04:04 Albert Eýnşteýn | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
ÄHLI TEORIÝALARY ÜÝTGEDEN TEORIÝA: ALBERT EÝNŞTEÝN Energiýa, wagt, ýer boýunça geçerli teoriýalaryñ ählisini diýen ýaly üýtgedip taşlan Eýnşteýn ýönekeý we şadyýan ömür sürdi Albert Eýnşteýn sürtülme kanunyny (otnositellik teoriýasy) mälim edende 26 ýaşyndady. Alymlar şol wagt beren düşündirişinde bolsa, diñe 12 adamyñ bu teoriýa düşünip bilendigi aýdylýardy. Emma mundan tegelek kyrk ýyl soñ amerikan goşuny 1945-nji ýylyñ 6-njy awgustynda Hirosimanyñ depesinden atom bombasyny zyñanda, Galileodan bäri iñ möhüm ylmy rewolýusiýany amala aşyrandygy aýdylan Eýnşteýniñ aýatda diridigi bu mantyk sebäpli 80 müñ adam öldürilipdi. Baş maşgalada önüp-ösen Eýnşteýn Mýunhende dünýä inýär. Orta bilimini şol ýerde alyp, ýokary bilimini bolsa Sýurihde alýar. 1905-nji ýylda ýokary okuw jaýyna degişli žurnallaryñ birinde "hereketli jisimleriñ elektrodinamikasy" baradaky fiziki barlagyny çap etdirdi. Bu ylmy iş 1920-nji ýylda "Sürtülme. Ýörite we esasy teoriýa" adyna öwrülýänçä mynasyp gyzyklanmasyny tapyp bilmedi. Alymlar has öñ hereket we hereketsizligiñ absolýut we ölcegli hususlardygyna boýun bolupdy. Bu iki hususyñam sürtülme ölçeginiñ çägindedigini subut eden Eýnşteýn bolsa bu teoriýasy bilen uzaklyga, mukdara we wagta, ýagny üç esasy ölçege degişli ölçegleri ýykmagy başardy. Atom energiýasyndan peýdalanmaga barýan gapyny açmazlygy ymykly niýetine düwen Eýnşteýn aslynda muña uly goşant goşdy. 1939-njy ýylda amerikan alymlary goşuny we harby-deñiz güýçlerini atom maksatnamasyny maliýeleşdirmäge razy edip bilmänsoñ, Eýnşteýnden şol wagtyñ prezidenti Franklin Ruzwelte giden hat ABŞ-nyñ atom bombasyny ýasamagyna sebäp boldy. Eýnşteýniñ laboratoriýanyñ daşyndaky durmuşy agresiýa we ahlaksyzlyga garşy çykmaga kökerilipdi. Şu nukdaýnazardan hem-ä dinamiti oýlap tapan, hemem munuñ söndürilmegi ugrunda Nobel baýraklaryny bermegi ýola goýan Alfred Nobeliñ ýagdaýyna meñzeş ýagdaýy bar. Nobel baýragyna mynasyp görülen Eýnşteýn bolsa baýrakdan düşen pullary haýyr-sahawat işlerine sowmagy makul bilipdi. Käbirleri Eýnşteýniñ ýeriñ dartyş kanunyny açan Nýutondan has möhüm adamdygyny we XX asyrdaky ylmy rewolýusiýa beýleki alymlardan has köp goşant goşandygyny aýdýarlar. Beýleki gatlak bolsa ondan diñe atomy böleklän we adamzadyñ 20 müñ tonnadanam artyk güýje eýe partlaýjy kükürtden ybarat bomba ýasalmagyny üpjün eden adam hökmünde ýatlaýar. Energiýa, wagt, ýer boýunça geçerli teoriýalaryñ ählisini diýen ýaly üýtgedip taşlan Eýnşteýn ýönekeý we şadyýan ömür sürdi. Ony ýakyndan tanap galan az sanly arabyñ arasynda ýazan kitaplarynyñ birinde ol hakda ýörite bir bölümde durup geçýän Muhammet Hasaneýn Heýkel hem bardy. XX asyrda fizikanyñ kanunlaryny üýtgedip taşlan Eýnşteýn 1955-nji ýylda 77 ýaşynda aradan çykýança laboratoriýasyndan çykman işlän täze talypdy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe 30.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |