13:02 Adamy üýtgetmek | |
ADAMY ÜÝTGETMEK
Publisistika
"Ykdysady krizis bar" diýýänlere Erdoganyñ beren jogaby şeýle boldy: "Ýurdumyzda kir ýuwujy maşynyñ bir ýyldaky satuwy 824 müñden 2 milliondan agdyk görkezijä ýetdi, tozan sorujylaryñ satuwy 282 müñden 332 müñe, çörek bişiriji enjamyñ satuwy 339 müñden 817 müñe ýetdi. Bulary näme üçin aýdýaryn, bütin bularyñ hemmesi ýurdumyzdaky bolçulygyñ derejesini görkezýän möhüm sanlar. Ildeşlerimiziñ satyn alma güýjüniñ nireden nirä ýetendigini görkezmekde aýratyn gymmata eýe." Meselä bütinleý başga penjireden seredip göreliñ: D.W.Bronson, B.S.Sewerin atly ABŞ-ly iki sany sowetolog amerikan kongresine 1973-nji ýylda şol wagtky SSSR-iñ ykdysadyýeti boýunça şeýle maglumatnama berdi: " - Tikin maşynlary, radiopriýomnikler we käbir hojalyk enjamlary bilen sport serişdelerinden daşgaryn 1950-nji ýylda juda az çydamly sarp ediji enjamlar öndürilýärdi. 1955-nji ýyla gelinende, ýagdaý üýtgedi: holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, telewizorlar, tokly sübse peýda boldy. 1971-nji ýyla gelinende üç maşgaladan birinde holodilnik we bäş maşgaladan üçüsinde telewizor we kir ýuwujy maşyn bardy..." Brežnew döwrüniñ soñlarynda, 1982-nji ýylda çydamly sarp ediji enjamlary edinmedik maşgala galmady. Özem "elini yssy suwdan sowuk suwa uryp görmedik" hasaplanaýjak öýlere-de ikinji holodilnik we kir ýuwujy maşyn aralaşdy. " - Sowet Soýuzy çakdanaşa depozit bilen garşyma-garşy gelensoñ, raýatlar öýüniñ hemme otagyna, hatda hammamlaryna-da telewizor oturdyp çykdy..." Ýagdaş şeýle bolýan bolsa, sorag şu: SSSR näme üçin dargady? Raýatlarynyñ satyn alyş güýji artypdy... Ýurtdaky bolçulygyñ derejesi göterlipdi... Ýagny, bar mesele holodilnikdir kir ýuwujy maşynlary edinmek bilen çäklenenokdy. Düýp mesele başga zatda... ■ IÇINE GÖNÜGEN ÝURT Ykdysady görkezijiler bol-elinligi hernäçe çişirip görkezse-de, "täze adamy" döredip bilmersiñiz, ýurduñyz pese düşer, ýok bolar... Näme diýjek bolýanymy şeýle düşündireýin: Edil şol döwürlerde - segseninji ýyllarda Hytaý "dörtlemeli modernizasiýa" arkaly dünýä läheñine öwrülende, hut şol ýol bilen barýan SSSR näme üçin dargady? Bu sowalyñ tehniki-ykdysady düşündirişleri bar. (Professor Ýalçyn Küçügiñ "Sosialist nukdaýnazardan ykdysady syýasat. Sowet Soýuzynda sosializmiñ gurulmagy" (“Sosyalist Açıdan Ekonomik Politik/ Sovyetler Birliği'nde Sosyalizmin Kuruluşu”) we "Sowet Soýuzynda sosializmiñ dargamagy" (“Sovyetler Birliği'nde Sosyalizmin Çözülüşü”) kitaplaryny okamagy maslahat berýärin. Gürrüñ diñe sosializm hakda däl, şu günümize dogry baha berip, haýsy ýoldan bolsa-da, ertämizi berkarar etme jogapkärçiligini duýýan herkese bu gymmatly maglumatlardan-seljermelerden peýdalanmagyny ündeýärin...) Hawa, modernizasiýa (üýtgedip gurma) arkaly Hytaý ägirt uly güýje öwrüldi, emma Sowet Soýuzy param-parça dagady. Elbetde, munuñ sebäpleri boýunça başga-da sosial-jemgyýetçilik düşündiirişleri bar. Meselem... Hytaý bilen SSSR-iñ arasyndaky tapawut - "täze adam" döretme maksatnamasydyr. Şu jümläni özümizden mysal berip, düşündirmäge synanşaýyn: Bilim ministri Ziýa Selçuk şeýle diýdi: “ - Anadoly Ymam Hatip liseýleriniñ 99,8 %-i doldy we okuwa kabul edilýänleriñ 87%-i ilkinji üç saýlawynyñ biri Anadoly Ymam Hatip liseýine kabul edildi." Muny okap, ýadyma Hytaýyñ Medeni rewolýusiýasy (1966-1976) düşdi! Ilkibada seredende munuñ gozgalýan meselä "degişli ýeri ýok" ýaly bolubam görnüp biler, şeýle dälmi? Şeýle däl... Mao Szedun Sowet Soýuzynda bolşy ýaly, halkdan üzñe, işçi-daýhanlaryñ ygtyýarlygyndan uzak býurokratizmiñ (rewizionizmiñ) Hytaý rewolýusiýasyny diýdomzorlaşdyrýandygyna göz ýetirdi, şonuñ üçin ol býurokratik-syýasy kadrlary doly üýtgetdi, mysal üçin mekdepleriñ okuw maksatnamalaryna we başga ugurlarda doly üýtgeşmeleri girizdi. SSSR we Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary kesdi, öz içine gönügen ýurt döretdi. Indi sözümi jemläýin: ■ DÖWLETI GURANLARA HORMAT Medeni rewolýusiýa döwründe häzirki Hytaý mugjyzasyny döreden Deng we onuñ ogly zulma uçrady. Ogly Pufang ysmaz keseline ýolukdy... Şeýle-de Si Çžunsýun Hytaý rewolýusiýasynyñ öñbaşçylarynyñ biridi. Rewolýusiýadan soñ 1952-nji ýylda Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ agzalygyna saýlandy. 1959-njy ýylda premýer-ministriñ orunbasary wezipesine bellendi. Medeni rewolýusiýa döwründe agyr ýanamalara sezewar boldy, wezipesinden boşadyldy. Ogly Si Heping öz janyna kast etdi. Hytaýyñ häzirki Prezidenti Si Ýuanpin sürgün edildi. Hytaýyñ öñki Prezidenti Deng hem, Hytaýyñ häzirki Prezidenti Si Ýuanpin hem ýeke ýerde Mao Szedun hakynda ýeke erbet söz aýtmadylar. Hytaý rewolýusiýasyna we onuñ liderine hemişe hormat goýdular hem-de "dörtlemeli modernizasiýa" ýapyşyp, el-ele berip, häzirki super güýç Hytaýy berkarar etdiler. Bize öwrülip geler bolsak: Erdogan hakykatlar bilen ýüzleşip bilenok, “tencere- tava hep bir hava…” Erdogan we onuñ sostawy Atatürk ýaly döwletimiziñ düýbüni tutan atalarymyza dil uzatmagy syýasatdyr öýdýärler. Erdogan Günbatar bilen bäsleşip biljek "täze adamlary" Ymam Hatyp liseýlerinde ýetişdirerin öýdýär. Eýse... Hytaýyñ we Sowet Soýuzynyñ taryhyndan sapak edinmeli birgiden zatlar bar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.08.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |