13:34 Amerikan ymmatçylygy | |
AMERIKAN YMMATÇYLYGY
Publisistika
Metbugat organlarynyñ biri tarapdan düşürilen bir wideoda 16 žurnalist "Iman edenler bir bedendir we bu bedeni bölmek isleýärler" diýip, "ymmat doganlygyny" öñe sürmek arkaly arap dünýäsine dostluk çagyryşyny etdi. Bu hereket mediýada gyzgyn çekişme döretdi. Meniñ ünsümi "Odatv"-niñ beren habary çekdi. Wideony taýýarlan metbugat organy geçmişde Fethullah Güleni öwüp, arşa çykarypdy. Ýok, men bu hereketiñ hukuk tarapy bilen gyzyklanamok. Merhum biolog, syýasat pelsepeçisi professor Teoman Duraly ýadyma düşdi! Ol "adatdan daşary" hasaplaýan iki şahsyýetiñ - Lenin bilen Gazalynyñ deñeşdiripdi. Sagçy hem däldi, ol töwerekleriñ öñe tutýan "türk-yslamçysydy". Şol metbugat organynyñ düýn FETÖ, şu gün arap ymmatsöýüjiligine jogaby professor Duraly berse gowy bolar... * * * Ýigrimi kitaby, halkara derejeli žurnallarda otuz sany ylmy makalasy çykan professor Duralynyñ "Wagt şeýle bir geçýär" (“Öyle Geçer ki Zaman”) atly kitaby bar. Alan sitatalarym şu kitapdan: "(Amerikan maksatnamasy) "Göş guşak" arkaly göz öñüne tutulan Sowet Russiýasy bilen onuñ doganlyk respublikalarynu musulmanlara gabatdyrmak. Maksat - Sowet Soýuzyny dargatmak. Erbakan "gök guşaga" garşy çykan adam. Kalby uçursyz arassa, halal, pähim-paýhasly adam bolansoñ, ol az wagtyñ içinde näme ediljek bolýanyny syzdy. Erbakandan peýda bolmajagyna düşünen ABŞ bet pyglyna mynasyp gören adamsyny - muhteris Fethullah Güleni nöker belledi... 1993-1994-nji ýyllardan başlap "milli musulmançylyk" bilen "gäwür musulmançylygy" çaknyşar ýaly ýagdaýa geldi, ýagny Fethullah bilen Erbakan… Erbakan musulmanlary birleşdirip, munuñ başyny türkleriñ çekmelidigine ynanýardy. Emma Türkiýeden başga ýerde ymmat pikirine meýil etjek musulman tapmady. Bu işe töweregimizden ne arap yanaşdy, ne pars. Päkistan kem-küm eden boldy. Erbakanyñ sahnadan çekilmegi bilen yslam bileleşigi pikirine-de zarba uruldy..." Iñ wawwaly ýerine geleliñ: * * * "Bizde musulmançylygy öte öñe tutýanlar türkçüligi bir gyra zyñýarlar. Muny Ibn Haldun adyndaky uniwersitetde görýärin. "Nämüçin bu ýokary okuw jaýynyñ ady Ibn Haldun?" diýip soranymda, "beýik musulman akyldary bolandygy üçin" diýdiler. Bolup biler, ýöne Faraby, Aly Guşçy, Ulugbeg, Alyşir Nowaýy, Ýusup Balasagunly, Ýunus Emre, Ahmet Jewdet paşa beýik musulman akyldarlary dälmi näme? Nämüçin şolaryñ ady dakylanok? Araplaryñ arasynda şu agzanlarymyñ ady ýokary okuw jaýlaryna dakanlar barmy? Ymmat söýgüsimiş. Bolýar, ymmay söýgüsi diýeli. Emma bizden başga musulman halklarda şol söýgini göremzog-a... Nähili erbet ýalñyşlyk. Musulmançylyga agram berip başlanyñyzda, türkçüligiñizi gözden salýarsyñyz, türkçüligiñizi massanyñ merkezi edeniñizde-de musulmançylykdan sowaşýarsyñyz. Aslyýetinde ikisi biri-birine eriş-argaç bolmasa bolmaýar. Meniñ pikirimçe, yslam bileleşiginiñ pikirini etmezden öñ türkleri syýasy taýdan bolmasa-da, dil we medeni taýdan bileleşdirmek gerek..." Geleliñ jemlemesine: * * * "Ata ojagyndan bäri jemagatlara, tarykatlara duşman boldum. Bulary hiç halamadym. Adamlaryñ arasyna agzalalyk salýandyklaryny gördüm. Taryhda ýurduñ dargan döwürlerinde, meselem, Osmanlynyñ Ýyldyrym Baýezitden soñ giren baş-başdaklyk döwründe peýdalary boldumy? Boldy, ýöne olam belli wagt üçin. Döwlet täzeden hemme zady ele alandan soñ tarykatlara ýol bermese gowy. Häzir ýene bu howp dowam edýär. FETÖ-na derek getirilen tarykatlaryñ häzirki wagt näme edýändigi belli däl. Elimizde ertir olaryñ FETÖ bolmajaklaryna kepil geçýän hiç zat ýok. Bulary musulmançylyga ters hasaplaýaryn. Musulmançylykda ruhany gatlagyñ arasynda Allanyñ adyndan gürlemek bolanok, bular bolsa agyzlaryna geleni diýip ýörler... Dini dünýä işlerine bulaşdyranyñyzda, iñ soñky gaçybatalgamyz bolan dini ýykýarsyñyz. Alla adamlaryñ çekişmelerine, oñşuksyzlyklaryna tema bolup bilmez. Jemgyýeti dolandyrmak üçin dini ulanyp bilmersiñiz..." On alty žurnalistimiz bu ýiti sözlere añ edip, haýsy hatarda durandyklaryna düşünerler diýip umyt edýärin! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |