16:09 Añzakly tomus: Badalga -18: Gala ot içinde / soñy | |
Yzly-yzyna edilýän hüjümlerden, esasy güýjüň bolsa bütin front boýunça yza çekilip barşyndan howpurgan goşunbaşlygy çep ganatdaky toplaryň üstüne hüjüme geçen türkmenleriň garşysyna dragunlaryň täze toparyny iberdi. Raketa batereýasyna-da raketalaryny goýup, şolara goşulmaklygy buýurdy.
Taryhy proza
Türkmen ýigitlerine garanda sanlarynyň azdygyna garamazdan, at üstünde bek oturan dragunlar öňe tarap örän batyrgaýlyk bilen topuldylar. Atlaryny ýüzün salyp baryşlaryna ýigitleriň arasyna kürsäp girdiler. Ýöne, bular ýaly, «garjaşma» gezek gelende özlerini edil, öýlerinde ýaly arkaýyn duýýan türkmen ýigitleri olary egri gylyçlary, şeýle hem käbiriniň ujy gaňyrçakly, käbiriniňki göni çişli naýzalary bilen atdan agdarmaga, ýeke-ýeke sançmaga başladylar. Dragunlardan biri örän erjel söweşdi. Onuň ýigitleri bir ujundan gyra-ýapa tutup barýanyny gören Garly gaýşak atyny debsiläp oňa golaý bardy. Çat maňlaýyna geçdi. Batyr dragun onuň ýüz-keşbine geň galýan ýaly çalaja ýylgyrdy. Onuň özüni başa-baş söweşe çagyrýandygyny aňandanam üzeňňä galaga-da, gylyjyny aýlap saldy. Dogabitdi çaşylygy zerarly islendik zada tüňňi burnunyň üstünden gyýalap garaýan hem bolsa Garly gaýşak söweş hünärlerini hiç kimden kem bilenok. Batyrlykda, edermenlikde hiç kimden kem oturanok. Ol häzirem eýmenmän dragunyň uran urgusyny özünden sowdy. Soň özi gylyç saldy. Emma dragun ondan ökde çykdy. Ol bir tär bilen çalasyn hereket etdi-de, gylyjy bilen Garly gaýşagyň ýüzüni edil etden et kesen ýaly sylyp aldy-da, bir gapdala üzüp taşlady. Kellesi ýüzsüz galan göwre at üstünde oturybilmedi. Elindäki gylyjyny birki ýola eýläk-beýläk ülňedi-de, usullyk bilen arkanlygyna gaýtdy, atyň syrty üzre syrylyp aşak düşdi. Ahalyň iň bir gany gyzgyn batyr ýigitleriniň biri bolan Garly gaýşak üçin Gökdepe söweşi tamam boldy. Batyr draguny atdan agdarjak bolup beýleki ýigitlerem gaty kän dyrjaşdylar. Emma edibilen zatlary bolmady. Ol öz üstüne edilýän hüjümlerden her gezek ökdelik bilen sowuldy. Gylyjyny ussatlyk bilen işletdi. Dragunlaryň başga biri kellesiniň gyzgynyna türkmenleriň has gür ýerine aralaşdy. Ýüzüniň ugruna bir ýigidiň gylyçly goluny kesip taşlady, biriniň yzyndan ýetip gylyjynyň ujuny iki kebzesiniň ortarasyndan sokdy, ýene biriniň çüwdesini deşdi, gapyrgalaryny döwdi, başga biriniňem kellesini kesdi-de, ýere gaçmanka garbap aldy we eli gany sarkyp duran gara kelleli sag-aman yzyna dolanyp bardy. Ýöne, üstünlik entegem türkmenleriň tarapyndady. Soldatlat ädimme-ädim yza süýşýärdiler. Egerde raketaçylar batereýasynyň urşujylary gelip ýetişmedik bolsadylar, onda dragunlaryň birem aman sypmazdy. Emma, gapdaldan gelen raketaçylaryň çalt hem uzaga atýan tüpeňlerinden çykýan oklar türkmen ýigitlerini sansyz ýitgilere sezewar etdi. Şondan soň ýagdaýyň büs-bütin başga tarapa öwrülmegine sebäp bolan esasy zadam, türkmenleriň üstünlik gazanan ýerlerinde ölen we ýaralanan soldatlaryň tüpeňlerini, oklaryny, göze ýaramly beýleki zatlaryny almaklyga güýmenip giň meýdana ýaýramaklary, arkaýynlaşmaklary, şonuň netijesinde bütewi bir güýç bolup hereket etmek ukyplaryny ýitirmekleri boldy. Mundan ors goşunynyň tejribeli komandirleri ussatlyk bilen peýdalandylar. Goşunyň ähli ganatlaryna garşylyklaýyn hüjüme geçmek barada buýruk berdiler. Rezerwdäki goşunlaryň iň soňkusyna çenli sürdüler. Netijede, türkmenler ýaňy bir aňyrsy görnüp ugran ýeňişli ýoly taşlap, gala çekilmek bilen boldular. Tüýs, Görogly begiň: «Dünýäň agyp dönmesi bir pursatlykdyr» diýeni boldy. Ýap-ýaňyja-da duşmanyň söbügini sydyrdyp gelýän türkmenler indi ýeňse berip gaçyp barýarlar, ýap-ýaňy tüwdürilip gaçyp barýan soldatlar bolsa indi türkmenleri öňlerine salyp kowalap barýarlar. Ýöne, «garjaşma» ýol bermezlik üçin, aralygy saklaýarlar, türkmenler dursalar durýarlar, gaçsalar yzlarysüre gala girmek üçin kowgyny dowam etdirýärler, üstlerine topuljak bolsalaram edil çabga ýagan deý gür oka tutup, derhal yzlaryna dolanmaga mejbur edýärdiler. Ine-de olar sözanda-guýruk bolşup gala golaýladylar. Ýigitleriň ýüz-gözlerini eňşedişip, duşmany yzlaryna tirkäp gelişlerini görmeklik, söweşi galanyň daş ýüzünden synlap duranlar üçinem galanyň içinde, derwezäniň iç ýüzünde dykyn alşyp duranlar üçinem kyýamat bilen ýüzbe-ýüz durmakdan enaýy bolmady. Ýagdaý şol gidişine gitse, ýene-de sanluja minutdan öňürt-ä ýigitler yzlary bilenem gylyçlaryny bulaýlaşyp, tüpeňlerini çoçjaşdyşyp gelýän soldatlar gala kürsäp girmelidiler. Bu hyýaly surat içindäki, köpüsi aýal-ebtatlardan,çagalardan, garrylardan ybarat mähelläniň ählisiniň aňynda, bir wagtyň özünde janlanan bolsa gerek, olar edil öňden dilleşip goýan ýaly bir ýere toplandylar-da, ullakan janly akyma öwrülip derwezäniň agzyna tarap yňdylar. Oňa çenlem ýigitleriň öň hatary ala-tozan turzup galanyň derwezesine golaýlaşdylar. Aýallaryň gykylygy asmana göterildi. ─ Waý, utançsyz bihaýalar! Nirä süssenekleşip gelýäňiz? ─ Haý, namartlar diýsänim!. ─ Waý, bigaýratlar!. ─ Näme, biziň etegimize bukuljak bolýaňyzmy? ─ Şolara ýal etjek bolsaňyz bizi bu ýere ýygnap nätjekdiňiz? Özi ýaly bäş-üç ýaşuly bilen Diňlidepe tarapdan ýegdenekläp gelýän Gönübek sazanda hem galanyň içinde yzanda-çuwan bolşup ýören aýal-gyzlara, gojalara garap: ─ Adamlar! Zenanlar! Allany çagyryp, barymyz bilelikde gerçeklerimiziň öňünden çykalyň! Olara kömek edeliň! Duşmany gala goýbermäliň! Ýa, Alla!.. Ýa Perwerdigär-ä!.. – diýip, gyryljak sesiniň ýetdigine görä gygyrdy-da, galanyň günbatar derwezesine tarap ylgaşlap ugrady. Galanyň bir ýerinde gyrmyldy bar bolsa şol tarapa eňdi. Soňabaka olara çagalaram goşuldylar. Ak öýüň kölegesinde, agyr halda ýatan atasyna bolup geçýän ähli wakalary birin-birin gürrüň berip oturan Enehakyda hem köpçüligiň derwezä tarap yňanyny görüp, «zöwwe» ýerinden galdy. Atasyny bimaza etmezlik üçin: ─ Ata, men häzir gelýän – diýdi-de, işiklerinde gazylan tümden çykan yzgar guma sanjylgy laý kepjäni garbap alyp, gojalardyr-aýallaryň barýan tarapyna ýöneldi. Ürken keýikler kimin bir çetde üşerilişip, näme etjeklerini bilmän duran, elleri synnydyr-keserli gyzlaryň deňine barandanam azajyk sägindi-de: ─ Ýörüň, gyzlar, şolaryň eline düşenimizden-ä ölenimizem gowudyr – diýdi. Gyzlar seslerini çykarman onuň yzyna düşdüler. Çar tarapdan derwezä tarap yňyşyp gelýänleriň barysy birigip ägirt uly tolkuna öwrüldiler we öňdenem derwezäniň agzyny alyp duran aýal-gyzlara, gojalara goşuldylar. Gaçyp gelýän ýigitleriň biri öňündäkileriň üstaşyry olara gygyrdy. –Aýrylyň! Gaçyň! Aňryk gaçyň! Aňyrlygyna gidiň!.. Ýene birem: –Siz nirä sokjarylyşyp gelýäňiz? Ýa ajalyňyza howlugýaňyzmyy-y!. – diýip, gygyrdy. Başga-da ýumulyp-açylan agyz köp boldy, ýöne suwsapdyrlarmy, nämemi, köpüsiniň sesi içinden çykmady. Mähelle welin saklanmady. Saklanmadam, saklatmadam. Gaýtam köpçüligiň içinden bir aýal maşgala gyňajyny başyndan sypyryp aldy-da, dyzaşyp gelýän ýigitlere tarap zyňdy. –Haý, bisyratlar! Nirä gaçýaňyz? Alyň, ondan-a meň gyňajymy başyňyza oraýyň! Geliň, biziň arkamyzda bukulaýyň! Aýuw, gelinler, beriň şulara gyňajyňyzy, goý, orslardan ýaşynsynlar! Edil şol wagt gelip ýeten Gönübek sazandanyňam gyryljak sesi eşidildi. ─ Duruň! Duruň diýýän men size! Ol ýerde siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz, ata-enelerimiňiz bar ahyry! Olary duşmana berip ýaşaljak ömür siziň nämäňize gerek!. – Ýigitler welin onuň bu sözüne batlarynam gowşatmadylar. Şondan soň garry sazanda olary ýeke-ýekeden, eli bilen tutup saklajak boldy. – Aý, köşekler! Beýtmäň! Gaçmaň! Duşmany gala goýberiň! Ýigitleriň yz ýany bilen soldatlaryňam «güpürdeşip» gala girenini gören Gönübek bu ýagdaýy doly ýeňliş hökmünde kabul etdi. Bu güni türkmençiligiň iň soňky güni, bar zadyň gutardygy, ýurduň elden gitdigi hasap etdi. «Ah» çekip aşak çökdi. Şol erewde-berewligiň arasynda iki dyzynam ýere urup, maňlaýyna ýumruklady, içegeleri «şarta-şarta» ýolnup, ýüregi çat açan ýaly içinde elhenç bir agyry peýda boldy. Ysgyny gaçdy. Damagy gurady. Şol oturşyna-da henizem galanyň içine girjek bolup dyzaýan ýigitlere garap bir zatlar diýjek boldy. Emma indi dili diýen etmedi. Içinden: «Häý, türkmen bagtyň ýatdy» diýmäne welin ýetişdi. Gözleriniň öňünde bolsa namyslaryny basgylamak üçin türkmen gyzlaryny, gelinlerini kowalaşyp ýören soldatlaryň bihaýa keşpleri peýda boldy. Hakydanyň ýiterinden howpurgady. Dutary aýak astynda, kirişsiz, gulaksyz, iň ýamanam sessiz, owazsyz göründi. Hemişe at üstünde boýunlary dik, başlaryny belent tutup oturýan ýigitleriň gollary bukawly aýaklary gandally, boýunlary kündeli, eginleri gysyk göründi. Ol çök düşüp oturşyna dyzanaklap kybla öwrüldi. Gyssagara teýim etdi. «Ýa Alla! Ýa, Hudaý! Şu boljak masgaraçylyklary maňa bir görkezme! Amanadyňy al!..» diýip, pyşyrdady. Gözlerinden paýrap çykan ýaşyny gum bolan aýasy bilen süpürip, maňlaýyny ýere goýdy. Şol goýuşam goýşy boldy. Gaýdyp galmady. Dilegi kabul boldy. Amanat eýesine gowuşdy. Gören düýşi oraşan geldi. Enehakydanyň ýorgudy çyn bolup çykdy. Ýöne, onuň bu düşen ahwalatyny hiç kim aňmady. Çünki, ol wagt gana bulaşyp ýatan jeset, ýaradar adam bir ýa iki däl. Geňem däl. Ol bir häki, bolaýmaly bir zat ýaly. Ýöne, Gönübek azajyk howlukdy. Duşmanyn bir ujy derwezeden girenem bolsa, gala giribilmedi. Daş-töwerege ýaýrap-ýaýramanka, derwezäniň öňünde ýaý berip duran mähelle olaryň daşyna halkalaýyn aýlandy-da, derrewem gysyp başlady. Galanyň dumly-duşundan sap-sap bolup gelýänleriň hasabyna halka has galňady. Arka atdy. Duşmany ýigitler bilen bilelikde yza tarap leňňerledip ugrady. Mahlasy, mähelleden ýaňa indi gala girere maý galmady. Giden bir meýdan zynç. Edil, tikeç urlan ýaly. Tüýs, «alma atsaň ýere düşjek däl», diýleni. Gaçyp gelýän ýigitler bilen kowup gelýän soldatlar soňabaka şeýle bir garjaşdylar welin, gol boýna salşyp, biri-birleriniň ýüzlerine jüýjürilişip durlar. Uruşmakdan geçen aýrylyşybilmän heläk. Mähelle bolsa gysyp alyp barýar. Ümzügem daşaryk. Ahyram olaryň yhlasy ýerine düşdi. Soldatlaryň arka tarapy ýukalyp başlady. Diýmek, gaçha-gaçlyk başlandy. Yzky hatary gowşan soldat öwrülip gaçmak bilen boldy. Köpçülik bolsa henizem olary özüniňkiler bilen bilelikde gysyp gidip otyr. Topsuz, tüpeňsiz, diňe gara güýjüňe bagly bolan tutluşykda her biri telim duşmana taý gelibilýän, ozalam ölümden däl-de, okdan gaçyp, tutluşman ölmäni özlerine namys bilip gelýän türkmen ýigitleri başlaryndan agyr masgaraçylygyň sowlandygyna müňde bir şükür edip, täzeden döwüşe girdiler. Ellerinde hiç zady bolmadyklaram penjelerini ýaýyp çagyrylmadyk duşmanlaryň üstlerine topuldylar, hekirtmeklerinden, ýapyşdylar. Dünýe ýene-de bir gezek agyp döndi. Pelek ýene-de bir gezek eýlesine aýlandy. Bar zat ýene-de çepbesine çöwrüldi. Bir dem mundan öňem Ahalyň buýsançly galasyna girmekligi höwesläp, ýigitleriň derçiräp duran ýasy ýeňselerinden höwes bilen çüýleşip gelýän soldatlar şu günüň içinde indi ikinji gezek yzlaryna gaçdylar. Häliden bäri ýeňselerinde ýaňlanyp, ýigitleriň bizar-peteňini çykaran «Ur-ra-a...» sesleri indi düýbünden ýatdy-da, diňe: «Alla-a!.. «Alla-a!.. diýýän sesler eşidildi. Oňa çenli öz saplaryndaky duşmanlary yza serpikdiren Orazmämmet han, Gulbatyr serdar, Hanmämmet atalak dagam at segredip ýetip geldiler. Olar bilen bile gelen ýigitlerler bolsa, gaçyp barýan duşmanyň gapdalyndan hüjüm etdiler. Orazmämmet han eýeriň üstünde oturan ýerinden gylyjyny bulaýlap: –Uruň, ýigitler! Alla bizdendir! – diýip, ýigitleri urşa ruhlandyrdy. Aýal-ebtatlara, çagalara, garrylara yza dolanmagy, gala girmekligi buýurdy. Garrylar ýerine ýetirselerem onuň o diýenine hut öz göreldeleriniň netijesinde ýüz beren ýeňşiň höwesinden ruhlanan ýaş gelinler, gyzlar, aýallar gulak asmadylar. Asla asmagam islemediler. Olar indi özleriniňem ýigitler bilen bir hatarda durup urşup biljekdiklerini, ýeňşe-de şolar bilen deň-derejede öz goşantlaryny goşup biljekdiklerini bildiler. Şonuň üçinem, gulak asmag-a däl, gaýtam şol buýrugy berendigi, «Gyzlar, gelinler! Gaýrat ediň! Sizem biziň bir golumyzsyňyz! Uruň duşmanlary tä, ýurtdan çykyp gidýänçäler!» diýmändigi üçin Orazmämmet handan gaty gördüler. Edil şol wagtam diwaryň üstünde Gurbanmyrat işan peýda boldy we batly ses bilen Kuran okamaga durdy. Soň oňa Kerimberdi işanam goşuldy. Howwa, üstünlik şeýdip ýene-de türkmenleriň tarapyna geçdi. Urşuň hereketem, söweşiň ugram, manysam üýtgemedi. Soldatlar bu gezek öňküleri ýaly gaça uruşam etmediler-de, duran tutular, gaçan gutular» edip, sözanda-guýruk bolşup gaçdylar. Çepekli aýagy gan-gabarçak bolan Aleksandr Iwaşow hem şol gaçýanlaryň arasynda. O-da ýoldaşlary ýaly şu ýoly indi şu günüň içinde ikinji gezek geçýär. Hudaý halap ol heniize çenli hatda gyltyzragam ýaralanmady. Ýöne, özüniň atyp öldüreni, ýaralany näçe, o-da belli däl. Dagy näme? Bir mäşäni gysyp goýbereňsoň baryp kime degdi, kimi ýaralady, ol ok gelip saňa hasabat berenok. Nyşana bolsa ýer gurtlan ýaly. Atyp bilseň sowa geçjek gümany ýok. Galanyň içinde we daşynda münder-münder bolup ýatan maslyklar muňa şaýat. Iwaşowam tekeleri öldürmäge döwtalap bolmasa-da, tüpeňini asmana-ha ataýanok. Oňa onuň hakam ýok. sebäbi ol soldat. Ak patyşanyň hemişelik hereket edýän goşunynyň hatardaky esgeri. Ol buýruga boýun bolaýmaly. Buýrugy ýerine ýetiräýmeli. Ýukaýüreklilige bolsa uruşda rugsat berilmeýär, ýukaýürekliler halanmaýar. Üstesine bu wagt onuň ýoldaky ýaly pikir öwürmäge, ölçerip dökmäge wagtam ýok. Galyberse-de maňlaýyňa tüpeň çenäp duran ýa gylyjyny depäýden inderip gelýän adama: «Dur, gardaş, düşünişeli şular bilen gelenem bolsam meniň niýetim erbet däl», diýip bolanok. Diýäýeniňde-de diňlenmejekdigi görnüp dur. Asla ol akly ýerindäki adamyň şol ýagdaýda aýtjak sözem däl. O wagt her kim öz janyny gutarmaly. Komandir tarapyndan: «Ine, duşman şu, şuny ýok etmeli», diýlip buýruk berildimi ataýmaly. Öldüraýmeli. Şony etmeseň sen gorkak. Dönük! Satlyk! Ýedi puştuňa çenli ysnat getiren adam. Onda seni özüňkileriň tama söýäp ataýmaklaram, harby tribunala tabşyraýmaklaram mümkin. Ýykylyp-sürşüp, kä ýerde omadaklap barýan Iwaşow ed-dil çüwdesine degen güýçli urgudan ýaňa sakga-saklandy-da, dim-dik boldy. Soňam diň-gögüne garap yzyna öwrüldi. Ellerini serip howany sermeledi. Öz öňünde eli gitara meňzeş bir zatly galgap duran gara göwräni saýgarjak bolup gözlerini petreýdi. Ýöne, ýüzi kessir degen ikinji urgy oňa ol garanyň özüniňem, onuň elindäki guralyňam nämedigini, kimdigini seljermäge maý bermedi. Az mahal yraň atyp duransoň ol ullakan mawy gözlerini çaşardyp, aşak çökdi, hurmaýy gyzyl saçlary buýr-bulaşyk, ýarysy gana boýalan ullakan kellesini öňünde elilaý kepjeli duran sarymeňiz, owadan gyzyň gyrmyzy köwüşli aýaklarynyň arasyna goýdy. Enehakyda onuň üstünden ätläp geçdi-de, elindäki kepjesini duşundan höküdikläp barýan başga bir soldatyň ýagyrnysyndan indermek üçin ýokary göterdi. Şol wagtam beýleräkde ýatan bir ýaraly soldat oňa tüpeňini gezedi. Emma atyp ýetişmedi. Gala tarapdan alakjap gelýän ak köýneklije, başy köneje tahýaly, on-on iki ýaşlaryndaky oglanjyk özüni onuň üstüne zyňdy. Elindäki sapy döwük posly demreni ýokary göterdi. Birdenem ýaralynyň ysgyndan gidip, tüpeňini ýere gaçyranyny gördi-de, demreni taşlap şoňa ýapyşdy. Nädip ulanjagyny bilmän eýlesine-beýlesine seredip durka-da, geçip barýan ýigitleriň biri: «Getir bärik» diýip, elinden kakyp aldy-da, öz ugruna gidiberdi. Oglanjyk ýene-de öňküje gök demrene ýapyşdy. Ýene-de ýarala çenendi. Emma ýaragsyz galan, üstesine-de ysgyndan giden ýarala tyg çekmäge dözmedi. Şol wagtam onuň üstüne kölege düşdi. Seretse, nätanyş eşikli äpet bir göwre abanyp gelýär. Ullakan gyzyl ýüz, pişigiňki ýaly, tegelek mawy göz, sallanyşyp duran sary murt, şol murtuň aşagyndaky jaýryk-jaýryk çal dodak, maşşyk burun oglanjygyň gözüne iňňän gorkunç bolup göründi. Onuň ýene bir görüp ýetişen zady gök dyrnakly barmaklaryny öz bokurdagyna tarap ýaýyp gelýän goşa penje. Oglanjyk şol wagt şol penjäniň arka ýüzündäki sary gyllaryň düýbünde bulduraşypjyk duran der damjalaryna çenli gördi. Ol göwräniň ýüz-gözüniňem, elleriniňem öz obasynyň adamlarynyňka meňzemeýändigi üçin ol gyssagara: «Beh, ors diýilýänleri şumyka» diýip, öz ýanyndan oýlandy. Şol penjäniň öz janyny almana gelýändigi aňyna dolandanam, çirkin gygyrdy-da, elindäki demreni onuň gasygyndan sokdy. Bilip etdi ýa bilmän etdimi, gözlerini ýumup demreni birki ýola ýokarylygyna silkdi. Göwreden şonça-da «hyrkyldy» eşidildi. Demren sogrulandanam emaý bilen oglanjygyň üstüne gaýtdy. Akja köýnegi kesekiniň gyrmyzy ganyna boýalan oglanjyk «hyk-çok» edip, hernäçe dyzasa-da, çepiksije göwresini henizem «hyrkyldap» ýatan çalajan, mähnet göwräniň aşagyndan çekip çykaryp bilmedi. Ony ol agyr labyrdan henizem galadan çoguşyp çykyp gelýän aýallaryň täze tapgyrynyň iň öňdäkisi halas etdi. Ol aýal: ─ Bar, owarra bol, gala garşy – diýip, onuň otyrýeriniň ýumşajyk ýerine aýasy bilen çalarak kakdy-da, özi ýigitleriň gidip barýan ugurlaryna bakan ylgady. Oglanjyk welin gala gitmedi. Ýaş birgediňki ýaly ýesirlik bilen oýnaýan gözjagazlaryny daş-töweregine eserdeň aýlap hälki, Enehakyda tüpeň çenän, soňam ysgyndan gidip ýaragyny elinden gaçyran ýaralyny gözledi. Pyçagyny berk gysymlap ýanyna bardy. Onuňam eýýäm gymyldy-hereketsiz, gözlerini gyrpman ýatandygyny görüp gapdalyndan aýryldy we gana boýalan gök demrenini bulaýlap, henizem iki tarapyndan zowwam geçýän mähellä goşuldy. Özüni ölümden halas eden şol oglanjygyň başyna düşen ahwalatlardan Enehakyda bihabar galdy. Asla ol onuň özüni ölümden halas edeninem bilenok. Onuň henizem öň hatarlaryň biri bilen kepjesini bulaýlap duşmanyň söbügine düşüp barşy. Daş-töwerekdäki leýs bolup ýatan adam jesetleriniň galanyň içindäkilerden köp bolaýmasa az däldiklerini görüp, aýallar içlerini çekişdiler. Ýigitleriň ýöne ýere gala tarap tutdurmandyklaryna-da düşündiler. Ähli güýjüň bir ýere jem bolup, ýeňşiň äşgärdigine ymykly göz ýetirenlerinden soň ekabyrlar maý tapyp, aýallara, ýetginjeklere, gala dolanmak barada ýene bir gezek görkezme berdiler. Ýöne, ýaralylary ýygnaşmak, ok-ýarag çöpleşmek, umuman, gol kömegini bermek bahanasy bilen, olar bu gezegem jeň meýdanyny taşlamakdan ýüz dönderdiler. Has agyzlyraklary bolsa tumşuklaryny dik ýokary tutup: –Biz galadan buýruk bilen çykamyzak, buýruk bilen girer ýaly. Ýüreklerimiziň emri bilen çykdyk, şoň emri bilenem gireris – diýdiler. –Näme indi ýow gaýtarylyp, apyla-sapyla sowlandan soň biz gerek däl boldukmy – diýip, degişme äheňinde kinaýaly geplänlerem boldy. Şondan soň olara iň bolmanda mundan beýläk süýşmezlik, gala ýaralylary daşamaklyk, olara kömek etmeklik tabşyryldy. Кowgy bоlsa hеnizem dоwam еdip gidiр otyr. О ýеre, bu ýеre dürli tаbşyryklar bilеn ibеrilen atlylаryňam tаbşyrygy ýеrine ýеtirip, gаýdyp gelmеkleri bilеn kоwgunçylaryň göwünlеri hasаm götеrildi. Şоl atlуlara tаrap rеzerwde durаn sоldatlaryň bir оtrýady hüjüm еtdi, ýönе, olаr bаsym уza çеkilmeli bоldular. Gеlenleri bäri bеrk tеrtip-düzgün nуzam bilеn agzуbirlikde, hеreket еdip gеlýän gоşunyň sаly indi ähli sаplarda-da gоwşady. Тop atуp, galаnyň içindäki bigünä аdamlary gуrgyna berеn, ellеrinde ýаlaňaç gуlyçlaryndan bаşga hiç zаdy bolmаdyk müňlеrçe ýigitlеriň bаşyna ýetеn аrtilleriýaçylaram indi öz pоzisiýalaryny taşlаşyp, уza çеkilmek bilеn bоldular. Atlу ýigitlеr olаra ýеne-de hüjüm еtdiler, ýönе pуýada atуjylar olаry bеrk gоradylar, ýigitlеri golаýa goýbеrmediler. Аrtilleriýany gоramak bilеn olаryň özlеrem kеm-kеmden уza süýşdilеr. Egеrde, türkmenler ýadap halys tapdan düşmedik bolsadylar, ýa-da bu gezegem öňküleri ýaly soldatlaryň taşlap giden okdur-ýaraglaryny çöplemek üçin güýmenmedik bolsadylar, onda olaryň gaçgaklary tä iň soňkusyna çenli gyryp gutaraýmaklaram ahmaldy. Еmma, ine, hut şol zatlar sebäpli, duşmanyň pozisiýasyna ýetýänçäler, olaryň sany başda müňlerçe bolanlygyndan onlarça adama çenli azaldy. Sаda halk ertirki gün üçin ýygnaýan okdur-ýaraglaryny şu günki gün ýok ediljek bir duşmandan ýa-da gazanyljak ýeňişden bähbitli saýýan şekilli göründi. Günüň gуzar ikindi bolup, agşamyň golaýlaşmagy bilen, kowgy bütinleý bes edildi. Pаtyşa hökümediniň goşunlary galadan iki werst demirgazyk-günbatarda ýerleşýän haraza tarap çekildi we ene ýabyň gyrasynda düşledi. Olаryň ýаgdaýlпry аgyr. Ýаralananlar köр. Görnüр durаn еsasy zаdam gelеnlerindäki keýрleriniň, bеlent ruhlаrynyň ýоklugy. Ýolbоýy atlаry äsgеrmezçilik bilеn tutulаn tekеlere indi olаryň köрüsinde hоrmat gоýmak duýgusу dörеdi. Galanyň daş ýüzündäki garymyň içinde baky uka giden, ýolboýam tekeler barada badyhowa gürrüňleri bilen ýoldaşlarynyň ýüreklerine düşen Çurkiniň häzirki ýagdaýda näme diýjekdigi belli däl, dyzmajrak kazaklaryň içinde henizem gala tarap ýumruklaryny çenäp: E-eý, nälet siňen tentek teke! Ertire bir çykalyň bakaly, gözüň nämeler görerkä! Baý, dyza çökersiň-ä! Çökmejek ýalysyň welin, baý, çökersiň-ä! Edil, warryk düýäň çöküşi ýaly çökersiň! Özüňem gözüňden ýaşlar döküp ýalbararsyň, ýöne giç bor!.. – diýýänleri az däl. Endam-jany ak hasa bilen saralgy başga biri bolsa, zemmeriň üstünde arkan düşüp ýatan ýerinden gözlerine ýaş aýlap, gapdalyndakylara pent edýär. Doganjyklar! Men-ä indi ertire ýa çykaryn, ýa çykman, çykaýsamam urşa-ha ýaraman, ýöne siz şolary şeýle bir uruň, şeýle bir gyryň, tä, kyýamat ahyra çenli ýatlaryndan çykmasyn! Çagajyklaryna çenli aýamaň! Gördüňiz-ä ýaňy bir kempir bilen boý gyzyň generalyň ýüzüne bakyp aýdyp duran sözlerini... Goý, ol heleýler mundan buýana olar ýaly berebekgeý bedähetleri dogurmasynlar! Porsy balaklaryny bulaşyp erkeklerden galman ýörüşlerinem gördüäiz-ä!.. Aýamaň! Birinem aýamaň! Hiç haýsynam aýamaň! Telim gün bäri süýnen sütünleriniň süýeklerini ýerden göteribilmän ýadawlykdan ýaňa usurgaşyp, dert çekişip ýatan soldatlaryň arasynda olara gulak asýanam bar, asmaýanam, jogap berýänem bar, bermeýänem. Olaryň bar aladasy bu wagt ýatyp ýanlaryny ýere bermek. Dynç almak. Ertire çykylansoň näme boljagyny, hudaý bilsin. Ýöne, sesini çykarmaýanlaryňam içleriniň dertden ýaňa dagy-düwündigi, galany ýüzugra almak baradaky arzuw-hyýallarynyň puç bolandygy üçin öz ýanlaryndan ezýet çekýändikleri, namys oduna örtenýändigikleri bildirip dur. Olaryň biri ep-esli wagtlap başyny büräp, düwdek bolup ýatýar, birdenem düşegine ot düşen ýaly «zöwläp» ýerinden galýarlar-da: Masgara bolduk! It masgarasy bolduk! Eşitýäňizmi, doganjyklar, masgara bolduk! – diýip, gygyrýar. Jibrinýär. Ýerine geçip düwdek bolup ýatýar-da, az salymdan soň ýene-de şol hereketlerini gaýtalaýar. Arasynda ulyili bilen möňňürip aglaýan wagtlaram bar. Şonuň ýaly jibrinýänleriň ahmyrly sesleri ondan-mundan başga-da eşidilmän duranok. Ýöne, şol uly goşunyň içinde parahat oturan, harby taýdan taýýarlyksyz, uruş enjamlary, döwlet serenjamy, hemişelik hereket edýän düzgün-nyzamly goşuny bolmadyk sada halkyň üstüne hiç bir sebäpsiz, diýdimzorluk bilen dökülendikleri, olary gyrgyna berendikleri, ýarym günüň içinde kimi atasyndan, kimi enesinden, kimsäni çagasyndan, söwer ýaryndan, kimleri tutuş maşgalasyndan tohum-tijinden aýyrandyklary, nijembir adamlaryň bolsa ojaklaryny ömürlik öçürip, öz atlaryny adamzat taryhyna, türkmen halkynyň hakydasyna gara harplar bilen ýazandyklary üçin jibrinýän, eden işine ökünýän, ahmyr edýän ýekeje adamam ýok. Olaryň ählisiniň dertleriniň başy – Onuň Aly hezretleri Hökümdar Imperatoryň öz öňlerinde goýan borçlaryny hut şu günüň özünde ýerine ýetirip bilmeýändikleri, şeýle ýeňil hasap edilen ýeňşiň özlerine şeýle agyr düşendigi, onuň ertire goýlandygy. Ýönekeý soldatdan başlap tä, goşun ýolbaşçylaryna çenli bizok edýän zat ana şol! Uzynly gün üstünde gan dökülip döwnelen jeň meýdany welin bu wagt edil sowlan bazar ýaly. Gum-gukluk. Agşamyň düşmegi, howanyň garaňkyramagy bilen meýitden doly meýdan hasam eýmenç görnüşe eýe boldy. Köp garaşdyran adaja, salkynjak öwüsgin diri galanlaryň burunlaryna gatan ganyň, sowan bedeniň, ýympyk, ýakymsyz ysyny getirdi. Demlerini dürsemek üçin dyz epen, biri-birleri bilen gümür-ýamyr edişip oturan iki-ýeke adamlaryň ýa-da yzlaryna dolanyp gala tarap barýan ýigitleriň argyn göwreleri agşamyň ümüş-tamyşlygynda edil, düýşdäki ýaly gara sudur bolup görünýär. Diňe daş-töwerekdäki terslin-oňlyn, biri-birlerine kaklyşyp ýatan maslyklar bu görünýän zatlaryň düýş däl-de, hakykatdygyndan habar berýär. Alahasyrdy bolşup, öli ýatan soldatlaryň goltuklaryny, jübülerini sermeleşdirip, eşiklerini sypyryşdyryp ýörenler henizem onda-munda käte bir salgym atyp gidýar. Ölüleriň, ýaralylaryň arasyndan öz söýerlerini gözlemek üçin, sallam-sajak bolşup galadan çykyp gelýänleriňem, ýitiklerini tapyp gala tarap itenek-de-çomanak äkidip barýanlaryňam hetdi hasaby ýok. Ölüleriň arasynda aglaşyp-eňreşip ýören aýallar öňlerinden çykan urşujylaryň alkymlaryna dykylşyp, ýüz;erine-de içgin-içgin çiňerilişýärler-de: «Waý, dogan senmisiň bi? Sag-aman sypdyňmy beladan? Gözüň aýdyň» diýşip, ýene-de öz gözleglerini dowam etdiriberýärler. Käte bolsa ýaňky ýaly içinde hiç hili dabara duýgusy bolmadyk guraksy gutlag sözlerinden soň, gözlerine ýaş aýlap duruşlaryna bokurdaklaryny dolduryşyp: «Biziňkilerden göreniňiz ýokmy?» diýşip, deluryşýarlar. Käte-de özleri ýaly ýitik gözläp, maslyklary agdar-düňder edişip ýörenleriň ýanyna barýalar-da, kynlyk bilen ýuwduna-ýuwduna: «Siziňk-ä jan dogan ho-onha, hojagaz ýerde çile ýaplanyp ýatyr» diýýärler. Şeýdip ýörüşlerine birdenem tanyş bir jesediň üstünden barýarlar-da: «Waý-waý-waý!.. bu bende-de beýle bolaýypdyr-ow! Hossarlaram-a gitdi muň. Birem galmady. Jesedini ýygnara adamam-a ýokdur» diýşip ýakalaryny tutýarlar, içlerine tüýkürişýärler, aglaşýarlar, soňam öz gözleglerini soňa goýup «hyk-da-çok» bolşup, hossarsyz galan jesedi gala tarap süýrekleşip ugraýarlar. Köplenjem iki ýana zowzullaşyp ýören erkekler ylgaşlaşyp gelýärler-de beýle agyr hem ýuwuz ýüki olaryň ellerinden alýarlar. Beýdip heläk bolup ýörmezligi, ertir ýörite toparlar döredilip, ähli jesetleriň ýygnaljakdygyny, jaýlanjakdygyny aýdýarlar. Aýallar bolsa gözýaşlaryny gyňaçlarynyň ujy bilen sylyp duruşlaryna: «Wah, jan doganlar, ertire çenli takat edip bolýamy? Ýalazy meýdanda kim bilýär, it-guş degjekmi, şagal-tilki iýjekmi, Hudaý saklasyn», diýşip, öňküdenem beter aglaşýarlar Şol hili hereketler gijesi bilen ýatmady. Iki-ýeke garyma düşüp çöp-çalama, guma kesege duwlanyp ýa-da soldatlaryň maslyklarynyň aşagynda baslygyp galanlary bolaýmasa, wepat bolanlaryň barysy diýen ýaly gala ýygnaldy. Olary jaýlamak meselesi ertire goýuldy. Meýdanda diňe soldatlaryň jesetleri galdy. Gönübek sazandanyň jesedi bolsa Gün ýaşmazyndan öň duşmanyň çekilip başlan pursatynyň yz ýany ýygnaldy. Ony söweş meýdanyndan ýaralylary gala daşaýan aýallaryň biri gördi. Hiç ýerinde ýara yzynyň ýokdugyndan çen tutup, adamlar bolan işe gepsiz-gürrüňsiz göz ýetirdiler. Götergiläp maşgalasynyň arasyna eltdiler. Ertir wepat bolanlaryň galan-gaçanlarynam ýygnap, hemmesini musulmançylyk düzgünleri boýunça jaýlamak barada toparlar döredip, olara degişli görkezmeleri berenden soň, Orazmämmet han agyr halda ýatan Berdimyrat hanyň halyny soramak üçin, Diňlidepä tarap ugrady. Depäniň düýbünde uzak bolmadyk aralykda gurlan alty ganatly ak öýüň içinde, gat-gat ýazylan däşekçeleriň üstünde öz derdini özi çekip, sessiz-üýnsiz ýatan Berdimyrat hanyň ýanynda Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk, Gulbatyr serdar, Mämmedoraz tebip dagylaram bar ekenler. Orazmämmet han baryp Gurbanmyrat işanyň çep gapdalynda oturdy. Çalaja baş atyp oturanlar bilen ýeke-ýeke üm alyşdy. Her kim dert-azar hanyň şu günki görkezen gahrymançylygyndan söz açjak, göwnüni göterjek, hassa halyna teselli berjek, ýöne, Mämmedoraz tebip başda onuň ýanynda köp gürlemezligi gaty geplemezligi, hususan-da, inçe duýgularyny gozgap, ýüregini terpendirip biläýjek sözleri aýtmazlygy haýyş eden ekeni. Şeýle-de bolsa, Orazmämmet han gelenden soň Gurbanmyrat işan uludan demini aldy-da, usullyk bilen: –Wah, özi özüni oda urmaly däldi welin... Köneler: «Müň işçiden bir başçy» diýipdirler-ä. Esasy halka baş gereg-ä... Biz bar zatdan öňürti başymyzy goramal-a... – diýdi. Orazmämmet han birbada dolmuş ýüzüne görk berip duran, ýaş gyzyňky ýaly ter hem narynç ýaňaklaryny taýly gezek «tirpildedip» başyny çalarak atmak bilen oňdy. Esli wagtdan soňam ýuwaşlyk bilen: – Ýagşylaşýamy özi? – diýip, oturanlaryň içinden gözi bilen Mämmedoraz tebibi gözledi. Gözi-gözüne kaklyşandanam: ─ Däri-derman täsir edýämi özi? – diýdi. Erbet däl... Gowy... – diýip, tebip oturan ýerinden öňe omzady – Şu gün Baýramgülem özünde bar bolan dermanlyk otlardan ep-eslisini getirdi. başga-da kömek edip duran köp. Gürrüňe Kerimberdi işanam goşuldy. ─ Garaz, gaýrat ediň-dä, adamlar. – Ol aşaklyk bilen Berdimyrat hana tarap ümzük atdy. – Muňkam bir nesibedir-dä... Ýogsam... Gurbanmyradyň aýdyşy ýaly özüni aýawlyrak saklaýan bolsa kem bolmazdy welin... Berdimyrat han ol sözleri eşitdimi, eşitmedimi, belli däl, ýöne, gözüni welin açdy. Arkan ýatan ýerinden boýnuny gyşardyp Orazmämmet han tarapa seretdi. Kirpiklerini süzüp dodaklaryny ýalady. Ysgynsyz seslendi? Nätdi? Ýigitler mert durdular. Hemmelerem mert durdular. Soňky çozuşa ýerden ýörän gatnaşdy. Aýallaram... gyzlaram... ýetinjeklerem... Gurbanmyrat işanam birnäçe gezek başyny atmak bilen hanyň sözüni tassyklady. ─ Alla bizlik bolandyr enşalla... Galanynam ertir görübiris. Orazmämmet han uludan demini alyp aşak bakdy. Ýöne, ýitgi köp. Olardanam-a az däl welin, bizden has köp. Garjaşmadan başgasynda biziňki bolanok. – Ol Gurbanmyrat işana tarap egildi. – Bilýäňmi? Habary bamy? Iki dyzyny gujaklap, tärime ýaplanyp, boýnunam bir tarap gyşardyp oturan Gurbanmyrat işanyň: «Ýok, bilenok» diýenini gözlerini petreýdip, dodaklaryny çommaldyşyndan çen tutup biläýmeseň biler ýaly bolmady. Içinden ses çykmady. Ýöne, han bilen işanyň arasyndaky ol üm alşygy hiç kim aňmasa-da, durşy bilen gulaga öwrülip ýatan Berdimyrat hanyň syzgyr ýaş ýüregi duýdy. Ol gözlerini ýumjukladyp çalaja yňranjyrady. ─ Bilýän... Bilýän, işan aga. Aýtmasalaram bilýän. Aňýan. Öýüm öňki ýerinde oturan bolsa bu ýerde ýatmazdym-da, öz öýümde ýatardym. Maşgalam, çagalarym diri bolan bolsalar bu wagt olaram daşymy gallaşyp oturardylar. Iň bolmanda Gurban kakam şu wagt siziň araňyzda oturardy. Ýaňy sorasam: «Siziňkileri guma, howpsuzrak ýere göçürdik», diýdiler. Emma men öz maşgalamyň ilden öň galany terk edip gitmejekdigini bilýän ahyry. Ýa-da olaryň menden bidin göçürilmejekdigine düşünýän ahyry. Şondan soň ondan uzak wagtlap ses-üýn bolmady. Hemmelerem birhili bolup, dymşyp oturdylar. Käte kimdir biri ardynjyraýar, gözganjyraýar diýäýmeseň hiç kimde gymyldy hereket ýok. Gözleriniň gytagyny aram-aram hassa tarap aýlaşyp, demlerini uludan alşyp otyrlar. Birdenem han gorsanyp başlady. Çagalarynyň, aýalynyň adyny tutup samrady. Ýene bir zatlar diýdi, ýöne, düşünip bolmady. Mämmedoraz tebip syrkawyň ýanyna geçdi. Ol hassanyň gyzgynynyň galandygyny, oňa rahatlyk gerekdigini aýtdy. Ol şeý diýensoň oňa-da, syrkawa-da päsgel bermezlik üçin, oturanlar assa-ýuwaş turmak bilen boldular. Daş çykansoňlar aýak üstünde durup, şu günüň wakalary, ertirki günüň aladalary barada pikir alyşdylar. Gönübeki ýatladylar. Şol wagt agşam düşeli bäri ýigitleri bilen diwaryň üstünde durup, duşmanyň lagerine esewançylyk edip ýören Garabatyr atyny gorduryp geldi-de, özüniň şu wagtjyk Hanberdi hanyň ýogalandygy barada habar alandygyny we ýörite şony aýtmak üçin şu ýere gelendigini aýtdy. Üýşüp duranlaryň hemmesi Hanberdi hanyňka tarap ugradylar. Ýüzüni garaňka tutup, Garabatyram olaryň yzlaryna düşdi. Baransoňlar agasynyň başujynda çök düşüp oturan Akberdi hana ýeke-ýeke duýgudaşlyk etdiler. Yzy ýarasyn... Imany hemra bolsun... Bendeçilikdir mert boluň... – diýişdiler. Hanberdi hanyň şu gün iňňän uly gahrymançylyk görkezendigi barada öwran-öwran gürrüň etdiler. Beýle mert ýigitleriň bir ýa iki däldigini nygtadylar. Hatda, sanlyja gün mundan ozal Hanberdi han bilen tas, gylyç syryşmana çenli baryp ýeten Garabatyram oňa bolan buýsanjyny gizläp bilmedi. Ol Akberdi hana öz adyndan, ýörite duýgudaşlyk bildirdi. Turjak bolup otyrkalar çep eliniň penjesi gyzyl ala hülle ýaglyk bilen daňylan Gulbatyr serdaram geldi. Ol öz ýigitlerinden köp ýitgi bolandygyny Jyýky batyryňam kellesinden gyltyzrak ýaralanandygyny ýöne, ýigitlerden aman galanlarynyň ählisiniň özüniňem, Jyýky batyryňam ertirki söweşe taýýardyklaryny aýtdy. Umuman şol gün urşujylardan iki müň, galanyň içindäki urşa gatnaşmadyklardan bolsa, üç müňe golaý adamyň wepat bolandygy barada hem oturanlara habar berildi. Orazmämmet han ertirki günüň maslahatyny has giňişleýin etmek üçin, ekabyrlaryň hemmesini öz öýüne çagyrdy. Maslahatda ertir ir bilen, ors goşunlarynyň düşelgesine ilçi iberip, iki tarapdanam wepat bolanlary jaýlar ýaly bir günlik ylalaşyga gelmek barada gepleşik geçirmek, şeýle hem şu günki ýaly bihuda gyrgynçylyga sezewar bolmazlyklary üçin, derekliräk öý-goşlary bilen bilelikde maşgalalaryny Aşgabada tarap, şu gijäniň özünde ugratmaklyk karar edildi. Başda şeýdäýmändikleri üçin ýüzlerinde puşman göründi. Köpler ýüzlerini iki-baka sypajaklatdylar. Ýaraşyk barada teklip girizenerem boldy. Ýöne, ol pikir goldanylmady. Bu indi giç, mundan soň başa näme gelse görübermeli bolar – diýdiler. Gije ýarymdan agyberensoň, galanyň ýerinde ot ýakyldy. Düýeleriň bozlaşýan sesleri eşidildi. Adamlaryň goh-galmagallary köpeldi. Aýallaryň gykylygy çagalaryň çykylygy artdy. Göç başlandy. Şol pursat ertirki gün barada gepleşik geçirmek üçin orslaryň üstüne ilçilerem iberildi. Ýöne, olar duşmanyň lagerine ýetip bilmediler. Kazaklaryň ýola gözegçilik edip ýören toparlary ilçidiklerinden bihabar olary oka tutdular we yzlaryna dolanmaga mejbur etdiler. Bu ýagdaýy ilçiler gelip ekabyrlara mälim etdiler. Olar ilçileri ertir irden, howa bagtylyberende täzeden ugratmaly, diýen karara geldiler. Gapyllykda üstlerini basdyrmazlyk üçin, gije duşmanyň geläýer öýdülen taraplarynda, galanyň iç hem daş ýüzlerinde, atly we pyýada ýigitleriň birnäçe toparlaryndan ybarat garawullar goýuldy. Olaryň ähli garamaty Jyýky batyryň üstüe ýüklendi. Her niçik hem bolsa gije parahat geçdi. Maşgalalaryň aglabasy ýanynyň az sanly goragçylary bilen Aşgabada ugradyldy. Iň soňky gelnen maslahat şeýle: Göç mazaly arany açýança, galada galan urşujylar şu ýerde durup duşmany güýmemeli. Belli bir wagtdan soň özlerem maý tapyp, galany terk etmeli we birnäçe han-begleriň başda teklip edişleri ýaly, gaça urşa: «gaç teke», «çöz teke» urşuna başlamaly. Guşly batyr bilen birleşmeli. Duşman tä, surnugyp, özünden-özi yzyna dolanýança, gün bermeli däl. Üstesine, şol wagt Nurberdi hanyňam alty müň atly bilen Marydan ýetip gelýändigi barada habar gowuşdy. Bu olaryň ruhlaryna-ruh, güýçlerine-güýç goşdy. Daňdan sagat dördüň ýary bolanda ilçiler indi ikinji gezek galadan çykyp duşmanyň lagerine tarap ugradylar. Olar düşege barýan ýaly ýüzlerini sallaşyp, iňňän sus halda ýola düşdiler. Sagat bäşiň ýary boluberende-de düşelgä baryp ýetdiler. Şol wagt ýaňy bir daň saz berip, zulmat gyzaryp başlandy. Ilçiler öz gözleriniň görýän zatlaryna ynanmajak boldular. Çünki, goşunyň öten agşamky düşlän ýerinde bu wagt ýel öwüsýär. Onda-munda zyňyndy goş-golamda görünýär. Ot, tüsse, kül ýok. Diýmek, soldatlara gije ot ýakdyrylmandyr. Käbir ýerde bugaryşyp duran at tezekleri goşunyň lagerden ýap-ýaňyja göterilendigine şaýatlyk edýär. Oňa çenlem howa ýagtyldy. Düşelgäniň günorta-günbatar tarapynda tozan göründi. Ilçiler şol tarapa at goýdular. Tozanyň yzyndan ýetip synladylar. Tozan turzup barýanlar hakykatdanam patyşa goşunynyň esgerleri bolup çykdy. Ýöne, olar nirä barýarlar? Sap atyp gala düýbünden başga bir tarapdan çozjak bolýarlarmy? Ýa yza çekilýärlermi? Ine-de goşunyň ugry ilk-ä Ýegenbatyr galasyna, ondanam ilerki daga tarap gönükdi. Soň dagyň etegi bilen gyrmyljyrap düýnki gelen ýoluna düşdi. Diýmek çekilip barýarlar. Ýeňilip barýarlar. Ilçiler biri-birleriniň ýüzlerine seredişip ýyljyraklaşdylar. Birek-biregi gutladylar. Begenjine uly ili bilen gygyranam, gözüne ýaş aýlanlaram boldy. Goşunyň barşy welin şeýle bir gözgyny, hatda duşmanyň bolsa-da perwaýsyz seredip durar ýaly däl. Gadamlary haýal. Şu ýoly dek-düýnjik geçendäkileri ýaly ýüzlerinde höwes, hyruç, şowhun ýok. Esasanam ýaralylaryň ýagdaýy ýaman. Olaryň köpüsi kiçijik at arabalarynda, käbirleri bolsa suwly çeleklere derek düýeleriň howutlaryna iki taraplaýyn taýlanyp daňylan. Bolmalysyndan has kän ýüklenendigi üçin, arabalardaky ýaralylar edil ojar basylan ýaly biri-birleriniň aşagynda baslygyşyp ýatyrlar. Käbiriniň elleri, aýaklary arabanyň nowasyndan çykyp «şalkyldap» ýatyr. Her ädimde nowa ýa tigire gülçüldäp degýär. Haçan tigriň çarhyna ilişip «gürçje» döwülse döwüläýmeli. Ýolunaýmagam ahmal. Ýöne, ýaralynyň özi bu howply ýagdaýy duýanok. Asla ol şol wagt gowresiniň haýsydyr bir ýerinde el ýa aýak atly agzasynyň bardygynam bilenok. Kimdir birini kömege çagyrmaga, hatda, az-kem derdini ýeňletmek üçin iňlemäge-de ýaranok. Howudyň gapdalyna daňylgy bir soldatyň haly hemmesiniňkidenem has agyr bor-a çemeli, ol ýol boýy «bagyryp» gidip barýar. ─ Ahow zalymlar! Hristianlar! Isanyň hatyrasy üçin, Hudaýyň haky üçin meni çözüň! Düşüriň şu ýerden. Soň öz eliňiz bilen öldürseňizem alkyş aýdaýyn. Bir, arkan düşüp, rahatja ýatyp ölsem başga armanym ýok... Şonuň «bagyrmasyndan» basylan bolsalar gerek, düýe janawerleriň dagy birindenem ses çykanok. Soldaty welin çözýän ýok. her kim aşak bakyp, öz maýdalyna «mytdyldap» gidip barýar. Ýaraly bolsa düýäniň äwmezlik bilen ädýän her ädiminden soň hallan atyp, howutdan ep-esli ýokary galýar we gelip ýene-de agaç howuda gülçüldäp urulýar. «Ah» çekýär. Ýene-de gygyrýar, bagyrýar, ýene-de öz dindeşlerini kömege çagyrýar. Howudyň üstünde oturan ýaralylaryň ýagdaýy ýene-de el-hal. Olaryň edil hindi pajalary ýaly gaýşarylyşyp, daş-töwereklerini parhsyzlyk bilen synlap gidip barýanlaram, tükge düşüp, iki epilip oturanlaram, ýanyn ýa ýüzünligine kese ýatanlaram bar. Ýöne, barybir olaryň hiç biriniňem güzerany höwes eder ýaly däl. Öz agramyny özi göterip, sagdyn pyýadalaryň arasy bilen «dähedem-dessemleşip» kä durup, kä ýöräp barýan ýaralylaram az däl. Ýöne, bolup baryşlaryndan olaryňam dertleriniň ýeňilligi ýa aýaklaryny ýazaslarynyň gelýändigi üçin däl-de, arabalaryň, düýeleriň ýetmezçilik edýändigi zerarly bialaç şeýdişip barýandyklaryny aňmak bolýar. Olary başda öňdäki hatarlar bilen bilelikde ugradypdylar, emma häzir iň yzky hatarda süýrenişip barýarlar. Goşuny saklap ýene-de öňe geçiräýmeseler olaryň goşundan üzülip galaýmaklaram ahmal. «Gyzyl hajyň» sanitarlary kä arabalaryň, kä düýeleriň arasynda elewreşip ýörler. Ýöne, bir ýere baryp düşlänsoňlar bir zat edäýmeseler, bu gidip baryşlaryna hiç kime edibilýän kömekleri ýok. Üstesine-de olar azlyk. Ýaralylar bolsa köp. Hereket edere ýagdaýy bolmadyk, uly çindäki ýaraly ofiserleri soldatlar zemmerlerde göterip alyp barýardylar. Olar ýygy-ýygydan biri-birlerini çalyşýarlar. Tutuş goşun gözden ýitip barýan Gökdepe galasyna tarap ahmyr bilen, gaňryla-gaňryla garaýar. Olaryň köpüsi entegem özleriniň yza çekilip barýandyklaryna ynananoklar. «Ynha, bir amalyja ýerde düşläris, dem-dynjymyzy alarys, garnymyzy ýazarys, ondan soňam täze güýç bilen tekeleriň üstüne çozarys, galalaryny başlaryna ýumrarys» diýip, göwün ýüwürdýärler. Goşunyň gidip barşam gelendäkisi ýaly gaty bir tertipli däl. Öňde pyýada goşun bilen iki ýüze golaý atly, biri-birleriniň tozanlaryna garyşyp barýarlar. Tutuş ştab, goşun başlygynyň özi, pyýada goşunyň baştutany graf Borh, knýaz Dolgorukiý, ştabyň başlygy maýor Malama dagylar hem şolaryň arasynda. Sag ganatda dagystanlylar we ýene-de birnäçe ýüzleri çaňjaryşyp duran pyýada soldat, artilleriýanyň iki sany topy. Çep ganatda hem şolar ýaly tertipde. Goş-golamlar bölümi we «Gyzyl haç» goşunyň orruk ortasy bilen barýar. Iki gün bäri idili dynç garasyny görmedik, açlyk suwsuzlyk, uruş zerarly halys egbarlan goşun ýarpy göwresi çapylan ýaraly ýylanyň kynlyk bilen öz hinine tarap süýşüp ýaly, örän kynlyk bilen hereket edýär. Duşmanyň hakykatdanam gaçyp barýandygyny gözi bilen görmek üçin ondan-mundan, toplum-toplum bolup gelýän başga-da atly ýigitler görnüp başlady. Olar goşuny gapdallap kä baýyrlyklaryň aňyrsynda kň düzlük ýerlerde, käte bolsa çepde, dag tarapda görünýärler-de, derrewem ýitirim bolýarlar. Goşun çep egnini Köpetdaga diräp, günbatar sary ugur aldam welin, birdenkä, duşmanyň arasyna dowul düşdi. «Tark-turk» «gümpüldi» eşidildi. Ilçiler bir bölek atlynyň goşuna çozandygyny gördüler. Ýöne, olar uzak eglenmediler. Duşmany başagaýlyga saldylar-da, dagy etekläp ýatan baýryň üstüne çykyp, gylyçlaryny bulaýlaşdylar. Dogup gelýän Günüň şöhlesine ýigitleriň gylyçlary edil ýyldyrym çakan ýaly «lowurdap» gitdi. Şöhlesiniň paralary o ýan, bu ýan süýndi. Baryp, argyn goşundaky ýadaw soldatlaryň, ofiserleriň gözlerini gamaşdyrdy. Duşman olara tarap top atdy. Ýöne, ýigitler eýýäm öňki duran ýerlerinde ýokdular. Baýyrlyklaryň aňyrsyndan «şapyrdap» çykyp, gök asmana göterilen ak kepderi çozuş edeniň kimdigini ilçilere-de, goşundakylara-da äşgär etdi. Goşunyň hakykatdan-da Ahaldan çykyp barýandygyna ymykly göz ýetiren ilçiler şondan soň «gykuwlaşyp» at başyny gala tarap öwürdiler. Ýolboýam telpeklerini bir zyňdylar, bir gapdylar, biri-birleri bilen at çapyşdylar. Şol gelişlerine olar häliden bäri diwaryň üstünde öz ýollaryna garaşyp duranlara tarap bir zatlar diýip gygyryşdylar, telpeklerini bulaýlaşdylar. Derwezäniň agzyna gelenlerindenem barysy birden at başyny çekdiler-de, ülker ýaly bir ýere toplandylar, ellerini agyzlaryna tutup, diwaryň üstündäkilere tarap uly joşgun bilen, biri-birleriniň seslerine ses goşup gygyryşdylar. – Haý, teke gözüň aýdyň ho-ow! Haý, biz ýeňipdiris-le ho-o-ow! Duşman düşelgesini taşlap gaçyp gidipdir-le ho-ow! – Şondan soň olar toplumlaryny ýazman, derwezeden girdiler-de, dumly-duşa pytradylar. – Haý, teke telpegiňi göge zyň, ho-ow! Haý, ors bizden basylyp gaçyp gidipdir-le ho-ow!.. Olaryň biri derwezeden girişi ýaly Diňlidepä tarap tutdurdy. Depäniň üstünde habara garaşyp duran han-begleriň gaşyna baryp, üzeňňä galdy. Telpegini çykaryp dik ýokary galdyrdy. – Haý, hanlar, begler, ulamalar! Serdarlar! Tagsyrlar! Gözüňiz aýdyň! Ýagy sizden basyldy! Gaçdy! Siz ýeňdiňiz! Gurbanmyrat işan daýaw göwresine bap gelmeýän ýeňillik bilen ylgap diýen ýaly depeden düşdi. Hoş habar getiren ýigidiň atyny jylawladyl. Oňa çenli beýleki ilçilerem at gorduryp ýetip geldiler. Böküşip atlaryndan düşdüler. Gurbanmyrat işan olary ýeke-ýeke gujaklady. Kerimberdi işanam onuň şol hereketlerini gaýtalady. Ikisi-iki ýerden: Siz hoş habar getirdiňiz. Ömrüňiz uzak bolsun ─ diýişdiler. Kerinberdi işan dik duran ýerinde doga okap, elini ýüzüne syldy. Beýlekilerem şeýtdierl. Allanyň adyna şükranalyk sözlerini aýtdylar. Hä diýmänem, ähli diwarlaryň düýbünde şowhun, şagalaň emele geldi. Goh asmana göterildi. Ýokary zyňylýan telpeklerden ýaňa gögüň ýüzüni garasar alana döndi. Ekabyrlar şol ýerden göni Berdimyrat hanyňka ugradylar. Gapydan girişleri ýaly Gurbanmyrat işan onuň gapdalyna çökdi. Elini emaý bilen egnine goýdy. – Han! Gözüň aýdyň! Sen ýeňdiň! Berdimyrat han gözünem açmady. Ýatyşynam üýtgetmedi. Sesi güňleç çykdy. – Ýeňiş halkyňkydyr, işan aga. Uly iliňkidir. Alla halkyň dilegini kabul edendir...─ diýende sesi ysgynsyz, güňleç çykdy. Edil şol wagtam galanyň diwarlarynyň üstünden Garasähet jarynyň güýçli sesi ýaňlandy. – Haý, millet gözüň aýdyň ho-ow! Haý, il-gün eşit, ors senden basylyp gaçyp gidendir-le ho-ow! Alla senlik bolup, seni ýeňşe ýar edendir-le ho-ow!.. Şu söweşde gurban bolanlaryň barysy şehit bolup, Allatagalla olaryň jaýlaryny jennetden tutjakdyr-la ho-ow! Ekabyrlar Berdimyrat hanyňkydan çykyp, gala ser saldylar. Şol pursat galanyň içinde dörän ýagdaýy toý şagalaňy bilen deňeşdirjegiňem, ýas pygany bilen deňeşdirjegiňem biler ýaly bolmady. Kimiň gülüp, kimiň aglap ýöreninem seljerer ýaly däl. Hem gülüp, hem aglap ýörenem bar. Kim diri galan hossarlaryny gujaklap aglasa, kim şu gün jaýlanmaly ölüsini bagryna basyp aglap otyr. Kim çyny bilen şatlanyp, çyny bilen gülse, kim derdi içine sygman, beýnisi üýtgäp, il ugruna gülüp, aglap ýör. Käbirleri bolsa öňünden çykanyň ýüzüne seredip durýar-durýar-da, birdenem ýa-ha aglap goýberýär, ýa-da tükeniksiz gülkä başlaýar. ─ Tur, balam, gözüňi aç, biz ýeňdik! – diýip, gerçek ogullarynyň meýitleriniň üstüne kükreklerini gerişip oturan aýallar, gojalar bolsa gülübem bilmän, aglamana-da rogwatlary çatman, käte bir daş-töwereklerine göz aýlaşyp, gurak-gurak ýuwdunyşyp otyrlar. Ýöne, şol ahy-pyganlary, agy gatyşykly eňremeleri, dynç oturan halkyň üstünden inen bu agyr kesapatyň ýowuz derdini ýeňilleşdirýän, halkyň ýaraly ýüregine teselli berýän ýekeje zat bar – o-da Allanyň beren ýeňşi. Çekilen pidalaryň, dökülen ganlaryň biderek gitmändigi. Netijesiz bolmandygy. Örän kyn hem agyr düşen, şu ýeňşi gazananyň hut öz öňlerinde ýatan jansyz jesetlerdigine şol garabagyrlaryň düşünmekleri. Läşler içre diri läş bolup oturanlaryň ýaraly ýüreklerine teselli berýän ýeke-täk zat ana, şol. Birdenem, galanyň iň beýik diwarlarynyň üstünden, Ahal ülkesinde henize bu güne çenli eşidilmedik täze bir sazyň owazy ýaňlanyp başlady. Elbetde, bu gün ýas güni. Düýnki şehit bolanlaryň jaýlanýan, ruhlaryna aýat okaljak, ys ediljek, degsin ediljek güni. Türkmençilikde beýle gün saz çalmak, aýdym aýtmak bolmaýar. Ýöne, bu gün ýeke bir ýas güni däl. Ýeňiş toýam şu güne degişli. Onsoňam bu çalynýan saz toý mukamy däl-de, belki ýas mukamydyr? Matam mukamydyr? Tutuş Ahal iliniň, Gökdepe galasynyň başyna düşen agyr ahwalaty ýüpek tarlaryň, kümüş perdeleriň üsti bilen beýan edýän, ýeri, ýurdy, il-güni üçin dek düýnüň özünde baş goýan batyr ýigitleriň, serkerdeleriň, han-begleriň, aýal-gyzlaryň, ýetginjek oglanlaryň ruhuna bagyşlanan ýadygärlik mukamydyr? Howwa, bu hakykatdanam şeýle. Bu saz – Watançylyk mukamy. Gökdepe mukamy. Galanyň çür başyna çykyp, şol sazy çalyp oturan sazanda kör kepele. Ol halypasynyň iň soňky sargydyny berjaý edip otyr. Şol sazyň içindäki söweş hereketleriniň arasy bilen, ömrüni türkmen taýpalarynyň agzybirligini, bir döwlete öwrülip, dünýädäki sanly döwletleriň sanawyna goşulmany arzuw edip geçiren, döwürdeşleri tarapyndan türkmençiligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen Gönübek halypanyň çilimini kükedip oturan mährem, mylaüym keşbi hem mese-mälim görnüp dur. Çünki, ol saz onuň öz döreden sazy. Hasasynyň ujuny Enehakyda tutduryp öýünden çykan Hakyda molla-da şol nurana keşbe tarap yrgyldap barýar, saza siňen hakydany diňleýär. Öz borjuny berjaý edip giden halypa sazanda alkyş okaýar. Ahally ýaly onuň yzyny ýöredibiljek ezber elli ýigitleriň bardygyna guwanýar. Ol ýigitleriň elleriniň hemişe dutarly bolmagyny hiç haçan tüpeň, gylyç götermeli bolmazlygyny isleýär. Öz hakydasynyňam şeýdip, özi ölenden soňam il içinde aýdylyp ýörülmegini dilden-dile geçmegini, indiki nesillere baryp ýetmegini arzuw edýär. Ekabyrlaram topar tutuşyp, şol nurana keşbe tarap ugradylar. Kem-kemden ähli halk şol sazyň çykýan tarapyna yňdy. Ol sazy entek gara ýere duwlanmadyk Gönübek halypanyň jesedem, ýap-ýaňyja jan beren, şu urşa başdanaýak ýolbaşçylyk eden Berdimyrat hanyň jesedem, gahryman ogul Hanberdi hanyň jesedem, Watan üçin baş goýan müňlerçe jesetleriň ählisem diňledi. Ahal tekelerine şöhrat getiren beýik ýeňşiň beýany bolan şol saz birdenkä Gökdepe galasynyň pagsa haýatlaryndan göterildi-de, külli Ahal iline, soň tutuş türkmen topragyna ýaýrady. Hä diýmänem onuň dabarasy Orsyýediň özüni hasap etmäninde-de Eýrana, Owganystana, Ruma, arap-şam ýurtlaryna, hatda pereň welaýatlaryna Amerika yklymyna çenli baryp ýetdi. Hywanyň, Buharanyň bazarlarynda telim wagtlap gürrüň diňe türkmenleriň Gökdepe galasynda görkezen gahrymançylyklary, gazanan ýeňişleri barada boldy. Birinji kitabyň soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||