15:12 Adamlary görseň ählisi gowy | |
ADAMLARY GÖRSEÑ ÄHLISI GOWY
Goşgular
![]() Inim Nurýagda Adamlary görseň ählisi gowy, Gep-sözleri, häsiýet-hüýleri bilen. Tarypyn ýetirip, wasp edip öwüp, Goşup ýanyndaky hüýrleri bilen. Altyn ýaly sözden döretseň şygry, Adamlary görseň ählisi gowy. Her kişi gözlerňe perişde ýaly, Her işde görelde, paýhasdan doly, Bir adam görmedim akyly kemli, Hemmeler ajaýyp, hemmeler gowy. Başyňa agyr gün düşene çenli, Kimleriň kimdigi bolmaýar belli. Dostlaryň ýüzlerne seredip içgin, Kalplaryna garap bilemok diňe. Adamlaň kimligin bilmegim üçin, Agyr güne düşmek gerekmi maňa?! Büdräp entärime garaşyp ýören, Gowy adamlara näme diýeýin? Bilsem-de olary ýanymdan kowup, Başaryp bilemok añymdan kowup, Sözleri özlerne ýaraşyp duran, Ýüzleri-gözleri bulaşyp duran, Elleri buz, çünki kalplary sowuk, Ynha şu adamlañ barysy gowy. Sylapberdi MUHAMOW. 17.09.2022. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |