00:38 Äraly pir | |
ÄRALY PIR Ýadyñyza düşýän bolsa, geçen asyrda sowet häkimiýetiniñ düzüminde wagtymyz, türkmen halkynyñ taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny... Oktýabr rewolýusiýasyndan başlanýan ýaly edip goýupdylar. Işan-mollalar, özüni oñarýan gurply adamlar baý-kulak we eziji synpyñ wekilleri hökmünde dürli propogandalar, şol sanda çeper edebiýat arkaly ýepbeklenilýärdi. Geçmişde biri-biri bilen dostlukly aragatnaşykda bolan beýik şahsyýetlerimiz hem biri-birine duşmançylykly ýaşan ýaly edip görkezýärdiler. Mysal üçin meşhur şahyrymyz Kemine bilen Äraly piriñ arasyndaky henekleri alyp göreliñ. Bu iki dostuñ arasyndaky heneklere çenli öz propogandalaryna görä ulanyp, hamana Kemine Äraly piri ýañsylamak bilen işan-mollalaryñ üstünden gülýärmişin diýen pikir köpçüligiñ añyna guýmaga çalşylýardy. Aslynda bu beýle däldi. Gürrüñi öz düşünjämize görä süýndürip oturman, geliñ Äraly piri ýakyndan tanamaga we onuñ keramatlaryndan käbirini bilmäge çalyşalyñ. ■ Äraly pir kim bolupdyr ? Gynansak-da, Äraly pir barada türkmen dilinde neşir edilen iki sany kitapdan (ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew "Äraly pir ýa-da täleýiñ kötelli ýoly"), il arasynda aýdylýan rowaýatpisint hekaýatlardan we onuñ sopusy Kemine bilen eden heneklerinden başga häzirlikçe elimize düşen ummasyz maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, onuñ Hywa hanlygynda uly abraýdan peýdalanandygyny we Hywa hanlaryna sözi geçendigini göz öñüne tutsak, onda goñşy hem-de doganlyk Özbegistan döwletiniñ taryhy çeşmeleri öwrenilse, taryhymyzy öwrenijiler üçin birgiden maglumatlar gorunyñ ýüze çykjakdygy şek-şübhesizdir. Äraly piriñ gapysyna ýykylmadyk adam ýok eken. Olaryñ arasynda demi bilen degirmen ýöredip duran han-beglerem, dünýäsi petige direlen mätäç bendelerem, hatda uly ýörişlere, söwda-satyga gitjeklerem onuñ haýyr dogasyny almak üçin piriñ mukaddes bosagasyna alnyny diräpdir. Öwlat neslinden, ýagny asly hojalardan bolan Äraly pir heniz 12 ýaşyndaka daşoguzly türkmenleriñ öñüne düşýän Hakdan halatly pirdi. Bir gezek Hywanyñ hany Allaguly hana bu barada aýdylanda "12 ýaşlyja çagada keramat näme işlesin?" diýip gäbe garnyny piserdip, loh-loh gülenmişin. Töweregindäki ýurtlara gan gusduryp, edeni bolup ýören zalym han dek şol günüñ özünde gudrat görýär. Oslagsyz ýagdaýda çişip barýan garnyny öñki kaddyna getirmek üçin özüne niýetläp, häzirki Görogly etrabynyñ "Berkarar" daýhan birleşiginiñ çäginde saldyran ýörite galasyny (häzir bu gala "Hangala" diýýärler), şol galanyñ etegindäki 11 gektarlyk şa mülküni gypynç etmän Äraly pire eçilipdir.. ■ "Gözüñi ýum-da açaý!" Kän wagt geçmän Äraly piriñ ady tutuş yslam dünýäsine ýañ salýar. Elbetde, gelenleriñ köpüsi piriñ gudratyny gözi bilen görüp, soñ oña ynanaslary gelýärdi. Şonuñ üçin Äraly pir Arabystandan gelen ulama bilen "Gurhanyñ" aýatlaryny teswirlemekde bäsleşmäge, özbegistanly bir tersokan bilen suwa, howa diýenini etdirmäge mejbur bolupdy. Hatda Maryda ýaşap geçen meşhur şahyrymyz Mämmetweli Kemine hem oña göwnünde güman göterip gelenleriñ biridi. Äraly pir gapydan gelen Keminäniñ bihal adam däldigini añypdyr we sähel-mähel säwlige ýol berse onuñ şerebeli dili bilen özüni ýañsa almakdan çekinip durmajagyny bilipdir. Şonuñ üçin pir Keminäni tolkun atyp ýatan derýanyñ gyrasyna eltýär-de, ondan geçmegi buýurýar. Kemine nägilelik bilen "Göni barybermeli diýdiñiz welin, bu däli derýadan nähili geçeris, pirim?" Pir myssa ýylgyryp "Hany, molla Kemine, gözüñi ýum... Indi gözüñi açaý" diýýär. Kemine töweregine seretse, derýanyñ añyrky kenarynda duranmyşyn. Ol ynanmazçylyk edendigi üçin "Toba kyldym, pirim. Günämi geçiñ. Indi göwnümde güman galmady" diýýär. ■ "Sopymyz Keminäniñ kazasy doldy..." Bir gezek ol çuñ gaýga batypdyr-da, soñam başyny galdyryp: "Ertirki namazy okap, ýola düşeliñ. Sopymyz Keminäniñ kazasy doldy..." diýýär. Oturanlar haýran galýar. Çünki bu gapydan bu şum habary getiren adam ýokdy... ■ Äraly Piriñ ahyret ýolagçylygy Äraly pir bir gün ertir namazyny okap, neberelerini we sopularyny ýanyna çagyrýar. Birnäçesine sargytlar edýär, etmeli işlerini öwredýär. Jemlenişenler gürrüñiñ hörpünden onuñ näme diýjek bolýanyny añşyrypdylar. Piriñ bakyýete göçmeli pursaty golaýlapdy... - Guburymyñ üstünden suw akar, juda köp wagtlap akar. Diñe şonda rahat ýataryn... Hudaý ýol berse, türkmeniñ mollasyny sylajak, oña sygynjak wagty geler ine şol döwür ýatan ýerimizi-de taparlar, bellik hem ederler... Piriñ jynazasyna gelenler obasyna sygmandyr. Beýik pir panydan baka giden güni hem dürli milletleri doganlaşdyryp gidipdi. Türkmen halkynyñ agyr hasratyny paýlaşmaga kowumdaş halklarymyz bolan özbek, garagalpak, uýgur, gazak doganlarymyzdan başga-da alys ýurtlardan, araplardan, kürtlerden hem tanymal adamlar gelipdirler. Piriñ mübärek tabydy obadan 10-15 km uzakda ýerleşýän Ysmamyt ata öwlüýäsine çenli elden-elden geçip gidipdir... ■ "Guburymyñ üstünden suw akar..." jümlesiniñ syry... Il-gün piriñ aýdan bu syrly jümlesiniñ ýumagyny çöşläsi gelýärdi. Jedeller ýetjek derejesine ýetende, üýtgeşik hadysalar bolup geçip başlaýar. Piriñ gubury basym ýer bilen deñleşýär. Günleriñ bir güni böwedini ýaryp ol ýerleri suw basýar. Geñ galmaly zat: böwedi näçe öñküsi ýaly etseñem, suw ýene şol basan ýerini basyp durupdyr. Şeýdibem piriñ mazarynyñ üsti suwuñ akýan ugruna öwrülip galyberýär... Piriñ Hakyñ rehmetine gowuşmagyndan ýigrimi ýyla golaý wagt geçipdi... Ganly 1873-nji ýylyñ şehit ganyna gark edilen Gazawat gyrgynçylygy... Megerem, beýik pir haýwandan bäş beter wagşylaşan gözi ganly ganhorlara mübärek guburyny depeledeninden, üstünden suw akyp ýatanyny kem gören däl bolmaly... Allanyñ dostlarynyñ syrlaryna akyl ýetirmek barmy näme?! Belki-de, Hezreti Magtymguly işanyñ "Şehitler gelerler gany biläni" diýen setirlerini ýatladyp, hanasyny şehit ganyndan püre-pürläp ýapdan akyp gelýän şehitlerimiziñ kelemesini öwürendir, ynjydylan eziz ruhlaryny köşeşdirendir. Belki-de üstünden akyp geçen şehitlerimizi daşyna üýşürip, olara we olaryñ diri galan ýakynlaryna magşar gününde şepagatyny ýetirmekçidir... Gazawatdan soñam piriñ guburynyñ üstünden suw akyp ýatypdyr. Ne onuñ yzyny dowam etdirijilerden, ne onuñ neberelerinden guburyñ ýerine bellik eden bolmandyr. Olary nämedir bir zat mundan saklaýardy. Çünki, olara ýene bir dumanly döwür ~ keramatly sahabalaryñ, pirleriñ, işan-mollalaryñ, iñ bärkisi ýönekeý däp-dessurlary berjaý etmekçi bolýan adamlaryñ üstünden gülünýän, masgaralanýan we ata-babalarymyzyñ guburlaryna barylmaýan, gonambaşylaryñ we ulamalaryñ üstüne salynan kümmetleriñ ýykyljak gowgaly döwri garaşýardy... Elbetde, ol döwür Hudaýyñ gargyşy siñen 70 ýyllyk sowet döwrüdigini eýýäm köpüñiz añan bolsanyz gerek... (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |