kabylyň arkasyna bukulyp durşuna:)Özüň gura! Sen gura! Abyl. Beý diýme ene. Atama agramly söz aýtma. Ol Barhudanyň resuly. Öz nurundan ýaradan ilkinji ynsany. Seniň Behişdi ýoldaşyň. Biziň bolsa atamyz. Näme diýse biziň barymyz oňa gulak asmalydyrys. Kabyl. Ol atamyz bolsa bu enemiz. Biziň munam diňlemegimiz gerek. Abyl. Dogry. Biz enemizem atamyz bilen deň görmeli. Görýäsem. Ýöne bu wagt atamyzda günä ýok ahyry. Kabyl. Enemizde näme, günä barmy? Abyl. Bar. onda-da bar, sende-de bar. Ol-a nähak ýerden atamyza töhmet atýar, sen bolsaň hiç zadyň anygyna ýetmän töhmetiň tarapynda durýaň. Atamyza haýbat atýaň. Bu, aýp zatdyr, Kabyl. Kabyl. Enemiz göwnüýarym. Naçar. Ejiz. Şonuň üçinem, ony goramak meniň borjum. Abyl. Ol ikimiziňem borjumyz. Ýöne, ene-de bar göwün atada-da bardyr. Şonuň üçinem, biziň meseläni adalatly çözmegimiz, ikisine-de deň-derejede garamagamyz gerek. Adam ata. Biriňiziň Biribary tanaýandygyňyza-da şükür edýän. (Kabyla:) Hudaý şaýatdyr oglum, eneňe el götermeýändigime. Şu jepaly ýeriň üstüne gadam basalymyz bäri meniň ondan edip gelýän ýekeje talabym bar, o-da şo-ol, Behiştde eden ýalňyşyna toba etdirmek. Munuňam ony kes-kelläm edesi gelenok. Ýalňyşanyna-da, ýalňyşýanyna-da düşünenok. Şeýtanyň özüne edýän täsirini duýanok. Ol şu wagtam şol ýalňyşyny gaýtalap otyr... (Azajyk böwrüni diňläp durýar. Uludan demini alýar.) Ýöne, gynanýan ýerim senem şoň “was-wasyna” gidýäň welin, Şeýtan bilen üç bolýaňyz duruberýäňiz. Kabyl. Ata! Sen... Sen meni... Adam ata. Howlukma. Sen ine, sadakamy almady, diýip, Biribardan nägile bolýaň. Emma, näme üçin almadyka, diýip pikir edip gördüňmi? Ol siziň guzyňyza-da, ir-iýmişleriňize-de zar däl. Ol hiç zat iýenok. Oňa diňe söýgi gerek. Iman gerek, yhlas gerek. Ol özüniň halk eden zatlarynyň barysynam gowy görýär, goraýar.(“Gowy göräýşini...”, “Goraýşyny...” diýen manyda Howa “tosaň-tosaň” edip beýlesine bakýar.) Olaryňam özlerini gowy görmeklerini isleýär. Sen öz hereketleriňde-de, gep-gürrüňleriňde-de köplenç Hudaýdan daş düşýäň. Küpür gepleýäň. Ol zatlary bolsa Ol görüp otyr. Eşdip otyr. Şoň üçinem, Ol seniň sadakaňy kabul etmedi. Goý, aklyna aýlansyn, ýalňyşyna düşünsin, toba gelsin, diýdi. Onuň iň gowy görýän zady şol! Toba! Eneň ikiňize-de ýetmeýän zat ana, şol. Abylyň sadakasyny kabul etmeginiň sebäbi bolsa Abyl Ony gowy görýär, söýýär, hormatlaýar, sylaýar. Şeýtany golaýyna getirenok. Onuň ugryna gidenok. Allanyň beren arassa kalbyna kir ýokduranok. Kabyl. Men näme Şeýtanyň ugruna gidýänmi, ata? Adam ata. Howwa! Gynansamam, sen-de köplenç Şeýtanyň ugruna gidýäň. Kabyl (içýakgyç gülýär). Ugruna gider ýaly men-ä töweregimde Şeýtan göremok. Adam ata. Ol seniň gözüňe görünmez. Sebäbi ol seniň teniň bilen etiň aralygynda, damarlaryňda, ganyň-da... Kabyl (öňküsindenem içýakgyç gülýär). O ýere nädip düşüp ýörkän-aý ol? Adam ata.O ýere eneň süýdi bilen geçdi. How ene ( ýerinden turup Adama tarap hüjjerilýär). Adam!... Kabyl (enesine): Ene, dur entek. (Atasyna:) Onda Abyla näme üçin geçmändir? Adam ata. Şeýtan diňe öz ugruna gidene erk edip bilýä. Garşysyna göreşýäne, Hudaýa sygynýana erk edip bilenok. Abyl ikimiz ony gan-damarlarymyzyň içinden çykyp, gaçyp gitmäne mejbur edýäs. Kalbymyzdan kowýas. Onuň iň gorkýan zady ynsanyň Hudaýa bolan söýgüsi. Imanyň güýçli bolsa Şeýtandan ejiz zat ýok. Eneň ikiňiz ana, şujagaz, ýönekeýje zady başarybileňizok. How ene (gazap bilen): Adam! Bes et! Irdim men seň şu bolgusyz iňirdileriňden. Adam ata(parahat halda): Şeýtmesem, aýtmasam, göreşi dowam etdirmesem, şeýtany pygyl bulardan soňky nesillerimize-de geçer. Olaram özlerinden soňkulara geçirerler welin, ondan soňky dörejekleriň dat gününe. How ene (gyşarylyp): Näme, kyýamat gopaýar öýdýäňmi? Adam ata. Kyýamad-a Allatagallanyň öz bellän gününde onsuzam gopar welin, ýöne adam oglunyň oňa çenli görjek gününde gep bar. Kabyl (ýaňsylap): Näme borkan-aý? Adam ata. Nämeleriň boljagyna men-ä size öň müň ýola aýtdym. Ýöne, şol zatlaryň bolup- bolmazlygam hut eneň ikiňize bagly. Şonuň üçinem... (Oglunyň egnine elini goýýar.)...Oglum. (How enä ýüzlenýär). Ezizim, ikiňizem gaýrat ediň-de, Şeýtany kalbyňyzdan kowuň. (How ene tosarylyp beýlesine bakýar). Allanyň tarapyna geçiň. Ony ykrar ediň. Kabyl. Senem-aý, atam, bir özüm akyllydyryn öýdüp, enem ikimize dogrudanam gün bereňog-aý... Abyl. Aýdýanyň näme, Kabyl? Beýdip atamyň kejine gaýdyp durandan-a ýör, gideli-de, mynajat meýdanyna baryp Hudaýa sežde edeli. Gowus-a, ýörüň, hemmämiz bileje gideliň. (Enesine): Ýör, ene, senem biziň bilen git. Şeýtsek hemmämiziňem göwnümiz açylar. Şeýtan bizden gorkup jähenneme gaçar. Adam ata. Abyl dogry aýdýar. Biziň hemmämiz bilelikde Hudaýa mynajat etmegimiz gerek. Ýogsam bela – beteriň bir ujy hä diýmän başlanar. Aslynda biziň şeýdip, dört baş bolup düşünişibilmän duruşumyzam şoň bir alamatydyr. How ene (torsarylyp): Ýok, men gitjek däl. (Şeýtanyň gülkisi.) Kabyl. Menem gitjek däl. (Barmagyny ýokary çommaldýar.) Bolgusyz bahana bilen şoň sizi Jennetden kowanyna-da içim ýanyp dur, siz bolsaňyz oňa mynajat edeliň, diýýäňiz. Oňa mynajat etmeli däl-de... (Ýumrugyny düwüp asmana haýbat atýar.) ...Oňa mynajat etmeli däl-de... Abyl. Kabyl!.. Kabyl. Sen bir gapylsan-aý... Adam ata (Abyla): Ýör oglum, bular gitmese-de biz bir gideli. Mynajat wagtymyzdan gijä galaýmaly. (Gidýärler.) Kabyl (yzlaryndan garap durşuna): Päheý, bolduňyz meň başyma Hudaýhon adamlar. (Enesine:)Dogrudanam atam seni urjak boldumy, ene? How ene.Weý, howwala. Näme diýse-de “hä” diýip ýörün welin... Şonda-da... Alybilmez awy men. Kabyl. Ýaňy näme diýdi? Nämäniň üstünde sözüňiz azaşdy? How ene. Gürrüň ilk-ä Abyl ikiňizi öý-işik etmek barada boldy. Kabyl. Howwa... How ene.Men aýtdym, öýlendirenimizden soň bularyň hersine aýratyn öý-işigem-ä gerek bor, diýdim. Kabyl. Ýeri, bakaly. How ene. Şeý diýdimem, belany diýdim. Kabyl. Aý, ýog-a? How ene. Howwa... Kabyl. Näme diýdi? How ene (jaýy görkezip): Öýlendiremsoň mun-a Abyla berjek, özümem ýanynda boljak, sebäbi ol Hudaýy gowy görýä, Kabylam seni ýanyna alsyn-da nirede ýaşasa şonda ýaşasyn, jaýam nirede gursa şonda gursun, meň şony göresimem gelenok diýdi. Kabyl. Hut şeý diýdimi? How ene. Howwa, hut şeý diýdi. Kabyl. A sen näme diýdiň? How ene. Men oňa garşy çykdym. Munyň däl, diýdim. Ikisem çagamyz, goý ikisem ýanymyzda bolsun, şoň üçin Kabyla-da jaýy şujagaz ýerdenjik salaýaly, diýdim. Kabyl. Näme diýdi şeý diýseň? How ene. Ýok, diýdi. O diýeniň bolmaz, diýdi. Kabyl. Beý diýeri ýaly men oňa näme ýamanlyk etdimkäm ene? How ene. Men-ä haýran. Ikimize gezek gelende edil, biz onuň gyr duşmany ýaly. Kabyl. Ondan öň näme gürrüň boldy? How ene. Ondan öňmi? (Pikirlenýär). Hä-ä... Ondan öň Abyl bilen Kabylyň jübütlerinem çalyşdyryp bermeli, diýdi. Kabyl. Çalyşdyryp? How ene.Howwa. Kabyl.Meniňkin-ä oňa, onuňkynam maňamy? How ene.Howwa. Kabyl.A sen näme diýdiň? How ene. Onyňam ters, diýdim. R-ras, ikisi jübüt bolup doglupdyrlarmy, jübütligine hem galsynlar, diýdim. Kabyl. Dogry aýdypsyň ene. How ene. Men mydama-da dogrymy aýdýan, oglum. Mende ýalan gep ýok. Ataň maňa “töhmet atýa” diýýänem töhmet. Men töhmet atamok. Inim bir zatlar syzansoň aýdýan. Kabyl(oýlanýar).Aý, onyňa-ha ene, menem gaty bir ynanyp baramok welin, ine... bi... atamyň biziň jübütlerimizi çalyşdyrjak bolup ýörmesi nämekä? How ene. Bilmedim-dä. Kabyl. Onuň sebäbini men bilýän. Meniň taýym Abylyň taýyndan gowy. Akylly. Mähirli. Owadan. Şonuň üçinem atam ony gowy görýän ogluna berjek bolýandyr. Emma men muňa ýol bermen. (Kem-kemden gyzyp başlaýar.) Ozalam şondan ýaňa içim tütäp durandyr. Men... Men ony... Häziriň özünde... Öz elim bilen... (Şeýtanyň gülküsi öňkülerindenem has çasly çykýar.) How ene.(gorkup başlaýar). Goýaweri oglum, goýaweri. Olar ýaly bet niýetleri küýüňe getirmäweri. Baryňyz – ýoguňyz iki dikrar, sizem beýdip ýörseňiz... Kabyl. Ýok, ene! Men öz hakymy hiç kime bermen. Hakymam, paýymam, jaýymam, taýymam hiç kime bermen!.. How ene (aglaýar). Wah, men guraýyn, nireden gozgadym şu gürrüňi. Ýa men dogrudanam Şeýtanyň ugruna gidäýýärmikäm? Kabyl. Men ony barybir bilerdim. (Baryp enesiniň başyny sypalaýar.) Bar ene, sen dynjyňy al. Günuzyn işläp ýadadyň, soň atam bilen dawalaşdyň, ine, indem men zerarly aglap dursuň. Bar, ýat-da dynjyňy al. Atam bilenem Abyl bilenem özüm çözlüşerin. How ene. Çözlüşseňizem dawasyz, jenjelsiz çözlüşiň oglum. Şu gykylyk – galmagaldan men-ä halys ýadadym. Kabyl. Şonuň üçinem git-de, dynjyňy al. (How ene gidýär. Kabyl agyr oý içinde iki baka gezmeleýär. Oýlanýar. Abyl gelýär. Kabyl sakga saklanýar-da, Abylyň ýüzüne çiňerilýär.) Geldiňmi? Abyl.Geldim. Kabyl. Mynajat etdiňizmi? Abyl. Etdik. Kabyl. Nähili, kabul boldumy? Abyl. Kabul bolar enşalla. Kabyl. Hm-m... Hany ataň? Abyl. Näme üçin “ataň” diýýäň? Kabyl. Hä? Näme? Ýa ol seň ataň dälmi? Abyl. Atam welin, ýöne, ol seniňem ataň ahyry. Kabyl. Bolanda näme? Abyl. Nämesi şol oň. Sen: “Hany ataň” diýmeli däl-de, “hany atam” ýa-da “hany atamyz” diýmeli. Kabyl. Bar, atamyz ekeinem-dä. Hany ol? Abyl. Ol biziň jübütlerimizden habar tutmana gitdi. Kabyl. Näme, olar bilen bir maslahatjagazym bar, diýdimi? Abyl. Aý, ýok, olar ýaly zad-a diýmedi. Ýöne, ol hemişe-de mynajatdan soň olardan habar tutýar ahyry. Kabyl. Beh, şeýle möhüm meselänem gowy görýän oglundan gizleýşini diýsene. Abyl. Sen näme hakda aýdýaň, Kabyl? Kabyl. Näme, bilmediksirän bolýaňmy? Abyl. Men-ä hiç zada düşünýän däldirin. Kabyl (Abylyň alkymyna dykylýar). Sen meniň aýagyma çolaşmaňy goýjakmy ýa ýok? Abyl. Men näme üçin seň aýagyňa çolaşmalymyşym Kabyl? Sen meniň doganjygym ahyry. Kabyl. Sen diňe diliňde dogan. Hakykatda welin duşman. Abyl. Men?.. Men saňa duşman? Kabyl. Howwa! Sen zerarly atamyzam meni ýigrenýä. Hudaýam meň sadakalarymy kabul edenok. Indem... Abyl. Howwa?.. Indi näme? Kabyl. Indem atamyz meň taýymy saňa berjek bolýamyşyn. Abyl. Kim aýdýar ony? Kabyl. Kim aýdanda näme? Abyl. O nähili kim aýdanda näme? Gürrüň men hakda barýar ahyry. Meniň bolsa bu zatlardan bütünleý habarym ýok. Kabyl. Mönsüreme. Beýle netijä atam seň bilen maslahatlaşmazdan gelen däldir. Ýöne, bilip goý, men öz taýymy saňa bermen. Kejirlik etseň, bolsa ýolumdan güýç bilen sowaryn. Abyl. Goý how, Kabyl, hiý, dogan-dogana-da bir şular ýaly agyr söz aýdarmy? Kabyl. Aýdyp bolýandygyny gördüň dälmi? Eşitdiň dälmi? Abyl. Sen ýene-de Şeýtanyň alyna gidýäň, Kabyl. Hälem bolsa toba et. Hudaý diý. Şeýtseň ol kalbyňa giňlik salar. Şeýtan ol ýerden çykyp gaçar. Şonda sen şu aýdyp duran zatlaryň gabahatdygyna göz ýetirersiň. Öz aýdanlaryňa özüň utanarsyň. Puşman edersiň. Kabyl. Kimiň nämä göz ýetirmelidigini kimiň nämeden utanmalydygyny men saňa görkezerin. Abyl. Sen näme, meniň bilen uruşjak bolýaňmy? Kabyl (dyzmaçlyk bilen): Howwa, uruşjak bolýan. Abyl. Uruşsaň urşuber, barybir men saňa el gaýtarman. Kabyl. Gaýtarybam bilmersiň. Abyl. Gaýtarjagam bolman. Kabyl. Gaýtararsyň. Abyl. Gaýtarman. Kabyl. Gaýtardaýsam nädersiň? Abyl. Gaýtardyp bilmerdiň. Kabyl (töweregine garanjaklaýar. Ýerden ullakan daş alýar.) Ine şu daş bilen kelläňe ýelmärin welin el gaýtarman bökersiňem. Abyl. Ýok. Men saňa şonda-da el gaýtarman. Kabyl (daşy sallarlap durşuna saňňyl-saňňyl edýär).A kelläňi ýaraýsam nädersiň? Abyl. Barybir men saňa el gaýtarman. Sebäbi sen meniň doganjygym. Kabyl. Onda men seni şu daş bilen urup öldirin. Abyl. Öldürseň günä gazanarsyň. Hudaýyň gazabyna duçar bolarsyň. Magşardan soň dowzahda ýanarsyň. Oňa çenli bolsa gabyr azabyny çekersiň. Kabyl. Onda sen meni şol azapdan dyndarmak üçin daşy elimden al-da! Abyl. Bolýa. Seni günäden halas etmek üçin daşy eliňden alaýyn. Kabyl. Alyp bilmersiň. Abyl. Almaly bolaryn. (Kabyl gaçgalaklaýar. Abylam onuň daşyndan köwejekläp ugraýar. Maýyny tapyp eline ýapyşýar. Daşy aljak bolýar. Kabyl garşylyk görkezýär. Birdenem sap atýar-da, daşy Abylyň kellesinden salýar. Abylyň ýüzi-gözi gana boýalýar. Ol şalkyldap ýykylýar. Şeýtanyň gülküsi eşidilýär). Wah, oňarmadyň, doganjygym... (Kabylyň özem gorkýar. Ol baryp Abylyň başyny ýerden galdyrýar-da, dyzynyň üstünde goýýar. Gözlerini tegeläp töweregine garanjaklaýar. Abyl zordan gepleýär.) Men seni günäden gorap bilmedim, doganjygym. Hälem bolsa bir pille, toba et, Hudaýa ýalbar. Şeýtseň Ol seniň günäňi geçer. Ol rehimdardyr... Geçirimlidir... Kabyl (Abyly gujaklaýar). Abyl! Doganjygym! Eý, Huda-aý! Sen meni nä günlere saldyň... Abyl. Muňa Hudaý günäkär däl, doganjygym. Senem günäkär däl. Şeýtan günäkär. Sen muny şoň alyna gidip etdiň. Ýöne, toba etseň Biribar günäňi geçer. Toba et! Kabyl (asmana garap): Eý, Huda-aý!.. (Yzyny aýdyp bilmän Abyla ýüzlenýär.)Näme diýeýin, Abyl? Näme diýip toba, edeýin? Maňa toba etmeni öwret, Abyl! Abyl (gözüni ýumup barşyna zordan gepleýär). Hoş, doganjygym... Razy bol... Şeýtany kalbyňdan kow...Gelejekki nesilleriňi o beladan gora... Kabyl. Dur, doganjygym, dur! Abyl, dur! Gitme! Men atamyza – enemize näme jogap bereýin?.. (Abyl jan berýär. Kabyl nätjegini bilenok. Iki ýana elewräp ýör.). Hudaý indi menem öldürer... Ýok, Hudaýa ýetirmän atamyň özi öldürer. (Hälki daşy ýerden galdyrýar.) Gowusy men şu daş bilen özümem öldüreýin... (Daşy depesine göterýär. Ýöne, urup bilenok.) Başaramok. Dözemok! Jan diýlen zadyň beýle süýjüdihini bilen bolsam... (How ene gelýär.) How ene. Kabyl! Sen näme etjek bolup dursuň. Bu eliňdäki daş näme? (Birdenem gana bulaşyp ýatan Abyla gözi düşýär.) Hi-inh, Abyl! (Abylyň üstüne howala bolýar.)Saňa näme boldy, oglum? (Kabyla:)Abyla näme boldy? Kim muny beýtdi. (Kabyl näme diýjegini bilenok. Elindäki daşy ýere taşlap dyzyna çökýär. Ýüzüni tutup aglaýar. How ene Abyly gujaklaýar.) Balajygym! Hany gözüňi açsana! Maňa seretsene!.. (Kabyla:) Aýt ahyry, kim meniň ogluma kast etdi? Kabyl (dälirän ýaly bolýar). Jahanda bizden başga yns bolmasa kim kast etsin oňa, ene! Ony men öldürdim, men!!!. How ene. Sen? Kabyl. Howwa, men. (Gana boýalan penjelerini enesine görkezýär.)Ine, şu ellerim bilen... (Daşa tarap elini uzadýar.) Ine, şu daş bilen... How ene. Sen neneň edip öz doganjygyňa el göterip bildiň? Sen... Sen...(Abylyň başyny bagryna basýar.) Siz ikijigiňizem bir atanyň bilinden öndüňiz ahyry. Ikiňizem meň göwsümden süýt emdiňiz... Kabyl (özüne ýer tapanok). Ene! Indi atam menem öldürer, sen meni bir ýerde gizle! How ene. Ataňdan gizledim-de, Hudaýdan nädip gizläýin? Sen Hudaýyň ogluny öldürdiň ahyry. (Adam ata gelýär. Ol bolup duran ahwalaty görüp haýran galýar. How ene oňa elini serýär.) Adam-m!... Adam ata. Bu nä boluşdyr bi? Abyla näme boldy? (Kabyla:) Kabyl, näme üçin seniň elleriň gan? (Kabyl saklanýar.) Sen maňa jogap ber, näme üçin elleriň gan? Kabyl (saňňyldap durşuna):M-men... şu ganly ellerim bilen Abyly öldürdim atam...(Daşy görkezýär.) Ine, şu daş bilen... Adam ata. Şu daş bilen? Abyly öldürdim? (Baryp Abylyň üstüne egilýär.) Abyl! (Onuň ses bermeýänini bilip ulyili bilen gygyrýar.) Aby-yl!... (Abyly gujaklaýar. Daşy alyp Kabylyň üstüne topulýar.) Onda menem seni şu daş bilen... How ene (ara düşýär). Dur, Adam, dur! Degme! Adam ata.Ýok, maňa Abyl bolmasa Kabylam gerek däl! (Dyzaýar.) How ene. Sen bir Şeýtanyň alyna gitme ahyry, Adam... Adam ata(şondan soň özüne gelen ýaly bolýar. Saklanýar.) Dogry. Beýtsem ýene-de Şeýtan heşelle kakar. (Kabyla:) Ine, Hudaýsyzlygyň seni nirä eltdi? Ine, Şeýtan seni nähili günlere saldy? Sen indi tä, kyýamat ahyra çenli meniň neslimiň öňünde ýüzügara borsuň. Tä, kyýamat ahyra çenli, olaryň hemmesi saňa nälet okarlar. Hudaý seniň maňlaýyňa lagnat tagmasyny basar. Kabyl. Atam! Men günäkär! Men dogrudanam Şeýtanyň ugruna gidipdirin. Aldanypdyryn. Azypdyryn. Doganjygymyň ganyny görüp men bar zada düşündim. Men toba etjek! Maňa toba etmäni öwret! How ene. Adam! Menem toba etjek! Maňa-da toba etmäni öwret! Adam ata. Iş-işden geçensoň indi ýadyňyza toba-da düşer, Hudaýam tanarsyňyz. Ýöne, indi giç. Boljak iş boldy. Siz indi günde müň kerem toba etseňizem Abyl gaýdyp gelmez. Ol indi ýok. Meniň mähriban oglum ýok. Siz Hudaýam Şeýtanyň öňünde ýüzigara etdiňiz. Bu eýýäm Iblisiň ikinji ýeňşi. Bu gan – zemin üzre dökülen ilkinji gan. Ilkinji ölüm. (Kabyla:) Sen indi meniň gözlerimiň öňünden git. Taýyňam al-da, tä ýer tükenýänçä gaç, gaýdybam köwlenme. Men indi seniň bilen bir topragyň üstünde, bir asmanyň astynda ýaşap bilmen. Saňa lagnat bolsun! Kyýamat güni dowzaha gitjekleriň başy sen borsuň... (Kabyl ýüzüni tutup gidýär. Adam ata entirekläp baryp aýalyna ýüzlenýär.) Ine, seniň hakykatyň, Howa...(Ellerini serýär.) Mende indi başga ogulam-a ýok...(Ellerini asmana uzadýar.) Eý, Huda-aý!.. Sen näme, meni ýatdan çykardyňmy? Penakärçilik ederin, diýen sözüňi unutdyňmy? Ýa göreňokmy bu bolýän işleri? Sen meni goramana söz berdiň ahyry... (Asmanda üýtgeşiklik bolup geçýär.) Owaz. Men hemme zady görýärin, hemme zady eşidýärin. Iblis ýene-de bir ýeňiş gazandy. Onam bilýärin. Ýöne, sen ruhdan düşme. Özüni aklar ýaly, Şeýtandan üstün çykary ýalymen seniň nesilleriňe puryja bererin. Saňa ýene bir perzent bagyşlaryn. Ol maňa ygtykatly ogul bolar. Onuň nesillerem meniň görkezen ýolum bilen ýörärler. Şeýtanyň alyna gitmezler. Olara “Hudaý perzentleri” diýerler. Sen ýöne, gelejekde olaryň Kabyldan önenler bilen goşulyp-garyşmazlyklary barada alada et. Çünki, Kabylyň nesilleri “Şeýtan zürýatlary” bolup ýetişerler. Adam atanyň hemişeki oturýan ak daşy garalýar. Adam geň galyp bir daşa birem asmana seredýär. Bu ýagdaýa How ene hem geň galýar. Soň olaryň ikisem Abylyň başujynda oturyp aglaýarlar. Jümle-jahan garaňkyraýar.diňe How enäniň sesi eşidilýär. Ol toba edip Hudaýa ýalbarýar. Dördünji görnüş Sahna henizem garaňky. Pasyllaryň häsiýetli sesleri arkaly wagtyň geçýändigi bildirýär. Esli mahaldan soň ýaňy doglan çaganyň “jägildisi” eşidilýär. Şonuň bilen bilelikde jahanam ýagtylýar. Guşlaryň sesi, daglaryň al-ýaşyl öwsüp oturan gerişleri, seleňläp oturan baglar paslyň bahardygyndan habar berýär. Görnüş öňki. Adam ata öz külbesiniň işiginde agaç dikip, sallançak gurup ýör. How ene eli çagaly onuň daşynda hozanak. Käbir zatlary öwredýär, kömekleşýär. Begenjinden ýaňa dili dek duranok. Sallançak taýýar bolandan soň çagany oňa salýar, yraýar, usullyk bilen hüwdi aýdýar. Ikisiniňem begenjiniň çägi ýok. Adam ata (How ene hüwdüsini tamamlandan soň): Biribara baky şöhrat bolsun! Ol bize ýene bir ogul berdi. Gel, biz oňa öz minnetdarlygymyzy bildireli. Edil behiştdäkimiz ýaly şöhratlandyraly. Şanyna öwgüli sözler aýdaly. How ene (ýerinden turýar). Dogry aýdýaň, Adam. Biziň oňa öz minnetdarlygymyzy bildirmegimiz gerek. Ikisi bile:Eý, Hudaý! Sen ýeketäksiň! Ýeňilmezsiň! Rehimlisiň! Geçirimlisiň! Jümle-jahany ýaradyjysyň! Bakysyň! Arşyň-kürsüň ygtyýary seniň eliňdedir! Biz saňa müdimilik minnetdardyrys! Biz indi hiç haçan Şeýtanyň alyna gitmeris. Ony golaýymyza goýbermeris. Diňe seniň görkezen ýoluň bilen ýöräris, diňe seniň kada-kanunlaryň bilen bolarys. Asmanda üýtgeşiklik bolup geçýär. Adam ata. Howa! ol bizi eşitdi. Ol biziň mynajatymyzy kabul etdi. How ene. Men indi onuň keramatyna ynanýan. Onuň ýeketäkdigine, şondan başga hiç hili güýjüň, gudratyň ýokdugyna iman getirýän. Adam ata. Ine, munyň bolýa... (Az pursatdan soň:) Oglumyzyň adyna näme goýaly, Howa? How ene. Ony özüň bil, Adam. Sen näme diýseň şol bolar. Adam ata. Goý, onda munyň ady Sif bolsun. How ene. Goý, şeýle bolsun. (Çagasyna söýünçli bakyp oturşyna:)Adam... Adam ata. Howwa, näme diýjek bolýaň, Howa? How ene. Menmi-i... Men neme diýjek bolýan... O zat diýjek bolýan... Adam ata. Çekinme-de aýdyber, Howa. Kalbyňy nägümanalykdan saplamak Allatagallanyň parzydyr... How ene. Olar ýaly bolsa aýdaýsammykam? Adam ata. Weý, aýdyber diýdim-ä men saňa. How ene. Aýtsam... Hudaý jan bize baýak: toba eden günüňiz geläýiň, gapym açykdyr, diýdi gerek? Adam ata. Howwa, diýdi. How ene. Onda näme, tobasyny-ha etdik Onuň. Imanam getirdik. Indem. Çagalarymyzam alaga-da, şo tarapa jünäbersek nädýä? Adam ata. Aý, seň o diýeniňden entek ikimize irräk bolaýmasa. How ene. Näme üçin? Ýa Ol meniň tobamy kabul etmedimikä? Imanyma ynanmadymyka? Adam ata. Onuň kabul etmeýän tobas-a ýokdur welin, ýöne, sen entek toba etmeziňden ozal synaňdan dört sany ynsan dogurdyň. Ganyňdan-gan, janyňdan-jan berdiň. Üstesine hersini ýyl ýarymlap emdirdiň. Olaryňam biri eýle bolup çykdy. Hudaý bolsa ýeke ikimiziň däl, ähli nesillerimiziň şeýtany pygyllardan arassalanmaklaryny isleýär. Kabylyň nesilleri ol ýerde ösüp-örňäp ýörkäler, Hudaý bizi Behişde goýbermez. Onsoňam gülberiňi arkaňa atyp jünäbereriň ýaly o ýeri saňa ilerki dagyň gaýasy däl. Asman. Oňa Allanyň öz yradasy gerek. Öz ýanyna özüniň çagyrmagy, özüniň äkitmegi gerek. How ene (uzak wagtlap pikir edip oturandan soň): Birdenkä, Onuň seň ýeke özüňi çagyraýmagy ýa äkitmegi mümkinmi? Adam ata. Ýok, beýle zat bolup bilmez. Ikimiz gitsegem bile gideris, galsagam bile galarys. How ene (uludan demini alýar). Olar ýaly bolsa bolýa-la... Adam ata. Näme, ýeke özüňi taşlap gidäýer öýdüp gorkduňmy? How ene. Howwa, şondan gorkdum. Adam ata. Gorkma, men seni taşlap hiç ýana-da gitmen. How ene. Behişde-de gitmezmiň? Adam ata. Behişde-de gitmen. How ene. Özi çagyrsa-da gitmezmiň? Adam ata. Gitmen. How ene. Çynyňmy? Adam ata. Hiý, meniň ýalan sözlänimi görüpmidiň? How ene. Göremok welin... ýöne... birden çagyraýsa dagy sen oňa gös-göni: gitjek däl, diýib-ä bilmersiň... Adam ata. Dogry. Edil beý diýib-ä bilmen, ýöne, göz ýaş döküp ýalbararyn: Eý, Biribar! Meni kyýamatlyk ýoldaşymdan aýyrma! Gerek bolsa janymy al-da, ruhumy öz ýanyňa ekit! Özümi munda goý!Iň bolmanda çüýrük tenim bir şunuň ýanynda galsyn! Şunuň bilen bir toprakda depin bolsun, diýerin. How ene. Hakyt şeý diýermiň? Adam ata.Uly söze toba ezizim, ýöne, tenimde janym dursa, dilimem geplese hut şeý diýerin. Behiştde ýeke özüm baky ýaşanymdan, uruşsagam, sögüşsegem, şunuň bilen şu ýerde ýekeje ömür ýaşanym ýagşydyr diýerin. How ene (ýerinden towsup turýar-da, äriniň boýnundan aslyşýar). Seniň meni gowy görýändigiňi öňem bilýädim, Adam. Ýöne, hemişe böwrüme Şeýtan dürtüp, göwnüme güman salyp duransoň...(Äriniň gujagyndan çykýar, ýüzüne çiňerilýär:) Menem büý-ä zemin ekeni, dowzahda ýaşamalam bolsa kaýyl, ýöne, senden aýyrmasa bolýa... Adam ata. Ine, indi sen hakykatdan-da hakyň ýoluna düşdüň, Howa. Çünki, ärini sylaýan aýaly Biribaram söýýändir. Kyýamat – maşgar güni Ol şeýle aýallaryň günälerini geçjekdir, rehnet nuruna çoýjakdyr, Jennetden orun berjekdir. How ene (garaçyny bilen): Ol-a gowy zat ekeni, welin ýöne, ýeke özüm-ä gitmen men, Adam, o ýere. Sebäbi, sensiz içim gysar. Adam ata. Biribar o ýere seň ýeke özüňi ibermez. Ikimizem bile iberer. Çünki, Ol başda-da seni maňa höwür üçin ýaratdy ahyry. How ene. Diýmek onda biz iru-giç öňküje mekanymyza dolanyp barjak-da? Adam ata. Egerde biz şoňa Allanyň öňünde mynasyp bolup bilsek bararys. How ene. Mynasyp bolarys. (Äriniň ýüzüne dikanlaýar.) Bolarys gerek? Adam ata. Enşalla... How ene (süýji arzuwlar içinde): Biz o ýerde öňküje gezen ýerlerimizi tanarmykak, Adam. Adam ata. Men-ä tanaryn. How ene. Sen tanasaň menem tanaryn. Adam ata. Bizi munça külpetlere goýan şol, musallat agajam tanarmyň? How ene. Tanaryn. Ýöne, men indi onuň miwesine dilim-ä däl, elimem degirmen. Asla golaýyna-da barman. Şo tarapa gaňrylybam bakman. Adam ata. Egerde, ýene-de Şeýtan azdyrmakçy bolaýsa näme? How ene. Azdyrybilmez. Asla golaýyma-da gelibilmez. Şeýtanyň alyna ýekeje gezek gitmekligiň adama nähili gymmat düşýändigini men indi gowy bilýän. (oýurganyp oturýar.) Adam-m... Adam ata. Aýdyber, Howa, men seni diňleýän. How ene. Sen Hudaýyň ýerdäki resuly. Onuň ähli kada-kanunlaryny ýatdan bilýäň. Berjaýam edýäň. Maňa-da, çagalaryňa-da öwredýäň. Eýsem senden soň biziň nesillerimize kim resullyk eder? Kim olara Hudaýyň ýoluny öwreder? Onuň barlygyny, ýeketäkligini kim düşündirer? Şeýtanyň allaryndan kim gorar? Adam ata. Şol zatlary bilmekleri üçin biziň nesillerimiziň arasyna Biribar birsyhly öz ilçilerini iberer durar. Ýöne, Biribaryň bize bagş eden Zemin atly bu ýurdy şeýle bir uly ýa giň hem däl. Şonuň üçinem, Sifiň çagalary hernäçe goransalaram, köpelensoňlar Kabylyň nesli bilen garyşarlar. Dürli-dürli halklara öwrülerler. Her zada, her hili garaýyşlar ýüze çykar. Resullaryň asylam ýeňil bolmadyk işleri şonda hasam çylşyrymlaşar. Ganlaryna Şeýtan zürýatlarynyň gany gatyşan halkyň olara eýgertmedik gezeklerem, tas, hemmesiniň diýen ýaly Şeýtanyň tarapyna geçen, Hudaýy bütünleý unudan gezeklerem bolar... How ene. Eý, toba! Hiý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam ata. Bolar, Howa, bolar! Şonda Biribaryň öz perzentlerinden göwni galar. Gahary geler. Gazaplanar. Adamzadyň başyndan agyr apatlar inderer. Resullardan we olara uýanlardan öňňesini ýer ýüzünden ýok eder, syryp-süpürip taşlar, arassalar we bar zady täzeden başlar. How ene. Ikimizden başlaýşy ýalymy? Adam ata. Edil olar ýaly bolmasa-da umuman şolar ýalyrak bolar. How ene. Şolar ýaly hadysalar köp gaýtalanarmyka? Adam ata. Ol biziň nesillerimiziň ylahy ýoly tutup bilişlerine ýa bilmeýişlerine bagly bolar. Egerde olar Şeýtany ýeňip, arassa ýol bilen gidibilseler, beýle hadysa asla bolmazam. Şony başarmasalar welin, Biribar öz gazabyny şo-ol, gaýtalar durar, gaýtalar durar. How ene. Onuň gazaby nähili görnüşde bolar? Adam ata. Her hili görnüşde. Ol islese ýer ýüzüni suwa gark eder, islese ýakyp-ýandyrar, islese harasada giriftar eder, dumana duwlar, her dürli ýyrtyjy haýwanlar iberäýmegem mümkin, garaz onuň usuly köp.Ýöne, durmuş, ýaşaýyş bütinleý ýitip, ýok bolup gitmez. Dürli-dürli möwritlerden ybarat bolan durmuşyň bellibir döwri tamamlanar we ol şondan soň başga bir görnüşde, başga bir röwüşde täzeden başlanar. How ene. Gör nähili gorkunç... Adam ata. Elbetde. Biribar bize gysgajyk hem bolsa gyzykly ýaşaýyş, ömür diýen iňňän gymmat hem eýelik etmesi kyn bolan närsäni bagyşlady. Ondan biziň akylly-başly baş alyp çykmagymyz, Biribaryň beren amanadyny abraý bilen eline gowşurmagymyz gerek. How ene. Sen ruh barada aýdýaňmy? Adam ata. Men ruh barada aýdýan. How ene. Wiý, biz ölemiz soň nädip ony Oňa gowşuryp bileris? Adam ata. Ony Oňa biziň özümiziň gowşuryp bilmeris. Biz ölemizden soň onuň özi Onuň ýanyna gider. Bu ýagdaý biziň nesillerimizde-de dowam eder. Kämil hem arassa ruhy ol öz ýanynda alyp galar we oňa ruhy ten berer, jennete goýberer. Arassalanyp kämil görnüşde öz ýanyna gaýtadan, gaýdyp gelmekleri üçin, Şeýtan gatanjy bolan ruhlary Ol başga bir ten içre zemine ýollar. Şol ruhlar zemin üzre başga bir tende täzeden dünýä inerler. Düzelmäne mümkinçilik alarlar.Bu hereketlerini Barhuda müňlerçe gezek gaýtalar, şonda-da bolmasa şol ruhy ýyrtyp, ýok edip goýberer. Çünki, Ol arassa ruh ugrunda göreşýär. Şeýdip ol ahyrsoňunda Şeýtany ýeňer. Ýagşylyk – ýamanlykdan, ak-garadan üstün çykar. Saly gowşak, herdemhyýal adamlary aldap, negada bir gazanan ýeňişleri Şeýtana üstünlik getirmez. How ene. Adam-m... Adam ata. Ýene näme soragyň bar, Howa, aýdyber. How ene.Allatagallanyň bellän iň soňky güni haçan bolarka? Adam ata.Ahyrzamanmy? How ene.Howwa. Adam ata. Birinjiden-ä ikimiziň göz öňüne getirýän ahyrzamanamyz hiç haçanam bolmaz. Durmuş, ýaşaýyş hiç haçan tamam bolmaz. Allatagalla hiç haçan öz ýaradan dünýäsini gutarnykly weýran etmez. Diňe, mahal-mahal, belli-belli döwürler tamam bolar. Çünki, janly-jansyz, Biribaryň bar eden barça zatlarynyň ählisi başda dogular, emele geler, ondan soň ulalar, öser, kämilleşer, ýetişer, ahyrynda-da köpeler, garrar, möwrütini ötürer we ornuny özünden soňka berip, ýok bolup gider. Bir möwritiň ornuna başga bir möwrit geler. Başga bir zamana başlanar. Ýöne, ol “ahyr” bolmaz. Çünki, Biribaryň ýaradan bu, ýagty hem owadan dünýäsiniň öňem ýok, soňam bolmaz. Ol baky. How ene.Ýaňky: Biribar aram-aram gazap edip, ynsana musalat iberer, ýok eder, täzelär diýeniň bilen şu ikisi bir zatmy? Adam ata. Ýok, ikisi bir zat däl. Öňki aýdanym soňky aýdanymyň içinde. Umuman, Allatagalla öz ýaradan ynsanlarynyň Şeýtany bolmazlyklary üçin olara ähli mümkinçilikleri berer, köp-köp möwritleri bagyşlar, kyýamatdan öň gözlerine kyýamatyň, ahyrzamanyň alamatlaryny görkezer, onda-da bolmasa uly möwriti täzelär. How ene(başyny tutup oturýar). Eý, Huda-aý akyl ýetirer ýaly däl. Adam ata.Bolmanda-da Biribaryň eden işine-de, etjek işine-de akyl ýetirip bolmaz. Bize diňe onuň görkezen ýoly bilen ýöräbermek galýa. How ene (ýerinden turýar uzaklara seredip öňe-öňe süýşýär). Şu wagt meniň gözlerimiň öňüne nesillerimiziň ýaňky seniň aýdyşyň ýaly, tutuş, zemini dolduryp oturyşlary gelýär... (Ellerini öňe uzadýar.) Ine-de men olary aýdyň görýärin... Gel, olara gollarymyzy bulaly, Adam... (Goluny bulaýar.) Anha seret, olaram bize tarap gollaryny bulaýar... Sen olary görýaňmi, Adam?.. Adam ata. Howwa, Howa. Görýän... How ene. Gaýyp bolmankalar sen olara bir zat diý, Adam... Adam ata(assajykdan öň ýöräp barşyna) Gyssagara men olara näme diýsemkäm... How ene. Esasy sözüňi aýt. Sebäbi sen olaryň nesilbaşysy. Hudaýyň dosty. Ilkinji adam. Adam ata(alyslara garap): Esasy sözüm... Şeýtandan ägä boluň, eý, meniň eziz perzentlerim. Bir Hudaýa gulluk ediň, oňa iman getiriň. Biziň goýberen ýalňyşlyklarymyzy gaýtalamaň. Şony başaryp bilseňiz siz biziň elden gideren mekanymyza dolanyp bararsyňyz, baky ýaşaýyşa eýe bolarsyňyz... (Az-kem säginýär.) Ýene bir zat: Allatagalla bizi özüne kybapdaş edip ýaratdy. Özi ýaradyjy bolsa, bize döredijilik ukybyny berdi. Siz ol ukyby ulanmak arkaly uly-uly ösüşlere eýe bolarsyňyz. Asmanda uçarsyňyz, ummanlarda ýüzersiňiz, ähli zatlaryň syryny bilersiňiz, tilsimler arkaly arşa aralaşarsyňyz, emma hiç haçan ... (Elini asmana uzadýar.) ...Onuň öz derejesine ýetip bilmersiňiz. Onuň derejesine siz diňe öz ahlaky hem ruhy päkligiňiz arkaly ýetip bilersiňiz. Ol sizi diňe şol halda kabul eder. Isleseňiz siz şol hala ýetip bilersiňiz. Bu, siziň hut özüňize bagly... Sallançakda ýatan çaganyň “jagildisi” eşidilýär. Adam ata bilen How ene ikisem oňa tarap topulýarlar. Gezek-gezegine ellerine alýarlar. Çaganyň agysy gülkä garyşýar. Asmanda üýtgeşiklikler bolup geçýär. Ýöne, indi hiç hili ses, owaz eşidilenok. SOŇY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |