22:58 Amanýaz serdar | |
AMANÝAZ SERDAR
Taryhy şahslar
● Aýböwürlileriñ örän gyzykly hem-de täsin taryhlary bar. Olaryñ şejereleri baryp-ha Hindistan ýurdunda şalyk eden, hanlaryñ hany bolan Baýram hanyñ bilinden syzylyp gaýdýar. Hawa, Amanýaz serdar hem Baýram hanyñ neslinden gaýdan. Amanýaz serdaryñ kowum-garyndaşlary, ilen-çalanlary öñ Türkmensährada, Maññyşlakda oturymly bolanlar. Emma goñşuçylykdaky duşmançylyk zerarly gün-owkat görmänsoñlar, olar Buhara bilen Hywa hanlyklarynyñ golastyna göçüp barýarlar. Şol türkmenleriñ arasynda Begenjaly beg diýip bir gaýratly kişi döräpdir. Baýram hanyñ nesillerinden (perzentleriniñ) biri bolan bu batyrdan Buharanyñ şalary ätiýaç etmän durmandyrlar. Olar halka berýän sütemlerini birneme gowşatmaly bolupdyrlar. Ýöne duşman duşman bolýar, hilegär hanlar mekirlik bilen türkmenleri öz goşunlarynda saklamagy başarypdyrlar. Sebäbi türkmenler her bir jeñde gaýduwsyzlyk bilen söweşýär ekenler, hemişe diýen ýaly olara ýeñiş ýar bolupdyr. Şol döwürde Begenjaly begiñ inisi Amanýaz serdar hem öz türkmen goşuny bilen Hywa hanynyñ raýatynda gulluk edipdir. Hywanyñ açgöz hem-de zulumkär hany Muhammet Emin zekat ýygnamagy bahana arap, 1855-nji ýylyñ fewral, mart aýlarynda uly goşun toplap, Saragta ýöriş edýär. Bu söweşde Muhammet Eminiñ esasy daýançlarynyñ biri hem Amanýaz serdaryñ gözsüz batyr ýigitleri eken. Galyberse-de, Hywa hanynyñ 40 müñ adamdan ybarat, güýçli ýaraglanan goşunynyñ öñünde duraýmagyñ saragtlylaryñ az sanly söweşijilerine añsat düşmejegi köre-hasa ahyryn. Emma söweş taktikasyny bäş barmagy ýaly bilýän, ähli zady ölçerip-dökmäni başarýan, akylly Saragt hany Gowşut han bu söweşde diýseñ oýlanyşykly hereket edýär. Baryp-ha Hywa hany Saragta çozjak bolup taýýarlyk görüp ýören wagtlary Begenjaly beg bilen türkmen bolup birek-birege ok atmazlyk, elmydama söýenişmek hakda gizlinlikde gepleşik geçirip goýan eken. Şonuñ üçinem elhenç söweşiñ başlanmazynyñ öñüsyrasy Gowşut han Muhammet Eminden ýaşyrynlykda Amanýaz serdar bilen duşuşýar. - Inim, öz doganlaryñyzyñ üstüne şeýdip gelşiñiz göwnünize jaýmy? - diýip, Gowşut han Amanýaz serdara igençli ýüzlenipdir. - Göwne jaý däl özi welin - diýip, Amanýaz serdar müýnli jogap beripdir. - Ýöne bir gep edildi-de çykyldy-da bärik... - Onda bu gepe näme diýersiñ? - diýip, Gowşut han Begenjaly beg bilen eden şertnamasyny onuñ öñünde goýupdyr. Amanýaz serdar namany okap ör turup, Saragt hanynyñ öñünde baş egipdir: - Günämizi ötüñ, han aga! Indi meniñ gylyjym Muhammet emini çapar. Şu wadalaşykdan soñ, Amanýaz serdar öz batyrlary bilen Gowşut hanyñ tarapyna geçipdir. Gaýduwsyz goşunbaşynyñ, ýeñilmezek esgerleriñ elden gitmegi Muhammet Emin hanyñ içinden urlan ýaly edipdir. Onuñ galan goşuny san taýdan agdyk bolsa-da; Gowşut handyr Amanýaz serdaryñ merdanalarynyñ darkaşyna çydaman çym-pytragy çykypdyr. Söweş bolan "Ganly depäniñ" üstünde hanyñ altyn jygaly başy togalanypdyr. Amanýaz serdaryñ bu "dönükligine" Muhammet Emin hanyñ dogany Abdylla hanyñ içi ýanypdyr. Serdar dagy söweşden soñ öz ýurtlaryna gaýdyp gelensoñ han ony bir tär bilen tutdurypdyr. Abdylla han Amanýaz hany öldürmezden öñ günäsini geçen kişi bolup, ony türkmenleriñ garşysyna söweş kyldyrmak isläpdir. Emma Amanýaz serdar: "Han, öñ agañ alyna düşüp, şol mukaddes topraga bet maksatly aýak basanyma nätjegimi bilemok. Indi meni dogram-dogram etseñem öz türkmenligimden dänmen" diýip, pert jogap beripdir. Diýeni bolmadyk han Amanýaz serdaryñ el-aýagyny güýldürip, özünem tora saldyryp, beýik minaradan diriligine taşladyp öldüripdir. Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||