09:34 Akyl taýagy | |
AKYL TAÝAGY
Publisistika
Professor Ýalçyn Küçük şeýle diýýär: "Ýolbaşçy adam üçin gorkuzmak agressiýadan has beter täsirlidir!" Häzirki syýasat medeniýeti yzygiderli gorky ýaýmagy gowy görýär. Bu aslynda täze çykan zat däl, soñky ýyllarda gorkuzma taktikasynyñ artýandygyna şaýatlyk edýäris: - Her başgaça pikir edýäniñ boýnuna terrorçy ýarlygy dakylýar; - Her bolýan hereket kompromasiýa baglanýar; - Her oppozision hereketiñ maksady haos döretmek bolýar. Maksady ýurt we halk bolan gizlin-açyk intrigadan geçenok! Şeýdibem režim diñe gorky binasy bilen dowam edip gidip dur. Ýolbaşçylyk ukyby gorky döredip bilşi bilen kesgitlenýär. Düýp maksat: lepbeý diýdirmek, boýun egdirmek, hökmürowanlygy ýola goýmak... Şeýdip-şeýdibem, howpsuzlyk meselesi syýasatyñ obýektine oturdylyp, döwletiñ her dürli agressiýasy kanunylaşdyrýar! Gorky döretmek agressiýanyñ kanunylaşdyrylmagyna sebäp bolýar. Heýhat! Diñe şu setirleri ýazmagymam, "daşyndan meçew" we "intriga" ýaly müñ bir kompromasiýa sebäp bolup biler! Gynansak-da... Syýasat dowamly paralizowat edilýär, gaýry milliler diýip, garşydaşlar-oppozisionerler, beýlekiler duşmanlaşdyrylýar. Häkimiýet bir "howpsuzlyk syry bar, onam diñe özi bilýär" howasyny öwüsdirýär... Işiniñ özeninde häkimiýet özüni goramagynyñ usulyny şeýdip üpjün edýär! * * * Gorky döretmek diñe döwletiñ howpsuzlyk edaralaryna däl, ykdysadyýetden medeniýete, durmuşymyzyñ hemme ugruna ýiti täsirini ýetirýär. Seretseñizläñ, ähli çekişmeleriñ özeninde hereket ugruny ysmaza uçradyp taşlan - köpüsi galp kompromasion gorkular bar. Ýurtdaky aşa bölünişigiñ sebäbi şu dälmi? Ýurtda demokratiýa medeniýetiniñ ornaşyp gidibermezliginiñ sebäbi şu dälmi? A hukuk döwletiniñ yzygiderli diýen ýaly eroziýa uçramagyna näme diýjek? A azatlyklaryñ çäklendirilmegine näme diýjek? A elmydama diýen ýaly jenaýatlaryñ we jezalaryñ dilden düşürilmezligine näme diýjek? Howpsuzlyk gorkusy kada-kanunlardanam öñe geçdi. Islendik gürrüñ, çekişme hemişe "howp bolen baglanyşykda" orta atylýar. Demokratiýalaşmagyñ öñüne şeýdip germaw çekilýär. Köp adamlar şu hakykay bilen ýüzleşip bilenok, gorkýar, gurban bolaslary gelenok! Gorky adamlary adatdan daşary režimde ýaşamaga mejbur edýär!.. Bu "gorky atmosferasyny" soñky ýyllarda FETÖ döretdi, hökümetem ony häzir üstünlikli dowam etdirýär. Gynansak-da, onuñ ideologik mirasy dowam edip dur... * * * Her bolup geçýän waka kompromasiýaçy çemeleşme, her oppozisionere gaýry milli garaýyş tarhanlygy ýurduñ dolandyryş apparatyny haosa iterýär. Özüni "milli frontda" hasaplap, garşydaş tarapy yzygiderli adaty dälleşdirmek gylygy juda ynjyk jemgyýeti kemala getirýär. Döwletiñ bitewiligi sarsgyna düşýär... 2000-nji ýyllaryñ başynda ýurduñ dolandyryş düzümine "milli howpsuzlyk döwleti" diýip at berenleriñ häzirki edýän işleri nähili? "Howpsuzlyk diktaturasy" bilen hasaplaşjakdygyny aýdyp, häkimiýet başyna gelenleriñ häzirki edýän işleri nähili? 20-30 ýyl öñ her ýatan daşyñ aşagyndan "yzagalak kompromasiýa" gözlenýärdi, häzir diñe "duşman" üýtgedi! Şol öñki samsyklaç kompromasiýaçy kelle welin öñküligine dur... Munuñ iñ nebsagyryjylykly tarapy, her bolýan zada kompromasiýaçy garamak Günbatar merkezli imperialistik eksplutasiýanyñ, diýdimzorlugyñ görünmän galmagyna sebäp bolýar! Mysal üçin... Her pursatda diýen ýaly çepi nyşana almak munuñ netijesidir, aç-açan diskriminasiýadyr. 1969-njy ýylyñ "Ganly ýekşenbesine" şeýdip gidilipdi... "Sowuk uruş" döwründe ABŞ-dan satyn alynan "kelle" bu... Netije: - Pilleriñ hemişe suw ýoluny yzarlama gylygy bolýar. Muny bilen adamlar gara eşik geýip, duzaklaryny suwa barýan ýoluñ üstünde gurupdyr. Adamlar duzaga düşen pilleri birnäçe günläp aç-suwsuz goýupdyr se dört tarapyndan çüýli taýaklar bilen urup, olary ölüme terk edipdir. Pil janawerleriñ ölüm we açlykdan ölme gorkusyna garşy dözümleriniñ gutaran ýerinde, ýañky gara eşikli adamlar bu gezek ak eşik geýip gelip, pilleri guran duzaklaryndan sypdyrypdyr, olaryñ ýaralaryny bejeripdir, garynlaryny doýrupdyr. Piller ölmän galmaklaryna sebäp bolandyklary üçin bu ak eşikli adamlara gepsiz-gürrüñsiz boýun egip, näme diýse edip duran jandarlara öwrülipdir. Ýagny: gorky duýgusyny başdan geçirýän adam hiç haçanam azat bolup bilmeýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |