16:36 Döwletaly batyr | |
DÖWLETALY BATYR
Taryhy şahslar
Begenjaly begiñ Döwletaly diýen agasy-da bar eken. Ölinçä serdar serkerdeligini egninde göteren Döwletaly öz ilini, öz ýurduny keseki zulumkeşlerden goramakda köp hyzmatlary bitiripdir. Ol beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyñ: "Sansyz ile serkerdedir, soltandyr, Jeñ ýerinde jellat, belki, arslandyr, Menzili mesjitdir, ferşi diwandyr, Gijesi, gündizi Döwletalynyñ" diýen ýaly ajaýyp setirlerinde taryplanma kemini goýmandyr. Ýöne Döwletalynyñ yzyny tutjak özünden zürýat galmandyr. Begenjaly agasyny ýat eýläp, ogullarynyñ birine onuñ adyny dakypdyr. Kiçi Döwletaly hem çagalygyndan görkana bolan, serdar sypat bolan, edenli hem merdana bolan. Ol oglanka öz oglanka öz dostlary bilen obadan alysda bahar aýlary goýun bakyp ýörkä garakçylar tarapyndan ogurlanypdyr. Garakçylar mallary öz aralarynda paýlaşyp, Döwletaly dagyny hem Mazenderan bazarynda gul hökmünde satypdyrlar. Döwletaly Baýram hanyñ neslinden bolany üçin ýokary bahadan geçipdir. Döwletaly del topraga düşen pursatyndan öz ata watanyna dolanmagyñ pikirini edipdir. Başarsa ol ähli dostlaryny-da özi bilen dogduk mekana atarjak eken. Ýöne olar indi nirede, haýsy gapyda, haýsy garny ýaglynyñ galçagyny gazap ýör? Dogry, Döwletaly ýoldaşlarynyñ iki-üç sanysyny soraglap-idegläp bilipdir. Ýuwaş-ýuwaşdan aşaklyk bilen gizligin duşuşygam gurapdyr. Onsoñ paýhas edip, uzak oýlanyp, ýat ýurtdan gaçmagyñ pikirini öz ýanyndan oýap-çenäpdir. Döwletaly juda batyr eken. Onuñ hiç zatdan gorky-ürküsi bolmandyr. Oglanyñ ak saplysy bilen öz goýun sürüsine çozan möjeklere garşy söweş kylanyny, biriniñ garnyndan gapy açyp, eýlekilerini-de serpikdirenini obada uly-kiçi hälimi-şindi guwançly gürrüñ edýär ekenler. Ýöne Döwletaly bu ýerde züwwetdin gorkak bolan bolýar. Döwletalynyñ hojaýynynyñ ýaşaýan ýeri tokaýlygyñ gyrasydy. Tokaýdan bolsa gaplañyñmy, möjegiñmi, şagalyñmy, başga-başga wagşy haýwanlaryñmy aýylganç-aýylganç sesleri gelip, ýüregiñi ersdirip durdy. Döwletaly bolsa olaryñ sesini eşitdigi bilgeşlinden sandyrap, "şagal-şagal" diýip waýkyryberýärdi, gorkan kişi bolan bolup, töwerekden daşlaşyp bilmän, köwejekläp ýöriberipdir. Hojaýyn onuñ ýelýürekligine, ylaýta-da şagaldan gorkuşyna geñler galypdyr. "Päheý-de welin, "ineriñ döli bolmaz" diýenleri dogry eken. Mundanam han nesli bolarmy. Bu bir syratyna görä däl eken. Şun-a "Hol-ha, guşagyndan ak ýol. Bar, öýüñize gaýdyber" diýende-de ýeke sanjym ädip biljek däl". Şular ýaly netijä gelen hojaýyn Döwletalynyñ aýaklaryndaky gandaly aýyrýar. Döwletala-da geregi şudy. Ýöne Döwletaly gaçmaga howluganok. Hilegärlik edip, hojaýynyñ bir diýenini iki aýtdyrman, onuñ buýran işlerini artykmajy bilen ýerine ýerine ýetirýärdi. Bildirmänem ýolda azyklyk üçin torbasyna gaty-guty nan ýygnaýardy. Bir haltajygy bolsa nasdan doldurypdy. Ine, onsoñ Hudaýyñ bir ýol açan güni gelýär-de, şol günüñ tümlüginde Döwletaly gözläp tapan dostlary bilen niçeme wagtdan bäri arzuwlan ata Watanlaryna gyp basýar. Emma añçyl sakçylar oglanlaryñ gaçanlaryny duýýarlar-da, yzlaryndan kowýarlar. Oglanlar hem içi wagşy haýwanlardan doly tokaýa özlerini atýarlar. Olaryñ her ädimde oglanlara duşup, tar-mar etmekleri mümkindi. Emma Watan küýsegi, ene topraga gowuşmak islegi gorky-ürküden üstün çykýardy. Oglanlar şahalary ýaýbañ, daş-töweregi ümürsin jeññellik bolup duran agajyñ üstüne çykyp, özlerini gizläpdirler. Olar üç günläp şol agajyñ üstünde oturypdyrlar. Kowguçylar bolsa olaryñ töwereginde "Döwletaly şagal, çyk. Biz saña zat diýmäli. Öýüñize gidesiñ gelse seni hormatlap-sylaglap ugradaly" diýip aýlanşyp gezipdirler. Şagaldan şeýlekin "gorkýany" üçin Döwletaly bu ýerde şagal lakamyny alypdyr. Öz watanyna gaýdyp gelensoñ hem onuñ bu lakamy galmandyr. Eýsem-de aýböwürlilere şagallar tiresi diýilmesi şondan gelip çykan bolmaly. Emma Döwletaly dagy olaryñ hilesine gitmän, bukulan agaçlaryndan düşmändirler. Kowguçylar gaçgaklaryñ yzyndan "taf-taf" atly ysgaw itlerini goýberen ekenler. Şeýle-de bolsa Döwletalynyñ yzlaryna döken nasy itleriñ yzçyl duýgularyny petikläp, başga ýollara gönükdiripdir. Paltalary daşa degen kowguçylar: "Aý, olar birçak gaplañ-şagala şam bolandyrlar" diýip, yzlaryna gaýdypdyrlar. Döwletaly dagy hem tokaýdan çykyp, gündizler çöpe-çöre, oýa-hendege duwlanyp, gijeler ýöräp, aç-suwsuz, ýaradar halda iñ soñunda ata Watana ölüpler ýetipdirler. Nowjuwanlygyndan daşky duşman zulmatyny gören, Watanyñ aýralyk dagyny çeken Döwletaly batyr edermen ýigit bolup ýetişipdir. Il-gününe serdarlyk edipdir. Uly klassyk şahyr Gurbanaly Magrupynyñ meşhur "Döwletýar" dessanynyñ baş gahrymany Döwletýar beg bilen egin-egne berip, ene topragyñ, ata Watanyñ hakyky goragçysy bolupdyr. Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||