03:05 "Arap bahary" taryha öwrülip gitdimi? | |
"ARAP BAHARY" TARYHA ÖWRÜLIP GUTARDYMY?
Publisistika
"Arap bahary" wagtynda bolup geçen wakalar geçip giden tapgyr däl, gaýtalanyp duran medeniýetdir. Kairiñ merkezindäki "Tahrir" meýdanynda 2011-nji ýylyñ protest demonstrasiýalary wagtynda gurnalan bir çykyş / Fotosurat: AP Durmuşyñ iñ esasy hakykatlarynyñ üstünde umumy pikir meñzeşligi ýok. Syýasat hem şolaryñ biri. Hatda başynda gelýär... Umumy pikiriñ bolmazlygynda mesele ýok. Şonsuzam Allatagalanyñ kitabynda bu barada şeýle diýilýär: "Rebbiñ rehmet (we hydaýat) edenlerinden başga (adamlaryñ köpüsi gereksiz düşünişmezlikler we ambisiýalar bilen ber-başagaý. Alla olary şunuñ üçin (her kim öz bilýänini orta goýsun diýip) ýaradypdyr". Galyberse-de, käbir düşünişmezlikler umumy akymy baýlaşdyryp we güýçlendirip bilýär. Emma bu "tebigy" düşünişmezlik ölçegi doly ýykgynçylykly işlere duşmançylykly hereketlere girişse, düýbünden başga zada öwrülýär. Häli-häzirlerem Birleşen Korollykda, Kanadada we beýleki daşary ýurtlarda oturýan, "Musulman doganlar" toparynyñ we şoña meñzeşleriñ maksatnamasynyñ hasabyna işleýän (şeýle-de hökman şol guramanyñ agzalyk karty bar agzalar bolmagy gerek däl) kişiler bar. Bularyñ nyşanasynda häzir iñ güýçli Arap ýurdy, araplaryñ iñ esasy merkezi, gaý-tupanlara we betbagtçylyklara garşy iñ ýokary we iñ berk barýeri bolan Saud Arabystany bar. Birleşen Korollykda we Kanadada oturýan bu adamlar, elbetde, iñlis-kanada gulluklarynyñam habarlylygynda, ýykgynçylykly, nigilistik, hakykata çapraz gelýän missiýa üçin işleýärler. Şeýle adamlaryñ niýetlerine girjek bolup duramzok, şonsuzam her kim eden işi üçin Hudaýa hasap berer. Bu topar meýdana täze çykdymy? Edil beýle-de däl. Tersine, özüne meñzeş halkalara goşulan täze halka... 2012-nji ýylyñ 11-nji martynda şol döwür atlandyrylyşy ýaly "Arap bahary" ýurtlarynda, aýratynam Tunisde, Müsürde, Liwiýada, Ýemende bolup geçenlere meñzeş görnüşde näbelli topar saudlary "jumga çykyşyna" çagyrýan "Facebook" sahypasyny döretdi. Şol gün has soñra "Huneýn güni" diýlip ýatlanmaga başlandy. Şonda adamlaryñ bir bölegi sandyr-sandyr etdi, bir bölegi haýrana galdy, bir böleginiñem gorkudan ýaña gözleri uçganaklady. Şol döwür şeýle ýazypdym: "Nämüçin käbir intellektual saud elitalar bilen käbir (Facebook) we (Twitter) ýaşlary Saud Arabystanda Sanadyr Kaire meñzeş "Gahar-gazap jumgasy" bolup geçjegine ynanmaga gyssandylar? Nämüçin munuñ hakykylygyndan şübhelenen adamy ýekirdiler, aýypladylar, ýanalmaga degişli gara sanawa girizdiler? Bu hadysalaryñ ritminiñ arasynda wagtyñ geçmegi bilen ýitirmäge degişli däl möhüm soraglaryñ biri. Ýene şol döwürde munuñ sebäbini şeýle düşündiripdik: Munuñ sebäbi, kabul etmeleri (восприятие) bulaşdyrmaga esaslanýan ýalñyş ündewlere berenleriñ we hadysalary seljermäge gyssananlaryñ kösenýän psihologiki kemçiligi bolup biler. Tunisde, Müsürde bolup geçen gorkunç ýer yranmasyndan soñ bularyñ psihikasy bozuldy we ýalñyş pikirlere taýdylar. Betbagtçylygyñ bolup geçendigini we bu tupan tolkunynyñ Saud Arabystany bilen birlikde uemme ýere ýaýylmagynyñ gutulgysyzdygyny we mundan gaçyp sypmagyñ mümkin däldigini pikir etdiler. Aýratynam birnäçe arap emeli hemra kanalynyñ şeýle rewolýusiýa görnüşindäki tupan ilýuziýasyny hezil edip efire bermeginden soñ käbir arap žurnalistleri, hatda köpüsi, hiç bir arap ýurdunyñ Tunis-Müsür tolkunlarynyñ täsirinden çetde galyp bilmejegini ýazdylar. Adamlar meseläniñ her bir arap ýurdunda ussatlyk bilen amala aşyrylan katalogdan has çylşyrymlydygyna düşündiler. Şonuñ üçinem 2024-nji ýyla, ýagny biziñ günlerimize gaýdyp geler bolsak, "Arap bahary" möwsüminiñ atmosferasy, ynjylary, sözlenen sözleri, pirimleri, demleri, toparlary geçip giden döwür däldir. Gaýtam tersine, hemaýatkärleriniñ saklaýan we suwlap duran dowamly hereketdäki durnukly medeniýet, hemişelik partiýalar, global we regional bähbitlerdir. "Arap baharyny" döredijileriñ diñe şahslar ýa-da şahslaryñ kämilligi ýa-da hemaýatkär toparlaryñ hakykaty görendigi sebäpli indi ömrüni soñlan güýçler bolandygy pikirini ýerleşdirmek isleýänlar bar bolsa, bular bize bildirmezden täzesini geçirmek üçin bize hažyk-hužyk edýänlerdir. Ýa-da gynançdan ýaña ýigrenje gark bolanlar, häzirki ümsümligiñ mazasyny görmek, asuda ýaşaýşyñ we gaflatyñ ýumşaklygynyñ içinde owadan uklamagy saýlap alanlardyr. "Arap bahary" wagtynda bolup geçen wakalar geçip giden tapgyr däl, gaýtalanyp duran medeniýetdir. Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe, 15.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |