09:45 Ah şu JHP | |
AH şu JHP
Publisistika
Tokat welaýatynyñ Erbaa etrabyny bilýänsiñiz. Bereketli ekin meýdanlary bilen tanalýar. Anadolynyñ iñ irki ýerasty magdan käni Çorum Baýat bilen bir hatarda şu taýda ýerleşýär: b.e.öñki 5-nji müñýyllyk... Anadolynyñ gymmatly arheologiki eserlerinden "Çagasyny emdirýän ene" heýkeljigi dagy Horazdepe diýen ýerden tapyldy. Bol hasylly toprak iññän gadymy döwürden bäri sebitiñ oturymly ýerleriñ biri bolmagyna getirdi. Öñem belläp geçişim ýaly allýuwiý topragyñ we magdan baýlygynyñ bir sebäbi-de ýer yranmalarydyr... Gaty añyrlara gitmäýin: Erbaada - 7.9 balla ýeten 1939-njy ýylyñ ýer yranmasynda 921 adam öldi, 2 müñ 276 bina ýykyldy; Erbaada - 6.2 balla ýeten 1940-njy ýylyñ ýer yranmasynda 881 adam öldi, 1659 bina ýykyldy; Erbaada - 7.2 balla ýeten 1942-nji ýylyñ ýer yranmasynda 534 adam öldi, şäher sowetiniñ (munisipalitet) jaýy bilen bir hatarda 2 müñ 452 jaý ýykyldy; Erbaada - 7.3 balla ýeten ýer yranmasynda (halk baraklarda, çadyrlarda ýaşansoñ adam we mal ýitgisi öñki ýer yranmalaryna garanda az boldy) 12 adam öldi. * * * Kyrkynjy ýyllaryñ başy. Ikinji jahan urşunyñ dowam edip duran döwri... Faşistik Germaniýa Balkanlardan Sowet Soýuzyna çenli aralykda Türkiýäniñ daşyny gabamaga başlady. Gitleriñ Türkiýäni basyp almak boýunça “Gertrude” meýilnamasy bardy. Türkiýe elinde bary bilen urşa garşy mobilizasiýa yglan etdi, öñünden taýynlyk işlerini geçirdi. Uruş turma ähtimallygy ýurtda sosial-ykdysady krizise sebäp boldy. Çörek kartoçka bilen berildi we ş.m. Ýetde-gütdeligiñ iñ ýiti duýlan ýerleriniñ biri-de ýer yranmalarynyñ weýran edip taşlan 70 müñ ilatly Erbaady. Ine, şolar ýaly kynçylykly ýyllarda... JHP hökümeti ilki Erbaa etrabyna ylmy-barlag toparlaryny ugratdy: geologik-tektonik barlaglary geçirtdi. Etrabyñ Demirgazyk Anadoly jaýryk halkasynyñ (razlomynyñ) üstünde oturandygy anyklandy. Ýagdaýdan habarly edilen Ministrler Kabinetiniñ nobatdaky ýygnagy geçirildi we ýörite karar kabul edilip, Erbaanyñ etrap merkeziniñ öñki ýerleşen ýerinden 2 km uzaklykdaky Ardyçlyk diýen ýere göçürilmegi makul bilindi. JHP-niñ Tokatdaky halk deputaty Refik Ahmet Sewengil ýatlamalarynda şulary ýazdy: "Ilkibaşda harabalaryñ üstünde täze baraklaryñ gurulmagyna rugsat berilipdi. Ýöne şol bir wagtyñ özünde ylym ara giripdi, geologlar ýollanyp, birnäçe günläp ylmy-barlag işlerini geçirdi. Şäherçäniñ ýerleşýän ýeriniñ dolma, çamur, astky we üstki gatlaklary çüýrük, mydamky sarsgynlarda opurylmaga, islendik pursat ýykylma howpuna golaýdygyny aýdýan habarnamalara gulak geren hökümet etrap merkeziniñ ýerini üýtgetmegi müwessa bildi. Uzak wagta çeken işleriñ ahyrynda täze şäheriñ taslamasy işlenip düzüldi..." 1944-nji ýylyñ 15-nji apreli. Nemes şäher taslamaçysynyñ taýýarlan proýektine laýyk şäheriñ düýbi tutuldy... * * * Jahan urşunyñ şolar ýaly kynçylykly ýyllarynda JHP hökümeti täp-täze Erbaany gurdy. Aslynda halkyñ göçmäge o diýen höwesi-de ýokdy. "Obada hakyky reforma we ideal obaçylyk (“Köyde Hakiki Reform ve İdeal Köycülük”) atly kitabyñ awtory häkim Izzeddin Çagpar bu ýagdaýy şeýle beýan etdi: "Garrylaryñ gargyşyny, ýaşlaryñ alkyşyny almaly boljak!" 1100 hojalyga ýeke we iki gatly jaýlar berildi. Ýigrimi hojalyk öñki ojagyny taşlap gitmek islemedi, bular gin howluda ýaşaýan baýlardy. Täze şäherde hökümet binasy, saglygy goraýyş merkezi we gaýry edara binalary bilen birlikde 161 sany gulluk jaýy (podohrana) berildi. Aradan ýyllar geçdi… Şu gün gynansak-da... Erbaa has ykjam ýerde ýerleşen günorta tarapa däl-de, başly-barat ýagdaýda köp gatly jaýlary bilen demirgazyga, ýagny köne Erbaa tarap giñeýär. Bu bolsa tebigy betbagtlyk howpuny artdyrýar! Muny iñ soñky gezek 2009-njy ýylda TÜBİTAK aýtdy. Diñlän boldumy? Ýok. Häzir ilaty ýüz müñe golaýlan Erbaada ýer yranaýsa munuñ jogapkäri kim bolar: Gürrüñsiz etraby otuz ýyl bäri dolandyryp gelýän kontraktor munisipalitet partiýasy MHP-AKP bolmaz! Ýeke-täk jogapkär JHP-dir, şol JHP... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |