15:15 Añ krizisi | |
AÑ KRIZISI
Maliýe we ykdysadyýet
Gýotäniñ aýdany: "Hiç kim azatdygyna ynanýan birinden has beter gul däldir". Ildeşlerimiz dollar alyp, dollar satyp, peýda gazanýandyryn öýdýär... Seret, jan ildeş, eliñdäki bäş-üç dollaryñ aslynda ýurduñda nähili weýrançylyklara ýol açýandygyny saña bir mysalyñ üstünden düşündirjek bolaýyn: ABŞ hökümeti pula zerurlyk duýanda (Rokfellerdir Rotçaýld ýaly dünýäniñ iñ baý adamlarynyñ şärikdeşligindäki) Merkezi banka (FED) ýüz tutýar. Aýdaly, "10 dollar" gerek diýenmiş. Global puluñ dolandyryş karargähi FED şeýle diýýär: "- Bolýar, karz bereli, ýöne sizden 10 dollarlyk döwlet obligasiýasyny talap edýäris." Amerikan hökümeti bir mukdar kagyzyñ ýüzüne resmi görnüşli belgili şekilleri çyzýar wee olary “gazna obligasiýasy” diýip atlandyrýar! Karz alan 10 dollarynyñ ýerine şol kagyzlary FED-e ugradýar. FED ýüzünde birtopar simwollar bolan kagyz parçalaryny çykaryp, "dollar" adyny beren banknotlaryny hökümetiñ gazna obligasiýalary bilen çalyşýar. Çalşyk tamamlananda amerikan hökümeti 10 dollara barabar banknotlary bankyñ hasabyna goýup, olary resmi güýjünde pul çeşmesine goşýar. Her gezek pula zerurlyk duýanda şu ýagdaýy gaýtalap durýarlar... (Ind-ä bu puluñ 97%-I diñe elekron gorda durýar!) Şuny-da aýdaýyn: ähli merkezi banklar ýaly FED hem çykarýan pullaryça altyn rezerwini kassasynda saklamaga mejburdy. Nebit krizisi, wýetnam urşy, ykdysady durgunlyk sebäpli kyn ýagdaýa düşensoñ, 1971-nji ýylda muña hajat galmady. Fransiýa başlyklaýyn Günbatar blogy boýna dakylma garşy çykmak islese-de, "Sowuk uruş" şertleri munuñ öñüne geçdi. ABŞ garşylygy bolmadyk dollaryny halkara rezerw pul birligine öwürdi! Gutarmady: • IKI DUZAK Bulaşdyrmazdan we irizmezden gürrüñimi dowam edeýin: 10 dollar iñ soñky gezek söwda bankynyñ hasabyndady... Bank kanunyñ talap edişi ýaly kassasyndaky depozitiñ 10%-ni rezerw olarak saklamaly bolýar, ýagny 1 dollaryny… Bank 9 dollaryny karz almakçy bolýanlar üçin kredit çeşmesi hökmünde ulanýar. Şu tapgyrda käbir rullar pyrlanýar, ýöne kelläñizi bulaşdyrmaýyn. ABŞ-nyñ ýok ýerden bar edip ýasan kagyzlarynyñ üstünden kredit bermek dolanşygy tehniki taýdan soñsuzlyga çenli dowam edip biler... Ýeri: Bank krediti nämäniñ garşylygynda berýär? Bul eýýäm başga bir hile - prosent... Gerek diýene berilen bilmedim näçe dollarlyk kredit prosenti bilen bilen banka öwrülip gelýär. Ýene bir aldawaç hem puluñ hümmeti bilen oýnalanda bolup geçýär. Munuñ üçin başga bir argumente zerurlyk duýulýar: Howadan ýasalan puluñ hümmeti nirden gelýär? Her ýasalan pul dolanşykdaky puluñ hümmetini ogurlaýar. (Meselem: 900 trillion dollarlyk ýasama puluñ diñe 70 trillion dollarlyk real garşylygy bar!) Häzir ABŞ pul howuzyny hasap-hesip etmezden dowamly dolduryp durýar. Şeýdibem, her bir dollaryñ satyn alma güýji pese düşýär. Ynha, şuña-da inflasiýa diýilýär. Aslynda, inflasiýa - halkyñ arkasyna ýüklenen gizlin salgyt… Göterim (prosent) - inflýasiýanyñ girdaby, serediñ, ýurtlary nädip gula öwürýän ekenler?.. Munça bolanna görä ýazaýyn: • ÜÇ HAKYNATUTMA GANHOR Diñe adamlar däl, ýurtlaram bergi batgalygyna iteklenýär. Ýurt bergisini üzüp bilmedik ýagdaýynda, ABŞ IMF-ni, Bütindünýä bankyny, Bütindünýä söwda guramasyny - ýagny, üç “modern süýthoruny” orta sokýar. Bu üç ykdysady ganhora berilen tabşyryk belli: " - Bir ýurdy bergä batyryp, bergisini üzüp bilmez ýaly ýagdaýa getirip, biziñ şertlerimizi we syýasatymyzy impozirläp, kolonial gula öwrüñ!" Muny ýygy-ýygydan şol ýurduñ milli walýutasyny (ýa-ha aldap, ýa-da garakçylyk bilen) dollaryñ öñünde güýçsüz ýagdaýa getirip edýärler: Dewalwasiýa! Bir ýurdy gula öwürmegiñ iki ýoly bar: biri ýarag bilen, beýlekisi bergi bilen! Milli walýutanyñ hümmetiniñ gaçan wagtynda, onuñ bilen ölçelýän ähli zadyñ gymmaty gaçýar. Mysal üçin: ýurduñ baýlyklaryny ujypsyz bahasyna ABŞ-nyñ peýdasyna ulanar ýaly edilýär. Baýlyklarymyza "el urmagy" ýa-ha "hususylaşdyrmalar" ýaly ykdysady perde bilen amala aşyrýarlar, ýa-da syýasy şertleri öñïmizde goýýarlar: "Kürdüstanyñ gurulmagyna göz ýumuñ" diýen ýaly... Berginiñ boýnuna dakan prosent-inflýasiýa halkasyndan ýaña çykgynsyz ýagdaýa düşürilen ýurtdaş özü-de bilmezden, ine, şu eksplutasion düzgüni goldaýar. Hawa: Garşylygy ýok gereginden artyk pul çykaryp çöküşlige bakan haýdaýan ABŞ-nyñ dollarynyñ yzyna düşen gadyrdanlar aslynda modern gul bolmagyñ ugrunda pelesañ kakýarlar we has-da gynandyryjysy ýurduny-da weýrançylyga uçradýarlar! Gynansak-da... Ýurdumyzda añ yza tesmesi (krizisi) bar! Ýogsam bolmasa: Watansöýüjilik - döwlet bazaryny goramak ahwetin! Soner ÝALÇYN. "SOZCÜ" gazeti, 23.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |