11:57 Añzakda açylan gül | |
AÑZAKDA AÇYLAN GÜL
Edebiýaty öwreniş
Şahyra Annasoltan Kekilowa Köşi obasynda doguldy, önüp-ösdi. Türkmen döwlet uniwesitetini tamamlady. Şol ýyllar hem poeziýa meýdanyna geldi. "Gara saçlarym" (1968), "Zenanlar" (1971) atly goşgular ýygyndylary dünýä indi. Ömrüniñ soñky ýyllaryny dälihanada oturyp geçirdi. 1983-nji ýylda hem şol ýerde aradan çykdy. Şahyr gyzyñ bize belli, şol bir wagtyñ özünde näbelli bolup galýan çylşyrymly ykbaly hakynda, onuñ bize galdyryp giden edebi mirasy - poeziýasy barada häli-häzire çenli dymylyp gelindi. Biziñ elimizde Annasoltan Kekilowanyñ atlary agzalan iki kitaby bar. Bu ýygyndylara jemlenen goşgular gürrüñ etmäge mynasyp. Ilki bilen Annasoltanyñ liriki gahrymany hakda. Şahyr gyzyñ liriki gahrymanynyn her bir zatda öz ýodasy, öz ýörelgesi bar. Onuñ kalbynda berk ynam, hiç haçan synmajak batyrgaýlyk ýaşaýar. Eger-de men boljak bolsa duşmanym, Aždarha dek belent bolsun dünýäde. Kül üstünde oturandan bimaza, Gowydyr özüñi oklanyñ oda. Heý, göreşsiz ýaşalan ömrüñ manysy bolup bilermi? Liriki gahryman göreş bolup ýaşaýar. Onuñ her ädimi kynçylyklardan, garşylyklardab doly. Ýöne ol müzzerilmeýär. Gaýta göreşde taplanýar. Göýä bir gyş güni açylan gül dek, Añzak bilen göreş etdim, Açyldym. Dogurdan-da Annasoltan Kekilowanyñ liriki gahrymany ilkinji nobatda göreşiji, uly şahsyýet hökmünde ýadyñda galýar. Men şu ýerde onuñ "Gargalar" atly goşgusynyñ üstünde aýratyn durup geçmekçi. Bu goşgy onuñ şygyrlarynyñ içinde iñ naýbaşylarynyñ biri. Asmanda çaknyşyp sowuk bulutlar, Güýçli ýel sygyryp, gar köwsarlaýar. Meñ kalbymda bolsa uçgun tutaşyp, Ýanyp duran küre ýaly lowlaýar. Azaşýan ýol tapman doñak tokaýda, Dodaklarym kepäp, Ýalaýan gary, Ýüregim gananok, Ýene men teşne, Gaýyp ýör depämde gara gargalar, Soraýan olardan: - Nirede çeşme? Bu setirlerden görnüşi ýaly, liriki gahryman azaşýar, çeşmä barmaga ýol agtarýar. Oña ýol salgy berýänem gara gargalar. Okyjylara gara gargalaryñ obrazy düşnüklidir. Gargalar gyza öz dillerinde bir zat diýýärler. Gyzyñ göwnüne bolmasa olar, "Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok" diýýäne çalym edýär. Emma ol umytdan düşmeýär. Gargalar tokaýdan, Ugradyñ meni - diýip, özüni ýola salmagy haýyş edip gargalara ýüzlenýär. Her niçik-de bolsa, gyzyñ garaşany çykmaýar. Ýöne şonda-da liriki gahryman: Ol gargalar meni Görýänem däldir - diýip gargalary günäkärlemeýär. Gaýta ol: Ýöne henizlerem ýatlap gynanýan, Düşünemok gargalaryñ diline - diýip, hemme zady öz üstüne alýar, gargalaryñ diline düşünmeýändigi üçin öz-özüni günäkärleýär we seniñ öñüñde bir gez beýgelýär. Bu ýerde liriki gahryman öz çuññur garaýşy, pikirlenmeleri, adamkärçiligi bilen uzak wagtlap ýadyñda galýar. Gürrüñimiziñ gönüden-göni Annasoltanyñ poeziýasyna syrygandygy üçin onuñ ynsan we tebigat hakdaky oý-pikirleri babatda hem durman geçmek nädogry bolardy. Şahyryñ liriki gahrymanyny hemişe adamlaryñ birek-biregiñ ykbalyna bolan biparhlygy ynjalyksyzlandyrýar. Adam gussa çekýär, daralýar dünýä, Bulutlañ içinde Aý tutýar ýasy. Bu setirlerde ilki bilen adam gussasyna tebigatyñ biparh däldigi hakyndaky gürrüñlere ünsi çekýär. Dogurdanam "pylanyñ ýogalan güni uzakly gün tupan turdy" diýen ýaly jümleler il arasynda eşidilýär. Ýöne Annasoltanyñ liriki gahrymany bu babatda başgaça pikir öwürýär. Adam aglamasa adam derdine, Tebigat biz üçin çekermi gamy? Şu ýerde Annasoltan Kekilowanyñ şahyrana ussatlygy hakda aýratyn durup geçmek zerurmyka diýýäris. Şahyr ol ýa-da beýleki zady her taraply seljermegi başarýar, näme hakda ýazýandygyna garamazdan, çuññur pikirlenýär, şahyrana oýlanmalary bilen seni özüne bendi edýär. Biz tutuş ýyllaryñ dowamynda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan näbelli esgerlere ýadygärlik dikip, olaryñ öñünde baş egip geldik. Bu gowy zat. Ýöne Annasoltan: Nesilleñ aýdymyn, ädimin diñläp, Olar üçin baky ýatmak gylykdyr. Näbelli mazarlañ barlygy bolsa, Diriler siz üçin masgaraçylykdyr - diýýär welin, öz-özüñden uýalanyñy duýman galýarsyñ. Annasoltanda güýçli şahyrana duýgurlyk bar. Şu ýerde ýekeje tymsal aýdasym gelýär. Bir masgarabaz şowsuzlyga uçraýar. Şol günem halkyñ öñünde çykyşy bar. Masgarabaz il adamsy. Ol öz gussasyny unudyp halkyñ göwnüni götermeli. Masgarabaz çykyş edende muny başarýaram. Tomaşaçylar onuñ her bir eden hereketine erinlerini gulaklaryna ýetirip gülýärler. Emma şol ýerde Annasoltan oturan bolsa, masgarabazyñ gözlerindäki gam-gussany bada-bat syzardy, onuñ içki dünýäsini susup alardy. Diñe şeýle ýürekden: Biziñ gapymyzdan daglar görünýär, Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar - diýen setirler çykyp biler. Onuñ söýgülisini wasp edişi hem illeriñkä meñzemeýär. Köp şahyrlarda liriki gahrymanyñ ýaryna bolan söýgüsi bu dünýä, ýaşaýşa ruhlandyrýan bolsa, Annasoltanyñ liriki gahrymany tersine, bu dünýädäki zatlara bolan söýgüsi bilen ýaryna ýakynlaşýar. Señ ýanyñdan çykyp gaýtdym hoşlaşyp, Syzyp duşuşygyñ süýji lezzetin. Şol gün señ mähriñe gark etdi meni, Bu giñ dünýä, Giden umman - Gözýetim. Annasoltan Kekilowanyñ goşgulary obrazlyga juda baý. Bu bolsa onuñ poeziýasyna aýratyn öwüşgin berýär. Ýa sen her gün säher oýanan wagtyñ, Penjiräñden örýänmi men gün bolup. Aýak yzlaryny ýelden goraýar, Patrak dek açylan erkin almalar. Ýyllar gaýyp bolup geçip gitse-de, Kökünde saklajak adyñy olar. ...Älemi küýseýän giñ gujagymda, Ýanyp duran ýyldyz bolup dog oglan. Annasoltan tirkeş meñzetmeleri getirip, ony inçelik bilen goşgularda ulanyp bilipdir. Bir jahyl ýigit dek, ene topragym. Gyzgyn gujagyna göterýär meni. Üns beriñ, toprak bu ýerde gyzy hem ene bolup, hem jahyl ýigit bolup gujagyna göterýär. Biz ýokarda A.Kekilowanyñ liriki gahrymanynyñ göreşiji hökmünde ýatda galýandygyny aýdypdyk. Ýöne şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek, ol hem liriki gahrymanyñ düýp maksadynyñ aýdyñ bolmazlygy. Ol öz maksadynyñ nähilidigine, göwnüniñ näme isleýändigine düşünmän ejir çekýär. Elbetde, onuñ hiç hili maksady ýok diýip aýtmak nädogry bolardy. Diñe hol öñümde garantga deýin, Hemra bolup barýar ýalñyz maksadym. Bu setirlerden görnüşi ýaly, onuñ maksady hemra bolup hol öñden barýar. Diýmek, liriki gahrymanda nähilidir bir maksat bar. Ýöne ol "garantga" ýaly alasarmyk. Başga bir setirlerde liriki gahryman muny has-da açyk aýdýar. Bar zat öñde - Salgymlaryñ içinde, Gara daglar deýin ýatyr garalyp... Şeýle hem liriji gahrymanyñ kalbynda adaja gussa, nähilidir bir göwnüçökgünlik hem mese-mälim görünýär. Ol gün ýel ösdümi ýa-da gar ýagdy, Kim maña at goýdy, kim pata berdi. Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä, Bilmen, haýsy ene meni dogurdy... Kesek bolsa çar tarapdan ýagyp dur, Ýa-da bular görünýärmi gözüme? Giñ dünýäde nägile sen bar zatdan, Bir hossarsyz naçar köçede galan. Soñ men öldürildim... ...Ölüp ýaşadym. Ýöne bu setirlere liriki gahrymanyñ ejizligi diýip düşünmek nädogry bolardy. Şeýle gapma-garşylykly pikirleriñ döremegi tebigy zat. Ýöne göwnüçökgünligiñ nämelere eltip biljekdigine ol oñat düşünýär. Niçik bolar şemal ýaly, Çara tarapa öwsüp dursam? Ýan bermeli bolar onda, Garşymda gaý, tupan görsem. Ol öz-özi bilen göreşýär we ahyrky netijede öz ynamyna hemişelik wepaly bolup galýar. Dönmerin öz pikirimden, Atsalar-da ýanýan oda. Wyždan kemsidilýän şeýle mekanda - diýip, dogruçyl ýaşamagyñ agyr bolan durgunlyk döwründe mertlik bilen orta çykýar. Biz şol ýyllaryñ ýetiren zyýany barada, bu gün diñe başymyzy ýaýkap gürrüñ edýäris. Ýöne okyjylar liriki gahrymanyñ bu jümlelerini onuñ öz mekanyna bolan ýigrenji diýip kabul etmeli däldir. Bu ýigrenç ynsanyñ wyždanyny kemsidip şol mekanda ýaşap ýören betpygyl adamlara gönükdirilendir. Liriki gahrymanyñ öz mekanyna, ýurduna bolan söýgüsi diýseñ çäksiz, belent. Maýsa kösüklände gülli sährada, Günden sorasynlar meniñ derdimi. Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy. Biz Annasoltan Kekilowanyñ poeziýasynyñ diñe käbir taraplary hakynda durup geçdik. Ýöne şahyryñ ömri, döredijiligi içgin öwrenilmegi talap edýär. Geçen ýyllaryñ dowamynda biz onuñ adyny bütinleý diýen ýaly ýatdan çykardyk. 1988-nji ýylyñ mart aýynda SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ çykyşyndan mysal getirip, öz sözümizi tamamlamakçy. Biz Annasoltan Kekilowanyñ "...ykbaly bilen gyzyklanmaga doly mümkinçilik tapmalydyrys we şahyr gyzyñ adyny gaýtadan dikeltmäge borçludyrys". # "Edebiýat we sungat" gazeti, 09.06.1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||