03:22 Adamlaryñ haýwanlardan has gowulygyna ynanýañyzmy? | |
ADAMLARYÑ HAÝWANLARDAN HAS GOWULYGYNA we ÝOKARDALYGYNA YNANÝARSYÑYZMY?
Publisistika
It janaweriñ wepalylygyna haýran galýanam bolsak, ony hemişe diýen ýaly kemsitmäge meýil edýäris. Eýsem bu gylyk hem-ä wepalylyk isläp, hemem bize wepaly bolany kemsitmäge öwrenişip gidenligimizdenmi? Sögünç sözleriñ birem juda täsin: "Haýwan!" Özüne aşa göwni ýetýän, özüni haýwanlardan has ýokarda saýýan adama bu sözi ýokuş görýär, gahary gelýär, şobada munuñ jogabyny berjek bolmaýar. Ýöne ol hiç wagt "haýsy haýwan?" diýip soramaýar. Hawa-la, haýwanlaram dürli-dürli bolýar. Üstesine bularyñ käbirine meñzedilmek göwün guşuñy asmana uçurýar: "Goç ýigit!", "Nerdir, ner!", "Möjek ýaly!" Ýa-da bize: "Garynja ýaly gallaw, balarysy ýaly öndümli, öküz ýaly güýçli, tilki ýaly mekir..." diýilse. Soñky jümle onçakly ýerine düşmedi welin, mekirligi alamatlandyrýandygy üçin muña begenmelimi ýa gynanmaly? Ýa-da "düýe ýaly çydamly" diýilse?.. * * * Şeýle-de, "haýwanlyk prestiži" ýurtdan ýurda üýtgeýär. Meselem, "sygyrlyk" Hindistanda başga, Türkiýede başga... Bizde "aýy" biraz gödek söz hasaplanýar, emma Orsyýetde beýle däl. Gaýtam ol olimpiadalarda simwoliki nyşan edilip bilinjek derejede göze gelüwli we dost haýwan. Rus ýolbaşçylaryndan Dmitriý Medwedewiñ "medwedi" aýydan başga many bermeýär. "Doñuzam" Orsyýetde halanýan haýwan. A bizde şeýlemi? Ruslaryñ halaýandygy üçin diýýän "towşanjygym meniñ", "garlawajym" ýaly sözleri-de bizde birmeñzeş many añlatmaýar. Biziñ "jerenimiz", "guwumyz", "käkiligimiz" bar. Goýun barada aýdanda, onuñ ykbaly hemme ýerde birmeñzeş. Kepderiniñ parahatçylygy, bürgüdiñ uruşy alamatlandyryşy ýaly. Gargalara, ýarganada, baýguşa meñzedilmek erbet, emma bilbile, algyr laçyna, bürgüde meñzedilmek gowy. Çaýkeliñ, dazzarkeliñ (maslykçy guşlar) manysy başga, gyrgyñky başga. Birem totyguş bar. Guw bar. Kim näme diýse diýibersin, guşlara biraz mähirli garaýandygymyz belli. Munuñ bilen birlikde hiç birimiziñ "guşbeýinli" diýilmegine sesini çykarman durmajagyny bilýärin. It janaweriñ wepalylygyna haýran galýanam bolsak, ony hemişe diýen ýaly kemsitmäge meýil edip, itiñ adyny sögünç sözlerimizde ulanmaga ýaltanmaýarys: "Hapysa köpek! It ogly it!" Eýsem bu gylyk hem-ä wepalylyk isläp, hemem bize wepaly bolany kemsitmäge öwrenişip gidenligimizi görkezýärmikä?.. * * * Pişik gadyrbilmezligiñ simwoly. Geçi bilen eşek manysyz kejeñekligiñ, hötjetligiñ wekili. Siñek ýüregiñi bulaýar. Awgust möjejigi ýalta. Sakyrtga bilen sülük ýapyşan ýerini goparmasa aýrylmaýar. Düýeguşuñ nämedigi belli däl. Hameleona hiç ynanyp bolmaýar. Induk yalandan düşünensireýär. Krokodol ýalandan aglaýar. Towşan ürkek bolýar. Ördek nalajedeýin. Horaz pezzerýär. Böriniñ milliýetçdigi aýdylýar. Gurbaga ýuwaş. Içýan misginsokar. Şagaldan şagallyga, ýylandan ýylanlyga garaşylýar. Köp iýýänler pile, az ýuwunýanlar torsuga, boýy uzynlar žirafa, çyzykly pižama geýýänler zebra, owadanlar jüýjejige, çöññeler gaza, köp bölünip duranlar amýoba meñzedilýär. Kimiñ gülüşi syrtlany, kimiñ gözi gurbagany, kimiñ duruşy aty, kimiñ saçy kirpini ýatladýar. Maýmyn aýnada görlen betnyşan keşbe iñ ýakyn haýwan bolandygy üçin adamda soñuna çenli gorjamakdan çekinýän duýguçyl sarsgynlaryñ bolup geçmegine sebäp bolýar… Başga-da birnäçe haýwan bar. Towuklar, syçanlar, akulalar bae. Öküzleri ýatdan çykaryp bolmaz. Gynansak-da, käbirleri şu ýerik ýazyp bolmajak derejede erbet sögünçlere öwrülip gidipdir. * * * Biz biri-birimizi haýwanlara meñzedip ýörşümize, olar öz bilişleri ýaly ýaşaýarlar. Olaryñ köpüsi kämahal biziñ tapýan meñzetmelerimizden we agressiýamyzdan ölenden soñam halas bolup bilmeýär. Mañlaýygara dinozawrlaryñ taryh arenasyndan çekilenden soñam şonça asyr geçendigine garamazdan käbir ýakasy gaýyşly syýasatçylaryñ degnasyna degmegi munuñ "janly" mysalydyr. Adamlaryñ gözi bilen seredende "haýwanat dünýäsi" şeýleräk. Käwagt haýwanlaryñ gözünde biziñ ýagdaýymyz nähilikä diýip oýlanýaryn. Eýse haýwanlaram öz arasynda oñuşmazlyk ýüze çykanda biri-birlerini "adam ýaly" hereket etmekde aýyplaýarlarmyka? "Adam ýaly" gopbamsy, gödek, uruşgan, gadyrbilmez, tebigaty harlaýan, biri-birini aldaýan, ezýän we ýok edýän jandara öwrülmekde günäkärleýärlermikä? Eýse "adam" sözi haýwanat dünýäsinde iñ hapa sögünçleriñ birimikä?.. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 23.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |