10:51 Adamlar puly bilen urýar | |
ADAMLAR PULY BILEN URÝAR
Maliýe we ykdysadyýet
Atatürki hakydalardan sylmaga jan etseñizem... Respublikanyñ içini boşatmaga çytraşsañyzam... “Lozan biabraýçylykdyr” diýseñizem… Doly garaşsyzlyk üçin berilen beýik göreşi görmezlige salsañyzam... Hakykatlar hakykatlygyna galmagyny dowam etdirer... Hakykaty garaldyp bilersiñiz, emma asla söndürip bilmersiñiz. Çünki, hakykatyñ dosty - wagtdyr... Ine... bugün diýýäñiz: "fransuz harytlaryny boýkot ediñ!" Bolýa, edeliñ. Edeliñ, däninim... Siziñ hakykatlar bilen ýüzleşme wagtyñyz gelmedimi? Dollar sekiz liradan geçdi, euro on lira golaýlady. Halk bolmanda-da daşary ýurt harytlaryny alanok, o nämäñ boýkotyndan gürrüñ edýäñiz? Hemişe ýazyp geldim: geçmişi ýalan-ýaşryklar, hyýalbentlikler bilen ýazsañyzam, ýalñyşlyklara per bermeýän gelejegi halas edip bilmersiñiz. Atatürküñ uly tapawudy şundady: hemişe hakykatçyldy. Açmak, gurmak-bina etmek üçin hyýalbent däl-de, hakykatçyl bolmak gerek... Güýjüñiziñ derejesini bilmeli. Fransiýanyñ bugünki näzini artdyrmalaryna Türkiýäniñ ykdysady güýjüniñ gowşaklygy sebäp bolýar. Osmanly-da şeýledi: hemişe şu zerarly boýun egdi... Atatürk asyl göreşi kapitulýasiýalara garşy alyp barmalydygyna düşündi we Lozan konferensiýasynyñ baş temasy kapitulýasiýalar boldy. Gysgaça aýdaýyn, puluñ hümmetsizlenmeginiñ ýerli önümleri, ýerli senagaty, oba hojalygyny nähili ýok edişine we Fransiýanyñ hondanbärsiligine göz ýetiriñ… • BÖLEK-BÜÇEK ETDI Kapitulýasiýa (“imtiýazaty atika”) diýip, bir döwletiñ başga döwletlere we başga ýurduñ raýatlaryna beren ykdysady we sosial ýeñilliklerine aýdylýar… 1535-nji ýyl. Kanuny Soltan Süleýman nemes imperatory Karlyñ gysyşyndan gutulmak üçin fransuzlar söwda ýeñilliklerini berdi. Birtaraplaýyn berilen bu ýeñillikleriñ möhleti gutaranda, her gezek goşmaça uzaldyldy. 1740-njy ýyl. Russiýa we Awstriýa bilen baglaşylan Belgrad şertnamalarynda araçy we ýeńilleşdiriji roly oýnan Fransiýa berilen söwda, adminstratiw we hukuk ýeñillikleriniñ çägi giñeldildi. Mysal üçin, fransuz ilçihanasynda we konsullyklarynda işleýän osmanly diasporasyna-da käbir ýeñillikler (salgytdan, sud jogapkärçiliginden boşatmak we ş.m.) berildi. Daşary ýurt poçtalary açyldy we başgalar. Fransiýa bilen 1743-nji ýylda 55 maddalyk we 1770-nji ýylda 84 maddalyk şertnamalar baglaşyp, kapitulýasiýalar durnukly şekile getirildi we hasam gûýçlendirildi. Şeýle-de... Fransiýa uzak wagtyñ dowamynda alan salgyt, sud we başga ýeñilliklerinden peýdalanyp, osmanlydaky diaaporalary-söwdagärleri eline aldy. Şeýle bir ýagdaý emele geldi welin, osmanly raýaty ilçihanalardan ýörite kepilnama alyp, başga ýurduñ raýatydygynu öñe sürmek arkaly döwletiñ berýän ähli ýeñilliklerinden peýdalandy. Bu ýola ýüz urup, artykmaçlyk gazananlaryñ, hemaýatkärlik astynda gezenleriñ sany millionlardan aşdy... Osmanlynyñ ähli söwda gatnaşyklary we jemgyýetçilik hyzmatlarynyñ bir bölegi daşary ýurtlylaryñ eline geçdi. Kapitulýasiýalar osmanlynyñ ykdysady we jemgyýetçilik gurluşyny bölek-büçek edip taşlady. Ýurt ähli girdejilerini we çeşmelerini daşary ýurtlylara aldyran - eli-goly bagly koloniýa öwrüldi diýen ýalydy… Bu ajy hakykata gözi ýumulgylar häzirem "osmanly beýikliginden" söz açýarlar! • GAPJYK BOŞ, HEKEMLIK - HOŞ Atatürk imperializmiñ diñe ýaragyñ güýji bilen ýöredilmeýändigine düşündi - eksplutasiýanyñ-kapitulýasiýalaryñ weýran ediji hakykatyna göz ýetirdi. 1922-nji ýylyñ 1-nji marty. Ol mejlisiñ açylyş dabarasynda şeýle diýdi: -”Türkiýäniñ ykdysady durmuşyny bogýan kapitulýasiýalaryñ soñuna çykmalydyrys”. Şol ýyl... Fransiýanyñ "Le Petit Parisien" gazetk ABŞ-nyñ "Chicago Tribune" gazetiniñ ulanan jümlesine meñzeş jümläni ulandy: "Sud, maliýe, harby kapitulýasiýalaryny ykrar edemzok!" Şol sebäpli... Lozan konferensiýasynyñ esasy temasy kapitulýasiýalar boldy. Türk delegasiýasy gepleşikleriñ çetin geçjegini bilýärdi. Şeýle-de boldy: Aýratynam Fransiýa 400 ýyllap öwrenşip giden maliýe artykmaçlyklaryndan çekilesi gelmedi. Ýewropa ýurtlary beýle-de dursun, gaýtam Ýaponiýanam öz tarapyna çekip, Türkiýäniñ üstüne atybilen haýbatyny atdy. Türk delegasiýasynyñ başlygy Ismet Inönü garşylyk görkezdi: "Kapitulasiýalar bir halkyñ garaşsyzlygy bilen bir ýere sygyşmaz". Günbatarlylar ykdysady sferalaryndanam gelen gysyşlary ulanyp, kapitulýasiýalardan el çekmek islemändigi üçin Lozan gepleşikleri ýarpy galdy. Türk habar beriş serişdeleri hemişe simpatiýa bildirip gelinen Fransiýa garşy täsirli göreşe başlady. Şeýlelikde, ikinji gezek ýygnanşylan Lozan konferensiýasynda osmanlynyñ çöküşini döreden kapitulýasiýalaryñ hemmesi aradan aýryldy. Türkiýe ykdysady garaşsyzlygyny gazandy. Nijeme ýyllar geçensoñ, kapitulýasiýalar “gümrük bileleşigi” ýaly birgiden şertnamalar arkaly Türkiýäniñ başyna gaýtadan bela edildi... Lozana "şowsuzlyk" diýýän häkimiýetiñ bugün näme üçin Fransiýanyñ agressiwligine uçraýandygyna düşünmesi kyn. Gaýtam tersine, meseläni dini tapawutlylykdan gözleýär! Ýogsa, Lozan hakykaty şudur: Garaşsyzlygyñ doly ýagdaýda gazanylmagy diñe maliýe garaşsyzlygyny gazanmak arkaly mümkindir. Bugün… adamlar bizi puly bilen urýar. Euro on lira deñleşipdir, biz bolsa häzirem boş hekemlik satýarys! Hakykat şu: ýurdy bokurdagyna çenli kapitulýasiýalara baglap goýduñyz... Gury söz bilen peýnirli gämini ýöredip bilmersiñiz, gynansak-da. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |