08:57 Agajyñ başyndaky dünýä | |
AGAJYÑ BAŞYNDAKY DÜNÝÄ
Publisistika
Agajyñ başynda galmak mümkin däl, aşak düşmegem gorkuly. Illýustrasiýa: Alberto Miranda / The Atlantic Ikinji jahan urşunyñ soñlanan 1945-nji ýylyndan bäri dünýäniñ üçünji jahan urşuna alkymlap gelendigi aýdylýar. Soñabaka onda-munda girilen gönüden-göni ýa-da wekilçilik uruşlar bilen "uly partlama" sözüniñ ýerini tutaýjak formula tapyldy we muña "Sowuk uruş" diýildi. "Sowuk uruş" Koreý ýarymadasyndan Hindistana, Ýewropadaky Balkan ýurtlaryndan Wýetnama we Afrika ýurtlarynyñ barsyna, Suweýş urşundan Ýaponiýa çenli jahan urşy diýip atlandyrylmasa-da, kontinentara çaknyşyklar we uruşlar bolup geçdi. Sowet Soýuzynyñ dargamagy we kommunizm bilen Günbataryñ arasyndaky ideologik çaknyşygyñ soñlanmagy bilen birlikde täze rubrikanyñ astynda ýene global möçberli başga uruş başlady: Günbatar we Yslam. Bu çaknyşyk Yrakda, Owganystanda, başga-da birnäçe strategiki taýdan gyzgyn nokatlarda ot alyp tutaşdy. Emma uly partlamanyñ ýa-da üçünji jahan urşunyñ derejesine çykmady. Bütin bu çaknyşyklarda ynam beriji faktor Russiýa Federasiýasynyñ taryhy basdaşy bilen, ýagny umuman alanda Günbatar bilen gönüden-göni çaknyşykdan çetde galmagydy. Soñra garaşylmadyk bir zat bolup geçdi: Russiýa Ukraina garşy ýaraga ýapyşdy. Nu ýerde çaknyşyk gönüden-göni we wekilçilikli strategiki harby çaknyşygy öwrülenem bolsa, hemmeler üçünji jahan urşunyñ haçan turjagynyñ gürrüñini edýär. Hamana Ukrainada, Krymda amerikan we nemes tanklarynyñ, "Phantom 16" uçarlarynyñ söweşe girmegi ýa-da Daglyk Garabagda çaknyşyklaryñ ýüze çykmagy, kartalaryñ üýtgemegi, ruslaryñ özleri üçin möhüm orny bolan ýerlerde araçylyk etmekden çekilmegi global uruş däl ýaly... Bütin bu zatlaryñ barsy öñünden taýynlyk bolmazdan bizi her gün başga bir ýerde geñ galdyrýan global uruşyñ bir parçasy dälmi näme? Bu ganly, weýran edijilikli kartina jahan urşuna yşarat etmeýän bolsa, nämäniñ alamaty bolup biler?!. Kim Çen Yn uzyn otlusy bilen Moskwadan gaýdyp gelen badyna ýadro ýaragyny ulanjakdygyny aýdyp haýbat atmaga başlady. Bu gezek onuñ aýdanlary degişme hasabyna alynmady, çünki bu sözler gözbaşyny özüni hiç kimsäniñ soñuny görüp bilmeýän harby çaknyşygynyñ içine sokan Wladimir Putinden alýardy. Ine, biziñ hakyky ýagdaýymyz-a şeýleräk. "Sowuk uruşdan" soñ üçünji jahan urşunyñ öñüsyrasynda durus we ýeke-täk umydymyz şu durşumyza galmak. Ýagny, Kim Çen Ynyñ ýadro urşy hakdaky sözleriniñ onuñ gülkünç degişmeleriniñ biri bolup galmagy... Bolup geçýän zatlar ýa-da Putiniñ öñki Soýuzyñ howlusynda amala aşyran ähli partlamalary göýä "Sowuk uruş" ýalydy. Putin haýatyñ üstünden ätläp, Ukraina tarap süýşmäge başlanda, bütin dünýäniñ agajyñ başyna çykaran ýaly etdi. Agajyñ başynda galmak mümkin däl, aşak düşmegem gorkuly. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 30.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |