16:05 Akynçylar otrýady | |
OSMANLYLARYÑ ZARBA URUJY GÜÝJI
Taryhy makalalar
▶ AKYNÇYLAR OTRÝADY Osmanly türkmen döwletiniñ zarba urujy güýjüni emele getiren akynçylar otrýady döwletiñ ilki gurlan wagtynda orta çykypdyr we XVII asyryñ başlaryna aktiw hereketde bolupdyr. Ilkinji akynçylara döwletiñ düýbüni tutujy Osman Gazynyñ döwründe duş gelmek mümkin. Täze ýerleriñ eýelenmeginde akynçylaryñ hyzmaty uly bolupdyr. Hususanam, Köse Mihal we onuñ ogullary akynçylaryñ başyny başlap, Osmanly döwletiniñ berkemegi üçin söz bilen baha bererden beýik işleri bitiripdirler. Ewrenos begiñ ýolbaşçylygynda özbaşdak güýçli gurama öwrülen akynçylara gönüden-göni patyşanyñ tabynlygynda hereket edipdir. Akynçylaryñ eden işine patyşadan başga hiç kim goşulyp bilmändir. Akynçylaryñ serdaryna Akynçy beg diýlipdir. Akynçylar öz aralarynda dalgylyç, pidaýy, azap, däli, serdengeçdi, bäşli we meýletinçi ýaly atlara bölünipdir. Akynçy begleriniñ sözi kanun bilen deñ hasaplanypdyr, oña garşy gitmek barada pikirem edilmändir. Akynçy begi patyşadan başgasynyñ buýrugyny diñlemändir. Hemişe diýen ýaly araçäk zonalarda oturan bu esgerler osmanly goşunynyñ awangard güýji bolupdyr. Olar wagtal-wagtal araçäkden aşyp, goñşy ýurtlara alamançylyk edipdirler. Akynçylar gören-eşiden zatlaryny hökümdara habar bermäge borçly bolup, kontrazwedka gullugynyñ ýerini tutupdyr. Akynçylar hemişe ýaş we bilegi güýçli türkmen ýigitleriniñ arasyndan saýlanyp alynypdyr. Akynçylar otrýadyna başga milletden bolanlary almandyrlar. Şeýle-de akynçylaryñ hataryna girmek üçin käbir synaglardan geçmeli bolupdyr. Akynçy bolasy gelýänler sözi geçginli ynamdar adamy özüne kepil görkezmäge borçly bolupduyr. Eger akynçynyñ ogly bolsañ kepilliksiz akynçy bolup bilýän ekeniñ. Akynçylar elmydama diýen ýaly kellelerini eteklerine salyp ýaşapdyrlar, gözlerini açyp görenleri uruş bolupdyr, gylyçlary bilinde, at üstünde ýatyp, at üstünde turupdyrlar. Olar döwletden hiç hili aýlyk almandyrlar, duşmandan edinen oljalar bilen günlerini dolapdyrlar. Imisalalyk döwründe-de güzeranlaryny aýlamak üçin ekin-dikindir maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. ■ Akynçylaryñ borçlary we akyn ediş usullary Akynçylaryñ esasy işi serhet ýakalaryny goramak we maglumat toplamak bolupdyr. Olar haýsydyr bir duşmanyñ herekete geçendigi barada habar eşdilen badyna merkeze çapar ýollapdyrlar. Şeýle-de garşydaş ýurtlara yzygiderli akyn operasiýalaryny gurnap, duşmany tapdan düşüripdirler. Ýöne bu akynlar başly-barat gurnalmandyr, kesgitlenen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylypdyr. Şonuñ üçin akynçylary alamançy ýa-da basmaçy hökmünde häsiýetlendirmek nädogry bolar. Sebäbi akynçylar diñe olja edinmegi maksat edinip ýaşamandyrlar. Hakyky uly akynlar Akynçy begiñ ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Mundan daşgaryn akynlar diñe maglumat toplamak maksady bilen gurnalypdyr. Akynçylar edinen oljalarynyñ bäşden bir bölegini Osmanly hazynasyna, ýagny Stambula ugradypdyrlar. ■ Iñ meşhur akynçy begleri Akynçy begleriniñ we akynçylaryñ rowaýata öwrülip giden gyzykly başdan geçirmeleri birnäçe asyrlap dilden-dile geçip gelipdir. Akynçylaryñ elmydama at üstünde gezmegi, şirin janlaryny orta goýup ýaşamagy, olaryñ adynyñ elmydama minnetdarlyk bilen ýatlanmagyna getiripdir. Osmanly türkmen döwletiniñ häzirki mirasçylary bolan türkiýelileriñ gözünde häli-häzirlerem orny uludyr. Türk kinomatografiýasy akynçylaryñ gahrymançylyklary barada ençeme teleseriallary we çeper kinofilmleri surata düşürdiler, häzirem düşürmäge dowam edýärler. Häzir hernäçe dişimiziñ suwuny sorup arzuw etsegem, gelejekde biziñ türkmen kinomatografiýaçylarymyzyñam şeýle tutumly işleri etjekdiklerine tüýs ýüregimiz bilen ynanasymyz gelýär. Çünki, biz muny merdana ata-babalarymyzyñ eziz ruhunyñ öñündäki perzentlik borjumyzy haklamak üçin etmäge borçludyrys. Käbir akynçy begleri gazanan ýeñişleri arkaly ýatdan çykmajak halk gahrymanlaryna öwrülipdir. Şolaryñ biri-de Malkoçoglydyr. Malkoçoglylar maşgalasyndan çykan birnäçe meşhur taryhy şahslar akynçy beginiñ wezipesinde oturmagy başarypdyr. Hususanam, Malkoçogly Baly begiñ ady köpümize tanyşdyr. "Ajaýyp asyr" teleserialynda Malkoçogly Baly begiñ obrazyny häzir "Gurulyş. Osman" teleserialynda Osman Gazynyñ rolunda oýnaýan Burak Özçiwit janlandyrypdy. Malkoçogullaryndan soñ iñ tanalýan akynçy maşgalalary Mihalogullary, Ewrenosogullary we Turhanogullarydyr. Akynçylyk atadan ogla geçip, miras ýaly dowam etdirilipdir. ■ Akynçylaryñ döwri nädip soñlandy? Akynçylar XVII asyryñ başlaryna çenli goşunyñ hatarynda aktiw hereket edipdirler. Ýöne şondan soñ olaryñ sany azalyp başlapdyr, netijede akynçylar ikinji derejeli işlerde ulanylyp başlanypdyr. 1595-nji ýylda bir köpriniñ weýran edilmegi akynçylaryñ gözden düşmegine sebäp bolýar. Atlary resmi dolanşykda 1826-njy ýyla çenli dowam edenem bolsa, akynçy otrýadlary has ir ýatyrylypdyr. Bu otrýadlar Osmanly döwletiniñ gurulmagunda we kuwwatly imperiýa öwrülmeginde uly rol oýnapdyr. Osman Gazynyñ döwründe döwletiñ ymykly goşuny düzülip ýetişmändigi üçin ähli harby operasiýalaryñ başyny akynçylar çekipdir. ■ Akynçylaryñ iñ soñky operasiýasy Akynçylaryñ ady we akynçy ruhy olaryñ üç ýüz ýyllyk şöhratly taryhyndan soñam doly ýitip gitmändigini ýakyn taryhymyzda ýüze çykdy diýsek nädogry bolmaz. Türkiýäniñ Azat-edijilik urşunda Ybraýym Edhem beg öz otrýadlaryna "akynçy wzwodlary" ("Akıncı Müfrezeleri") diýip at goýdy. Bu wzwodlar Günbatar Anadolyda geçiren akyn operasiýalary arkaly birmahalky akynçy ruhuny janlandyrdylar we doganlyk türk halkyna ruhy taýdan tekge bolup, azatlygyñ alawyny asmana galdyrdylar. Olaryñ janlandyran ruhy şol wagt garaşsyzlyk baýdagyny pasyrdatdy. Edil şol galagoply ýyllarda Türkmenistanda-da sowet taryhçylary we ýazyjylary tarapyndan basmaçylar diýip at berilen watançy hereketiñ ruhunda birwagtky merdana türkmen akynçylarynyñ ruhy janlanypdy diýsek, hiç bir babatda öte geçmesek gerek. Bu gün biz akynçy ruhuny nesillerimiziñ ruhunda gaýtadan janlandyryp, ýurdumyzy görüner-görünmez belalardan döş gerip goramaga borçludyrys. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |