23:36 Ady äleme dessan... | |
ADY ÄLEME DESSAN...
Magtymgulyny öwreniş
Islendik şahsyň, onda-da Magtymguly Pyragy ýaly poeziýasy bilen halkyny, özüni dünýä tanadan beýik akyldaryň döredijiligini ylmy taýdan dogry öwrenmek üçin, ilki bilen onuň terjimehalyny takyklamagyň zerurdygyny düşündirip oturmagyň hajaty-da ýok bolsa gerek, çünki her bir ynsanyň ömür ýoly, döredijiligi onuň ýaşan zamanasynyň jemgyýetçilik durmuşy hem aňy bilen berk baglanyşyklydyr. Hawa, şu hakykatdan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zamanynda Magtymguly Pyragynyň hakyky terjimehalyny dikeltmek mümkin boldy. Magtymguly Pyragynyň 1724-nji ýylda doglup, 1807-nji ýylda aradan çykandygy hakyndaky maglumat has ynandyryjydyr. Sebäbi şahyryň poeziýasynda Nedir şa zamanynyň–1730-40-njy ýyllaryň taryhy wakalaryny şöhlelendirýän goşgularyň bardygy geçirilen ylmy barlaglaryň esasynda aýan boldy. Bu bolsa Magtymgulynyň ýetginjeklik hem ýaşlyk ýylllarynyň Nedir şa zamanynda (1736-1747-nji ýyllar) geçendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 2014-nji ýylyň maýynda Magtymgulynyň 290 ýyllyk ýubileýi dabara bilen bellenip geçildi, şahyryň döredijiligini düýpleýin öwrenmek hem dünýä dillerine ýaýratmak maksadyndan ugur alnyp, halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Beýik akyldaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň otuz gowurak ýurdundan tanymal alymlar, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň poeziýasy rus-azebaýjan, türk, tatar, gazak, özbek ýaly ýigrimä golaý dillere terjime edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň alymlarynyň uly topary Magtymgulynyň durmuş ýoly, döredijiligi hakynda maglumat ýygnamak üçin dünýäniň çar künjegine ylmy sapar etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyna Magtymgulynyň 120-den gowurak golýazmalar diwany dünýäniň çar künjeginden getirildi, umuman, şahyryň şygyrlary gelýän 400 ýakyn golýazma toplandy. Ynha, indi bolsa 2024–nji ýylda Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýibileýini dabaraly ýagdaýda belläp geçmek hakynda hormatly Prezidentimiziň Karary çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu Kararynyň Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini töwerekleýin öwrenmäge düýpli esas boljakdygyna asla şübhelenmeýäris. Magtymguly XVIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, türkmeniň milli şahyry bolup orta çykyp, dagynyk türkmen halkyny birleşmäge çagyrdy. Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiligi köptaraply hem tema baý, emma türkmeni agzybirlige, bitewülige çagyrmak beýik akyldaryň tutuş döredijiliginiň baş temasydyr. Şol sebäpli Magtymgulynyň: Türkmenler baglasa bir ýere bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili, Teke, gökleň, ýomut, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. diýen dünýgaraýşy onuň ähli döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenler dagynyk ýaşasa-da, halkymyz agzybir bolup, bir başa gulluk edende, bagtly durmuşda ýaşajakdyklaryna pederlerimiz oňat düşünipdirler. Şonuň üçin beýik akyldaryň: Agyr döwletler aýrylar, Bir başa bakmaýan ärden. ýaly paýhasly setirleri, mahlasy, şahyryň tutuş döredijiligi türkmeniň bitewülik hem agzybirlik temasyny ündändigi üçin her bir türkmeniň kalp senasy bolup ýaňlanypdyr. Şeýlelikde, beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiligi dagynyk türkmeni ruhy taýdan birleşdiripdir. Ynha, hut şonuň üçin türkmen topragyna gelen her bir syýahatçy owaly bilen Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanypdyr. Türkmen topragyna gelen syýahatçylar hem türkmen edebiýatyny, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýän gündogarşynas alymar Magtymgulynyň türkmeniň mülli şahyrydygyny biragyzdan ykrar edipdir. Rus alymy türkolog A.N.Samaýlowiç hem beýik akyldarymyz Magtymgulynyň türkmeniň milli şahyrydygyny ykrar edip, Pyragynyň döredijiligi, onuň golýazmalary bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. XX asyryň birinji çärýeginden başlap. A.N.Samoýlowiç Patyşa Russiýasy döwründe çykýan dowamly neşirlerde Magtymgulynyň döredijiligi hakynda ýörite ýa-da beýik akyldarymyzyň döredijiligini türkmen edebiýaty we türkmen dili bilen baglanyşdyryp yzygider çykyş edipdir. Ol “Magtymgulynyň aýdymlarynyň görkezgiçleri” diýen makalasynda Magtymgulynyň goşgularynyň ähli türkmenler üçin mukaddes hasaplanyp, onuň goşgularynyň köpüsiniň aýdym edilip aýdylýandygyny, kätipleriň bolsa ilki bilen Magtymgulynyň goşgularyny golýazma hökmünde ýazýandyklaryny belläpdir. A.N.Samoýlowiç 1902-nji ýyldan başlap, Magtymgulynyň döredijiligini toplamak hem ylmy taýdan öwrenmek üçin köp işler edipdir. Ýewropa okyjylaryna Magtymgulynyň döredijiligini ilkinji tanyşdyranyň 1830-njy ýyllarda Eýranda rus konsuly bolup işlän Aleksandr Hodzkodygyny ýüze çykaranyň, umuman, A.Hodzkonyň Magtymguly hakyndaky makalasyny ylmy dolanyşyga girizeniň hem A.N.Samoýlowiçdigini bellemek gerek. Akademik A.N.Samoýlowiç: “Aleksandr Hodzkonyň Magtymgulynyň terjimehaly hakynda aýdanlary hyýalbentlikden başga zat däl.” diýip, bu konsulyň işine örän adalatly, tankydy baha beripdir. Akademik A.N.Samaýlowiçiň jaýdar belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy hakyky durmuşda ýaşap, beýik akyldarymyzyň ömrüniňem, döredijiliginiňem hyýaly durmuş bilen hiç hili dahyly ýokdur. Umuman, A.N.Samoýlowiç türkmen edebiýatyny, şol sanda Magtymgulynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmegiň ilkinji ýoluny goýan alymlaryň biridir. Ol Hojaly molla Myratberdi ogly ýaly sowatly adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr, olar bilen türkmen edebiýatynyň, Magtymgulynyň döredijiliginiň dürli meseleleri hakynda hat alşypdyr. Hojaly molla Myratberdi ogly ýaly sowatly adamlar bu alyma hat ýazanlarynda türkmençe ýazýan ekenler, çünki akademik A.N.Samoýlowiç türkmen dilini suwara bilýän eken. Türkmenleriň arasynda bu rus akademigi Isgender Jahangir ady bilen tanalypdyr. Hojaly molla Myratberdi ogly, Mämmet Orazow, Muhammet Myradow, Molla Sabyr ogly dagy hem A.N.Samoýlowiçe hat ýazsalar ýa ýüzlenseler oňa Isgender Jahangir diýip ýüzlenipdirler Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, 1830-njy ýyllarda Aleksandr Hodzko Eýranda rus konsuly bolup işläpdir, Diýmek, awtor Magtymguly barasyndaky maglumatlary kitabyny çykarmazdan, bäş-on ýyl öň toplan bolmaly. Aleksandr Hodzkonyň Magtymguly barasynda maglumat toplan döwürleri bu beýik akyldary gören adamlaryň heniz aýatda dirileriniň köp bolandygyny bellemek gerek. Aleksandr Hodzko 1842-nji ýylda “Pars halk poeziýasynyň nusgalary” atly kitap çap etdirýär, şol kitabynda ol “Görogly” şadessanynyň on üçünji bölüminiň iňlisçä terjimesine köp sahypa bagyş edipdir. A.Hodzko türkmeniň “Görogly” halk şadessanyna uly orun berenden daşgary käbir türkmen şahyrlarynyň goşgulary hakynda gürrüň edip, ol goşgulary proza görnüşinde erkin terjime edipdir. Ol Magtymgulynyň üç goşgusy barada maglumat beripdir. Ol goşgularyň birinjisi “Mehdum Kuly to his Mothet” (“Magtymguly ejesi hakynda”) atlandyrylypdyr. Beýik akyldaryň türkmen goşgularynyň arasynda beýle goşgy ýok, bolmanda, bu şygyr häzirlikçe türkmen okyjysyna, hatda türkmen ylmyny-da nämälim. Aleksandr Hodzkonyň şahyryň goşgularyna ýalňyş düşünmegi netijesinde ol şygryň Magtymgulynyň adyna berlen bolmagy hem mümkin. Aleksandr Hodzkonyň beren maglumatyna görä, Magtymguly düýşünde Muhammet pygamberiň egindeşi Alyny görüpdir. Aly şahyra süýji şerbet (nektar) hödürläp içiripdir. Magtymguly ukudan oýanandan soňra, özüniň söz ussady bolanyna göz ýetiripdir. Şeýdibem akyldar ilkinji gezek ruhy taýdan ynjalyp, hormatlanýan şahyr, ulama bolupdyr. Mundan soňra, Magtymguly halk içinde keramatly adam hasaplanypdyr. Aleksandr Hodzko Magtymguly hakyndaky maglumatynyň soňunda şahyryň Horasanlylaryň hem türkmenleriň arasynda iň meşhur şahyrdygyny ýörite nygtapdyr. Ol Magtymgulynyň tebigata söýgi, pelsepe temasyndan birnäçe gowy goşgularynyň bardygyny aýratyn nygtapdyr. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň diňe bir Eýranda (Pars ülkesinde) däl, tutuş Aziýa halklarynyň arasynda meşhurdygyny öwran-öwran belläpdir. Benger alymy Armeniý Wamberi 1860-njy ýyllaryň birinji ýarymynda derwüş hökmünde Reşit efendi ady bilen Orta Aziýa syýahat edýär. Oňa türkmen topragyndan Magtymgulynyň 260 sahypalyk bir golýazmasyny ele salmak başardýar. Armeniý Wamberi 1879-njy ýylda “Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany” diýen kitap neşir etdirýär. Şol kitabynda ol beýik akyldarymyzyň 31 goşgusyny dolulygyna, 10 goşgusyndan bolsa bölekleýin mysal alyp ýerleşdiripdir. Ýeri gelende aýtsak, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ýaşy kesgitlenende Armeniý Wamberiniň çaklamalar esasynda ýygnan maglumatyna salgylanylypdy. Armeniý Wamberi Magtymgulynyň terjimehaly hakynda şeýle maglumat beripdir: “Gyzyl ahunyň aýtmagyna görä, Magtymguly mundan 80 ýyl töweregi öň aradan çykypdyr”. Armeniý Wamberi 1863-nji ýylda Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat edipdir. Wenger alymynyň Türkmenistana syýahat eden döwründen hem 80 ýyly aýryp, Magtymgulynyň 1782-83-nji ýyllarda 50 töweregi ýaşap aradan çykandygyny belläp, beýik akyldaryň 1733-nji ýylda doglandygyny öňe sürdiler. Emma beýik akyldaryň ýaşy hakyndaky mesele düýpli ylmy derňew edilip, anyk netijä gelnendigini makalamyzyň başynda beýan edipdik. Magtymguly Pyragyny derwüş hökmünde sypatlandyrmak, beýik akyldary Bahaweddin Nagyşbendiniň esaslandyran sopuçylyk akymyna degişli etmek hem Armeniý Wamberiniň pikirlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Ýöne Armeniý Wamberi türkmenleriň Magtymgulyny aýratyn hormatlaýandygyny anyk beýan edip şeýle ýazýar:“Agşamlaryna, aýratynam gije uzak gyş wagty olar (türkmenler) jadyly ertekileri, dürli hekaýatlary diňlemegi gowy görýärler. Hasam bagşy dutaryň sazyna goşup, Göroglynyň, Aman mollanyň ýa-da olaryň keramata öwrülen milli şahyry Magtymgulynyň aýdymlaryny aýdanda, olaryň keýpi hasam göterilýär”. Şeýlelikde, wenger alymy Armeniý Wamberi Magtymgulyny bir ýerinde derwüş, başga bir pikirinde bolsa beýik akyldary milli şahyr hökmünde suratlandyrýar. Emma A.Wamberi Ýewropa alymlarynyň arasynda ilkinji bolup, Magtymgulynyň türkmenleriň gökleň taýpasyna degişlidigini belläp, bu taýpanyň türkmenleriň arasynda ýuwaş taýpadygyny ýörite nygtapdyr. Hatda A.Wamberi Magtymgulynyň şöhradynyň Gündogarda meşhur bolan şahyrlaryňky bilen deňdigini nygtap, şeýle ýazýar: “Magtymguly Hoja Ahmet Ýasawy hem-de häzirki döwürde uly şöhrata eýe bolan özbek halk şahyrlary Bidil, Fizuly, Rownak, Allaýar, Meşrep we beýlekilerden sähelçejigem tapawutlanmaýar”. Wenger alymy Armeniý Wamberi Magtymguly barasynda ýewropa okyjylaryna belli bir derejede anyk maglumat bermegi başardy. Ýöne Armeniý Wamberiniň milli şahyrymyz barasynda aýdan şu pikiri üns berilmegine mynasypdyr: “Magtymguly hakynda aýdylýan legendalarda onuň beýleki adamlardan has üýtgeşik bolandygy bellenýär. Ol Hywa, Buhara ýaly medeni ojaklara baryp görmezden, ylma-bilime degişli hemme kitaplary Alla beren zehini esasynda öwrenipdir. Bir gezek, şahyr atly gelýärkä, mazaly ymyzganypdyr. Şahyr özüni Mekgede pygamberiň hem ilkinji halyflaryň arasynda görüpdir. Magtymguly keramatly adamlaryň arasynda uly tolgunma bilen durka, ony ikinji halyf Omar ýanyna çagyryp, Magtymgula ak pata berip, şahyryň ýaňagyna mähir bilen urupdyr. Ine, şonda şahyr oýanyp, özüne hak ylhamyndan şahyrçylyk zehininiň berlendigine göz ýetiripdir. Şondan bärem Magtymgulynyň goşgulary türkmen üçin Kurandan soňky mukaddeslikdir. Bu uzak wagtam şeýle bolar.” Magtymguly türkmenleriň arasynda keramata öwrülen şahyrdygyny ykrar edip, Armeniý Wamberi Magtymgulynyň okap däl-de, doga zehinlidigini öňe sürýär. Armeniý Wamberiniň Magtymgulynyň asla okamandygy, munuňam üstesine, şahyryň Hywa-Buharada asla bolmandygy hakynda beren maglumatyna ynanmak kyn. Emma wenger alymynyň bu maglumaty Magtymgulynyň öz döwründe medrese okuwyny tamamlap bilmändigine goşmaça bir dellil hökmünde kabul etsek, ýerlikli bolar. Armeniý Wamberiiniň şahyryň ak pata alşy hakyndaky maglumatynda Magtymgulynyň atyň üstünde uklan mahaly oňa Omaryň ak pata bermegi türkmen däp-dessuryna laýyk berlen maglumatdyr. Umuman, Armeniý Wamberi ilkinjileriň biri bolup, ýewropa okyjysyna türkmeniň milli şahyry Magtymgulyny belli bir derejede tanyşdyrmagy başarypdyr. Ýöne wenger alymynyň Magtymguly barada beren maglumatlaryna, esasanam onuň şahyryň aradan çykan senesi baradaky pikirlerine tankydy garamak gerek, çünki Armeniý Wamberi türkmenleriň arasynda bolsa-da, ol eşiden gürrüňlerini bada ýazman, soňra ýadyna düşüşine hem türkmen dilini örän gowşak bilýändigi üçin düşünişine görä ýazypdyr. Emma Armeniý Wamberiniň Magtymgulynyň milli şahyrdygyny ilikinji bolup aýdan syýahatçydygyny hem bellemegimiz gerek. Rus alymy I.N.Berýozin 1862-nji ýylda üç tomdan ybarat “Tureskaýa hrestomatiýa” diýen kitabynyň ikinji tomunda Magtymgulynyň bir goşgusyny arap hatynda türkmen dilinde çap edip ýerleşdiripdir . Şeýdibem professor I. N. Berýozin Magtymgulyny rus dilinde öwrenmegiň başyny başlapdyr. Soňra F.Bakulin “Pesni u turkmen i poet ih Mahtumkuly” atly makala ýazypdyr. Awtor bu makalasynda beýik akyldaryň iki goşgusyny rus diline terjime edipdir hem Magtymgula şeýle baha beripdir: “Bagşy halkyň söýgüli şahyrlaryndan biriniň Aman mollanyň, Magtymgulynyň we başgasynyň eserini aýdyp berýär. Magtymgulyny ähli türkmenler özleriniň taýpasyna garaman, has aýratyn sylaýarlar. Magtymgulynyň öwülýä mukaddesligi türkmenleriň arasynda şek-şübhe döretmeýär: Türkmenler Magtymgulynyň ähli aýdan we ýazan zatlary ir-u-giç berjaý bolmalydyr diýýärler” Rus alymy F.Bakuliniň bu makalasy, onuň Pyragydan terjime eden iki goşgusy beýik akyldarymyz Magtymgulynyň doglan gününiň 225 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp rus dilinde neşir edilen “Mahtumkuli” atly kitapda birinji makala edip ýerleşdirilipdir. Türkmen edebiýatyny öwrenmek, Magtymgulynyň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça meşhur rus gündogarşynasy, professor Ý.E.Bertels hem köp işler etdi. Magtymgulynyň doglan gününiň 225 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp rus dilinde neşir edilen “Mahtumkuli” atly kitapda Ý.E.Bertelsiň Pyragy barada ýazan üç makalasy ýerleşdirilipdir. Ý.E.Bertels “Magtymgulynyň çeper döredijiligi” atly makalasynda halk içinde Magtymgulynyň ilkinji ýazan goşgusynyň “Turgyn diýdiler” (Ý. E.Bertelsde Turgul diýdiler goşgy şeýle alnypdyr.) goşgusydygyny belläp, şahyryň şol goşgusy bilen birlikde “Ýar bizim sary”, “Boldum girýana”, “Oýan diýdiler” goşgularyny ylmy taýdan derňew edipdir. Ý.E.Bertels beýik akyldarymyzyň bu goşgularyny aňyrdan gelýän sopuçylyk äheňli goşgular hasaplasa-da, alym Magtymgulynyň agzalan poeziýalaryny sopuçylyk dünýägaraýşy bilen baglamaýar. Alym şahyryň bu hili goşgularyny şahyryň jemgyýetde özüni ykrar etdirmek üçin ýazandygyny beýan edip şeýle diýýär: “Şahyra il içinde ykrar edilmek(awtotiretlik) gerekdi. Şonuň üçin ol öz goşgularynyň köküniň berkdigini subut etmek üçin şu usuly ulanypdyr. Şol döwürde özüňi ykrar etdirmegiň başga hili ýoly hem ýokdy”. Akademik A.E.Krymskiý: “Olarda (türkmenlerde) çeper döredijilik-şahyrçylyk ösendi. Halk köpçüligi şahyrlaryny örän sylaýarlar, aýry-aýry toparlara, taýpalara bölnen halka şahyrlaram ruhy taýdan özboluşly hyzmat edýärler. Dagynyk hem syýasy taýdan baglanyşygy bolmadyk ähli türkmen taýpalary üçin deň derejede gymmatly, milli şahyr Magtymguly şahyrlaryň içinde iň şöhratlysydyr. Beýleki türki halklarynyň şuňa meňzeş ýeke-täk milli şahyry ýok” diýip, geçen asyryň başlaryna ýazypdyr. Rus gündogarşynas akademik W.W.Bartold bolsa: “XVIII asyrda Stawropol ülkesinden tä Amyderýa aralykda ýaşaýan türki halklarynyň arasynda Magtymguly türkmenleriň ýeke-täk milli şahyry boldy.” diýip, beýik akyldar Magtymgulynyň türki halklarynyň arasynda ýeke-täk milli şahyr bolandygyny adalatly belläpdir. Magtymguly barasynda aýdylan bu jümlede ýene akademik A.E.Krymska degişli: “Çaksyz şöhratlandyrylan Magtymguly türkmen taýpalarynyň ählisiniň arasynda deň derejede mukaddes hasaplanýar. Molla Döwletmmämmet Azadynyň ogly, gökleňlerden bolan Magtymguly hemme türkmen taýpalary üçin umumy milli şahyr hasaplanýar. Beýleki türki halklarda Magtymguly ýaly milli derejä çykan şahyr ýok. Eýýam Magtymgulynyň şahsyýeti legenda öwrülipdir”. Gündogarşynas alymlaryňam ykrar edişi ýaly, beýik akyldar Magtymguly Pyragy türkmeniň dünýä ýüzünde ykrar edilen milli şahyrydyr. Dünýäniň çar künjegine ýaýran türkmenleriň hemmesi-de Magtymgulyny öz milli şahyry hökmünde ykrar edipdir. Türkmenler bilen goňşulykda ýaşan beýleki halklaryň arasynda hem Magtymgulynyň döredijiligi örän meşhur bolupdyr. Sebäbi gündogarşynas alymlaryň tassyklaýşy ýaly, Magtymguly Pyragy türki halklarynyň arasynda ilkinji bolup, milli ideýany öňe sürdi. Şonuň üçin Pyragynyň döredijiligi diňe bir türki halklarynyň arasynda däl, türkmenler bilen goňşuçylykda ýaşan beýleki halklaryň arasynda hem örän meşhur ekeni. Munuň şeýledigini XIX asyryň ikinji ýarymynyň başlarynda Magtymguly barada nemes žurnalynda çykan maglumatam subut edýär. “Russiýa hakyndaky ylmy maglumatlaryň arhiwi“ diýen nemes dilinde çykýan žurnal 1855-nji ýylda çykan dördünji sanynda Magtymguly barada gysgajyk makala çap edip, Günbatar ýewropa okyjylaryny beýik türkmen şahyry bilen tanyşdyrypdyr. Ynha, şol makalanyň sözme-söz teksti: “Biz öz okyjylarymyza entek ýewropada belli bolmadyk beýik türkmen şahyrynyň adyny habar bermek isleýäris. Onuň ady Magtymgulydyr. Ol barada bize Dosmuhammede (Dosmuhammet 1838-1842-nji ýyllarda iňlis agalygyna garşy owganlaryň gozgalaňyna ýolbaşçylyk eden harby serkerde. D.Ý.) uruş wagtynda iňlis ştabynda gulluk eden nemes emeldary (çinownigi) gürrüň berdi. Magtymguly ýarym asyr gowurak mundan öň ýaşapdyr. Onuň goşgulary arap hatynda ýazylypdyr. Emma şahyryň şygyrlarynyň akgynlylygy hem hoş labyzlylygy bilen akylyňy haýran edýär. Magtymgulynyň goşgularyny Kabulyň, Kandagaryň, Peşawaryň, Hyradyň, Şekiniň, Şirwanyň, Tähranyň adamlary ýatdan bilýärler. Nebsimiz agyrsa-da, biz şahyryň durmuş ýoly barada hiç zat bilmeýäris. Biziň orientalistlerimiz ýakyn geljekde Magtymguly hakda birin-birin gürrüň bererler diýip umut edýäris.” “Russiýa hakyndaky ylmy maglumatlaryň arhiwi” diýen žurnalda Magtymguly hakynda gysgajyk ýazylan makalany kimiň ýazandygy görkezilmändir, makala redaksiýanyň adyndan gidene çalym edýär. Makalada Magtymguly baradaky maglumatyň iňlis ştabynda 1830-njy ýyllaryň aýaklaryna, 40-njy ýyllaryň başyna gulluk eden nemes emeldaryndan alnandygynyň bellenmegi käbir netijelere gelmäge esas berýär. Şol ýyllarda Owganystan iňlisiň-Beýik Britaniýanyň tabynlygynda ekeni. Makalada bellenilişi ýaly, owgan-pars halklary Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan bilýär eken. Ýerli halkyň üsti bilen Magtymgulynyň goşgularyny ýewropada ilkinji bolup, iňlisler bilipdirler. Hatda iňlisler özlerinde işleýän beýleki ýewropa halklarynyň wekillerine hem Magtymgulynyň döredijiligi hakynda gürrüň berýärler eken. Magtymguly barada nemes žurnalynda çykan makalada beýik akyldaryň goşgularyny Owganystanyň, Eýranyň esasy şäherleriniň adamlary ýaly Kawkazdaky Şekin, Şirwan şäherleriniň adamlarynyň hem ýatdan bilýändigi nygtalypdyr. Bu maglumat bize henize çenli doly belli bolmasa-da, beýik akyldaryň pars dilinde hem az bolmadyk goşgy ýazandygyny şertlendirýän ýaly bolup dur. Çünki ady agzalan nemes žurnalynda ýazylyşy ýaly, owgan-pars halkynyň raýatlary köpçülikleýin ýagdaýda Magtymgulynyň goşgularyny bilýän bolsa, onda şahyryň pars dilinde hem döredijilik edeni ikuçsyz bolmaly. Magtymguly her bir goşgusyny pars dilinde-de ýazandyr ýa bolmasa, beýik akyldar pars dilinde goşgy ýazyp, bu dilde goşgy ýazmagyň ussatlyk derejesini görkezendir diýjek bolamzok. Ýöne türkmeniň milli şahyry hökmünde Magtymguly pars dilinde goşgy ýazyp, goňşy halklar bilen dost-doganlygy, söýgi temasyny wagyz eden bolmagy mümkin. Türkmen alymy Gandym Gurbanow 1983-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynda “Magtymgulynyň parsça şygyrlary” atly makala bilen çykyş edip, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň başga dilde goşgy ýazandygyny bilmek üçin şahyryň gaýry dilde şygyr ýazanda hem, öz adyndan daşgary Pyragy, Pyrak lakamlaryny ulanan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Bu halypa alym Magtymgulynyň goşgularynda ahyry gaf harpyna gutarýan, aýralyk manysynda gelýän Pyrak sözünden bolan Pyragy lakamyny köp ulanadygyny belleýär. Alymyň tasyklamagyna görä, şahyryň 1959-nji ýylda çykan “Saýlanan eserlerindäki” goşgularda Pyrak-Pyragy sözi, esasan, aýralyk manysynda gelipdir, diňe bir goşgusynda bolsa rahatlyk, asudalyk manysyny aňladypdyr. Umuman, alym Gandym Gurbanowyň ýazyşy ýaly, Magtymgulynyň ähli döredijiligini–türkmen, pars we beýleki dillerdäki hemme goşgularyny bir ýere jemlemek üçin, ilki bilen şahyryň döredijiliginde ulanan lakamlaryny, tahalluslaryny, lakamlarynyň aňladýan anyk manysyny kesgitlemeli. Magtymgulynyň parsça ýazan şygyrlary meselesine dolansak, halypa alym Gandym Gurbanow1911-nji ýylda daşbasma usulynda çykan Daşkent neşiriniň 91-nji sahypasyndan şahyryň şu goşgusyny mysal getiripdir: Aşykam, aşygy–mesti men, Dameni ýar desti-men, Magtymguly diýr, dosty-men, Görmedim mähri gana. Şahyryň bu bir bent goşgysynyň başky iki setiri parsça. Ol iki setiriň manysy bolsa şeýle: “Aşyk men yşkdan mes; Ýaryň etegi meniň elimde. Magtymgulydan parsça mysal alan bu iki setirimizi şahyr türkmençe ýazyp bilmezdimi, elbetde, ýazyp bilerdi. Bu ýerde Magtymguly türkmen şygrynda parsça sözleri ussatlyk bilen ulanyp bilýändigini görkezipdir. Gandym Gurbanow Täjigistanda ylmy saparda bolanda, 532-nji bukjada saklanýan golýazmada Pyragy lakamy bilen 1287-nji hijri ýylynda ýazylan üç gazaly göçürip alypdyr. Gandym Gurbanow bu gazallaryň parsça tekstinem, onuň türkmençä terjimesinem makalasynda beripdir hem şol gazallaryň Magtymgulynyň galamyna degişlidigine şübhelenmeýändigini hem aýratyn nygtapdyr. Alym Gandym Gurbanow Magtymgulynyň parsça şygyrlary hasaplaýan üç gazalyny beýik akyldaryň ýazandygyny şeýle delillendiripdir: “Elýetermizdäki çeşmeleriň maglumatlarynda orta asyrlardan bärki döwürde Orta Aziýadan ýetişen şahyrlaryň arasynda “aýralyk” manysyndaky Pyragy tahallusy bilen şygyr ýazan şahyryň adyna duşmaýarys. Galyberse-de, ýokarda ady agzalan şahyrlaryň (Orta asyrlarda Pyragy tahallusly şahyrlar hakynda.) köpüsiniň eserleri biziň günlerimize gelip ýetmändir. Gelip ýetenleri hem ruhy-stili boýunça bu gazallardan düýpgöter tapawutlanýar. Bu bir. Ikinjiden, gürrüňi edilýän beýaz (Magtymgulynyň parsça şygyrlary göçürilip alnan golýazma.) 718 sahypadan ybarat bolup, kagyzynyň, hatynyň, syýasynyň alamatlary boýunça Buharada düzülipdir. Onda 150 şahyryň, şol sanda Enweri, Hapyz, Jamy ýaly ussatlaryň gazalyndan başlap, beýazyň düzülen wagtyna çenli Buharada, Samarkantda, Hywada şygyr döreden, edebiýat meýdanynda gaty bir adykmadyk şahyrlaryň şygyrlaryndan hem nusgalar ýygnalypdyr.” Soňra alym Gandym Gurbanow beýik akyldar Magtymgulynyň Hywada okan ýyllarynda parsça ýazan şygyrlarynyň halka ýaýrap, ady agzalan beýaza girizilen bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Alym şahyryň parsça ýazan şygyrlarynyň söňra bir sebäp bilen ýiten bolmagyny hem belläpdir. Iň esasam, Magtymgulynyňky diýip ýazylyp alnan şol üç gazal Magtymgulynyň türkmençe şygyrlary bilen ruhy, hatda stil taýdanan ugurdaş. Bu bolsa alym Gandym Gurbanowyň şahyryňky diýip, Täjigistandan getiren parsça üç gazalynyň Magtymgulynyňkydygyna şübhe goýmaýar. Magtymgulynyň parsça şygyrlary hakynda soňra ýöriteleýin gürrüň etjekdigimiz üçin, häzirlikçe ol şygyrlary mysal almakdan saklandyk. Alym Gandym Gurbanowyň Magtymgulynyň parsça şygyrlaryny Hywada okap ýören döwri ýazyp, soňra ady agzalan beýaza ýerleşdirilendir diýen pikiri bilen ylalaşmak kyn. Biziň pikirimizçe, Magtymguly parsça şygyr ýazmagy edil türkmençe şygyr ýazyşy ýaly kesp edinmese-de, ol pars dilinde hem az ýazan däldir. Sebäbi 5-10 sany parsça şygyr ýazmak bilen Owganystanda-Eýranda goşgularyňy ýat tutduryp adykmak mümkin däl. Şonuň üçin Täjigistanyň 532-nji bukjadaky 718 sahypalyk beýazda ýerleşdirilen Magtymgulynyň parsça şygyrlaryny şahyryň haýsy ýyllarda ýazandygyny anyklamak geljegiň işidir. Umuman, Magtymgulynyň Eýranda, Owganystanda, Kawkazda ýaşaýan halklaryň arasynda hem meşhur bolandygy hakyndaky inkär edip bolmajak maglumatlar şahyryň, bolmanda pars dilinde hem döredijilik edendigine yşarat edýär. Şeýlelikde, Magtymguly türki halklarynyň arasynda meşhur bolmak bilen birlikde halkymyz bilen goňşuçylykda ýaşan beýleki halklaryň içinde hem şahyryň döredijiligi meşhurlyk gazanypdyr. Şonuň üçin Magtymguly türkmeniň milli şahyry hökmünde şek-şübhesiz ykrar edilip, bu beýik akyldaryň döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi diýmäge doly esas bar. Beýik akyldaryň edil häzir bize elýeter bolan 700 töweregi şygry bolup, olaryň esasy bölegi 500-e ýakyny goşuk görnüşindäki şygyrlardyr. Şol goşgularyň esasy bölegi 475 gowuragy dürli golýazmalarda gelýär. Şahyryň şygyrlarynyň belli bir bölegi halk içinden çöplenipdir, iki ýüz on dört goşgy bolsa ruslaryň kril hatynda Gylyç Mülliýew tarapyndan Magtymgulynyň goşgulary hökmünde 1946-njy ýylda Golýazmalar hazynasyna tabşyrylypdyr. Magtymgulynyň döredijiligi hakynda ylmy esasda derňew edilende, onuň häzir bize elýeter bolan poeziýasynyň şahyryň ähli dünýägaraýşyny şöhlelendirip bilendigini aýtmak gerek. Magtymgulynyň döredijiligi baý hem köptaraply bolandygy üçin, onuň poeziýasy milli şygra öwrülipdir. Elbetde, beýik akyldar öz döwrüniň ogly, şol sebäpli onuň iň esasy döredijilik çeşmesiniň Kuran bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Magtymguly bu barada şeýle diýýär: Külli işiň beýany, Kurandadyr-Kuranda. Ýöne Magtymguly “Külli işiň beýanynyň Kurandadygyna” ynansa-da, diňe “Huw-hak” diýip, ýören adamlardan bolmandyr. Beýik akyldaryň ýaşan zamanasynyň taryhynyň, maşgala durmuşynyň, il-günüň ykbalynyň, dogan-dostluk gatnaşygynyň, türkmeni bitewülige ündeýän nesihatlaryň şahyryň şygyrlarynda şöhlelendigini bellemek gerek. Şol sebäpli Magtymgulynyň terjimehalyny dogry dikeltmegiň ilkinji çeşmesi şahyryň öz döredijiligidir. Magtymgulynyň döredijiligini tutuşlaýyn ylmy esasda öwreneniňde, onuň haýsy temadan eser ýazandygyna garamazdan, türkmen bolup, türkmençilik dünýägaraýşyny öňe sürendigini aýratyn nygtamagymyz gerek. Dünýäniň çar künjegine ýaýran türkmenler haýsy taýpadandygyna garamazdan, bu beýik milli şahyrymyzy özüniňki hasaplapdyr. Akademik Baýmuhammet Garryýew: “Türkmenler Magtymgulynyň hemme zady bilýändigine pugta ynanypdyrlar. Haýsydyr bir mesele hakynda türkmenler özara jedel ýa çekişme etseler Pyragynyň goşgusyndan pikirine delil tapanyň garaýşy hakykat hökmünde kabul edilipdir” diýip ýazypdyr. Akademik Krymskiniň aýdyşy ýaly, ady rowaýata öwrülen milli şahyrymyz hakynda onlarça, belki, ýüzlerçe rowaýatdyr gürrüňler döräpdir. Magtymgulynyň durmuş ýoly hakyndaky rowaýatlardyr gürrüňler Aleksandr Hodzkonyň döwründen, ýagny, XIX asyryň kyrkynjy ýyllaryndan başlap, şu günlerimize çenli dünýäniň dürli dillerinde birnäçe gezek çap edildi. Emma Stawropol türkmenlerinde beýik akyldar hakynda rowaýatlar bilen birlikde “Magtymguly” atly dessan bar ekeni. Magtymguly hakyndaky bu dessan doly görnüşinde häzire çenli hiç ýerde çap edilmändir. Stawropolda doglup, Türkmenistanda ýokary bilim alyp, ykbalyny ata watanyna baglan alym Şabanaly Jumaýew öz ildeşlerinden “Magtymguly” dessanyny ýazyp alypdyr. Alym Sapar Kürenow 1960-njy ýyllarda Stawropol türkmenlerinde ylmy saparda bolup, ol ýerden “Magtymguly” dessanyny alyp gelipdir. Stawropol türkmenlerinden ýazylyp alnan bu dessan häzir Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň 924-nji bukjasynda saklanýar. Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessany özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol dessanda Magtymgulynyň adyndan türkmen ylmyna belli bolmadyk käbir şygyrlaram berilýär. Ol goşgular şahyryň özüniňkimi ýa halk Magtymgulynyň adyna beripmi, bu meseläni ylmy taýdan degşirip öwrenip netijä gelmeli. Magtymgulynyň öz goşgularynyň dessanda getirilýän nusgalaram asyl görnüşinden belli bir derejede tapawutlanýar. Dessanda getirilýän şahyryň käbir goşgularynda anyklyk bar. Mysal üçin, şahyryň “Turgul diýdiler” şygry: Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip: «Turgul» diýdiler. «Habarmyz bar saňa pursat jaýynda, Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler. diýip başlanýar. Emma dessanda bu goşgy: Bir gije ýatyrdym düýnüň ýarynda Bir dört atly gelip „Turgun“ diýdiler. Habar berem seniň “Şatlyk“ şanyňda Hormat bilen “baga bargyn” diýdiler. diýen setirler bilen başlanýar. Görnüşi ýaly, şahyryň birnäçe golýazmalarda gelip tassyklanan “Türgul diýdiler” goşgusynda Magtymgulynyň düýş ahwalatyny haýsydyr bir gije görendigi beýan edilýär. Dessanda bolsa şahyryň ol düýş ahwalatyny anyk anna gijesi görendigi takyklanýar. Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessanynda Selimhoja diýen örän sowatly pir beýik akyldaryň halypasy hökmünde çykyş edýär. Halk rowaýatlarynda Selim Magtym diýen adamyň Döwletmämmet Azadynyň dogan okuşan dostudygy bellenýär, hatda Azady şahyr ogly doglanda: “Al, işan aga, bu seň guluň (Türkmende gul sözi ogul perzent manysynda hem gelýär) boldy. Eger razy bolsaň, bu çaganyň adyna Magtymguly dakjak” diýipdir. Şeýlelikde, Selim Magtymyň razylygy bilen, Döwletmämmet oglunyň adyna Magtymguly dakypdyr. Biziň pikirimizçe, Selim Magtym bilen dessandaky Selimhojanyň baglanyşygy bolup, olaryň bir şahs bolmagy-da mümkin. Hakykatdanam, bir bendi gelip ýeten “Ýany biläni” diýen şygrynda Magtymguly kakasy Azadynyň dogan okuşan Selim Magtym atly doganynyň bolandygyny tassyklaýar: Magtymguly diýer, ýigit çagtymyň, Towfyklyk gözgüsi syýa bagtymyň, Atamyň dogany Selim Magtymyň, Goýsalar, giderin ýany biläni. Şeýlelikde, “Magtymguly” dessanyndaky Selimhojanyň hem taryhy şahs bolandygyna şübhelenmeýäris. Ata watanymyzdan alys ülkede ýaşan türkmenleriň şahyr barada döreden dessanynda halkyň han-begi hökmünde ady agzalýan gahrymanlaryň köpüsiniň taryhy şahslar bolmagy “Magtymguly” dessanynyň tarp ýerden döremändigini subut edýär. Diýmek, Stawropol türkmenleri ata watanyndaky türkmenler bilen hemişe gatnaşykda bolupdyr. Munuňam üstesine, Stawropola baran türkmenler hem watanyndaky ýer-ýurt atlaryny göçüp baran ýerlerine dakypdyrlar. Şonuň üçin türkmenleriň ata watanyndaky ýer-ýurt atlaryna Stawropol ülkesinde hem duşmak bolýar. Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessanynyň dili, esasan, ýerli halkymyzyň gepleýiş diline doly gabat gelýär. Emma dessanda alys ülkede ýaşaýan türkmenlerimiziň ýerli dil aýratynlygyny-da görse bolýar. Mysal, Stawropol türkmenlerinde “K” dymyk çekimsiz “G” açyk çekimsiz görnüşinde aýdylyp, kylmak-gylmak, katra-gatra , “P” sesine derek köplenç“F” sesi aýdylyp, ýaprak ýerine ýafrak diýlap aýdylýar eken, düýn sözi ýerli halkymyzda geçen düýnki güni aňladýar, emma olarda düýn sözi garaňky, tün manysyny-da aňladýar eken. Dessanda Magtymgulynyň şygyrlary gazal diýlip atlandyrylýar. Balkan türkmenlerimizde gazal aýtmak goşgy, hatda, aýdym aýtmak manysyny aňladýar. Elbetde, Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessanyny taryhy, dil hem edebi nukdaýnazardan düýpli öwrenmek geljegiň işi. “Magtymguly” dessanynda ýagşyzadalaryň, erenleriň ak pata bermegi bilen şahyr bagtly ynsan manysynda Bagtymguly adyna hem eýe bolupdyr. Dessanda Magtymgulynyň her bir goşgularynyň döreýşi durmuş bilen baglanyşdyrylýar. Şahyr akyldar, dana hökmünde orta çykarylypdyr. Dessandaky: Akyl jana bir syrdaşdyr, Amanat janyň ýoldaşdyr, Haýa, iman bir gardaşdyr, Nurly çyragy aýrylmaz. ýaly pähimli setirler dessanda atalar sözüniň, nakyllaryň örän ýerlikli ulanylandygyny görkezýär. Magtymgulynyň şygrynyň bir bendi hökmünde berlen bu paýhasly setirler diňe “Magtymguly” dessanynda duşýar. Garaz, Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessany örän sada dilde beýan edilipdir hem bu dessanda Stawropol türkmenleriň beýik akyldara bolan belent hormaty aýdyň duýulýar. Hatda “Magtymguly” dessanynda hem şahyryň döredijiliginiň pars edebiýatynda hem uly yz galdyrandygy ýörite nygtalyp, Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanandygy ykrar edilýär. Stawropolly türkmenleriň bu dessanynda Magtymguly golyna sazyny alyp, şygyrlaryny aýdym edip halka ýaýýar. Mahlasy, “Magtymguly” dessanynda şahyr ussat bagşy-sazanda, ozan hökmünde hem suratlandyrylýar “Magtymguly” dessanyndan beýleki şahyr hakyndaky rowaýatdyr gürrüňlerde Pyragynyň bagşy-sazanda bolandygy hakynda maglumat ýok. Emma Magtymguly goşgularynyň aýdym edilip aýdyljakdygyny aňypdyr. Magtymguly Pyragynyň özi: Magtymguly, sözlerim – Saza goşsaň, uz bolar. diýip, şygyrlarynyň aýdyma laýykdygyna akyl ýetiripdir. Şonuň üçin şahyrlaryň şygyrlaryny halka ýaýmakda bagşylaryň hyzmaty hem çäksizdir. “Magtymguly” dessanynyň mazmunyny okyja gürrüň bermekden saklanyp, ady äleme dessan bolup, türkmen paýhasyny äleme ýaýan Pyraga bagyşlanan “Magtymguly” dessanyny dolulygyna “Dünýä edebiýaty” žurnalyna hüdürlemegi makul bildik. Çünki ýokarda hem belleýşimiz ýaly, dünýä ýüzünde türkmeniň ilkinji milli şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna saldamly goşant edendigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Bellik: Stawropol türkmenleriniň “Magtymguly” dessanyny Sapar Kürenowyň hem Şabanaly Jumaýewiň dogduk mekanyndan ýazyp alan dessanlaryny deňeşdirip-degşirip ilkinji gezek çap etmäge hödürleýäris. Bu iki alymyň hödürlän “Magtymguly” dessanlary, esasan gabat gelýär. Türkmeniň beýik akyldary Magtymgula bagyşlanan dessany ýazyp alyp getirendikleri üçin Şabanaly Jumaýewe hem merhum halypa alym Sapar Kürenowa minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Dünýä edebiýaty" žurnaly, 2022, №3. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |