07:08 Ankara ýolunda | |
ANKARA ÝOLUNDA
Publisistika
Müýesser Ýyldyzyñ sud mejlisine gatnaşmak üçin Ankaranyñ ýoluna düşdük. Elimde-de kitaplar. Mediýa dünýäsinde kän bir tanalmaýan gallaw kişiler agyr jogapkärçilikleri ýük bilmezden göterip ýör... Bilal Ak hem şolaryñ biri... Bugün "Sözcü Kitabevi" diýilýän neşirýat bar bolsa, diñe şonuñ ýadawsyz tagallasy bilen bar boldy. Şol agyr işiniñ daşyndanam "Hakykatlary arhiw ýazar. "Sözcü" duzagy" (“Gerçekleri Arşiv Yazar/ Sözcü Kumpası”) kitabyny ýazyp, gazetimize garşy gurnalan oýny orta çykardy. Bilal Ak gijesini gündiz edip sizlere gymmatly kitaplary ýetirmäge jan edýär. Ol maña-da bir gujak kitap ugratdy. Hemişe diýen ýaly... ýaşan döwrüniñ janly şaýady bolan žurnalistleriñ anyk faktlar bilen ýazylan kitaplary ünsümi çekip geldi. Bu gezegem şeýle boldy. Ugradylan kitaplaryñ arasynda iki žurnalistiñ ýazan iki kitaby ünsümi çekdi: Birinjisi, hemmämiziñ halypasy žurnalist Ugur Dündaryñ ýazan "Ynan, gardaşym, biz üstün çykarys" (“İnan Kardeşim Kazanacağiz”) atly kitaby... Şobada okap çykdym, ýandepderçäme bellikler edişdirdim… Ikinjisi, Ysmaýyl Saýmazyñ "Öküzbank" (“Tosun Bank”) kitaby. Hem Ugur Dündaryñ, hem Ysmaýyl Saýmazyñ eýýamyñ we halkyñ ahy-nalasynyñ sesine öwrülen kitaplaryny elimden düşürmän okadym, maglumat hökmünde köp ýerde ulandym… “Öküzbank” kitabynda bile işleýänim üçin özümi bagtly duýýan iki halypa mugallymymyñ ady bar: Emin Çölaşan we Ugur Dündar. Ysmaýyl Saýmaz bu iki halypa žurnalistiniñ wagtynda taýýarlan habarlaryna salgylanýar. İne… žurnalisti ussatlyk mertebesine çykarýanam şudur - gözüni şahadan-pudakdan aýyrman, ýaşan döwrüne şaýatlyk etmek. “Öküzbank” kitabyny okanymda diñe Ysmaýyl Saýmaza hoşallyk bildirmedim, Emin Çölaşan we Ugur Dündaryñ žurnalistligine ýene bir gezek alkyş okadym... Bu iki žurnalist bolmazdan ýakyn taryhymyzy ýazmak mümkin däl... Müýesser Ýyldyzyñ başyna gelenleriñ sebäbi-de şudur - halky aýdyñlatan yşyk bolmak… ■ NARKOTIK ULANÝAN YMAM HATYPLY Italýan alymy, ýazyjy Umberto Ekonyñ adyny eşdensiñiz. Italiýanyñ hepdelik "Espresso" žurnalynda 1985-nji ýyldan başlap “Minerva” rubrikasyny ulanyp, çykyş etdi. (Bu ady bermeginiñ sebäbem, "Minerwa" atly kükürt gutularynyñ iç ýüzünde bellik galdyrmaga niýetlenen ak sahaplaryñ bolmagydy. Eko bu boş ýere alan gysga belliklerini makalalaşdyryp, žurnalda çap edýärdi.) Umberto Ekonyñ bu ýazgylaryndan saýlanyp "Akmaklykdan dälilige" (“Budalalıktan Deliliğe”) ady bilen türk dilinde-de neşir edildi... Onuñ 2007-nji ýylda çap edilen makalasynyñ ady şudy: "Haça çüýlenen öküzjikler" (“Çarmıha Gerilen Tosuncuklar”). Bu makala şol wagtyñ ykdysadyýet ministri Tommazo Padoa-Skýoppanyñ italýan ýaşlaryny beýleki Ýewropa bilen deñeşdirende öýden giç goş aýyrmalary, ykdysady durmuşa giç goşulyşýandygy sebäpli "öküzjikler" diýip tankyt etmegi başlan çekişmelerden söz açýardy... “Öküzjikler” düşünjesi italýan sagçylarynda we çepçilerinde uly gowur turuzdy. Ysmaýyl Saýmazyñ “Öküzbank” kitabyny okaýarkam bu çekişme kelläme geldi! Içimden “Gelsinler, biziñ öküzjigimizi görsünler!” diýdim. Ýagny... 1 milliard 100 million liralyk pul gemren "Çiftlik Bank"-yñ eýesi Mehmet Aýdynyñ lakamy “Tosunjyk!” ("Öküzjik"). Kitabyñ sahypalaryny warakladygyñyzça haýranyñyz hekgerer. Ol diñe gap-gaç ýuwujylyk edýän, rep sazy bilen gyzyklanýan ymamhatyply... Ol narkotik serişdesini ulanyjy süpük neşekeş... Ol "gezýän" gyzyny ýörite reýs bilen uçarda Urugwaýa äkiden adatdan daşary ogry... ("Gezýäni" uçarda arkaýyn çilim çekibilsin diýip 10 müñ dollary artykmaç töläpdi!) Gyrp-çyrp edip ogurlan ähli pulunyñ çeşmesi - gyrp-çyrp edip ogurlan 3 müñ 762 müñ ildeşimiziñ daban azaby... ■ “ÇÖLDE” HAÝKYRAN SESLER Emin Çölaşan… Ugur Dündar… Žurnalistlik kärine dowam edýärler, her dürli howp-hatary göze alyp, soñuna deñiç ýazmaga dowam edýärler. Ysmaýyl Saýmaz… Müýesser Ýyldyz… Şeýle-de, sud mejlisine giden Ankara ýolagçylygymyzyñ iki gymmatly şahsy: "Odatv"-niñ baş ýaýlym redaktory Baryş Pehliwan... "Sözcü" gazetiniñ metbugata gazandyran ezber žurnalisti Aýtunç Erkin… Aranoklar... ýadanoklar... Tutanýerlilik bilen hakykatlary halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirmek üçin jan edýärler. Käwagt makala ýazýarlar, käwagt habar. Käwagtam kitap ýazýarlar. Hemmesi-de “çölde” haýkyran ses… Emim Çölaşany zyndana atmaga çytraşýarlar... Ugur Dündara türme tussaglygy bilen haýbat atýarlar... Baryşy, Müýesseri ikinji gezek türmä dykýarlar... Aýtunjy, Ysmaýyly sosial mediýada linç etdirýärler, duzaklar gurmaga synanşylýar. A eýse netije? Näme etseler etsinler, hakyky žurnalistler ýazmaga dowam edýär. Nazym Hikmet bilen bilelikde haýkyrýarlar: “Biz - gadamyny taryhyñ akymyna uýduran, Binýatlary çöken imperializme zarba uran, Ertäni gurýanlardyrys. Şol diwar, Şol diwaryñyz Wiýtjik geler, bize wiýtjik!” Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |