02:51 Anna Frank bilen Hind Rejebiñ arasynda | |
ANNA FRANK BILEN HIND REJEBIÑ ARASYNDA
Publisistika
Ysraýyl çagalara garşy uruşda elmydama ýeñilýär Suratkeş bilen fotosuratçynyñ arasyndaky tapawut, fotosuratçynyñ haksyzlyga uçraýanlygy - kem göz bilen garalýanlygydyr. Hawa, birinjisine "sungat adamsy" ýa-da "senetkär", ikinjisine diñe "fotosuratçy" diýilýär. Birinjusu gymmatly çotga, ikinjisi zähmeti we reñkj bolmadyk apparat... Emma fotokameranyñ oýlanyp tapylan wagtyndan bäri köp adam bu apparatdan elde çekilen surata barabar, hatda elde çekilen suratdan has gymmatly sungat döretdi. Käbir pursatlar many-mazmundan doly kartinalara öwrülip, sungatyñ taryhyna girdi. Ýüzi şekillendirmek ýa-da "portret" ugrunda-da fotosuratçy suratkeşden öñe geçdi. Uinston Çerçilliñ düşürilen iñ esasy fotosuraty bilen meşhur bolan kanadaly ermeni Ýusup Karş munuñ iñ gowy mysallarynyñ biri. Ysraýylyñ Gaza bombalamalarynyñ yzyndan ýaralanan palestinaly çagalar / Fotosurat: Eşref Amra-AA Her gün Gaza degişli fotosuratlara (wideolara däl) seredenimde, suratdan has beter dramatiki sungat eserlerinden düzülen dünýä görýärin. Ýeke "pursatyñ" dowamynda çekilen ýüzler birnäçe günläp wideokameranyñ öñünde oturan ýüzlerden has agramly, ha manyly görünýär. Şol ýekeje "pursat" tragediýanyñ yzlaryny, taýýarlygy birbäçe aýa çeken we üstünde onlarça hünärmeniñ işlän kinofilminden has köp zady gürrüñ berýär. Ysraýylyñ Gaza hüjümlerinde öldürilen hossarlarynyñ ölülerini jaýlamak üçin "Refah"-daky "El Nejjar" hassahanasyndan alynmagyna garaşýan palestinalylar ýas tutýar / Fotosurat: Abed Rahim Khatib DPA Bu fotokartinalaryñ iñ "gorkunjy" çagalara degişli fotosuratlar: Kepenlenen enaýyja jesetler ýa-da araba salnyp, nirädir bir ýere alnyp barylýan naşyja bedenler... Halid Judeh 22-nji oktýabrda Gazadaky "Deir Al-Balah" hassahanasynyñ morgynda (jesethanasynda) körpe uýasy Miskyñ ýasyny tutýar / Fotosurat: Samar Abu Elouf-NYT-Redux Bu naşyjalar gidip barýarka astlarynda we üstlerinde göterip bilen sepilliginiñ alamatyny alyp barýarlar. Bürenjek we köne düşek ýaly... Ýassygyñ ýa münderiñ geregi ýok. Şonsuzam Netanýahunyñ döreden dowzahynda kim çirim edip bilýär? Gazaly aýal Han Ýunus şäherindäki hassahanada ysraýyl hüjümlerinde öldürilen ýakynlarynyñ jesetlerine gapynyñ añyrsyndan seredýär / Fotosurat: Muhammed Salem-Reuters Çagalarynyñ fotosuratlaryndan soñ eneleriñ fotosuraty bar. Bu neneñsi gahrymançylyk, bu neneñsi ynanylmaz çydamlylyk eý Gazanyñ eneleri! Biziñ otlukly sözden, elemden doly sahnadan bilimiz bükülýär, ruhumyz çökýär. Palestinaly aýal ysraýyl goşunynyñ Gazanyñ Refah şäherine eden hüjümleriniñ yzyndan perýat çekip aglaýar / Fotosurat: Muhammed Abed-AFP Wýetnam uruşynyñ iñ meşhur fotosuratyndan bäri elli ýyl geçdi. Dokuz ýaly Kim Fukyñ napalm bombalaryndan ýalañaç halda gaçyp barýarka düşürilen suratynyñ gürrüñini edýärin. 1972-nji ýylyñ 8-nji iýunynda Günorta Wýetnama degişli uçar tarapyndan napalm bombalary bilen urulan dokuz ýaşly gözi ýaşly Kim Fuk gaçyp barýarka / Fotosurat: Nick Ut-AP Bu sahna amerikan bombalaýjylaryny wýetkong urşujylaryndan has beter ýeñlişe uçratdy. Haýsy söz, haýsy şaýatlyk ýa-da dokument dünýäni, aýratynam amerikan jemgyýetçiligini şu fotosurat ýaly aýaga galdyryp biler?!. Ysraýylyñ Gaza bombalamalarynyñ yzyndan hüjümde ýaralanan palestinaly çaga harabalaryñ aşagyndan çykarylýar / Fotosurat: Ýaser Kudih-Reuters Gazanyñ fotosuratlary-da dünýä jemgyýetçiligini herekete geçirip, köçelere çykardy. 1948-nji ýyldan bäri jemgyýetçilik palestinalylaryñ ýanynda häzirkisi ýaly durmandy. Ysraýyl propogandasy hemişe artykmaç mümkinçilikli, kämahalam agyr basýardy. Emma Netanýahu amansyz duşmanlary tarapyndan daşy gabalan gurban rowaýatynyñ soñuna nokat goýdy. Anna Frankyñ uruş wagtynda ýöreden gündeligi ölüminiñ yzysüre çap edildi. Frank şonuñ üçinem "Holokostyñ" iñ tanalýan jebir çekenleriniñ biri / Fotosurat: Wikimedia Ikinji jahan uruşy soñlanan gününden bäri şu günki güne çenli jöhit lobbisi mümkin boldugyndan "holokost" kinofilmlerini çykardyp geldi. Amsterdamda nasistik hökümetiñ golastynda ýaşanda gündelik ýöreden gollandiýaly gyz Anna Frankyñ fotosuraty şindizem bütin dünýäde meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Palestinanyñ "Gyzyl ýarymaý" jemgyýeti üç sagatdan gowrak wagt, gelip özüni halas etmekleri üçin ýalbaran alty ýaşlyja gazaly gyzjagaz Hindiñ ses ýazgysyny köpçüligiñ dykgatyna ýetirdi. https://t.co/BpVGuYTbFR pic.twitter.com/gQwHyJq86k — Independent Turkish (@TurkishIndy) February 15, 2024 Anna Frankyñ kyssasyny ölmezden öñ jesetleriñ arasynda 12 gününi geçiren gazaly çaga Hind Rejebiñ başdan geçirenleri bilen deñeşdirip bilerismi? Ysraýyl çagalara garşy uruşda elmydama ýeñilýär. Muhammet ed-Durre, Hind Rejep we armanly giden atsyz-familiýasyz müñlerçe kepen ysraýyl güllelerini we bombalaryny ýeñlişe uçradýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 24.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |