21:11 Begenç beg | |
BEGENÇ BEG
Taryhy şahslar
Döwletaly şagalyñ gol doly maşgalasy bolupdyr. Onuñ abraýly ojagynda Gara, Gurban, Sapar, Çary, Begenç, Leýli, Peleñ diýen gerçek ogullary dünýä inipdir. Bular hem pederleri Baýram han, Begenjaly beg, Amanýaz serdar, Döwletalylar ýaly watanperwer, ilhalar adamlar bolupdyr. Oglanlaryñ içinde Begenç özüniñ şadyýanlygy, wäşiligi, gujurlylygy, çalasynlygy, ýiti pähimliligi bilen has tapawutlanypdyr. Özem biçak yrsgally adam bolupdyr. Ol ekin ekip, hasyl ýetişdirip, mal saklap, öz mekanynda iññän baý adamlaryñ biri bolan. Ýöne baýlygyny ilinden gysganmandyr. Ençeme eli ýukalar, garyp-gasarlar onuñ arkasyndan eklenipdir. Eli açyklygy, sahylygy, hatamtaýlygy, döwletliligi üçin onuñ adyny "yrsgal" lakamy bilen tutupdyrlar. Ýöne Begenç beg hernäçe sahawatly bolsa-da, baýlygyny ýele sowrup ýörmändir. Mätäçlere kömek etse-de edipdir welin, olara işläp, zähmet çekip eklenç etmegem öwredipdir, şoña şert hem döredip beripdir. Ogurlyk-jümürlik, eli egrilik onuñ gyr jyny eken. Bir gezek obada biriniñ sygry ogurlanýar. Bu Begenç yrsgalyñ gulagyna baryp ýetýär. Obasyndaky beýle zada namys eden Begenç beg gözläp-agtaryp, şol ogryny ahyry girisine salýar. Bular ýaly günä üçin tutulsañ begden elmaýyşlyga garaşmaly däldigini bilýän ogry dady-perýat edip, dyzyna çöküp, oña ýalbarýar: - Pohumy iýipdirin, beg aga. Gaýdyp şunuñ ýaly zadyñ gyrasynda görünmäýin. Galan ömrümi diñe päk zähmet bilen çekip geçireýin - diýýär. - Entek seniñ bu sözüñe ynanyp bolmaz. Hany, sen sygryñy ogurlanyñ mellegini bir aýlap depip ber. Soñ görübereris - diýip, Begenç beg ogrynyñ öñünde şert goýupdyr. - Hoş bolgaý, beg aga. Dogrudanam, ogry sygrynu ogurlap, çürkän adamsynyñ mellegini tegelek bir aýlap gün yrman ak ýürekden harsañ-harsañ agdaryp çykypdyr. Şondan soñ, indiki ýylyñ güýzünde ogry arkasy ýarty halta şalyly Begenç yrsgalyñ gapysyndan barypdyr. - Beg aga, meni tanadyñyzmy? Begenç yrsgal gülüpdir-de: - Seni ýene on ýyldan gözümi dañsalaram tanaryn. Ýeri, arkañdaky ýük näme? - diýipdir. Ogry Begenç yrsgalyñ öñünde şalyly haltasyny gütüledip goýupdyr-da: - Beg aga, siziñ maña beren şol jezañyz ömürlik sapak boldy. Şonda alyn derimi dökmegiñ nähili gowy zatdygyna göz ýetirdim. Şondan soñam ýer bejerip, yssa ýanyp, sowuga gaýzygyp, şaly hasylyny aldym. Beg aga, şondan size-de dadyraýyn diýdim - diýip, jogap beripdir. Begenç beg ogrynyñ düýbünden başga adam bolup gelendigini bilip: - Ýatlanyñ, sylanyñ üçin sag bol. Ýöne maña niýetlän şalyñy pylan garyba elt-de beräý. Men ene süýdünden beter razy - diýipdir. Ine, Begenç yrsgalyñ öz obasynda tertip-düzgüni saklaýşy şeýleräk eken. Ol öz watandaşlarynyñ çeýe, berk bedenlo kalby päk bolmagyny isläpdir. Aýratynam saly gowşak, garynlary ýap-ýasy, erni suwly, ejemogly ýaşlar onuñ gözüne gelmändir. Şonuñ üçinem Begenç beg ýaşlaryñ arasynda türgenleşik ýaryşlaryny geçiripdir. Üstün çykanlara-da öz baýlygyndan serpaý ýapypdyr. Begenç yrsgalyñ özi hem ylgamaga türgen eken. Ol bäş pagsalyk haýata merduwansyz-zatsyz ylgap münüp, yzyndan ýetip bilene bir iner baýrak berýän eken. Şeýdip ol watandaşlaryny sagdyn, duşmana gaýtawul berip bilýän gaýduwsyz esgerler edip ýetişdiripdir. Wagt geçýär. Döwürler üýtgeýär. Gyzyl imperiýanyñ türkmen topragyna aralaşmagy bilen Begenç beg ýaly Özbaşdaklygy, Garaşsyzlygy küýsän adamlaram şol imperiýanyñ gurbany bolýar. Olaryñ nesilleri hem stalinçilik repressiýanyñ kötegine duçar edilýär. Rejepmyrat DURDYÝEW, Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |