09:34 Arkadagym, Garagum! | |
ARKADAGYM, GARAGUM!
Edebi makalalar
Gadyrly okyjy, men Garagum çöli hakynda gürrüň açyp, seniň henize çenli eşitmedik täzeligiňi aýdaryn öýdemok. Men başga maksat bilen galama ýapyşdym. Men öýümize, köçämize, obamyza, şäherimize, işleýän, seýil edýän mekanymyza seniň ünsüňi çekmekçi. Oňa GARAGUM diýýärler. Garagum türkmeniň taryhy mekany. Taryhy hakykatdan ugur alyp aýtsak, biziň Garagumdan dilgir bolmaga hakymyz ýok. Abyrsyz kynçylyk başa düşende, Garagum dagynyk halkyň gaçybatalgasy bolupdy. Malynyň otuny, ojagynyň odunyny çölden tapypdy. Garagumuň guba çägesiniň her depesi, agyr goşuna baş bolup gelen tekepbir serkerdeleriň önünde düşnüksiz aýylganç gala öwrülipdi. Çöl ogullarynyň salan ýodasyny syrgyn basyp, ony kesekiniň nazaryndan gizleýärdi. Diňe şol gizlin ýodalary saýgaryp bilýän adamlar çöluň eýeleridi. Olar gum içinde ýaşadylar, iňňän kyn tebigy şertlere döz geldiler, çölüň dilini tapdylar, onuň gazabyndan täsin tärler tapyp gorandylar. Gumuň gazaply şerti halkyň pähimine oýlap tapyjynyň zehin ýitiligini, pähimdaryň paýhas inçeligini beripdi. Mal yzynda gezip ýören çopan her çöpüň, her bir mör-möjegiň bolşundan täsin alamat aňýardy. Mysal uçin: goýun meýdanda pytrap ýatan çakyr süňki gemirse, agyr ýylyň alamatydy. Pyşdyl hinnnde aňry bakyp ýatan bolsa, garynja gandymyň içini köwýän bolsa, agyr gyşa garaşyber. Adamzat çölüň nyşanyny düýäniň keşbi bilen aňlaýar. Bu haýwanyň jöwza, suwsuzlyga çydamlylygy şu güne deňiç adamlary haýran edip gelýär. Düýänin aşgazanynyň gapdalynda suw saklanýan ýörite halta bar diýýärler. Amerikaly alymlaryň alyp baran barlaglary düýäniň çydamlylygynyň syryny aýdyň etdi. Elbetde, hiç hili suwly halta ýok. Oňa derek düýäniň örküjinde ýag köp. Jöwzada gyzan ýag kislorodly howanyň birigmesi arkaly suwa öwrülýär. Aýdaly, örküçde kyrk kilogram ýag bar bolsa, şol kyrk litr suw berip bilýär. Ýene: Düýe ganyndaky suwuň örän az mukdaryny ýitirýär. Bu ýagdaý onuň ganynyň goýalmazlygyna getirýär, güýjüni ýitirmeýär, çydamlylygyny saklaýar. Örküçdäki galyň ýag gatlagy bedeni aşa gyzmakdan saklaýar, bu ýerde ýüňüň hem peýdasy bar. Ýene: düýe yssa görä bedeniniň temperaturasyny üýtgedip bilýär, az derleýär, bedendäki suw az bugarýar. Men bu mysaly ýöne ýere getirmedim. Tebigat çöl şertinde ýaşaýan haýwana şeýle kämillik beren bolsa, onda adam nätmeli? Bu sowalyň jogabyny türkmen halkynyň durmuş endiginden gözlemeli. Onuň gylyk-häsiýetini, egin-başyny, ýaşaýyş düzgünini, çöle bolan gatnaşygyny seljermeli. Mazaly seljeren adam bir hakykata göz ýetirer. Türkmen hiç mahal çöli özüne duşman tutunan däldir, hiç mahal çölden zeýrenen däldir. Türkmenler Garagumuň süňňüne ornap onsuz durmuşlaryny göz öňüne getirmändirler. Çölüň häsiýeti halkyň häsiýetine öz paýyny goşupdy. Adam bu gün ertekilerdäki hyýal eden tizligine eýe boldy. Garagumuň bimöçber däldigi her kime aýan. Bir mahal düýäniň, atyň, eşegiň esasy ulag bolandygyny ýaş ösdürimlere ynandyrmak kyn. Geçmişde «uçýan» atyň, halynyň «gudraty» çagalary haýran eden bolsa, bu günki çagalar düýe bilen, at bilen agyr ýollary geçen adamlaryň çydamyny, gudrat hökmünde geň galyp diňleýärler. Döwür üýtgän-de bolsa, ylmy-tehniki rewolýusiýa dowam edýän-de bolsa, biziň mekanymyz üýtgänok, biz hemişekimiz ýaly Garagumda ýaşaýarys. Adam güýjüniň artmagy bilen tebigat oňa boýun bolaýmaly. «Biz tebigaty boýun egdireris!» diýip, tanapyna towsan dyzmaçlar, bu gün müýnli ýaly, böwrüni diňläp, dymmaga mejbur boldular. Tebigat bilen darkaş gurup, adamyň utuş etmejegi aýan boldy. Adam tebigata garaşly, tebigata-da adamyň rehimi gerek. Ylalaşyk bolmasa, ýagdaý barha kynlaşjak. Sazlaşygy, ylalaşygy döretmekden ötri, biziň görelde alara, daýanara taryhy tejribämiz bar. Ol tejribe biziň halkymyzyň geçmiş ýolunda Garaguma bolan gatnaşykdan döräpdi. Ynsaply gatnaşygyň sakasy «Dogduk mekan, Watan» diýen mukaddes düşünjelerden gözbaş alyp gaýdýardy. Garagumuň ýowuz tebigatyna düşüp, ejizlän adamlar oňa «taňrygargan çöl» diýipdirler. Bu gün dunýä möçberinde alanyňda-da, «taňrygargan çöller» adamzadyň umydyna, daýanjyna öwrüldi. Energiýasyz ýaşaýyşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Agaç odun bilen oňňut ediljek bolunsady, nähili gabahat ýagdaý dörärdi. Biziň ýurdumyz tokaýa iňňän baý. Emma ýangyç dolanyşygynda agaç diňe bir prosent tutýar. Energiýanyň esasy kömürde, nebitde, gazda, suw-da. Dünýä möçberinde alynýan nebitiň, gazyň uly bölegi çöl ýerleriniň paýyna düşýär. Ýerden gazylyp alynýan ýangyç, tükeniksiz däl, eýýäm onuň aňyrsy görnüp dur. Adam gün energiýasyna umyt baglaýar. Günüň bol ýeri çöl. Ýüz elli ýyl mundan öň ýer şarynda bary-ýogy bir milliard adam ýaşaýardy. Häzir ol bäş milliarda ýetdi. Ýigriminji asyryň aýagynda alty-edi milliarda ýeter. Azyk problemasy esasy problemalaryň birine öwrüldi. Ýeriň ýüzünde. suwa golaý ýerler özleşdirilip gutardy diýen ýaly. Indi özleşdirmäge çemeli ýer diýlende, diňe çöllük zona göz öňüne gelýär. Garagum özleşdirmäge has çemeli çöl. Sahara bilen deňeşdireniňde onuň howa ýagdaýy-da, suw bilen üpjünçiligi-de ganymat. Umuman, Garagum hojalyk üçin amatly. Onuň 30 prosent meýdany bütinleý suwsuz-da bolsa, galan ýerinde maldarçylygy ösdürmäge amatly şertler bar. Mal bakmaga hem özleşdirmäge ýaramly meýdanyň mukdary ortaça 40 million gektar. Bu sanlar biziň baýlygymyz, Arkaýynlaşmaga esas barmy? Ýok! Gadyrly okyjy, seniň pikirlenmegiň üçin käbir faktlary getirmegi zerur diýip bilýän, Ýer ýüzünde çöl azalýandyr öýtmäň, her minutda orta hasapdan 44 gektar meýdan çöle öwrülýär. Munuň sebäbini nireden gözlemeli? Adamyň tebigata biynsap, bisarpa gatnaşygyndan! Garagum çölüniň tebigy ýagdaýyny üýtgewsiz saklamak üçin, bir goýna 8-10 gektar öri gerek. Häzir çölde bakylýan döwlet malynyň sany: goýun 4 milliona golaý, düýeler 100 müňe ýetýär. Çekene mal hasaba girmeýär. Bile hasap edeniňde, eýýäm öriniň her mala düşýän hasaby azalýar. Öri meýdanyny artdyrmak hem gowulandyrmak meselesi örboýuna galýar. Meselem, Aşgabat raýonynyň «Erbent» sowhozyna degişli 50 müň goýun býlen 2 müň düýe häzir bir million gektara barabar öri meýdanynda bakylýan bolsa, on-on bäş ýyl ozal şonça mukdardaky maly ýarym million gektarda-da bakyp bolýan ekeni! Bu fakt öri meýdanlarynyň juda ýaramazlaşýandygyny aňladýar. Soňky ýyllarda howa şertleriniň üýtgeýändigine, ygalyň azalýandygyna garamazdan, biz şu gün, bir gün gijä goýmazdan, çölüň tebigy şertlerini dikeltmäge, aýawly saklamaga girişmesek, ertirki ýagdaýyň juda dartgynly boljakdygyny unutmaly däldiris. Biziň gitjek ýerimiz ýok, biz şu toprakda ýaşamaly, emma biziň häirki bolşumyz bu mekana wagtlaýyn gelip, çöl halys sandan çykandan soň, başga bir ülkä göçülip gitjege meňzeýär. Ylmyň gazananlaryna daýanmaly, şol bir mahalyň özünde-de, ata-babalarymyzyň tejribesini ýatdan çykarmaly däl. Köneden galan gowy usul täzä zyýan ýetirmän, gaýta, onuň gaýymlygyny artdyrar. Öriniň otuny gyradeň iýdirmek, aýawly saklamak meselesine garap göreliň. Maljanly çopanlar bir ýüzi iýlen oty basgylatmaz ekeni, süriniň otlap giden ugrundan ony gaýtaryp sürmez ekeni. Haýsy ýere haçan dolanyp geljekdiklerini bilipdirler. SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy çleni Agajan Babaýew «Çöl hakyky keşbinde» («Molodaýa gwardiýa», 1980 ý.) atly kitabynda şeýle ýazýar: «Dowarlaryň tomusda örüden alýan otunyň ýigrimi prosenti, gyşda kyrk prosenti iri çöpleriň paýyna düşýär. Şol bir mahalyň özünde bir ýagdaý takyk edildi: her ösümligiň iýdirilmeli mukdary bar, şol mukdar normadan artyk bolan mahaly ösümlik derrew ýok bolýar. Adatça, iri ösümligiň gabarasynyň 60-65 prosenti iýleni bilen zyýan ýetip duranok, emma ýene sähelçe, ýagny 10-15 prosent artdyrylan ýagdaýda ösümlik gurap, ýitip gidýär». Çölüň asyrlar boýy emele gelen ekologiki şertini, tebigy görnüşini bir-iki ýylyň dowamynda ýok etse bolýar. Soňra şol ýeriň golaýyna barmanyňda-da, biziň salan ýaramyzy bitirmek üçin tebigata azyndan 30-40 ýyl gerek! Hemişeler Aşgabatdan gaýra tarapa sähel gidilse, sazakly meýdanlara duş gelse bolýardy, indi ýüz kilometr gitmeli. Sazagyň ýetişmegi üçin azyndan on ýyl möhlet gerek, her gektara on bäş manat harç etmeli. Sabyrlylyk bilen ýetişdirilen ojary, sazagy, sözeni gara nebsi üçin wagşy usullar bilen ýygyp, maşyn-maşyn satyp ýören näkesler döwletiň bähbidi hakda pikir etmek islemeýärler. Ol adamlar bu ülkäniň ertiri hakynda-da oýlananoklar. Olar geljegi ýok adamlar. Olar biziň geçirimliligimizden beleň alýarlar. Goraýjylaryň girisine düşäýenlerinde-de sähelçe jerime bilen sypjakdyklaryny bilýärler. Odun meselesinde, ojaryň, çerkeziň zerurlygy aradan aýrylan döwürde olaryň jenaýatyna diňe jerime salmak juda bärden gaýdýar, belli bir möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek çäresi şu günüň talabyna dogry gelerdi. Dogrusy, häzir tebigaty goramak adamyň hukugyny goramakdan has kynlaşdy. Çöl tebigaty ýaly näzik zat ýok, onuň ösümligem, haýwanat dünýäsem näzik. Indi, gije-gündiz çölde gezip, çöli basgylap ýören müňlerçe kuwwatly maşynlary göz öňüne getiriň! Geologlar, gazçylar, nebitçiler, kolhozlar, sowhozlar... Her kim ulagyny bir sürlen ýerden sürenok. Çopanlar motorly gaýdyrylyşyp ýörler. Çägäniň ýüzündäki ýuka perde owranýar, çäge örkünden boşaýar, ol aýylganç guýje öwrülýär. «Ýerbent» sowhozyna baranymda posýologyň üstüne sürnüp gelýän alaňlary görüp, dogrusy, haýykdym. Mellegi basyp ugran çäge alaňynyň burnuny gaýtarmak üçin, bir buldozer telim gün işläpdir. Tebigatyň gara güýji juda aýylgaiç. Şol güýjüň elini boşadýan özümiz, diňe şu günüň aladasy bilen ýaşamaga ram eden ýaramaz endigimiz. Biziň respublikamyzda ýurdumyz boýunça ýeke-täk Çöller instituty işleýär, häzir ol ylmyň şu ugrundan dünýä merkezleriniň birine öwrüldi. Institutda edilen iş az däl, emma şol işleriň dürli hojalyk edaralary tarapyndan bada-bat üns berlip, durmuşa geçiriliş depgini haýal. Çöl ýerleriň ösümlik dünýäsini saklamakda, dikeltmekde tokaý hojalyk işgärlerine uly işler degişli. Olaryň alyp barýan işlerine baha berlende, pylança gektar ýere saýaly agaç, sazak, çerkez ekildi diýlip berilýän maglumatlara görä netije çykarman, ösdürilip ýetişdirilen ösümlikleriň meýdanyny hasaba almaly. Soňky ýigrimi ýýyň dowamynda tokaýçylaryň beren maglumatlaryny galdyryp görseň, iň bärkisi, agaç ekilen meýdanyň mukdary çenden çykar. Hany ol tokaýlar? Aşgabatdan Kerkä çenli gidiň, heý, hellewleşip, garabulut çöken ýaly bolup oturan tokaý zolagyna gözüňiz düşermikä? Şol zolaklaryň aglabasynyň hasap ýüzünde galandygy üçin kerkili Begmyrat aganyň öz höwesi bilen ýol ugrunda ösdüren bagy hakynda ýigrimi ýyl bäri waspnama ýazyp geldik. Agyr wyşkalary, gaz gurallaryny telim traktor bilen onlarça kilometre süýräp äkiden adamlar arzan usul tapandyklary üçin müňläp manat sylag alýardylar. Emma olaryň arzan usulynyň çölüň göwsüni dilip, geljege ummasyz zyýan edýändigi hakda pikir etmek endigine eýeremzokdyk. Eger şol adamlar şol ýüki öz mellek ýerlerinden geçirmeli bolsadylar, pikir ederdiler. Tebigata bir nesliň edýän hyýanatynyň döredýän zyýany, esasan, soňky nesliň başyndan inýär. Biz şol zyýany duýup ýörüs, emma ol duýgy şu günki nesli-de ýaman endikden saklanok. Saklaýan bolsady, biz häzirki dowam edýän bidüzgünçilige ýol bermezdik, çölüň tebigatyny goraýan gazaply kanunlar çykarardyk, şol kanunyň öňünde hemmeleriň deň jogap bermeklerini gazanardyk. Gaýra goýmazdan edilmeli iş: çöldäki transport serişdeleriniň ýörite bellenilen ýollardan ýöremeklerini gazanmaly. Şäherlerdäki köçe düzgünine meňzeş düzgün çölde-de gerek. Gazçylaryň, burawçylaryň maşynlary bellenilen uçastoklaryndan başga ýerlerde urdumşalyk edip ýörseler, berk çäre görmeli. Çöli goraýjylaryň sanyny köpeltmeli, harjysyndan gaçmaly däl, sebäbi, häzirki bidüzgünçilikler zerarly döreýän nogsanlary erte düzetjek bolsak, on esse artyk harjy çykarmaly bolarys. Gizläp oturmagyň geregi ýok, geçen ýyllaryň dowamynda çöle aw diýip, ulagyny, ýaragyny besläp çykanlaryň içinde wezipeli adamlar azlyk edenokdy. Suw ýaly maşynlar şolaryň ygtyýaryndady. Häzir ýolbaşçylara kontrollygyň artan mahaly, Garagumuň gutaryp barýan jandarlaryny rehimsiz gyrmaklyk azalar diýen tamamyz bar. Iş tama etmek bilen gutarmaýar. Çölde awy bütinleý gadagan etmäge wagt ýetdi! Dowarlaryň sanyny näçe diýseň köpeldiber, çöl eklär, çöl giňdir diýen düşünjä häzir gol ýapmak kyn. Çölüň ekologiýasyny, öri meýdanlarynyň sagdynlygyny saklajak bolsak, oňuň mümkinçiligini anyk kesgitläp, şol esasda maldarçylyk hojalygyny alyp barmaly bolar. Meniň pikirimçe, et öndürmek, meselesinde iri mallaryň goşandynyň uludygyna ünsi güýçlendirmeli. Şu çaka çenli ot-iým meselesiniň çözülişi gowuşgynsyz boldy. Häzir gowaçany çalşyryp ekmek, ýorunjanyň, dänäniň meýdanyny üzül-kesil artdyrmak hojalyklaryň öňünde iňňän berk talap hökmünde goýulýar. Bu ýagdaý iri mallaryň sanyny has köpeltmäge ýardam edýär. Düýedarçylygy artdyrmak islegi bilen edilýän gürrüň barha artýan-da bolsa, entek hojalyk guramalary tarapyndan anyk çäreler görlenok. Düýe etiniň arzan düşýändigi, hyrydarynyň köpdügi hemmä belli. Respublikamyzyň günbatar raýonlarynyň amatyna uns berilmän gelinýär. Garagum çölüne kanal geldi. Beýik desganyň peýdasyny hiç kim hiç mahal inkär edip bilmez. Kanalyň gelmegi bilen Garagumuň durmuşyna birgiden problema aralaşdy. 1986-ijy ýylyň jemleri boýunça Merkezi statuprawleniýäniň habarynda Sibir derýalarynyň ýurdumyzyň günorta raýonlaryna entek getirilmejekdigi zerarly, şol raýonlarda ýerli suw çeşmelerinden aýawly peýdalanmagyň jogapkärçiliginiň juda artýandygy bellenilip geçildi. Akademik Aganbegýanyň aýtmagyna görä, Sibir derýalarynyň suwuny getirjek kanaly diňe gazmak üçin 28 mýlliard manat harç etmeli boljak. Getiriljek suwuň ýyllyk mukdary 26 kub kilometr. Emma ýylyň dowamynda Orta Aziýanyň suw desgalarynda şonça mukdardaky suw ekinli pellere ýetmän ýitip gidýär.. Ine, ýitirilýän şol bol suwuň derdi bizde Hanhowuz problemalaryny döretdi. Men häzir suwuň bisarpa tutulmagy zerarly tarp ýerleriň sandan çykarylandygy hakynda aýdyp oturjak däl. Bu hakda öň köp mertebe aýdyldy. Çölüň ykbaly bilen bagly bir ýagdaýa okyjynyň ünsüni çekmekçi. Suwarylýan meýdandan çykýan duzly suwuň mukdary 5 million kubmetr. Şol suw bilen 30 million tonna duz gidýär. Nirä gidýär? Arkadagymyz Garagum çölüne gidýär. Şol duzly suw zerarly Tejen, Kirow raýonlarynyň aýagujunda bir million gektar öri meýdany sandan çykdy. Zäherli suwuň baran ýerinde çöl ösümlikleri-de bitenok, sebäbi, onuň düzüminde gowaça sepilýän gerbisidler, dürli himikatlar bar. Şeýle ýagdaý Sakarçäge raýonynyň aýagujunda-da dowam edýär. Sarygamyş kölüniň balygy iýer ýaly däl. Topragyň süýjüsi gaçdy. Waharman gawunda, garpyzda öňki tagam ýok. Garagum çöli zibilhana däl! Ol biziň öýümiz, ýaşaýan mekanymyz! Şu gün zibil döküp harap edýän ýerimize ertir delalat isläp barjakdygymyzy ýatdan çykarmalyň! Biziň haraplap giden ýerimizi ertir biziň çagalarymyz azap çekip arassalamaly bolar. Dilsiz-agyzsyz çöle haýpymyz gelmese-de, öz ýüregimizden önen çagalarymyzyň gelejegine bir haýpymyz gelsin! Mundan beýläk suw meselesi iň wajyp meselä öwrüler. Bol suwdan halys gähnedik, bes! Amyderýanyň suwy azalsa, Sibiriň suwy geler diýip, agzynda aş gatyklaýan adamlar bilini berk guşamaly bolarlar. Mundan beýläk Amyderýadan gelýän suw azalmasa köpelmez. Onda näme etmeli? Bary bilen bazar eýlemeli. Ýöne mysapyrsyramagyň geregi ýok. Bize gelýän suw ýeterlik. Biz ony şu güne çenli bisarpa tutduk. Suwy tygşytlajak usullara biparh garadyk. Şol usullaryň berjaý edilmegi hem-ä topragy sagdynlaşdyrar, hemem çölüň keşbini üýtgeder, görküni artdyrar. Men şol usullaryň dördüsini agzap geçmekçi. Birinjisi. Irrigasion desgalara göwnejaý seretmek bilen, suw ýitgisiniň öňüni almaly bolar. Ýaplara, kanallara beton düşemegi kada girizmeli, her kim edenini edip, islän ýerinden suw geçirip ýörse, elbetde, suwuň ýitgisi dowam eder. Ikinjisi. Şu ýylyň fewral aýynda «Literaturnaýa gazetanyň» ýörite habarçylary K. Kožewnikowa bilen W. Sokolow «Ak altynyň» üstündäki gara kölege» atly makala bilen çykyş etdiler. Olar Özbegistanda pagta öndürmek problemasy bilen bagly möhüm meseleleri gozgadylar. Gozgalan meseleler tutuşlygy bilen biziň reslublikamyza-da degişli. Men şolaryň biri barasynda aýtmakçy. Makalanyň awtorlary Özbegistanda belli alym, akademik Muhammetjanowyň delillerine salgylanyp, respublikanyň ähli ekin meýdanynyň tas 85 prosentine diňe gowaça ekilýändigini, ekin dolanyşygyny geçirmäge ýorunja ýer galmaýandygyny, ýylyň-ýylyna diňe gowaça ekilýändigi zerarly topragyň arryklaýandygyny, hasyllylygyň peselýändigini nygtaýarlar. Ekin dolanyşygynda gowaçanyň tutýan meýdanyny 50-60 prosente çenli azaldyp, boşan ýerlere ýorunja, däne ekmegi, şeýlelikde, topragyň güýçlenmegini gazanmagy teklip edýärler. Gowaça meýdanlarynyň azaldylmagy gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrar hem-de suwy has tygşytlamaga kömek eder. Şol makaladan sähelçe öň SSSR Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik A. Ýanşin şol gazetde eden çykyşynda Orta Aziýaňyň pagtaçylyk hojalyklary barada ýokarky pikiri öňe sürüpdi. Üçünjisi. Kak suwlaryndan, ýerasty suwlardan önjeýli peýdalanmagy ýola goýmaly. Bu suwlaryň zapasy biziň respublikamyzda tükeniksiz. Agajan Babaýew ýokarda ady tutulan kitabynda şeýle ýazýar: «Türkmenistanyň günorta böleginde ýerleşýän gowy takyr ýerlerde ýyl boýundaky ýitgini hasaba alanyňda, ortaça 20-25 millimetr çuňlukda ygal suwy ýygnanýar. Erbedräk takyrda azrak, 10-15 millimetr. Erbedräk diýilýän takyryň 3 kwadrat kilometrinden ýylyň dowamynda 40 müň tonna suw ýygnap bolýar. Bu suw demir ýol sisternalarynyň bir müňüsini doldurar. Ol 15 müň goýny ýylyň dowamynda ýakmaga ýeter». Dördünjisi. Ekini damja bilen suwarmak usuly. Häzir dünýä möçberinde damja bilen suwarylýan ekin meýdanynyň esasy bölegi ABŞ-nyň paýyna düşýär, 1984-nji ýylyň hasabyna görä, onuň mukdary 300 müň gektara ýetipdir. Şu peýdaly usul bilen ýer şarynyň elliden gowrak ýurdunda meşgul bolnup başlandy. Damja usuly 40-50 prosent suw tygşytlylygyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol ýerasty suwlara bütinleý täsirini ýetirenok. Topragyň bejergisine gidýän çykdajyny üçden bir azaldýar. Hasyllylyk has ýokary. Bu usul aýratynam, biziň çöllük ýerlerimize gerek usul. Aşgabatdan günbatara çykyp barýarkaň, ilerki baýyrlaryň ýüzüne seretseň, keş tutup oturan üzümçiligi görersiňiz. Gözüňe ýakymly görünýän gök meýdan damja usuly arkaly döredi. Biziň respublikamyzda onuň jemi meýdany entek 30 gektardan geçenok. Ol şu mahala çenli Oba hojalyk institutynyň tejribe uçastogynda alnyp barylýar. Olar bu usul bilen üzümi, beýleki agaçlary ak çäge alaňlarynyň gerşine çykardylar. Seredip haýran galýarsyň! Nebsimiz agyrsa-da, peýdaly usuly hojalyklar alyp göterenoklar, ýokuş görýärler, hysyrdysyndan gaçýarlar. Damja usulynyň respublikadaky ýagdaýyna bagyşlap, geçen ýylyň dekabr aýynda «Сельская жизнь» gazeti ýörite makala çap etdi. Gazet oňaýly usulyň ornaşmagyna päsgel berýän sebäpleriň üstünde durup geçýär. Iň esasy sebäp: ertirki gün hakda aladaly pikir etmezlik, şu güňüň oňňudyna kaýyl bolup arkaýyn ýaşamak. Indi arkaýynçylygyň bolmajagyny özüňiz görýärsiňiz. Köne psihologiýa bilen hoşlaşmagyň mahaly gelen bolsa gerek! Biziň psihologiýamyzda oňynlyga tarap näçe çalt özgerişlik bolsa, şoňa görä-de, Garagumuň dadyna ýetişeris, hossarlyk ederis. 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |