17:45 Ajap ýaýlam | |
AJAP ÝAÝLAM
Goşgular
![]() Ahal ilim Köpetdagyn, Bäherdenim Erem bagyn, Jennet deýin säher çagyn, Eziz obam, ajap ýaýlam. Ýer myhynyň aýasynda, Dag deräniň joýasynda, Bag jülgäniň saýasynda, Eziz obam, ajap ýaýlam. Bakçasynda bil-bil saýrar, Depesinde bulut arlar, Kölgesinde köňül ýeňlär, Eziz obam, ajap ýaýlam. Çeşmesinden bal akadyr, Ysy teşne edip ýakadyr, Gujak açyp, hoş bakadyr, Eziz obam, ajap ýaýlam. Türkmen milletinden aslyň, Bir şahasy Oguz nesliň, Asyr, asyr taryh esliň, Eziz obam, ajap ýaýlam. Halmyratnyň köňlün joşdyr, Hüýr melekler näzik yşdyr, Gardaş ogly dag deý başdyr, Nohur obam, ajap ýaýlam. Halmyrat ORAZOW. 19.02.2024 ýyl. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |