16:42 Arman, göwün bolýaň... | |
ARMAN, GÖWÜN BOLÝAÑ...
Goşgular
Eý, göwnüm, ýaýrawyň juda giň seniň. Serhediň gözýetmez sähradan uly. Bolup bilseň, şol sähra deý gözel bol, Ýatlatmasaň bolýar sen ymgyr çöli. Eý, göwnüm, sen, belentlerde seleňläp, Görünýän daglardan tutumyň uly. Dostlaryň "ol dagy aşmak kyn "- diýip, Daşyňdan aýlanyp geçmesin ýoly. Eý, göwnüm, seň joşup akasyň gelýär, Kenara baş egmez derýa mysaly. Ýöne, nätjek, göwnüm, sen göwün bolýaň, Ýollar çarkanlykdan, böwetden doly. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |