00:16 Arman | |
ARMAN
Goşgular
"Seniň günäň däldir, meniňkem däldir, Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz. Çary Ýegenmyradow Indi duýgulardan haraý tapmaryn, Telbe kimin söýenimem peýdasyz Bir ýyla meňzedip her geçen güni, Ýaralanyp ýatdym - söweş meýdansyz. Dälilik hetdine ýetdim-le welin, Gitmedim aklymdan asla azaşyp. Şatlykdan, söýgüden gazan dolduryp, Bagty bişirjekdim, gussa az goşup. Näme artyk boldy, näme-de kemter? Bagt diýip edenim bulamak boldy. Deňje başarmadyk, şonuň üçinem, Dilegimde bagtyň dilemek boldy. Bagtymyz biten ýer güllesin gitsin, Bolmasyn gyzdyr-u-ogul gamymyz. Seniň günäň däldir, meniňkem däldir, Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |