14:04 Alarsyñyz jenneti / satiriki hekaýa | |
ALARSYÑYZ JENNETI
Satiriki hekaýalar
Bir gezek şahyr dostlarymyñ biri: - "Dinsiziñ hakyndan imansyz çykar" diýen aýtgy nädogry - diýipdi. Men ondan: - O nähili? - diýip sorasam: - Ýalñyş-da şol! - diýip jogap berdi. - Bu atalar sözüni şeýleräk düzetmeli: "Dinsiziñ hakyndan gelse-gelse imany kämil kişi çykar". Muny diýen şahyr dostumyñ adyny henize çenli eşden dälsiñiz. Gowy şahyr. Goşgynam gowy ýazýar. Ýöne ol goşgularyny gysganýarmy, nämemi, bu ajaýyplygyñ ýaýradylmagyna göwnemän, kitap çykardanok. Ol Gara deñiz etraplarynyñ birinde ýaşaýar. Kyrk ýylda bir gezek Stambula ýa Ankara gezelenje gelýär. Serinde goşgynyñ şemaly öwsüp başlasa, tutdurar bir tarapa, başyny alyp çykar ýat illere. Belli bir işleýän ýeri-de ýok, eýgörmüşiñ. Köküni guratmajak bolup, ýuwaş-ýuwaşdan kakasynyñ puluny gemrip ýör. Meniñ pikirimçe, indi bular ýaly ogluñ bolsa dagy, telpegiñi göge zyñybermeli. Ýöne ol kakasy bilen hiç dil tapyşyp bilenok. Çünki onuñ kakasy on ýedinji asyryñ garañky we gündogarly döwründen gelen adamdan tapawudy ýokdy, ogly bolsa öz döwrüniñ öñdebaryjy döredijilik adamsydy. Kakasy aýagyny täretsiz ýere basanok, ogly kellesini bir ýere sokman düşegine geçenok. Özem ataly-ogluñ arasyndaky bu çaprazlyk sessiz-üýnsüz bolup geçýär. Hiç haçan olaryñ arasynda goh-galmagal, dawa-jenjel turanok. Kakasynyñ heniz sowmaga puly barka, bu ýagdaý entek-entek dowam eder, "sünnet" diýip sakgal goýberen hojaefendi bilen içgä özüni aldyran diwana meşrep ogluñ arasynda hiç haçan dawa bolmaz. Şahyr dostum: - Kakamyñ saçagy özi ýaly pikirdeşlere giñden açyk - diýdi. - Biziñ öýümizden hajylardyr hojalaryñ aýagynyñ ýygnanan wagty ýok. Ýaşaýan etrapçamyzda Kyryk Aly diýen bir bela döredi. Çagakak bile oýnap ulaldyk. Soñra Kyryk Aly bir ýerlere sumat boldy, on-on bäş ýyl gara bermedi. Şonça wagtlap onda-munda eden-etdilik edip gezipdir. Başa gelen bela. Adam ogluna eýgerdeli däl özem. Bazary paja oturtdy. Diñe biziñ etrapçamyzyñ däl, tutuş welaýatyñ huzuryny bozdy. Islän aýal-gyzyna el degirmekmi, humarly oýunda jenjelleşmekmi, lülgammar bolýança içip, bulagaýlyk turuzmakmy, aý, garaz, etmedik pohy ýok... Daş etsin, Allajan, dikdüşdi haramzadanyñ şerine nälet, oña polisiýadyr žandarmlaram ýokup bilenok. Ýolda ýöräp barýan birini "Eý, maña alaryp seretdiñmi?!" diýýär-de, pyçaklap goýberýär. Aýtmaklaryna görä, jenaýatyñ her dürlüsinden sud bolany iki ýüzden dagy geçip gidipdir. Kakam aýtmyşlaýyn, "ynha, adamlar Hak ýolundan aýrylandygy üçin Allatagala şular ýaly belany jeza hökmünde başymyza musallat eýledi". Bu ýerlerden gümüni çekip gitsin diýip, il-gün üýşüp pul hödürläbem gördüler. Gitmedi. Teý bolmansoñ "Dinsiziñ hakyndan imansyz çykar" diýip has ýakasy gaýyşly başbozarlaryñ gözlegine çykyldy. Biziñ ýaşaýan ýerlerimizde, eşden bolmagyñyzam mümkin, hakyna tutma ganhorlar bar: Adamlaryñ eklenji şundan... Şolardan birküç sanysyny hakyna tutdular. Olaryñ biri-de biziñ başbozarymyzyñ hötdesinden gelip bilmedi. Gijelerine dañ atýança garañky köçelerde garpyşyga girdiler, sapança seslerinden ýaña arkaýyn uklap bilmedik. Biziñ başbozarymyz professional ganhorlary öñüne salyp kowalapdyr... Gepiñ keltesi, näme etsek-de, onuñ hakyndan çykybilmedik. Bir gün kakam meni çagyryp: - Agşam Bekir hoja myhmançylyga gelýär. Diýseñ düşünjeli hojadyr. Nahar iýlende senem bolgun - diýdi. Biziñ öýmüze hajylardyr hojalar kän gelýär welin, kakam maña öñ "Bile nahar iýeli" diýenokdy. Meseläniñ aslyny soñ ejemden öwrendim. Kakam meniñ bolşumy halamandygy üçin, ahyrynda Kyryk Aly ýaly bir belanyñ döremeginden gorkanmyş. Ol Bekir hojany meni ýola getirsin, selkildäp ýörmekden el çekdirsin diýip çagyran bolsa näme. Bekir hoja maña öwüt-ündew etjekmi, doga etjekmi, belli däl... Bekir hoja geldi. Ak sakgally, nurana adam eken. Sylagly-sarpaly molla. Üýşüp şamlyk edindik. Şol wagt Oraza aýy-da däldi, emma şonda-da Bekir hojanyñ agzy beklimiş. Agzaçar wagty iýip-içmäge başladyk. Men agşamlaryna hiç zat iýemok, diñe içýän. Bu ýagdaý eýýäm birnäçe ýyl bäri şeýle... Çorbadan iki çemçe owurtlandan soñ bir bahana tapyp daşary çykdym, otagyma girip arak ýelmedim-de, ýene saçagyñ başyna geldim. Agzymdan ys gelmesin diýip, agşamlaryna raki däl-de, arak içýän. Dagy näme etjek, kakamyzy-da sylamaly... Birnäçe gezek arak içmek üçin git-gel oýnaýançam naharam iýip bolduk. Bekir hoja töwir galdyrmaga durdy. Hojanyñ dogasy nahardan uzaga çekdi. Töwirden soñ birnäçe gezek ýüzüme üsgürdi. Bekir hojany bu jelegaýlarda tanamaýan ýok eken... Ony görmäge, haýyr dogasyny almaga myhman barsy geldi. Ertesi güni biziñ müftimiz Bekir hojadan metjitde wagyz etmegi haýyş etdi. Şeýle beýik, salyhatly, ylymly hojanyñ wagyzyny diñlemek her ýetene nesip edýän zat däl. Kakam meni sypdyrmaýanlygy üçin olaryñ ýanyndan aýrylyp bilemokdym. Gaýtam maña: - Öýle namazyny okamaga senem biziñ bilen bile metjide git - diýdi. Kaka sözü-dä. Näme etjek dagy, diñlemeli bolýar. Bekir hojanyñ wagyz etjegini eşdenler jumga namazyny okamak üçin metjidi doldurypdyr. Metjidiñ içinde aýak basara ýer bolmansoñ, jemagat ýeri-de doly, içeri sygmadyklar daşarda, howlyda namaza durdy. Namazdan soñ Bekir hoja wagyz etmäge durdy. Onuñ wagzyndan görnüşine görä, dogrudanam çuñ düşünjeli molla eken. Ömründe jumga namazyna gelmeýän aýallar wagyz diñlejek bolup metjide ýagdy. Agy sesleri ilkinji bolup aýal-gyzlaryñ arasyndan eşdildi. Soñra ýaýylyp gitdi. Bekir hojanyñ wagzynda hemmeler aglap başaldy. Hojaefendi daýaw göwresi bilen sadap kakmaly kürsä çykyp oturdy. Söhbet etmäge durdy... Onuñ wagzyndan doýup bolanokdy. Bekir hoja şeý diýýärdi: - Näme üçin roza tutañzok, rakidir şerap içýäñiz, serhoş gezýäñiz. Ondan soñam jennete gitmek isleýäñiz. Bä-ä-ä... alarsyñyz jenneti! Namaz ýok, nyýaz ýok. Humat diýseñ başdan agdyk. Soñam jenneti arzuwlaýañyz. Bä-ä-ä, size... Alarsyñyz jenneti. Nämähreme bakýañyz, harama uçgur çözýäñiz, hahhaýda-wahhaý, soñam jenneti arzuwlaýañyz. Bä-ä-ä!.. Alarsyñyz jenneti! Bekir hoja "Bä-ä-ä, size jennet! Alarsyñyz jenneti!.." diýdigiçe, jemagat boýur-boýur gözýaş dökýärdi. Ömrümde "Bä-ä-ä size, alarsyñyz jenneti!" diýen sözüñ şular ýaly täsirli bolubiljegini pikir edemokdym. Özümi saklabilmän aglamaga başladym, beýlekileriñ aglama hüýi maña-da geçdimi, ýa bolmasa, Bekir hojanyñ wagzy täsir etdimi, bilemok. Bekir hoja "Bä-ä-ä, alarsyñyz..." diýdigiçe, menem beýlekiler ýaly möññürip agladym. Wagyzdan soñ aglamakdan ýaña gözleri gyzaryp ýumruk ýaly bolanlar ýekän-ýekäm gelip, Bekir hojanyñ elini öpdüler. Menem içimden dagy-duwara raki, meý içmezlige ant içip toba etdim, ýöne seretdim, agşama çenli çydar ýaly däl... Içimden "Şu gün agşam iñ soñky gezek içeýin, ertir ýene toba edäýerin" diýdim. Kakam: - Bu agşamam şamlygy bile edineliñ! - diýdi. Bir oýun kelläme geldi. Men kakama: - Rugsat berseñ Bekir hoja agamyz bu gije meniñ myhmanym bolsun, daşarda bileje nahar iýäýeris... - diýdim. Bekir hoja muny eşidip "Seret, oglan adam bolýa" diýen manyda kakama göz gypdy. Kakamyñ göwni hoşdy. Ol: - Ýeri, bolýa - diýdi. - Eger Bekir hoja razy bolsa... Bekir hoja: - Men her ýeten restoranda garnymy doýurman - diýdi. - Musulman adamam bir restoran ýöredermi? - Reşit hajynyñ restorany bar, hawa. Her gün agşam baryp içýän restoranymyñ hojaýyny Reşit aga hakykatdanam hajydy. Restoranyñ dik mañlaýynda "Lezzet restorany - Reşit hajy Ärogly" diýip ýazgysy-da bar. Bekir hojanyñ biziñ öýümizde nähili iýip-içýändigine belet bolandygym üçin, ätiýaçdan ýanyma es-esli pul aldym. Garañky gatlyşan badyna Reşit hajynyñ restoranyna gitdik. Bekir hojanyñ agzy ýene beklidi. Agzaçar wagty ýetende "Bismilla" diýip, bir owurt suw bilen agzyny açan badyna, çorbanyñ daşyna geçdi. Men bolsa birje kotlet iýdim. Yzyndanam ofisianta: - Şerbet getir - diýdim-de, elim bilenem içine arak guý diýen manyda yşarat etdim. Arakly şerbet geldi. Bekir hoja çorba sümürýär, men bolsa şerbet... Bekir hoja bir çanak çorbany başyna çekip doýmady, ikinji çanagy-da boşatdy. Men özüme ýene şerbet buýurdym. Ikinji çanagy boşadan hojanyñ gowurma iýesi geldi. Menem şerbetiñ üçünji pyýalasyndan barýan. Kem-kemden kellämi durlamaga başladym. Şol wagtam yzyna üç sany bikäri tirkäp Kyryk Aly gapydan girdi. Wah, bir bolmasyz iş gopaýmasa ne ýagşy! "Baran ýeri gap-çanak" Kyryk Alynyñ görnen ýerinde goh turmadyk wagty barmy näme. Kyryk Aly Bekir hojany gören badyna, ylgap bardy-da, onuñ elini öpmezmi! Ol: - Enşalla, Siziñ doga-dilegiñ bereketinden biziñ ýaly günäkärlerem Hak ýoluna girerler... - diýdi. Bekir hoja bu sözlere monça bolup: - Ömrüñ bolsun, oglum, hany, otur bakaly - diýdi. Kyryk Aly bilen ýanyndaky ykmandalar restorana içmäge gelensoñlar, Bekir hojanyñ ýanynda oturmajagam boldular. Hoja bolsa olary zor bilen oturan stolumyza çökertdi. Men o wagt arak garylan şerbetiñ dördünji pyýalasynda barýardym. Bekir hoja-da pide buýurdy. Hoja olara: - Siz näme iýmekçi? - diýip, ýüzlendi. Olar bir-birlerine seredişdiler. Kyryk Aly çekine-çekine: - Bize çorba bolýa - diýdi. Kyryk Aly agşamlaryna çorba iýýän adam däl. Bekir hoja pideden soñ ýogurtly ysmanak, yzyndanam kotlet iýdi. Ondan soñam palaw buýurdy. Palaw symyşlap durka menden: - Içip duran zadyñ näme, şerbetmi? - diýip sorady. - Hawa, Bekir hoja aga, şerbet... Ol ofisianta: - Bu şerbetden maña-da getir! - diýip seslendi. Getirilen şerbetden üç susak alandan soñ: - Oh-hoo, munyñ bal ýalydygyny! Lezzeti janyñy alyp barýar... - diýenden, ofisiantyñ oña-da arak garylan şerbet getirip berendigini bildim. Bekir hoja agzyny şapbyldadyp, şerbeti başyna çekip bolansoñ: - Oglum, ýene şerbet getirsene, ýaman gowy bolupdyr-aý! - diýdi. Derhal ofisiantlañ aşhanasyna baryp, arak goşmazlygy tabşyrdym. Orta arak goşulmadyk şerbet geldi. Bekir hoja bir owurtlady-da, ofisianty çagyryp: - Bu ýañkydan däl ýaly-la - diýdi. - Äkit, oglum. Ýañky şerbetiñden getir! Boljak iş bolupdy. Bekir hojanyñ öñüne arakly şerbet goýuldy. Palawyñ ýany bilen üç käse arakly şerbet içenden soñ börek buýurdy. - Börek guraksy gitmesin, ýene şerbet getir - diýdi. Kyryk Aly: - Tagsyr, bu gün metjitde wagyz eden ekeniñuz, bilmän galypdyrys. Geleniñizi eşdip, barmanymyza gynandyk, biz günäkärler... - diýenden, Bekir hoja onuñ sözüni bölüp: – Enşalla, ýalkanarsyñyz... - diýdi. Yzyndanam ofisianta şerbet buýurdy. Içip durka: – O-oo-oh, aşpeziñ öten-geçeniniñ janyna batsyn, diýseñ şirin, diýseñ nepis... Ömrümde bular ýaly şerbet içip görmändim... - diýip aldygyna samraýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan gözleri agyp-dönmäge, alarlyp-alarlyp bakmaga başlady. Bazzyk-buzzyk edip, dili-de çolaşyp galdy. – Ýene şerbet getirsene, oglum! - diýip, ofisianta seslendi. Sekizinji badany boşatdy. Bir seretsem, Bekir hoja mazaly serhoş bolupdy. Oña esewan boljak bolup, men arakly şerbet içmämi goýbolsun etdim. Kyryk Aly we onuñ ýanyndaky bikärler raki içip bilmän ikiýana ýaltaklaşýardylar, emma hoja-da zat diýip bilmän durdular. Olar öñlerinde duran çorbadan birki çemçe alan boldular. Kyryk Aly çilim gabyny çykaryp Bekir hoja mürähet etdi: – Hojam, meýliñiz bolsa alyñ? - diýdi. Bekir hoja dilini bazzykladyp: – Men çilim çekemok welin, häzir çekmek wajyp boldy. Sizem-ä meni sylap hälden bäri içmän otyrsyñyz. Şoñ üçin bir burugsalyñ bakaly, sizem arkaýyn içiñ... - diýdi. Çilimini burugsadyp: - Şerbet ne gözel şerbet eken-aý, ýene getirseñizläñ! - diýip gygyrdy. Näme etjegimi bilmedim. Ýene bir käse içse, ýetjek derejesine ýetip, ýolda ýykylyp galjakdy. "Bekir hojany içirip, zyrryjym edipdir" diýip gepim çyksa, kakam meni öýe salmaz, bäri-bärlerde-de durarlygym galmaz... Men ofisiantyñ gulagyna: – Ýene şerbet buýursa gutardy diý - diýip çawuş çakdym. Bekir hoja hem-ä arakly şerbetden owurtlaýardy, hemem wagyz edýärdi: – Şerap içseñiz, raki içseñiz, erbet ýola düşersiñiz, zyna edersiñiz, günä girersiñiz, soñam jenneti arzuwlan bolýañyz… Bä-ä-ää! Alarsyñyz jenneti!.. Iliñ namysyna gyýa göz bilen garaýañyz, halala haram, dogrulyga hile goşýañyz, soñam jenneti gözleýäñiz. Bä-ä-ää! Alarsyñyz jenneti!.. Kyryk Ala seretdim. Bendäñ çagasy Bekir hojanyñ öñünde büzülip-büzülip, eşekýassygyna dönüpdir... Bekir hoja: - Ýañky şerbetden getirsene, oglum! - diýip gygyrdy. Ofisiant: - Gutardy, hojaependi - diýdi. Diýmesine diýdi welin, gopan kyýamaty bir görseñiz! Bekir hoja ýumrugyny stola urup, ýumrugyñ zarbyna zyñlyp giden çanaklary, çemçeleri ýere oklap (daş edewersin!): – Ha-aa-aýt!… - diýip,diye bir nagra dartdy welin, restoranda oturan müşderileriñ elindäki çarşaklar, bulgurlar ýere gaçdy. Bekir hoja: - Meñ şerbet içesim gelýär!.. O nähili ýok? Bekir hoja şerbet diýer-de, ýok diýlermi heý? Päheýt, gurrumsaklar!.. - diýip, kükrände, bir seretsem hojanyñ göwresi öñe omzap, stoluñ üstüni weýran edip barýar. - Durawer, Bekir ependi aga, durawer, bir duraý-da, janyña döneýin!.. Sen ýeke gezek şerbet diý, şobada geler ýaly ederis! - diýip, onuñ sakgalyny sypap-sermäp, zordan ýerinde oturtdym. Öñünde bir şakäsäni dolduryp şerbet goýuldy. Bekir hoja elindäki çemçäni zyñyp goýberdi-de, şakäsäni başyna çekdi. Sakgalyndan akan şerbet damjalary boýnuna, döşüne syrykdy. - O-oo-oh. Janyña jan goşýar. Köp şükür! - diýip uludan gägirdi. Yzyndanam: - Doldursana ýene bir gezek! - diýip gygyrdy. Bir salymda peleñe döndi. Birdenkä Kyryk Ala ünsi düşdi. - Sen kimdiñ-aý, adyñ näme? - Aly… - Hiýh… Yogsa-da sen? Şol Aly diýilýänmi… Şeýlemi?.. Kyryk Aly boýnuny burdy. Bekir hoja arlady: - Kyryk Aly… Sen maña Kyryk bolañda näme, bolmañda näme, bildirýän ýeri barmy? Eýesiz it!.. Eý-hoo! Häzir Kyryk Alynyñ bir gäbi azsa, hoja poja diýmez, sakgalyndan tutup muny dogram-dogram eder. Bekir Hoca nagra dartýan ýaly seslendi: – Haýt, oglum, bu stola, heý, seredýän ýokmy? Heeeeeeý!.. Dolduryñ şuny!.. Bekir hoja mazaly ugruny ýitirdi öýdýän. Men bolan zatlary kakam eşder öýdüp gorkup otyryn. Bekir hoja bir şakäse arakly şerbeti içensoñ gözleri saga-sola dönüp başlady. Hojanyñ serhoşlygyny henizem añşyryp ýetişmedik Kyryk Aly: - Rugsat berseñ, biz turaly, hojaependi, bize rugsat ber! - diýdi. Käşgä diýmedik bolsady. Bekir hoja ýakasyna ýapyşyp Kyryk Alyny oturgyjyna çökertdi: – Senmidiñ şol asyl bu millete ýaka tüýkürden? Maña seret!.. Men kyryk myryk diñlemen! Men adamyñ... Hoja bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyrýardy. Goñşy stolda oturanlaryñ biri Bekir hojany tanamaýan bolarly. – Sakgalyñdan utan, aýyp dälmi bu! - diýäýmezmi. Wah, wah, wah... Hoja zyrryjym boldy, asyl ýöne saklar ýaly däl. Bäş-on adam bolup ýeke hojanyñ öñünde durup bilemzok. Bir seretsem, Kyryk Aly müzzerilip, Bekir hojanyñ elinden-aýagyndan ogşap, ýalbaryp dur: – Aman hojam, etme hojam, eýleme hojam… Bekir hoja öñüne çykany eñterip dur. Peläket, daýaw adam eken-aý. Kyrk Aly we onuñ ýanyndaky üç ykmandasy, men iki ofisiant bolup Bekir hojany zordan restorandan çykardyk. Bekir hoka sekizlik ýasap, bir eýläk-bir beýläk ýykylýardy. Goluna girmesek dagy duran ýerinde balagyna buşugyp galjak... – Ulan Kyryk! – Baş üstüne, tagsyr! –Bu ýerleriñ iñ azmly hekemi senmidiñ? – Siz barkañyz hetdimiz bolmaz… – Ulan, men hekemleriñ… – Edersiñ, tagsyr… – Bu golaýlarda meýhana ýokmy? – Tagsyr, bizi synagdan geçirýäñ, görnüp duran zat... Siz ýanymyzda durkañyz... – Düş öñüme, çalt meýhanany görkez maña!.. Tirsegi bilenem bir urdy welin, Kyryk Aly bäş metr öñe zyñlyp gitdi. Almytyny alan Kyryk Aly: – Ynha, şu ýerde, tagsyr! - diýdi. – Düş öñüme!.. Üýşüp meýhana geldik... Bekir hoja ýeri-gögi lerzana salan nagra bilen: – Heý, käfirler! - diýip gygyrdy. - Erte kyýamat güni näme hasap berersiñiz? Içeniñiz şu zährimar, ýene-de jennet gerekmi size? Bä-ä-ä!.. Alarsyñyz jennneti! Yalbar-ýakar edip, eline etegine ýapyşdyk: – Beýtmesene hojam… Gurbanyñ bolaýyn hojam!.. Meýhanadakylar hojany sakgalyndan süýräp daşary zyñjaklar welin, Kyryk Alydan gorkup seslerini çykarman durlar. Hojany zor bilen oturtdyk. Biz bu ýagdaýda öýe barsak, kakam meni hatybizar eder. Boljak iş boldy, Bekir hojany mazaly içirip bihuş etmeli we göterip öýe salmaly-da, kakama bildirmän düşegine süýndürmeli. – Bekir ependi agamjan, şerbet içjekmi? – Getir!.. Meýhanada şerbet ýok eken, diñe ülje suwy bar. Bir çüýşe ülje suwuna arakdyr likýory garyp berdik. Hoja bir gezekde gulkuldatdy. – Ýene gerekmi, hojam? – Getir!.. Dikdik öñüne ýene bir çüýşäni. Onam içen Bekir hoja barmaklaryny stola urup aýdyma zowlatdy. Turbadan çykýan ýaly zoñtar sesi bar eken. Kyryk Aly ýuwaşlyk bilen eglip gulagyma: – Dostum diýýän-ä diýip pyşyrdady. – Munuñ bolşy hojanyñ bolşuna meñzänok. Hiç halamadym. Näme boldy beýle? – Sen sorama Kyryk, menem aýtmaýyn. Bir zad-a boldy öz-ä... Kyryk Aly neşesini dolduryp, çilim ýasandy. – Çekjekmi, tagsyr! – Çekemok! – Huzuryñyzda çekmek edepsizlikden nyşan we jaýyz däl. Ejap edýäris. Sen başla, tagsyr, bize-de gezek bersinler. Bekir hoja beñli çilimi aldy. Men derrew elimdäki çakmagy işletdim. Hoja hem beñ çekýär, hem likýordyr aragy içýär, pessaý ses bilenem aýdyma hiñlenýär. Peläketdiñ uklamak ýadyna düşenok, gaýtam içdigiçe bujurygy artyp barýar. Onuñ şol gije içen aragy ýaly suwy bir goşun bölümi içip bilmez. – Ulan, men adamyñ... - diýip gygyran badyna, Kyryk Aly: – Lepbeý, tagsyr, aýdyp otur! - diýip, sözüni asmanda kakyp alýar. Beñ mazaly hojanyñ başyny aýlansoñ: – Bäriñ heleý bazary nirede? - diýip gygyraýmazmy! – Durawer, tagsyr, bärde olar ýaly zat bolmaz... – Owarra bolsana!.. Dürziler diýsäni!.. Siz näme bizi hoja eşiginde görüp ugur-ýol bilýän däldir öýtdüñizmi? Düşüñ öñüme... Bize bu gije pessaýdan sedalar geldi, içimize nur dogdy. Kyryk Aly gaçjak ýaly edenden, Bekir hoja duýdy-da, elinden şapba ýapyşdy: – Bu etrabyñ jelephanasy nirede?.. Başga alaç galmady. Çykdyk ýola. Hoja aýdyma başlady. Gaýtam: – Sizem aýdyma gygyryñ! - diýip biziñ ýakamyzdan aslyşdy. Nätjek dagy, hoja eýerip hor bolup aýdyma gygyrdyk... Hemmeler bize seredýär. Masgaraçylyk! Ýer ýarylanok, bizem giremzok. Hojañ piñine-de däl. Aýdan ýerine bardyk. Aýallar Kyryk Alyny görenden, gorkudan titräp: – Aýdyber, agam! - diýdiler. Bekir hoja bulary ýarym-ýalañaç halda görüp: – Tüff size! - diýip gygyrdy. – Hudaýdanam gorkañzok. Her pohdan gaýdañzok, küntiçilik edýäñiz, günäleriñ içinde ýüzýäñiz, soñam jennete düşesiñiz gelýär. Bä-ä-ä! Alarsyñyz jenneti. Aýallar gorkularydan ýaña girmäge deşik tapmadylar. Hojany bir diwana ýykdyk. – Bekir ependi agamjan, şerbet içjekmi? – Getir! Bu gezek bir çüýşe gazly ülje şerbetine bir çüýşe sap spirti garyp berdik. Bir gezekde boşatdy. Yzyndanam: – Elhamdülillah… - diýip gägirdi. – Derrew hojaefendä bir kofe taýynlañ! Kyryk Aly hojanyñ ukusy tutsun diýip kofäniñ içine bir bölek tirýek atdy. Uklamak nirde, gaýtam hoja tirýekli kofäni içip guduz ite öwrüldi welin, pyçak gören gäwmişem şeýle bolmaz. Kyryk Aly haýran-sermisal halda: – Dostum, bu bölek tirýek bir topbak galtamany ukladýar, bu ne bela?!.. Allanyñ hikmeti... - diýdi. Bekir hoja öý eýesi aýaly çagyryp: – Boýuñyza barabar günä edýäñiz, hatyn! - diýdi. – Alla günämizi geçsin-dä, edýäs öz-ä, hojam. – Ýeri, nädip edýäñiz? Aýal uýaldy. Dymdy. Bekir hoja ýene gürledi: – Aýt-da, nädip edýäñiz? – Erkek gelýär, bizem göwnüni görýäs. – Bize-de şony et onda, göreli bakaly! Edýän günäñizi görmek gerek... Aýallañ biri eline dep alyp, aýdym aýtmaga durdy. Ýene bir çalarak çykaryndy-da, tans oýnamaga başlady. Hojanyñ eline bir käse şerbet berildi. Ol: – Ýar, ýar… Medet heý! - diýip, atylyp orta çyksa näme! Bekir hoja daýaw göwresi bilen pyrlanyp başlandan, öýüñ poly-potology bir ýere geldi. Tansçy aýalam joşa geldi. – Durawer, hojam, ýuwaşrak, polisiýa üstümizi basar ýogsa! – Aý, şo polisiýañam... – Eşdiläýmesin, hojam. – Eşdenleriñem... Hojanyñ eline ýerli-ýerden şakäsede, bulgurda, kürüşgede arakly şerbet berildi. Bekir hoja bularyñ barsyny bir başyna çekende gutaryp, täzeden tansa girdi. – Hojam, kofe meýliñiz barmy? – Getiriñ. Tirýekli kofäni berýäs eline. – Hojam, çilim çekerin diýseñiz? – Al bärik! Beñ garylan çilimi tutdurýas agzyna. – Hojam, şerbet? – Gelsin!.. Arak, spirt, likýor garylan şerbetleri berýäs. Uklap galandan geçen, gaýtam öñküden beter bolýar. Indi onuñ nä derejä ýetenini söz bilen beýan etmek mümkin däl... Gün guşlukka öýden çykanymyz, emma Bekir hoja duranok. – He-heeeýt!.. - diýip arlanda, hemmeler bize seredýär. Garawullar, polisiýa işgärleri bizi görýänem bolsa, Kyryk Alydan çekinip, bir gyrada bukulşyp, bizi görmediksireşen bolýardar. Öýe gaýdyp barýarka, Bekir hoja mazaly azdy, Kyryk Alynyñ ejesini bajysyny goýman sögündi. Kyryk Aly oña ýalbarýardy: – Kyryk saña gurban bolsun, beýtme hojam... Bekir hoja gepe-söze düşer ýaly däl. Ahyryn Kyryk Alyjyñ gahary gaýnap depesine çykdy, aýlamazmy ýalpyldap duran ak saplyny! Şowagt Bekir hojany bir görsediñiz, zaññar pyçagy görenden kesilen aždarha kimin, garnynyñ üsti bilen pyçagyñ arkasyna gaýyşdy. Kyryk Aly diýseñ: - Men beýle namyssyz görmedim, kömek ediñ! - diýip gaçmaga durdy. Bekir hoja onuñ aýagyna eli ilteşen badyna urdy ýere pylçap, mündi temegine... – Ulan, men seni öldürsem näm bolar öýdýäñ?.. Ýurt bir mikropdan arassalanar! - diýip, bagyryp bögürip ýapyşdy kelleden. Pyçagy-da Kyryk Alynyñ elinden gañryp aldy: – Ulan, men indi muny seniñ niräñe soksamka? – Etme tagsyr, eýleme tagsyr... Ojagyña ýolum düşdi... Hernä, eýtdi-beýtdi Kyryk Aly onuñ aşagyndan sypybildi. Üç sany ýal ýagysynam alyp, gözden ýitdi. Bekir hojanyñ döşi demir körügi ýaly larsyldap durdy. Hojany öýe saldym, yzyndan itekläp otagyna dykdym, düşegine geçirdim. Hudaýa şükür, ýerine geçensoñ sesi kesildi. Iki gije-gündizläp ýatdy, ýöne horruldysyndan ýaña daş-töwerekde oturar ýaly bolmady. Kyryk Aly barada aýdanda bolsa... Ýurdy gulgula salan Kyryk Aly ýaly biri bir günüñ içinde Bekir hojadan taýak iýip, dostlaryna: – Indi bize bu jelegaýlarda durarlyk galmady, bu ýurt bize haram... Biz hojany sylap içmedik. Ýogsam iki bulgur jyñkydanda bu iş beýle bolmazdy... Hoja içginiñ güýjüne bizi pese düşürdi. Hekemlik kadamyzam bozuldy. Hany, onda, Alla ýaryñyz - diýip, başyny alyp gidipdir. Hudaý bilsin, nirä gidipdir. Bolup geçen masgaraçylygy kakama aýtmadyk. Ertesi gün günortanlar: – Turanok welin, Bekir hoja ýa syrkawlapdyr, ýa-da çuñ uka gitdi, goh edäýmäñ, ýatsyn dynjyny alsyn - diýip, kakam öýde siñek uçurtmady. Bekir hoja iki günden soñ oýandy, ýüzüniñ reñki öçüp gidipdir. Raýonymyzyñ adamlary uludan-kiçä hemmesi gelip: – Tagsyr, siziñ saýañyzda Kyryk Aly diýen beladan halas bolduk - diýip, Bekir hojanyñ elini ogşap, minnetdarlyk bildirdiler. Bekir hoja sakgalyny sypalan bolup: – Biz ony imanyñ güýji bilen gaçyrdyk - diýdi. Bekir hoja alkyş barsyny aldy. Şondan bäri haçan kakam meniñ bolşumy halamasa: – Bekir hojany çagyraýsakmyka... - diýýär. Men bolsa gorkymdan şamlygymy öýde, kakam bilen bile edinýän. Dostjan, görşüñ ýaly hiç wagt dinsiziñ hakyndan imansyz çykmaz. Ynha, ýedi yklyma eýgertmedik Kyryk Alynyñ hakyndan Bekir hoja iman güýji bilen şeýdip geldi. # Eziz Nesiniñ Eziz Nesinden saýlanlary / "Siziñ ýurduñyzda eşek ýokmy?" Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||