19:50 Arda Turanyñ gahary | |
ARDA TURANYÑ GAHARY
Psihologiýa
Men Arda Turany gowy görýärin. Arda Turanyñ üstünlikler bilen doly futbol karýerasyna ildeşi hökmünde hemişe buýsanyp gezdim... Arda barada öñem birki gezek ýazypdym. Her gezegem meni tankyt edipdiler. Tankyt edilmeginiñ sebäbi, Ardanyñ futbolyndan has köp ýaşyl meýdançada we daşynda duýdansyz gahar-gazaba münmeleridi! Dogry hem aýdýardylar... Geçen agşam "Amazon Prime"-da “Arda Turan: Ýüzleşme” dokumental filmine tomaşa etdim. Dokumental film döwrüniñ iñ ukyply, iñ halanýan we şolar ýaly-da üsti jedelli türk futbolçysy Arda Turanyñ öz-özi bilen ýüzleşmeginiñ üstünde durup geçýärdi... Dokumental filmde Arda Turan kemçiligini-aýbyny görkezenlerinde diñe puşman edýän ýerlerini agzady. Dokumental film hamana "Arda Turanyñ puşmançylyklaryna öwrülen ýalydy! Şeýle bolýan bolsa, filmi taýýarlaýjylar nämüçin bir meseläniñ üstünde aýratyn durup geçmediler: "- Aslynda halk tarapyndan eý görülýän Arda Turan nämüçin gahar-gazabyna erk edip bilmeýär?" Diñe "ökünýärin" diýmek ýeterlik däl, garşymyzda ötüşen gahar-gazap bar. Özem bu ahwal dowamly gaýtalanýar. Nämüçin? "Aşa ganygyzgynlygym bar" diýeni ýeterlikmi? Mümkin däl. Dokumental filmiñ başynda Arda Turan çagalygynyñ geçen Stambulyñ Baýrampaşa raýonynyñ köçeleriniñ arasynda oýnan oýunlary barada gürrüñ berende, aslynda ýumagyñ ujuny çöşleýär. Oýunlar diýseñ dawaly geçýän eken. Kakasy-da köçe oýunlarynda deñ-duşlarynyñ Ardanyñ kellesini ýarandyklaryny gürrüñ berdi. Ýagny: Arda Turanyñ dawasynyñ, gahar-gazabynyñ, ynjyklygynyñ, ganygyzgynlygynyñ düýp köki geçmişde üstüni basyryp goýan duýgularynda gizlenýärmi? Bu sorag meniñ jogap berip biljek ýagdaýlarymyñ çäginden çyksa-da, şuny ýazyp bilerin: Gahar-gazaba garşy nädip özüñi saklamalydygy esasy mesele... Gadyrly Arda Turan çäklendirip bolmaýan erk-ygtyýarsyzlygyny diñe psihologiki taýdan maslahatlary almak arkaly çözüp biler. Çünki ol baş tälimçilik edende-de, elde-aýakda durarlt däl... * * * Arda Turan bilen söze başladym, emma gaharyna bäs gelip bilmeýän diñe şomy? Ali Koçuñ Arda Turandan näme parhy bar? Dowamly howp astynda gezýän taly tükeniksiz gahar-gazapda gezmeginiñ sebäbi diñe futbolmy? Diñe futbolda görýärismi agressiýa gaýnap duran gahar-gazaplary? Alpaý Özalan nädip bir demde "Öj-alan" bolaýdy? Futbol meýdançalaryna gelşenok... Mejlise gelşenok... diýenimiz bilen mesele çözülmeýär. Düýpde gizlenip ýatan şahsy ýa-da jemgyýetçilik ruhy ýaralar näme? Hawa, bäs gelip bolmaýan ýykgynçylykly gahar-gazap durmuşda ýygy-ýygydan garşymyza çykýan jemgyýetçilik ýara aslynda! Aýal-gyzlary urup-sögmeleriñ mundan parhy ýok. Ýa-da köçe-ýol hereketlerinde ýa-da gündelik durmuşda ýygy-ýygydan duş gelinen agressiw garşylyklar mundan parhy ýok... Çygyrdan çykan gahar-gazapdyr duşmançylyk etmegiñ hem-ä şahsyñ, hemem jemgýetiñ üstünde näsag ediji täsiriniñ bardygy-da hakykat. Dokumental filmiñ ady deýin asyl ýüzlemeli zat şu ahwalymyz! Seretseñizläñ, gahar gahary emele getirýär, ötüşýär. Gahar-gazap durmuş formasyna öwrülýär: Mejlisde gören ýagdaýymyz ýaly agressiw hereketler problemany çözme guralyna öwrülýär... * * * Şeýle pikir edilýär: Gahar-gazap - özüñkini dogry etmegiñ, başgalary aýyplamagyñ, öç almagyñ ýa-da ar almagyñ, başgalara aýdanyñy etdirmegiñ ýoly... Bular ýaly zat bolup bilmez, özüñizi aldamañ! Geçirilen ähli barlaglaryñ netijeleri agressiýa-duşmançylygy öz içine alýan gahar-gazabyñ - howsala, günäkärçilik, depressiýa, garaşlylyk we beýlekiler bilen baglanyşygynyñ bardygyny görkezýär. Bu hakyky ruhy näsaglyk! Köçe-ýol hereketini bozandygyna garamazdan, özüni saklan polisiýa işgärine awusyny pürkjek bolýan sürüjini göz öñüne getirjek boluñ - ol hakyky näsag! Sözümi jemläp aýdanymda: Gahar-gazaba bäs gelip bilmek üçin ilkinji nobatda onuñ bardygy bilen ylalaşylmaly we ykrar edilmeli. Arda Turanyñ munuñ bilen ylalaşyp, şeýle kemçiliginiñ bardygy üçin gynanýandygyny aýtmagy asylly başlangyç. Yzyny alyp çykmak günäni zol başgalarda gözleýän futbol hojaýynlarynyñ, syýasatçylaryñ paýyna düşýär! Bellik: Türk futbol klublaryny agzabam durjak däl, dünýäniñ saýlama futbol klublary düzüminde psiholog maslahatçy saklamaýarlarmy? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |