13:51 Adyna eýe bolsun! | |
● Kökler
Edebi makalalar
ADYNA EÝE BOLSUN! Her halky, her adamy beýleki halkdan, beýleki adamdan parhlandyrýan alamatlaryň biri-de onuň adydyr. Türkmenler islegli, halaýan adamyna guwanjyny duýdurjak bolsalar: “Adyňdan aýlanaýyn!” diýýärler, tersine, gargyşy-da at bilen baglaýarlar: “Adyň ýitsin!” iliň gözünden düşenlere “at ýitiren” diýilýär. At dakylan çaga: “Adyna eýe bolsun” diýip dileg edilýär. Adam atlary milletiň häsiýetinden, taryhyndan söz açmaga degerli delil berýär. Türkmen adam atlary hakynda iki-üç kitap ýazyldy, ýene ýazylar. Men bu gysgajyk ýazgymda halkyň at bermekdäki, atlara hormat goýmakdaky däpleriniň, ynançlarynyň birgiden ýerde bizden has alysdaky halklaryň däpleri bilen galtaşýandygyna ünsi çekjek. Türkmenlerde çyn hem ýalan at diýen düşünje bar. A.Öräýewiň “Adat” kitabynda ýazmagyna görä, “çaga dünýä inensoň üç güniň dowamynda oňa at dakmak hökman hasaplanypdyr. Sebäbi, Taňry tagalla dünýä inen çaga diňe at dakylansoň ýazgyt ýazyp, oňa ruh bagş edýär diýip düşünilipdir. Çaga at dakmaga hukugy bolan erkek adamlar çaga dünýä inende golaýda bolmasa, bir ýere giden bolsa, ol gelýänçä garaşmak zerur bolupdyr. Şeýle ýagdaýda onuň enesi ýa-da göbek enesi çaga ýalan at dakypdyr”. Şu ýerde bir ýakymsyz sowalyň ýüze çylmagy-da ähtimal: diýmek, hudaý ýalan ada görä-de çaga ýazgyt ýazyp, ruh bagş edýän ekeni-dä? Ahmet Bekmyradow “Göroglynyň yzlary” diýen kitabynda: ”Görogla ilki Pöwşen ady dakylýar. Gahryman heniz bäş-alty ýaşynda öz deň-duşlaryndan saýlanýar... “Munuň deň-duşlary Röwşen adyny tutman, hemişe onuň adyny Görogly diýip tutýardylar”. Görşüňiz ýaly, gahryman çyn adyna tapawutly häsiýeti, hereketi, beýlekiler- den saýlanýandygy bilen eýe bolýar” diýip ýazýar. Eposda aýdylyşyna görä, başda Jygaly beg dagy il-gün bolup çaga Röwşen adyny berýärler. Ahmet Bekmyradowyň ýazgysyndan çen tutsaň, Röwşen ýalan at-da, soňky tapylan Görogly ady çyn at. A.Öräýewiň aýdýan däbine görä, Röwşen hakykatdanam çyn at bolmaly. Ony hossarlaryň, il-güniň razylygy bilen dakýarlar. Dogrudanam, bu ýerde bir çaprazly-gy bar. Oýlanyp oturşyma özüm bilen bagly bir fakty haky- dama getirdim. Oglankam ejem pakyr: “Seniň çyn adyň Jumadurdy bolmalydyr” diýerdi. Näme sebäbe çyn adamyň ýöremändigini bilemok, aýdylan bolsa-da hakydamda galmandyr. Ýöne ýokarda ýazylyşy ýaly wagtlaýyn ýalan at bermäge esas bolaýjak ýagdaý bolmandyr, doglan mahalym kakam, enem öýde ekeni. Çyn hem ýalan at bilen bagly ýene bir fakt.“Gorkut ata” eposynda Derse hanyň at dakylmagy ogly meýdana çykyp, başa-başa garpyşyp, äpet bugany öldürýär. Gorkut ata edermenligine mynasyp görüp, oglana Bugaç diýip at berýär. Edil şeýle ýagdaý Bugra begiň on bäş ýaşly ogly bilen hem bolýar. “Ol zamanda bir oglan baş kesmese, gan dökmese, oňa at dakylmazdy” diýlip, eposda ýazylýar. Belki, çaga on-onbäş ýaşa ýetip, at almaga mynasyp iş görkez- ýänçä ýalan ady görkezendir? Ýa-da, bu ýerde iki many bardyr: birinjisi, ene-ataň beren ady bilen, ikinjisi, il arasyndaky edermenligiň bilen adygmak? Iki at götermek däbi dünýäniň köp ýerinde bar. Bu babatda J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda aýdyň mysallar bar. Merkezi Awstraliýada ýaşaýan taýpalarda erkekleriň, aýallaryň, ça- galaryň gündelik tutulýan adyndan başga-da gizlin, mukaddes hasaplanýan ady bolýar. Çaga doglan badyna, ýa-da biraz soň ýaşulu- lar tarapyndan mukaddes at berilýär. Ony diňe toparyň agzalary bilmeli. Diňe dabaraly pursat bolanda şol gizlin ady tutmaga rugsat edilýär. Eger at kesekilere mälim bolaýsa, jadygöýleriň üsti bilen at eýesine agyr şikest ýetirilmeginden juda gorkýarlar. Şuňa meňzeş däp gadymy müsürlilerde-de gorky döredipdir. Her müsürliniň iki ady bolupdyr. Birine çyn, ýa-da uly at diýipdirler, beýlekisi haýyr ýa-da kiçi at. Haýyr, ýa-da kiçi adyňy hemmeler bilipdir, emma birinji at örän pynhan saklanypdyr. Hindileriň brahmanlar kastasynyň agza- larynda-da şeýle. Gizlin at diňe dini dessurlarda, nika gyýlanda tutulýar. Adamyň hakyky adyny gizlejek bolup, onuň lakamynyň tutulýan ýerleri-de bar. Bu ýagdaýda howpdan ätiýaç etmese bolar diýip düşünipdirler, sebäbi lakamy çyn atdan tapawutlylykda, adamyň bir bölegi hasap edip bolmaz. Şonuň üçinem jadygöýler lakamy zyýan etmek üçin ulanyp bilenoklar. Howpsuzlyk maksady bilen lakamy ile ýaýratmak endiginiň türkmen tire serdarlarynyň arasynda-da kada hökmünde ornandygyny bilýäris. Keýmir körüň çyn adyny henizem anyk aýdyp bilýän ýok. Türkmençilikde gelin gaýynatasynyň, gaýynenesiniň adyny tutmaly däl diýýäris. “Pylanynyň kakasy, pylanynyň ejesi” diýip, olaryň çagalarynyň ady bilen gabatlaşdyryp tutulýar. Munuň sebäbini sorasaň, şeýle etmegi edep-ekramyň borjy talap edýär diýip jogap berdiler. Edil şular ýaly däp türki halklardan has uzakda ýaşan taýpalarda-da gadymdan dowam edip gelýän ekeni. Mysal hökmünde Selebes adalarynda ýaşaýan alfurlary, Borneodaky daýaklary, Assamyň dürli taýpalaryny getirse bolar. Naga taýpasynda çaga doglandan soň hat-da onuň ene-atasy-da öz atlaryny tutmagy bes edýärler, diňe “pylanyň kakasy, pylanyň ejesi” diýmeli. Beýle düzgüniň bähbit arap edilýändigini-de aýdýarlar. Eger “pylanyň kakasy” diýilýän bolsa, erkek adam kakalyk hukugyny tekrarlaýar, şeýdibem ene tarapyň mirasyna çagalarynyň haklydygyny gazanýar. A.Öräýew “Adat” kitabynda şeýle ýazýar:“Käbir halatlarda dünýä inen çaga aradan çykan ata-babalarynyň, ene-mamalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň öwezine geldi diýip kabul edipdirler. Şeýle ýagdaýda ol çagalara Öwez ady dakylypdyr. Adatyň özüňden ulyny sylamak, olara gös-göni adyny tutup ýüzlenmegi gadagan edýän talaplaryna görä, çagalara Ata, Ene, Kaka, Baba, Dädebaý, Mama, Ejeş Aga, Ejeke, Öwez, Gaýyp, Geldi we şu atlaryň yzyna goşma sözleri tirkäp at ýasapdyrlar. Bardy-geldi çaga düýäden öten adamlaryň hakyky adyny, meselem, Gurban, Sapar we şuňa meňzeş at dakaýanlarynda-da, şol adamyň nebereleri çaganyň adyny gös-göni tutman, ony ýokarda mysal getirlen görnüşde tutmaly ekeni. Beýleki adamlar olary öz ady bilen atlandyrypdyrlar”. Türkmenleriň bu däbiniň aňyrsynda dünýä ýaýran ynançlaryň ýaňyny eşitse bolýar. Gadymda häzirki Azerbaýjanyň territoriýasynda ýaşan albanlar merhumlaryň adyny tutmakdan saklanypdyrlar. Bu düzgün häzirki ýabany ýaşaýan taýpalarda-da saklanyp galypdyr. Awstraliýanyň ýerli ilaty hasaplanýan-aborigenlerde ölen adamyň adyny tutmak taýpanyň mukaddes däbini bozmakdyr. Merhumyň adynyň dile getirilmezliginiň sebäbini onuň ruhuny bimaza etmezlik bilen düşündirilýär. A.Öräýewiň kitabyndan ýene bir mysal: “Adatdan, türkmençilikden tapawutlylykda, şerigatyň mustahab we sünnet amallarynyň talaby bäbejige ýedinji gün at dakmagy oňlaýar. Şerigat şol güni bäbegiň saçyny hem alyp bu mynasybetli çaganyň syrylyp alnan saçynyň agramyna barabar altyny ýa-da kümüşi sadaka bermegi hem ündeýär”. E.Taýloryň ýazmagna görä, klassyk Ýewropanyň dini dessurlarynyň mysalynda aýtmaly bolsa, grekler, rimliler hem çaga ýedinji gün at beripdirler. Grekler çagany oduň daşyndan aýlapdyrlar. Men bu mysallary getirmek bilen adamzadyň düýp köklerindäki meňzeşlikleri nygtajak bolýaryn. Bir seredäýmäge çaga at dakmak, adam atlaryna hormat goýmak diňe her halkyň özboluşlylygyna, pynhan syryna bagly ýaly bolup görünýär, emma taryhy ýola iç- gin aralaşsaň bu garaýyşyň hakykaty aňlatmaýanyna düşünýärsiň. Biziň hemmämiz darajyk Ýer togalagynda döredik ahyry! Ýaş alym S.Muhammetberdiýew türkmen halysyndaky nagyşlaryň proporsiýasy hakyndaky ylmy işinde nagyşlara siňdirilen çuň- ňur filosofiýany yzarlap gelşine, ýaşaýşyň hem ölümiň filosofiýasyna ünsi jemleýär. “Adam üçin üýtgewsiz bolan bu iki düşünjäniň gezek- leşip, biri-birine baglylykda gelmegi gutulgusyz zerurlyk. Birine degişli bölejigiň beýlekisiniň düzüminde bolmagy, olaryň arasyndaky dialektiki baglanyşygy emele getirýär. Dünýä medeniýetinde mu- nuň meşhur analogy hökmünde gadymy hytaýlylaryň Ýan we In simwollaryny getirse bolar. Türkmenleriň ötenleriniň adyny çagalaryna dakyp, olary nesilleriň dowamynda geçirmek däbi hem ýokarky filosofiýanyň bir bölegidir. Bu filosofiýa iki başlangyjyň gapma-garşylygyny däl-de, olaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini, biriniň beýlekä geçişiniň üznüksizdigini görkezýär”. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |