13:53

Akmaklaşdyrma oýny

Sport we turizm
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 307 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Hoshniyetli  
1817
Gaty köp türk makalalar terjime edip goýulýa weli, türkleriň syýasaty, ykdysadyýeti, sporta garaýşy, milli duýgulary beýleki problemalary biziň hem problemamyz ýaly bolup görünýär.

0
3 Moderator  
1471
Hiç bir döwletiñ syýasy problemasy biziñ problemamyz däl. Goýulýan dürli temalardaky makalalar hem bloggerlerimiziñ dünýägaraýşyny şekillendirip ýa-da makalalarda gozgalýan pikirler bilen pikirdeşdigini añladyp bilmez.
Paýlaşylýan her bir makala dünýäde nämeleriñ bolup geçýändigini, başga halklaryñ medeniýetini, sosial durmuşyny, taryhyny we edebiýatyny bilmek üçin diñe maglumat hökmünde goýulýar.
Döwletimiziñ we häzirki döwrüñ ýaşlary tutuş ýer şarynda nämeleriñ bolup geçýändigini bilmäge borçly. Ýaşlaryñ hemme zady bilmäge haky bar. Häzir islendik öýde telewizor bar, telewizor arkaly islendik ýurtda gündelik näme bolup geçýändigini bilme mümkinçiligi elýeterli. Mawy ekran muny islendiginiziñ öýüniñ töründe görkezip dur. Bu ýagdaý ildeşlerimiziñ başga ýurtlardaky bolýan zatlara tarapdardygyny añladyp bilermi? Ýa-da bulary türkmen dilinde okamak türk ýa rus dilleriniñ täsirinde däl-de, türkmen dilinde gürläp türkmençe pikir edip bilýän sowatly ýaşlarymyzyñ kemala gelmegi üçin saýtymyzyñ edip biljek kiçijik goşandy hökmünde garasak näder?
Häzir informatika asyrynda ýaşaýarys. Döwür maglumat döwri. Biz hem öz gezegimizde bulardan yza galyp bilmeris. Şu nukdaýnazardan seredende, bu makalalar ýaşlara diñe peýdasyny berer, ýöne zyýanyny degirmez.
Siz hem islendik bir ýurdy saýlap alyñ we oñarsañyz gündelik makalalary şular ýaly terjime edip paýlaşyñ ýa-da salgymyza ugradyñ. Gepsiz-gürrüñsiz paýlaşalyñ. Ony oñarmasak, iñ bolmanda bloggerlerimiziñ zähmetine hormat goýalyñ. Islän temany okap-okamazlykda ýa-da okanymyzy halap-halamandygymyzy aýtmakda pikirimizi beýan etmek hemmeleriñ derejede haky bar.

0
4 Hoshniyetli  
1817
Düşnükli. Dogry aýdýaňyz. Sag boluň. Mende teswir ýazylýanja ýer oň-ä ulurakdy. Soň birhili oňaýsyz kiçi bolup galdy. Düzedip bolmazmyka? Ýa hemmede şeýlemikä?

0
2 Hoshniyetli  
1817
Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynda iň köp medal alan bizdik ýalňyşmasam. Ýöne bu alimpiada diňe 6 türgenimiz saýlanyp bilipdir.

0
5 kungfuu  
1292
Türgenleri halkara olimpiýa komiteti tarapyndan olimpiadadan 1-2 ýyl öň geçirilen iri halkara sport ýaryşlarynda görkezen netijeleri boýunça alynýar. Aziadanyň geçirilenine bolsa 7 ýyl bolup barýa.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]