10:47 Jelaletdin / 1-nji bölüm: Ähli zady barka, tuwmaýak galdy! | |
XII. Ähli zady barka, tuwmaýak galdy!
Taryhy proza
Horezm şasy Muhammet Buharany taşlap, Samarkanda tarap ýola düşdi. Gidip barýarkalar ol birden sowuldy-da, ýolbelede Jeýhundan geçilýän ýerdäki Kelife barýan ýoly görkezmegi buýurdy. Şany iki ýüz çemesi harby baştutanlar hem ýigitler goraýardy... Olar ilki bada şany wepaly goraglap, ähli buýruklaryny ýerine ýetirýärdiler. Durabara hökümdaryň berýän üzlem-saplam tabşyryklary, barýan ugrunyň anyk däldigi adamlarda alasarmyk duýgy döredip, olar gaçyp-tezip ugradylar. Şa öz serkerdesi Timur Mäligiň şäheriň çetindeki mülküne geldi. Ol ýerde ýigrimi düýeden ybarat ullakan kerwen kem kyrk at şaha garaşyp durdy. Düýelere ýüklenen gaýyş sandyklarda Horezm şasy öz ata-babalarynyň uzak ýyllaryň dowamynda toplan genji-hazynasyny, altynyny alyp barýardy. Özüni al-awahlar yzarlaýandyr öýdüp basga düşýän hökümdar howlugýardy. Ol gijelerini çirim etmän geçirýärdi. Beýtmesiniň sebäbi bardy: ir bilen onuň, ýorganynyň üstünden çadyry çar tarapdan deşip geçen peýkamlar tapylýardy. Şonuň üçinem, ol ýatýan ýerini her gije üýtgedýärdi. Onuň ýoly demirgazyk Eýranyň iň esasy şäherleriniň üstünden geçýärdi. Nire barsa ýerli begler, hanlar hökümdary uly hormat-sylag bilen garşylaýardylar. Ýöne şa kerwen päsgel bereni üçin göwün diýen tizliginde hereket edip bilenokdy. Bistam galasyna baranda ol öz emiri Täjeddin Omara sandyklaryň bir bölegini tabşyrdy. Olary çuň ýerzeminde gizläp, üstünem gum bilen gömmegi sargady. Beýleki sandyklary bolsa Adrahan galasyna ibermäge buýruk berdi. Soň bu hazyna barada halkyň içinde her hili ertekä çalymdaş gürrüňler ýaýrady. Ýöne Horezm şasynyň şol bimöçber baýlygynyň anyk ykbaly hiç kime mälim bolman galdy. Ondan soň Muhammet şa köne-küşul geýime girip, güýçli daýhan atyna mündi. Şeýdip gidip baryşlaryna deňze golaýlanlarynda onuň otrýady mongollar bilen çaknyşmaly boldy... Çingiz han özüniň iň edermen hem tejribeli serkerdeleri Subudaý bilen Jebäni on müňlük goşuna baş edip, dünýäniň o çetine çenli gitmelem bolsa gidip-de, Horezm şasyny tutup getiriň diýip iberipdi. Söweş gazaply boldy. Muhammet şanyň özem edermenlik bilen söweşip, gylyçdyr naýza bilen üç mongolyň janyny jähenneme iberdi. Soňam Etrek derýasynyň aşak akymlaryndaky jeňňellikde gizlendi. Januý welaýatynyň emirleridir hanlary sen hyzmatyna taýyn diýip, tagzym edip Muhammediň ýanyna geldiler. Halys tapdan düşen keselli şa: – Heý, ýeriň ýüzünde maňa mongol gylyjyndan daşrakda demimi dürsär ýaly asudarak ýer tapylmazmyka? – diýip, tekrarlaýardy. Şonda emirler eger-de şa Abeskun (Kaspi) deňziňdeki adalaryň birine özüni atsa, amatly bolar diýen karara geldiler. Şa aýdylanlaryň ählisine kaýyllyk bilen razylaşdy. Onuň münen kiçijik gaýygy hiç hili ýaşaýyş alamaty ýok ýaly görünýän kiçiräk ýalňyz ada tarap ýöneldi. Haçan-da garaýag çalnan oňaýsyz gaýyk yzyna ugranda ýüzi garaört bolan Horezm şasy adanyň çägesöw burnagynda oýa batyp, alyslara seredip durdy. Kürekçi türkmenler gytak çal ýelkeni galdyrdylar. Şany ugradan emirler hökümdaryň nazary özlerine gönügeni üçin hiç tarapa aýlanmaga bogunlary ysman, gaýygyň üstünde ellerini garynlarynyň üstüne goýup, tagzym edip durdular. Ýelkeni ýelden dolan gaýyk yrandy-da, tolkunlary böwsüp, alysda dumanlap görünýän Eýran daglaryna tarap badyny çaltlandyrdy. Indi Horezm şasyny öz watany hem ondaky hemişe nägile, pitneçi halky bilen baglaýan aragatnaşyklaryň ählisi üzüldi. Mongol atlylaram, çypar Çingiz hanam indi oňa howp salanokdy. Bu ýerde çyrpynyp, ýatan ummanyň ortasyndaky adada geçmişi ahmyr bilen ýatlamaga, häzirki bolýan zatlara keremara baha bermäge, geljek barada oýlanmaga näçe diýseň wagt bardy. Şanyň bir aýlap iýer-içeri üpjündi. Emirler çäge alaňlarynyň arasyndaky oýtakda gara öý dikip, onuň içine mis gazan, bir halta tüwi, goýun ýagy, meşik, pil, palta hem beýleki gerek bolaýjak zerur zatlary salypdylar. Her günki iýjek-içjegini özi taýýarlamaly şanyň indi derwüşden känbir tapawudy ýokdy. Golaý bir ýerden eşidilen şygyrdy, pyşyrdy şanyň pikirlerini duw-dagyn etdi. Ol töweregine ýaltaklanda, depejigiň üstünde ösen çalymtyl ösümligiň arasynda eginbaşlary sal-sal, aýylganç keşpli, çişen çym-gyzyl ýüzleri gabarçyklar bilen örtülen birnäçe adama gözi düşdi. Özüne tarap emedekleşip gelýän bu görülmedik mahluklary synlap duran şa: «Bular nireden çykdy? Adam keşplerem-ä ýok bulaň... Ýüzleri dagy näteňet?..» diýip oýlandy. – Kim sen? – diýip, olaryň haýwan sypatly biri gygyrdy. – Biziň adamyza näme üçin geldiň? – Siziň özüňiz kim? – Biz hudaýyň gargan heýwere kesellileri. Direm bolsak, ölüden parhymyz az. Seret, ine, muň ähli barmaklary, oň bolsa dabanlary hem eli tirseginden gopup gaçdy. Şoň üçinem ol emedekläýmese, ýöräp bilenok. Muň dili gopdy, şondan bärem lal. Muhammet şa dymyp durşuna hol alysda gara nokada dönüp, gözden ýitip barýan gaýyk barada oýlandy. Ol yzyna döndi-de, has-has edip, çägesöw burnaga tarap eňdi. Barşyna-da, deňziň kenara zyňan gury ýapraklaryny, şahalardyr gabyklary üýşürip alaw ýakdy. Goýy tüsse burum-burum bolup asmana göterildi. «Bu tüssäni kenardakylar görüp, gaýykly gelerler-de, meni yzyma äkiderler – diýip, Muhammet şa eşidiler eşidilmez samyrdady. – O ýerde uruş gidip, ähli ýerde tatar atlylary gaýmalaşýanam bolsa, owarram. Olar diri, sagdyn adamlar. Bu diri maslyklaryň arasyndan gidip, olaryň agylarydyr gülkülerini eşitmek – barypýatan bagtlylyk. Ine, şu ýerde men öz ömrümiň hiç kime gerek däldigine düşündim». Şa birnäçe gününi alawyň ýanynda geçirdi. Eşiklerine iýer-içer ýaly zatlaryna göz dikip, çar tarapdan bösňeşip gelýän heýwere kesellilerden goranmak üçin ol naýzasyny elinden sypdyranokdy. Kellesinde agyr pikirler at salýardy: «Betbagtlyklardan doly bu agyr ýyl edil tupan ýaly başymdam inip, meni oturan belent ornumdan gaýdyryp goýberdi... Ähli zadym barka, tuwmaýak galdym». Depäniň aňyrsyndan heýwere keselliler uzlaşýardylar, daş zyňýardylar. – Çaltrak öl! – diýip, olar gygyrýardy. – Garaşyp halys bolduk. Seň zatlaryňy, iýmitiňi paýlaşasymyz gelýär! Biz aç!.. Horezm şasy ýerinden turdy. Alysdaky eýran daglaryna seredip durşuna, ol henizem belent ýelkenli gaýyk görner öýdüp, göwün ýüwürdýärdi. Agyr, ejirli pikirler oda ýazylganlyk berenokdy: «Meniň beýik, güýçli, özüme tabyn halkym bardy. Şalaryň gözi gidýän belent şöhradym bardy. Ahyry näme boldy? Samsyk ýaly, elimdäki bagtymy taşlap gaýtdym. Indem aýylganç ölümiň gyrasynda durun. Oglum köpem bolsa, biri juda üýtgeşikdi. Köp işlerde meň maslahatçym bolupdy. Akly çaşan ejemiň ýigrenji maslahatlaryna eýerip, oglumyň göwnüne degdim, wepaly dostumdan jyda duşdum. Jelaletdiniň bu ýere gelmejegi belli! Ol häzir mähriban topragyny gorap, mongollar bilen garpyşýandyr. Eger birden söweşde wepat bolaýsa-da, halk ol hakda ajap aýdymlar döreder, ady asyrlarboýy şöhratlanar! Men däliräp ýörün öýdýän... Gulaklaryma şol aýdymlar eşidilýär. Ol owazlar edil bulutlardan gelýän ýaly... Eziz oglum! Seni ýene ýekeje gezek görüp ölsem, armanym ýok!..» Duman gaplan deňziň giňişliginden ýigitleriň söweş aýdymynyň sesi ýuwaşjadan sogup eşidilýärdi. Birden ukudan aýňalan ýaly bolup burnaga tarap ylgan hökümdaryň gözleri özüne tarap gelýän gaýygy saýgardy. Uzyn kürekleriň her galgamasy gaýygy ada ýakynlaşdyrýardy. Gyra gelip direlen gaýykdan Jelaletdin böküp düşdi-de, kakasyna tarap okduryldy. – Kaka, kaka! Seň diridigini görüp, men örän şatlandym! Seni yzyňa alyp gideýin diýip geldim. Muhammet şa ogluny gujaklady. Olar kert kenarda ýanaşyk oturdylar. – Ömrümiň soňunda Allanyň garaşyk edip, seň didaryňy ýene bir gezek görmek bagtyna miýesser edenine men ýüz-de-müň şükür! Meň indi ahyrym golaýlady. Tabym barha peselýär. Eýýäm özüme gabyram gazyp goýdum. Sen meň jesedimi şol ýerde jaýla-da, üstümde ullakan alaw ýak. Ýöne ölümimiň öň ýanynda senden beýik Horezmiň ykbalyny bilesim gelýär. Jelaletdin näme üçindir diňe ölüm hakda gürleýän kakasyna howsala bilen seretdi-de, söze başlady: – Uruş edil aýylganç ýangyn ýaly, Beýik Horezmiň ähli ýerini gaplap aldy. Gazaply mongollar ähli ýerlerde at dabyradyp ýörler. Olar parahat ilatyň başyna oýun salýarlar. Iň gowy hünärmentleri toplap, öz alys ýurtlaryna sürýärler. Nälet siňenler aýallardyr çagalara-da rehim edenoklar. Horezmiň gana boýalan topragy özüni goramaga, duşmanlardan ar almaga çagyrýar. Muhammet şa ähli güýjüni jemläp, kynlyk bilen ýerinden turdy-da egri gylyç sallanyp duran kemerini öz bilinden aýryp, Jelaletdine dakdy. Ýigitleriň ählisi golaýa geldi. – Söwer oglum! Ata-babalaryň bolan Horezm şalarynyň neberesiniň keramatly gylyjyny seň biliňe daňýan. Edil häzirki wagtda Beýik Horezmiň horlanýan ilatyny diňe sen halas edip biljegiňe ynanýan. Ýigitler, siziň öňüňizde Horezmiň täze şasy, soltan Jelaletdin dur! Bu edermen, ýaş. Sizi arzyly ýeňişlere diňe şu ýetirer! – Uzak ýaşa hem şalyk sür, Jelaletdin! – diýip, ýigitler şowhun turuzdy! – Basymrak duşmanlarymyzyň merkini ber!.. Halys ysgyndan gaçan Muhammet şa entirekläp ýykyldy. Ylgap baran Jelaletdin ony goldap, dikeltjek boldy. – Oglum, azara galma. Men awy içdim. Hoş gal, söwer oglum! Watana howp abananda ony taşlan adamyň ýaşamaga haky ýok!.. Jelaletdin elini döşüne goýup, çuňňur oýa batyp köp wagtlap durdy. Ýigitler bir gyrada onuň berjek tabşyrygyna garaşyp otyrdylar. Ol birden aýňaldy-da, köne gylyjyny ýokary göterip kakasynyň döşünde goýdy. Sonam batly ses bilen şeýle diýdi: – Men Horezm döwletiňi haçan-da ony duşmanlaryň basyp alyp, paralaýan döwründe dolandyrmaly boldum. Ozalky durkundan diňe ady galyp, özi tupanyň demine düşen ýapraklar ýaly dargan goşuna baştutanlyk etmek meň paýyma düşdi. Ýöne musulman ýurtlarynyň depesine çöken bu garaňky tümlükde men daglarda söweş alawyňy ýakyp, edermen ýigitleri öz daşyma toplaryn. Kakamdan miras alan gylyjym bilen ömrümiň ahyryna çenli mähriban topragymyzy wagşy duşmanlardan arassalamak üçin göreşjekdigime kasam edýän!.. Jelaletdin ýigitler bilen birlikde kakasynyň jesedini mazara goýberdi. Merhum ýigitleriň biriniň, ullakan ak sellesinden edilen kepene çolangydy. Olar toplan gury şahalaryny Horezm şasynyň mazarynyň üstünde üýşürdiler-de, ot berdiler. Oduň gyzyl ýalny göýä bulutlary ýalap gaýdýan ýaly duýulýardy. Jelaletdin mazaryň başyndan köp wagtlap aýrylmady. Ýigitleriň biri onuň ýanyna bardy-da, elini egnine goýdy. Gapdaldaky alaňyň aňyrsyndan heýwere keselliler gygyryşyp başladylar: – Soltan Jelaletdin! Biz biçärelere-de eçileniňden sadaka ber. Biz kakaň ruhuna doga okarys. – Eý, hudaýyň gargan bendeleri! Men şu gaýykda näme getiren bolsam, bary siziňki. Ýöne sizem şahynşahyň mazaryny gorap, sarpasyny saklajagyňyza söz beriň. Şeýtseňiz men soňam gadyryňyzy bilerin. Birden turan şemal alawyň dillerini tebil tapdyryp, gaýygyň ýelkenini çişirdi. Jelaletdin hem onuň ýigitleri haýallyk bilen adadan ara açdylar. Dumana gaplanan deňziň goýnundan olaryň ses goşup aýdýan aýdymynyň owazy köp wagtlap eşidildi durdy: Goç ýigitler sap tutup, Jeňe ugrasa eger. Duşman çar ýana dargap, Çöpe-çalama siňer. Topulanda duşmana, Ýolbars deýin güýçlüdir. Gylyçlary ýalaw dek, Ganymlardan öçlüdir. Peýkam dek şuwlap, Atylar öňe. Ýigitleň hersi Taý geler müňe! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |