20:07 "Adamlara, aýdymlara ynanyp..." | |
"ADAMLARA, AÝDYMLARA YNANYP..."
Goşgular
![]() Adamlara, Aýdymlara ynanyp, Ýüregmi aýamda göterip gezdim. Ýagşylyga maýsa bolup yranyp, Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm. Gara çynym bilen uýdum päklige, Sadalyga uýdum. Güp gitdim gepe... Ýaşadym gol bermän ýeke-täklige, «Ýaşasyn gözellik!.. Gitdikmi, şepe?..» Dost öňüne atdym ünjä gidende, Kä Gyz ýaýdananda öňüne atdym. Nämüçindir, Her sapar «jig-g» edende: «Taňrym, bu nämekä?» — Pikire batdym. Ýazyk, günä... Öz-özünden ötülýär Erkgala deý boşap galan gursakda... Men ýüregmi güjeňlänme ökünýän, Has pugtarak gizlemeli pursatda. Men ony taplamak isledim diňe, Gorap dilden-gözden, üstün ýapmadym. Ýöne... Ahyr bir gün bakamda siňe, Ýekeje-de abat ýerin tapmadym. Gyýym-gyýym gyýylypdyr jigerim, Dilim-dilim dilinipdir jigerim. Bu görünýän gara-gara tegmiller — Aldanan, Azaşan, Ýalňyşan... ýerim. Öz çägiňden çykmak şeýle bir aňsat, Yzyňa dolanmak çaklaşyňdan kyn... «Mundan çepe gitseň — keramat aňtap — Gaýdyp geleriňden gelmeziň ýakyn...» Käte ýat illere nesibäm çekdi, Käte saklatmady gözümiň ýaşy... ...Çykaranym bir näzijek ýürekdi, A yzyna saldym bir tokga daşy... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |