22:03 Alp Arslan | |
ALP ARSLAN (1033-1072 ý.)
Taryhy şahslar
Seljuk türkmenleriniň şalygyny iki dogan — Çagry beg hem Togrul beg döredýär. Togrul begiň nesli bolmandyr. Şeýle bolansoň Çagry beg ogly Arslany dogany Togrula ogullyga berýär. Togrul begiň terbiýesini alan Arslan biçak batyr, örän ukyply serkerde bolup ýetişýär. Ol pälwansypat eken. Aty emgenmezden göteripdir. Ökde mergen bolupdyr, elli-altmyş metr aralykdaky temençäniň gözünden ok urmagy başarypdyr. Ähli söweşde gözsüzbatyrlygy, ugurtapyjylygy, bir okuny-da sowa geçirmeýän mergenligi üçin oňa «Batyr» — «Alp» lakamyny berýärler. Alp Arslan köp gürlemegi halamandyr. Ýöne, ol gürlände welin, gaty haýbatly, gaty täsirli gürlär eken. Ol 1063-nji ýylda — otuz ýaşynda tagta münýär. Her gezek söweşiň öňýany ol beýik depä çykyp, uç-gyraksyz leşgeriniň öňünde söz sözläpdir. Onuň sözlerini diňlän söweşijiler edil jadylanan ýaly bolupdyrlar: gaýratlanypdyrlar, gorkyny-ürkini bilmändirler. Alp Arslanyň sözleri esgerleri dogumlandyrypdyr, olaryň güýçlerine güýç, batyrgaýlygyna batyrgaýlyk goşupdyr. Alp Arslanyň çagyryşyny diňläp, esgerleriň ýeňlen gezegi bolmandyr. Şol döwrüň taryhçylary Alp Arslanyň söweşiň öň ýanyndaky aýdýan çagyryş sözünde ýüz müň esgerlik güýç bar diýip belläpdirler. Alp Arslanyň 1071-nji ýylyň 28-nji awgustda Malazgirt söweşindäki ýeňşi dünýä taryhynda deňsiz-taýsyz ýeňiş hasaplanýar. Onda Alp Arslan özüniň 10 müňlük leşgeri bilen Wizantiýanyň 50 müňlük leşgerini kül-peýekun edýär. Imperator ýesir alynýar. Alp Arslan imperatora ýüzlenýär: — Eger seniň ornuňda häzir men duran bolsam, sen maňa nähili jeza bererdiň? — Sen meniň ýa-da meniň adamlarymyň ygtyýarynda bolsadyň, ýa kelläňi aldyrardym ýa-da dar agajyndan asdyrardym — diýip, imperator jogap beripdir. Alp Arslan onuň bilen deň bolmaýar, günäsini geçýär. Iki hökümdar şertnama baglaşýar. Şol şertnamanyň şeýle bölümleri bar: 1. Wizantiýa imperatory azat edilendiginiň muzdy hökmünde 1,5 million altyn pul tölemeli. 2. Wizantiýa imperatorlygy beýik Seljuk Türkmen döwletine her ýyl 360 müň altyn pul salgyt tölemeli. 3. Wizantiýa imperatorlygynyň beýik Seljuk Türkmen döwletine garaşlydygyny doly ykrar etmeli we beýik Seljuk Türkmen döwletiniň her bir talabyny dessine berjaý etmeli. 4. Wizantiýa imperatorlygy beýik Seljuk Türkmen döwletine gerek bolan çagy, dessine 10 müň nöker iberip, harby taýdan kömek bermeli. Malazgirt ýeňşinden soň Kiçi Aziýada türkmenleriň hökmürowanlygy başlanýar. Türkmenleriň at-owazasynyň, hökmürowanlygynyň ýedi yklyma dolmagynda Alp Arslanyň bitiren hyzmaty çäksiz uludyr. Öz döwrüniň taryhçylary beýik Soltanyň gowy ahlak sypatlary bilen bir hatarda, käte men-menlige ýan berendigini hem ýazypdyrlar. Saparmyrat Türkmenbaşy hem Ruhnama kitabynda Alp Arslanyň men-menligi sebäpli uly bela uçraýşy hakda juda täsirli wakany beýan edýär. Beýik Soltan men-menligiň soňunyň nähili ýaramazçylyga eltýändiginiň şaýadydyr. Gadymy taryhçylar Alp Arslan hakda örän köp kitap ýazypdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |