22:16 Apy ýylan / hekaýa | |
APY ÝYLAN
Hekaýalar
Biziň obamyz dag göwsünden syzyp gelýän kiçijik, düýbi öwunjak çagyldan doly dury çeşmäniň çep tarapyndaky düzlük meýdanda, serhede golaý ýerde ýerleşýär. Dogrysy ol oba däl-de, biziň medeni zonadaky uly obamyzyň maldarçylyk bölümi. Öňa ferma-da diýýärler. Ýaşaýjysam on bäş, ýigrimi öýlüden köp däl. Onda esasan çopan-çolyklar, sagymçylar, şeýle hem mehanik, feldşer, mugallym diýen ýaly maldarlara hyzmat edýän dürli kärdäki hünärmentler ýaşaýarlar. Obada dört synply mekdep bolup, bary-ýogy ýigrimä golaýam okuwçysy bar. Işgärem iki adamdan ybarat. Olaryň bir-ä hem mugallymyň, hem direktoryň, hem okuw müdiriniň, hem hojalyk müdiriniň wezipesini ýerine etirýän garaýagyz, bir gözi bitaýrak bolansoň gürrüňdeşiniň ýüzüne gyýalap garaýan, burnunyň örküji ullakan meňli,agajetli, orta boýly, göwresine görä kellesi ullakan, häsiýeti boýunça mylaýym, ýöne diýseň talapkär, siňekden goranýan ýaly elmydama elini ýüzüniň öňünde gaýmalakladyp ýören Bekgi mugallym. Beýlekisem uruşdan ýaraly bolup gelen, ýedi ýylky ejirden soňam şol ýarasyndan ýogalan Ýagmyr seýsiň aýaly, şondan börem äre barman üç çagasyny ýeke özi ekläp oturan, direktoryň kabinetinem hasap edeniňde jemi üç otagly, boýy pessejik, diwarlary nagsadan galdyrylyp üstem samanly laý bilen suwalan, depesi elwan baýdakly akja mekdebiň süpürijisi Haltäç daýza. Gyşyna synp otaglarynyň demir ojaklaryny ýakýanam, gapylaryny günüň-gününe açyp-ýapýanam şol. Men üçünji synpda okaýaryn. Dördünjini tamamlanymdan soň uly obamyzdaky sekiz ýyllyk mekdebe, ondanam etrap merkezindäki on ýyllyk mekdep-internada geçmeli. Ondan soňam şu setirleri ýazyp oturan pursadyma çenli bolan aralygy külterlemeli. Ýöne, o zatlaryň barysy öňde. Men entäk bary-ýogy on ýaşymda. Müň dokuz ýüz elli altynjy ýylyň bahary. Hökümet tarapyndan gadagan edilen Nowruz baýramçylygynyň yz ýany. …Şol gün men günortanaralar okuwdan çykdym-da, elime ejemiň ysmanak, kömelek ýygmak üçin ýöriteläp galyň ak bizden tikip beren agzy büzmeklije ýeňiljek “guşhaltasyny” çep çignime atyp synpdaşym Söýün ýaly dodagymy çommaldyp sykylyklap bilmeýändigim üçin dilimi dişlerime diräp: “ş-ş-ş- ş-ş-ş” eýdirip obamyzyň günortasyndaky üstüne ýaşyl begres ýapynyp ýatan baýyrlyklara tarap ugradym. Häliden bäri göm-gök asmanyň ýüzünde gaýyşyp ýören lemmer-lemmer ak-ala bulutlaryň aňyrsyndan käte bir jyklap gidýän Günem şol wagt gülbüräp çykdy-da, şöhlesi gök gyrtyçlaryň ýüzündäki bulduraşypjyk duran kümüşsöw damjajyklara düşdi. Şonda baýyrlyk meýdan zer bilen keşdelenen ýaşyl mahmala meňzedi. Asmandan inýän şohle bilen ýerden göterilýän garşydaş şöhle howanyň ýüzünde edil iki naýza kimin çaknyşdy. Baýyrlykdan geçen ýeriň üsti ala garly belent daglar. Özlerem hatar-hatar. Gat-gat. Haýsynyň nirede başlanyp, nirede gutarýandygyny biler ýaly däl. Olaryň golaýrakdakylary öz boluşlary ýaly görünýär. Üstündäki arçadyr-kerkawlaryny, çöküp oturan düýe ýaly äpet-äpet daşlaryny sanap oturmaly. Niresi pes, niresi beýik, haýsy ýeri kert, haýsy ýeri gaýa o-da mese-mälim. Ýöne, aňyrrakdakylary umumy gök, has alysdakylary mawumtyl reňke çümüp ötyrlar. Olaryň etegi çalymtyl dumandan ýaňa çaňjaryp dur. Men olaryň hemmesinem özümiňki hasap edýärin. Çüňki, olar hakykatdan-da meniňki. Bizinki. Biziň obamyzyňky. Biziň döwletimiziňki. Ol ýerde biziň mallarymyz gezýär. Biziň serhedimizem şol daglardan başlanýar. Şonuň üçinem men olary gowy görýärin, hemişe söýünç bilen bakýaryn.Bolup oturyşlaryna buýsanýaryn. “Gök dag”, “Gara dag”, “Boz dag”, “Dumanly”, “Gyzyl gaýa ” diýen ýaly öz ýanymdan hersine bir at dakýaryn. Her gezek şolara gözüm düşende göwräme üýtgeşik bir güýç gelin goşulan ýaly bolýar. Kalbym kuwwatlanýar. Ýüregim joşýar. Aşa begenmekden ýaňa bokurdagym dolup kaňşyrawugym tütäp gidýär. Gözlerime çyg çaýylýar. Aýdym aýdasym gelýär. Aýdýarynam. Men häzirem zoraýakdan sygyrmamy goýup, aýdym aýdyp barýaryn. Gaty gygyramok, ýöne aýdýan. Men ýaly ýaş oglan ýa gyz-gelin bolsyn, tapawudy ýok, obamyzyň ýaşaýjylary islendik wagty gorkman, ony-muny ýygmak üçin daga ýeke gidip bilýärler. Sebäbi, birinjiden-ä obamyz daga golaý. Çeşmeden geçäge-de bir baýyr aşsaň bolany. Basan ýeriň ot-çöp, ysmanak, kömelek. Özem bol. Ýaltanman gabyňa gapgarybilseň bolýa. Günde-günäşa çöpläýeniňde-de, biziňki ýa-ly kiçijik obanyň adamlary üçin dag içiniň hasyly başymam diýenok. Ikinjidenem, biziň oba golaý ýerde iki sany esger galasy ýerleşýär. Olaram dagyň belent ýerinde dikilen uzyndan-uzyn wyşkalaryň üstüne çykyp, elleri dürbüli günuzyn daş-töwerege esewan bolup durlar. Gijesine bolsa tä, daň atýança bir ujy asmanyň gara garnyny gyjyklan gaýdýan gögümtil ýiti şöhleli prožektorlaryny o ýan, bu ýan bulaýlaşyp çykýarlar. Käte ak, gök , süýt, ýumurtga diýen ýaly her dürli iýmit zerurlyklary bilen ferma gelenlerinde olar biziň haýsymyzyň haçan, nireräkden, näme çöpläp gaýdanymyza çenli takyk aýdyp bilýärler. Diýmek, olar bizi gije-gündiz gözden salmaýarlar daşymyzy gaýym goraýarlar. Meniň ine, şeýdip, ýeke özümiň gorkusyz-ürküsiz hiňlenjiräp barşymam hut, şonuň üçin. Çeşmä ýetiberenimde dag tarapdan elesläp gelýän bir zenan maşgala göründi. Siňe syn etsem Haltäç daýza. Ol gyşyn-ýazyn, günde-günäşa diýen ýaly işden eli sypyndygy daga gidip işigindäki maljagazlary üçin otjagaz, çagajyklaryny üşetmezlik üçin odunjagaz ýygyn gelýär. Mekdebiň gapdalyndaky münderlenip goýlan oduna elini degrenok Bekgi mugallym: “Haltäç, heläk bolup ýorme-de şundan alyber” diýse-de edenok. Gaýtam: “Ýog-e-eý, hökümediň zadynam bir elläp bormy” diýip, ör-gökden gelýär. Onsoňam ol daga gitse odundyr-otuň gapdaly bilen ysmanak, kömelegem getirýär. Getiren zatlarynyň çagalaryndan artanynam goňşy- golamlaryna ýa biz ýaly çaga-çugalara paýlap goýberýär. Çüňki, birek-birege zadyňy satmalydyr diýen düşünje ol wagtlap ýeke bir biziň obamyzda däl, hiç obada-da ýokdy. Arkasy odunly ýa otly ýegşerilip, içi ysmanakdan, kömelekden doly eteginiň ujuny dişläp obanyň çetinden girenini gören her bir adam onuň zähmetkeşligine haýran galýar. Ýeke özüniň üç agza seredip oturandygyna garamazdan, onuň güzeranyndan nalanyny ýa ykbalyndan zeýrenenini gören ýok. Ertirini gaýgy edip gama-da batanok. “Her günüň öz rysgy bardyr, ertiriň aladasyny ertiriň özi eder” diýýär. Häsiýeti boýunça alçak, gepe çeper, süýji dilli aýal. Bir pursat gürrüňdeş bolsaň dünýäň giňäp gidýär. Ýaşasyň gelýär. Feldşerimiz Mäti kiçjik ýaly her agzynyň birinde dünýäni gapyşdyryp ýa bolgusyz jedel edip ýörenok. Şonuň üçinem, biz ony bütin oba bolup gowy görýäris. Ony serhetçilerem gowy görýärler. Oba gelenlerinde: “Bu-da biziň bir esgerimiz. Kömekçimiz. Sebäbi, dag içinde bu-da bizden az bolanok” diýip, gülüşýärler. Häzirem ol dagdan bir zatlar ýygyn gelýän bolmaly. Ýone, seredýän welin ne elinde, ne arkasynda hiç hili ýük, goş-glam görnenok. Äkiden haltasam boş, elinde galgan gelýär. Iň geň ýeri elde tikilen çukur gara hokgasam elinde. Howanyň çigrekdigine, dag ýodasynyň owunjak, gyýak-gyýak daşjagazlardan doludygyna garamazdan aýagy ýalaňaç. Hatda köne-küşül jorabam ýok. Ýüzi-gözem özüniňki däl. Öňem, soňam meniň ony beýle ýagdaýda görenim ýadyma düşenok. Men çeşmeden geçip ýetişmänkäm o-da aňry ýüzünden ýetip geldi. Gelşi ýalam ondan-oňa basyp geçer ýaly uly-uly daşlardan edilen geçelgä ünsem bermän, şildiräp ýatan, sowuk suwly çeşmeden urup geçdi-de, meniň elimden tutup oba tarap jünäberdi. Käwagtam bir çalarak säginýär-de, daga tarap gorkuly seredýär, elleri bilen düşnüksiz hereketler edýär, bir zatlar diýjek bolýar, emma gepläp bilenok. Dili çolaşyp dur. Menem onuň ne hereketlerinden, ne yşaratlaryndan hiç hili many alyp bilemok. Şeýle geplemsek, degişgen aýalyň beýdip, başagaý bolup barşy meni diýseň geň galdyrdy. Çünki, adaty ýagdaý bolanda ol “hanym-janymdan” başlap tä, nirede gowy ysmanagyň, haýsy ýerde bitginli kömelegiň bardygyna çenli salgy bermek üçin meni çeşmäniň boýunda azyndan ýarym sagad-a eglärdi. Şonuň üçinem men ony haýsydyr bir zatdan gorkandyr, diýip çakladym. Ýöne nämeden? Nämeden gorkandygyny men ony öýüniň ortarysynda oturdyp, oba adamlaryny çagyryp gelýänçäm bilip bilmedim. Ony esli wagtlap obamyzyň adamlaram bilip bilmediler. Daşyna üýşýärler, çaşýarlar,suwjagaz içiren bolýarlar, gorky damaryny tutan bolýarlar, öwran-öwranam iki gözüniň içine seredip näme bolandygyny soraýarlar. Ýüzüne çiňerilişýärler. Onuň welin şol bir apbasy ýaly gözlerini tegeläp, her kimiň ýüzüne bir seredip, gurak-gurak ýuwdynyp oturşy. Ýüzi duw-ak. Käte-de bir daga tarap elini salgap guran dodaklaryny gymyldadýar, bolany. Adamlar halys aljyradylar. Kimdir biri: – Syrtlan gören bolaýmasyn how şu …– diýdi – Aý, ýok, syrtlandan-da görkmaz bi, ýöne, gaplaň ýa ýolbars gören bolsa bilemok- diýip, başga biri oňa garşy çykdy. – Içpeýana duşan bolaýmasyn-diýenem boldy – Wiý, sen bile geldiň-ä, sen bilýänsiň-ä – diýşibem barysy birden meniň üstüme howala boldular. Men ýolda duşandygymy aýdanymdan soň olar ýene-de Haltäç daýzanyň daşyna geçdiler. Şol aralykda-da birazajyk özüne geldimi, nämemi, ol eňegini taýzardyp daga tarap ülňedi-de, gollaryny howada hereketlendirip ýylanyň keşbini suratlandyrdy.Onuň ululygyny aňlatmak üçin aýalary bilen howanyň ýüzünde ep-esli göwrüm ýasady. Duranlaryň barysy birden: – Hä-ä, ýylan görüpdir bu, ullakan ýylan görüpdir- diýşip, gygyryşdylar. – Şeýlemi? Dogrumy şol? – diýip, kimdir onuň üstüne abandy. Haltäç daýza zordan başyny atdy. Şondan soň bar zat düşnükli boldy. Oňa çenlem biz baran badymyza derman getirmek üçin “şypahanasyna” tarap ylgan Mäti kiçjik tigirlenip geldi-de, Haltäç daýza naşatyr ysgatdy. Birki düwür dermanam içirdi welin, bendäniň dili açyldy duruberdi. Özüniň edil ertekilerdäki ýaly äpet bir uly ýylan görendigini, ýöne onuň ýylan däl-de, aždarha bolaýmagynyňam ahmaldygyny zordanam bolsa düwüne- düwüne düşündirdi. Soňundanam: – G-g-göçeliň…Ga-açalyň…– diýip, sakawlady – Kowaladymy? Üstüňe hüjüm etdimi?- diýlen soraga başyny ýaýkap jogap berdi. Adamlar: haýal etmän ýylany howpsuzlandyrmaly, diýen netijä geldiler. Ýogsam mal-gara, oglan-uşaga zenep ýetirmegi mümkin. Ýöne oňa öz güýjümiz ýetermi? Belki hökümede duýdurmalydyr? Serhetçileri kömege çagyrmalydyr? Uly başlyk Aly aga habar ýetirmelidir? Şular ýaly dürli soraglaryň üstünde esli wagt kellelerini agyrdyp oturanlaryndan soň, ferma müdirimiz Nowruz aga Bekgi mugallyma ýüzlendi. – Her niçik hem bolsa öňürti gözümiz bilen bir göreliň, nämedigini bilmän ili orüzip ýörmäliň, bolmaz ýaly bolsa ondan soň nirä habar ýetirmeli bolsa ýetiribiris…– Öz sözlerini Bekgi mugallymyň baş atyp makullanyny gören Nowruz aga heňizem ýerinden galybilmän, oturan Haltäç daýzanyň üstüne egildi. – Nirededigini görkezip bilermiň? Taparmyň? Biziň bilen gitmäne ýararmyň? Haltäç daýza iki elinem ýere diräp zordan ýerinden galdy. Baryp, bosaganyň iç ýüzünde terslin-oňlyn ýatan hokgasyny geýdi. Daş çykdy. Yraň-daraň edip daga tarap ýöneldi. Obamyzyň ulusyndan-kiçisinden ybarat bir toplum adamam başly-barat onuň yzyna düşdi. Daşyndan seredeniňde olar güýç taýdan deň bolmadyk güýçli duşmany gaýtarmana barýan kiçijik bir goşunuň söweşijilerine meňzediler. Kem-kemden “goşun” üzlem-saplam üç bölege bolündi. Iň öňde oba ekabyrlary. Olaryň biri Bekgi mugallym. Boýy uzyn bolansoň ol hemmelerden saýlanyp barýar. Onuň sag gapdalynda endigine görä ýegşerilibräge-de, başyny aşak sallap barýan ferma müdirimiz Nowruz aga. Geçen urşa başdanaýak gatnaşan adam hökmünde öňdäki hatarda bolmaklygy özüne borç hasap eden bolsa gerek, onuň ýüzi-gözi aladaly, gadam basyşy, ýogyn sesi bilen, gapdalyndakylara “hä”, “hüm” berişi diýseň dogumly. Yzly-yzyna otlaýan çiliminden göterilýän goýy, gögümtil-çal tüsse ony tutuş bir “sostawy” çekip barýan parawoza meňzedýär. Bekgi mugallymyň çep tarapynda Nowruz aganyň tagallasy bilen ýap-ýaňyja kolhozyň hasabyna meduçilişäniň alty aýlyk kursuny tamamlap gelen, göwresi biziňkiden sähelçe galarak, keçjallygy, jedelkeşligi bilen eýýäm özüni bütin etraba tanatmana ýetişen feldşerimiz Mäti kiçjik. Şeýle hem kelteden dykyz göwreli, hatda gulaklarynyň içine, barmaklarynyň üstüne çenli tüý bolup duran,çopan guýularynyň suw çykarýan motorlaryna we agşamyna hem ertirine fermanyň ýaşaýjylaryna tok berýän “dizele” seredýän mehanik Annak. Haltäç daýza-da şolaryň arasynda. Olaryň köpüsi özara gürleşip barýarlar. Diňe Mäti kiçjik Annagyň çigninden tutup oňa bir zatlar düşündirýär, elini salgap öňe gitse ylgap yzyndan ýetýär, säginse aýak çekýär, garaz gaçyp gutulmana-da maý berenok. Şeýdip baryşlaryna olar mahal-mahal özlerem bilmezden Haltäç daýzadan has öňe gidýärler-de, soňam durup oňa garaşýarlar. Ol yzlaryndan ýetensoň usullyk bilen oňa aýak deňläp ugraýarlar, ýöne, beýdip uzak gidibilenoklar. Çilimden göterilýän çal tüsse ýene-de öňe saýlanyp ugraýar. Haltäç daýzanyň bolsa fermamyza ot daşaýan “pyt-pyt” traktor ýaly şol birsydyrgynja tizlik bilen gidip barşy. Haýallanogam, gatylanogam. Menden özýaňyzam, galýaňyzam diýenok. Kä wagtam: bu millet nirä barýaka beýdip, bosuşyp diýýän ýaly geň galmak bilen daş –töweregine göz aýlap goýberýär. Ikinji bölekde kileň çopan-çoluklar we owlak-gyzy kampaniýasyna kömekleşmek üçin düýn-öňňinlikde obadan gelen ýardamçylar. Iki bölegiň hiç birinde-de kakam ýok. Ol şol gün daňdanaralar turup, çopanlara agyz suw eltip bermek üçin öz sürýän “wodowozy” bilen daga gitdi. Üçinji bölekde aýal-gyzlar. Iň yzda-da biz . Mekdep okuwçylary. Bizi bölek ýa topar diýip atlandyrmak mümkin däl, çüňki biz örän azlyk. Bary–ýogy dört oglan. Önyňam biri Söýün sykylykçy. Entek çeşmeden geçmänkäk ekabyrlardan haýsam bolsa biri, hususan–da Bekgi mugallym, käte bir aýak çekip yzyna öwrülýärdi-de: – E-e-eý, jyrryklar! Siz nirä barýaňyz? Gerek bolsaňyz-a biriňizem tapdyrmazdyňyz! Baryň, yzyňyza dolanyň!- diýip, aýal-gyzlaryň, ýardamçylaryň üstaşyry bize haýbat atýardy. Şonda ýöriş togtaýardy, “ýygynyň” ýüzi tutuşlygyna bize tarap öwrülýärdi, biziňem olaryň nazarlaryndan sussumyz basylýardy-da, barymyz birden aşak bakýardyk, haýallyk bilen yzymyza öwrülýärdik. Ekabyrlaryň öz ýollaryny dowam etdirmekleri bilen, yzky iki bölekdäkileriňem üňsleri bizden sowulýardy,ýüzleri aňryk dönýärdi. Muny görüp bizem aýak çekýärdik, biri-birimiziň ýüzümize seredişip, şumjaryşyp durýardyk-da, ýygynyň yzy bilen sessiz-üýnsüz ýörişimizi dowam etdirýärdik. Çeşmeden geçip, ene saýyň içi bilen günortalygyna tarap tutduryp ugranlaryndan soň, ekabyrlar bizi bütinleý ýatlaryndan çykardylar. Şondan soň hiç kim bizi kowmady. Bize diňe göze dürtülmezlik üçin ara böwşenlik salyp, ogryn-dogryn sýüşübermek galdy. Saýyň soňy baryp gyralary seýregräk arçaly kiçiräk bir jülgä diredi. Şol jülgeden çykan ýeriňem gyzyl-gyzyl gaýalary kert-kert bolup duran döşleri ýylçyr daşly , kelte bykyn şöhleli daglar.Meniň kartamda ol ýeriň ady “Gyzyl gaýa”. Ana, şol ýere barybam “ýygyn” aýak çekdi. Öňdäki iki bölek goşluşdy. Aýal-gyzlar bärräkde bir ýerde top tutup durdylar. Bizem olara on-ýigrimi ädim ýetmän aýak çekdik-de, heşerlenişdik duruberdik. Iki gözümizem ekabyrlarda. Olaryň arasynda ýüzüni sallap, henizem bir zatlary “pyşyrdap” duran Haltäç daýza gaýdalymyz bäri birinji gezek ýüzini galdyrdy-da, saňňyldap duran horja elini üstümize abanyp duran gyzyl gaýanyň çür başyna uzatdy. Hemmeler şol tarapa seredişdiler. Bizem seretdik. Eý, Huda-aý! Gözüň bilen görmeseň ynanar ýaly däl. Asyl göreniňden soňam ynanar ýaly däl. Ol mahluk şeýle bir mähnet welin, edil, dagyň depesine ýene bir ýylçyr gaýa goýlan ýaly. Eplem-büklem bolup, gerşini güne çoýup ýatyp. Oňsoňam ol entek bize doly görnenok. Ýarysyndanam gowragy aňyrda. Gaýanyň bize görünmeýän tarapynda. Tutuş göwresiniň nähiliräkdigini Hudaý bilsin. Ýeri, öňsoň ýeke özi ysmanak çöpläp ýören naçar aýalyň ony görüp neneň dili tutulmasyn! Oňa gözleri düşenden, aýal-gyzlaryň barysy birden: “Hi-iýh!” etdirişip içlerini çekdiler. Gaýra tesdiler. Ýakalaryny açyp içlerine tüýkürdiler. Erkekleriňem barysy birden: “Bäýip-bä-ä!” diýşip, gygyryşdylar. Bizem olar bilen deňine diýen ýaly sesimiziň ýetdiginden: “Oh-ty-y-y” diýdik-de, birdenkä gaçmaly bolaýsa dagy amatly bolar ýaly, aşak eglip balaklarymyzyň gonjuny çermemäne başladyk. Söýün bolsa dodagyny çommaldyp şeýle bir sygyrdy welin, gözüm gitmekden ýaňa kemsinenimem bilmän galypdyryn. Ekabyrlar özara maslahatlaşmana durdular. Iki gözlerem dagyň çür depesinde. Özlerem diýseň ýuwaş gepleşýärler. Ýöne, dag ýeri, sergin howa, arada gaty bir daş däl, näme diýseler gyly gyrylman eşdilip dur. Ahyram olar serhetçileri kömege çagyrmaly, diýen karara geldiler. Şol wagtam Mäti kiçjik böküp orta çykda-da, tebigaty, haýwanlary garamak boýunça bütindünýä kanunlary, halkara guramalary barada takal okamana başlady. –Adamlar! Söň eşitdim-eşitmedim diýmäň. Ýylan kanun boýunça goralýar. Bular ýaly üýtgeşik görnüşler-ä hasam. Munuň-a bireýýämler gyzyl kitaba girizilen bolmagam ahmal. Medisinanyň nyşanynda ýylanyň şekillendirilmegem ýöne ýere däl. Çüňki, onuň zäheri iň güýçli derman. Tak, şto, serhetçileri getirip öldürtjek bolýan bolsaňyz-a siziň munyňyz sudimyý iş bolýa. –Senem, inim mydama iliň tersine bir gep tanaýýaň-ow,– diýip Bekgi mugallym feldşeriň ýüzüne gyňraýlyp gyýa bakdy. –Ýa, soňunden özüňe gep gelerinden gorkýaňmy? Öňünden gaçýaňmy? Eýle bolsa bar, sen gidiber, özümiz bir zat ederis, jogapkärçiliginem boýnumyza alarys… Ýap-ýaňyja otlan çilimini bir ýan erninde kükedip duran Nowruz aga-da erniniň beýleki tarapy bilen “pyr-pyr” edip Mätä käýindi. –Sen şuny öýüňe äkidip agylyňda saklap bilermiň, kanunçylar gelip eýe çykýança? Ýa şolar gelýänçä şunuň ynsa-jynsa azar bermejekdigine güwä geçip bilermiň? Näme üçin obany alkymlap gelendigini özünden sorap beribilermiň? Ýa bu ýapy ýaly bolup ýatanyň saňa derman berýän adaty ýylаn däl-de, ýuwdaphadygyny göreňokmy? Ýa aždarhany öldürmek bolanokmy? Aždarhany öldüren “sudimyý” bolýan bolsa bar, git-de öňi bilen Göroglyny süýde ber. Özüňem Bekgiň aýdyşy ýaly garamatyndan görkýan bolsaň bar git, bu işiň gyrasynda-da görünme… Men Mäti kiçjik hemişeki keçjallygyny edip olar bilen eňekleşer, tükeniksiz jedele girer öýtdüm. Emma ol beýtmedi. – Görüň-dä, biziňk-ä bir aýtmak, duýdurmak,– diýde-de, bir gyra çekilip, iki golunam göwsünde gowşurdy duruberdi. Ajymtyk ýylgyryp ýüzüni kesä sowdy. Şonda ol meniň gözüme birhili elde ýasalan, oýunjak adam ýaly bolup göründi. Şeýlelikde, ýaşrak, ýeňilaýagrak çoluklaryň birini serhetçileriň galasyna ýolladylar. Ol ýigidem ylgaşlap ugrady-da, ses ýetim ýaly ýere baransoň durup “hyrra” yzyna öwrüldi: – Wyşkada duranlara aýdyp gaýdybersem bolmazmy? – Bolmaz! – diýip, Nowruz aga oňa haýbatly jorap berdi. – Wyşkada duran ýeke salladyň edibiljek zady bamy bu ýerde? Onsoňam öň wyşkany taşlap gaýdybilmejegine aklyň çatanakmy? Zastawa bar! Neçenniklerine habar ber…– Birdenem ol çoluga tarap ýapyryldy-da aýagy bilen ýer depdi – Ugra! Ol ýigit gözden ýitip-ýitmänkä-de Nowruz aga bilen Bekgi mugallym ikisi ýerden: – Aýal gyzlar bilen oglan-uşaklar gaýtsynlar, oýun iş däl bi…– diýşip, dyzap ugradylar. Biziň içimizde-de, aýal-gyzlaryň arasynda-da ol ikisiniň ýüzüne gelip biljegimiz ýok bolansoň, göwünli-göwünsiz dönmek bilen bolduk. Ýöne, barybir bilesigelijilik üstün çykdy. Ho-ol ýere ýetmän ýene-de saklandyk. Iki gözümiz welin gaýanyň üstünde towlam-towlam bolup ýatan mähnet janawerde. Sähelçe herekede geldigi biziň-ä towellasyzam oba tarap ökje göterjekdigimize şek-şübhe ýok. Şeýle ýagdaý ýüze çykdygy aýal-gyzlaram bizden yza galar öýdemok. Gözümiň gytagy bilen seretsem Söýüniň dodagy çommalyp dur. Ýöne, ses çykanok. Nowruz aga üçünji papirosyny çekip boluberende, serhetçileriň kotel dag ýollaryna ezber, ullakan “sudobekkerleri” gabat garşymyzdaky durşuna kerkaw bolup duran ýapynyň ýüzi bilen “arryldap” aşak indi. Üstünde-de ýedi-sekiz sany men diýen işekçer esger. Hemmesiniňem eginleri awtomatly. Çapar giden çoluk ýagdaýy iňňän takyk düşündiren bor-a çemeli, billerinde granatlaram bar. Komandirleri bolsa gerek, maşyn “haş-ş” edip durandan bir hortaňrak, ak ýüzli, keltejik sary saçly ýaş leýtenant kabinadan böküp çykdy-da, gyzyňky ýaly inçejik sesi bilen esgerlere ýere düşmekligi, hatara düzülmekligi buýurdy. Ondan soň ekabyrlaryň ýanyna baryp bäş-üç agyz gürleşdi. Ýöne, birinjiden-ä biz indi olardan birneme daşlaşypdyk, ikinjidenem olar orsça gürleşdiler. Çüňki o döwürlerde Türkmenistanda gulluk edýän esgerleriň, komandirleriň uçgantutma ählisi diýen ýaly ors oglanlaryndan ybarat bolýardy. Biziň ýigitlerimizi bolsa soýuzyň beýleki künjeklerine iberýärdiler. Şonuň üçinem, biz olaryň näme hakda gürrüň edendiklerine düşünip bilmedik. Gürleşip bolanlaryndan soň , leýtenant boýnundan asylgy dürbüsini gözüne ýetirdi. Ýylany synlady. Dürbüsini aýrandan soňam başyny ýaýkady-da: – Мать твою-y…- diýip süýkdürdi. Yzyndanam bir zatlar samrady. So-oň, bir öwrümde Mätiden sorap görsek onuň ilki diýen-ä : eneňi dula bakdyraýyn diýen ýaly edrenç sögünç, yzyndan aýdanam: Muny biziň serhetçilerimiz nädip görmedilerkä, diýdigi ekeni. Leýtenant şondan soň ekabyrlara ýüzlenibem bir zatlar diýdi welin, barysy bir üýşmek bolup bize tarap gaýtdylar. Ýöne, bizi kowmadylar. Ýanymyza geldiler-de, bize ünsem bermän, özara hümürdeşdiler duruberdiler. Şonda, Nowruz aganyň iň soňky papirosyny gabyndan sogrup alyp agzyna ýetireni, boşan gabynam mynjyradyp, eliniň tersi bilen bir gapdala oklap goýbereni henizem gözümiň öňünde dur. Şemalyň ugruna ýeldirilip barýan çilim gaby baryp bir guran peşmege germeldi. Onuň ýüzünde ak düşegiň üstünden gök reňk bilen basylan “Sewer” diýen ýazgy, şeýle hem dagyň aňyrsyndan ýaşyn barýanmy, dogup gelýänmi ýarty Günüň suraty bardy. Ýylan eşidenok diýýärler. Egerde şol çyn bolsa, onda ol maşynyň “arryldysyna” däl-de, sarsgynyna oýanan bolmaly, gymyldap başlydy. Boýnuny usullyk bilen aşak sallady. Ýapgyt gaýanyň ýüzündäki, her biri tam ýaly gyýçak-gyýçak daşlaryň arasy bilen süýşüp gelşine agramyna erk etmek üçin guýrugyny gaýanyň depesindäki ullakan arça agajynyň iki gujaklykdanam ýogyn sütünine orady. Şoňa çenli onuň göwresi gaýanyň orta bilinden geçdi. Men onuň owadanlygyna haýran galdym. Garny juw-ak. Arkasy, gapdallary welin, edil ökde nakgaşyň eli bilen keşdelenen ýaly. Keşdäniň düşegi symgylt sary reňkde. Meleräk diýseňem boljak. Şol reňkiň üsti kellesinden başlap tä guýrugyna çenli gök, gyzyl, ýaşyl, mämişi, sary reňkli nagyşlardan doly. Birini aýryp birini goýar ýaly däl. Barysy ýerbe-ýer. Şüý-ä şu ýere ýerliksiz düşüpdir-ow diýjek gumanyň ýok. Göwresiniň guýruga tarap inçelip gidýändigine görä nagyşlaram gitdigiçe kiçelýär. Günüň şöhlesi düşübem şeýle bir ýalpyldaýar welin, edil gaýanyň ýüzünden içi zer suwundan doly kiçiräk bir çeşme çaýkanjyrap akyp gelýän ýaly. Birdenem ol bize tarap öwsun aýtdy-da, agzyny açyp öz tebigatyna görä “has-s…” etdirdi. Soň “haşşyldady” Dilini ýalmandyrdy. Ýöne, hiç hili uruş, duşmançylyk alamatlaryny ýüze çykarmady. Şeýle-de bolsa hemmämize howsala aralaşdy. – Ýeri, indi nämä haýal-ýagallyk edýäňiz diýsene…– diýip, Bekgi mugallym esgerlere tarap gyýa garap nägile hüňürdedi. Bize-de ätiýaç üçin birazajyk yza süýşmekligi maslahat berdi. Öňu bilenem özi çekildi.Biz iki aýtdyrman onuň yzyna düşdük. Oňa çenlem leýtenant üsti gyzylymtyl, orta bili gurbaganyň kerebi ýaly ýap-ýaşyl, düýbi gara ýylçyr, dörtburç, ullakan daşyň üstüne çykdy-da, bir elini ýokaryk galdyrdy. –Огонь!…- diýibem aşak ýatyrdy. Awtomatlaryň sekizisem birden “tatyrdap” ugrady. Hersinde näçe okuň bardygyn-a bilemok, ýöne meniň pikirimçe olaryň hemmesem tä, “magazinleri” boşaýança atdylar. Şondan soňky bolup geçen ahwalatlary söz bilen beýan eder ýaly däl. Gaýanyň ýüzi bilen ýuwaşjadan süýşüp gelýän ýylan üstüne ok ýagyp ugrandan erbet bir tisginjiredi, soň o ýan, bu ýan urundy, silkindi, güýrugyny arçadan çözmän howada hallan atdy. Öz badyna baryp telim ýola gaýanyň ýüzüne “hylç-hylç” uruldy. Özem näme üçindir birsyhly öküň ýagýan tarapyna kellesini ülňedi durdy. Birdenem guýrugyny arçadan çözdi-de, “şowurdap” aşak gaýtdy. Öwnuk çagylly, tekizleç meýdançanyň üstüne “jylkyldap” düşüşi ýalam guýrugyna agyz urjak bolýan ýaly alahasyrdy bolup bir duran ýerinde öwrüm etmäne, pyrlanmana başlady. Birdenem günortanyň tüweleýi ýaly towlanjyrap özüni dik ýokary zyňdy. Heniz howadaka ýazylyp-büzülip, göwresi bilen ululy-kiçili birgiden halka ýasady. Ýöne o durkunda uzak saklanybilmedi.Özüni aşak goýberdi. Ýany ýere degendenem oranyp, “çörek” ýasamana başlady. Her oram öňki oramyň üstüne düşüp münderlendi gitdi oturdy. Beýgeldigisaýam ýokarysy çüreldi. Şonda men içimden onuň oramyndan emele gelen ýokarysy çöwluja müňder Täçmyrat daýymlaryň işigindäki sygyr kümäniň ululygyndan-a pes däl bolsa gerek, diýip oýlandym. Emma ol özüniň bu görnüşinem uzak saklamady. Birdenkä “şapyrt” etdirip, göz açy-ýumasy salymyň içinde ýazyldy-da, gös-göni bolup süýndi ýatyberdi. Agyr “hassyldap” demini goýberdi. Şondan soň ondan gymyldy-hereket bolmady. Bu hereketleriň barysyny ol janhowluna, iň soňky deminde etdi. Şonda biz deň-duşlarymyz bolup öz ýanymyzdan onuň ýogynlygy şäher ýoluň ugrundaky tilagaçlarça-ha bardyr, uzynlygy welin ondanam uzyndyr, diýen netijä geldik. Söýün bolsa tä, ýaşulylaryň biri: “Goý how, hüşşüldiňi” diýip, üstüne azgyrylýança sykylygy bilen geň galmaklygy aňladýan heňi ussatlarça çaldy durdy. Mahlasy, esgerler itiň görgüsini görüp maşyna ýüklänlerinde, ony nowanyň uzynlygyna üç-dört gezek dagy külterlediler, ýöne, şonda-da guýruk tarapyndan ep-eslisi daşyna sallandy. Biz tä garasy ýitýänçä maşynyň yzyndan seredip durduk.Haltäç daýza-da seredip durdy. Ýöne ol näme üçindir aglaýardy, gözüniň ýaşyny ysmanakdan ýňa göm-gök bolan aýasy bilen süpürip durşuna bir zatlar diýip pyşyrdaýardy. Men onuň golaýyna bardym.Diň saldym. Özüniň sag-aman apatdan gutulandygy üçinmi ýa bu belanyň uly iliň başyndan sag-salamat sowulandygy üçinmi, ýa düýbünden başga bir zat üçinmi bolemok, ol ýetişibildiginden doga okaýardy. Äpedi esgerleriň nirä äkidendiklerini, näme edendiklerini men bilemok, ulularam bilýändirler öýdemok, egerde bilýän bolsadylar, onda o hakda oba gürrüň ýaýrardy we bizem eşiderdik. Ýöne, gep onda däl, gep hakykatdan-da uly il bolup aýylganç bir uly belanyň dep edilendiginde. …Gidende dürli toparlardan ybarat bolup sallam-sajak giden “ýygyn” gaýdanda bir toplum bolup ýola düşdi. Tä oba gelýänçäk, ekabyrlar öň bolup geçen şuňa meňzeş dürli wakalardan söz açdylar. Esasanam uly bolsun, kiçi bolsun ýylanyň taýly bolýandygy, birini öldürseň beýlekisiniň iru-giç ar almana gelýändigi, dyygysyz hüjüm edýändigi barada aýtdylar. Tymsallar getirdiler. Bu gürrüňler köpleri oýa batyrdy. Diňe Mäti kiçjik: –Aýtdym-a men, degmäň diýdim-ä, munyňyz bikanun, tebigatyňam öz kanunlary bar, o-da sizden ar alman goýmaz diýdim-ä – diýip, aýtmadyk sözlerinem aýtdym edip köpçüligiň içinde iki ýana ýumalandy ýordi. Her kimiň ýanyna bir baryp özüniňkini tassyklatjak boldy. Seniň aýdanlaryň dogry ekeni diýdirjek boldy. Ýöne oňa barmysyňam diýmediler, hatda hälkileri ýaly ýüzünem aljak bolmadylar-da, öňküleri ýaly özara gürleşip ýollaryny dowam etdiriberdiler. Oba gelenimizden soňam daşyna çalamydar, ommuk-sommuk, ýarysy çüýrän şahaly agaçlar dikilip, üzük-ýoluk, posly, kä ýerine tikenekli, kä ýerine alýumin, kä ýerine bolsa suwly polat simlerden çatyşdyrylyp aýlanan, telim ýylyň baslygan derslerinden ýaňa içi gat-gat gemre baglap giden ullakan sygyr ýatagynyň öňündäki şyr-ak, takyr meýdanyň ortarasynda durup,tä garaňky gatlyşýança şol bir howatyrly gürrüňlerini dowam etdirdiler. Iň soňunda: “Muňňam taýy bar bolmagy mümkin. Bar bolsa o-da dek ýatmaz. Şoň üçinem, uly-kiçi, hiç kim daga ýeke gitmesin” diýibem, dargaşdylar. * * * dowamy bar... Juma HUDAÝGULY | |
|
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |