19:57 Arşa göterilenler | |
ARŞA GÖTERLENLER
Edebi makalalar
Magtymguly aýdar: “Alhamdüllila”, Döwlet bakysyny özüň ber, Alla! Any münen Ahmet ibni Abdylla, Geldi zybanyma sözi Byragyň." Ahmet ibni Abdylla-Abdyllanyň ogly Ahmet diýmek. Ahmet-Muhammet pygamberiň ady. Alym Gafurowyň “Lew i Kiparis” (“Ýolbars hem Serwi) ady bilen neşir edilen gündogar atlarynyň sprawoçniginde arap hem gadymy ýewreý dillerinde “Ahmet” sözüniň “şöhratly, şöhratlandyrylýan” diýen manysy bar diýip ýazylýar. Muhammet pygamber hadyslarynyň birinde özüni Ahmet, Mahmyt, Hamyt diýip atlandyrypdyr. Bu üç sözüň manysy bir, olar manydaş sözler. Şolaryň yzy bilen Haşyr hem atlandyrýar. Haşyr-kyýamat gün adamlary ýygnamaly adam. Belki, türkmen dilindäki “haşar” sözüniň manysy şu ýerden gözbaş alýandyr? Gafurowyň ýazmagyna görä, bu sözler has atlary aňlatmandyrlar, olar ady sypatlandyrýan sözlerdir. Pygamberiň şöhratlydygyny aňladypdyr. Gurhanyň 61-nji süresinde Isa pygamber Allanyň Resuly hökmünde halka ýüzlenýär, özünden soň Allanyň ýene bir Resulynyň geljekdigini, onuň adynyň Ahmetdigini aýan edýär. Magtymgulynyň suratlandyrýan Byragy Ahmedi Allanyň ýanyna alyp giden, arşa göteren atyň ady. “Arap dilinde sözläp bilýän, boýny uzyn, göwsi ýasy, reňki ak, adam ýüzli, alnynyň agy äleme ýagty saçýan ýogyn buýnuzly, ýuka dodakly, iki gulagy gymmat baha daşdan ýasalan, gözi daň ýildyzyna meňzäp duran, ýyldyrym ýaly toýnak kakýan, guýrugy sygryňka kybapdaş, arkasy ýasy, inişi, çykyşy düz, ot iýmeýän, içi rehnetden doly, alnynyň saçy gyzyl ýakutdan edilen, eşekden uly, gatyrdan kiçi, ýörese yzy bilinmeýän Byragy” münen diňe Muhammet pygamber däl ekeni. M.B.Piotrowskiniň ýokarda ady tutulan kitabynda Ibn Ishak - Ibn Hişamyň “Allanyň Resulynyň ömür ýazgysy” diýen ýazgylaryndaky rowaýatlara salgylanylýar. Bir gezek Muhammet Käbäniň ýanynda ýatyrka Jebraýyl perişde ony oýarýar. Perişde ýany bilen Byrak diýen täsin aty alyp gelipdir. Muhammede çenli ähli pygamber ol aty münen ekeni. Muhammedem münýär. At ony Iýerusalima alyp barýar. Muhammet ol ýerde Ybraýymdan, Musadan, Isadan başlap, pygamberleriň bary bilen duşuşýar, ymamlyk edip olar bilen namaza durýar. Soňra oňa üç gapda içgi hödür edilýär: birinde suw, beýlekisinde şerap, üçünjisinde süýt. Muhammet süýtli gaby alýar. Bu bolsa halallykda hakyň ýoly bilen gitjekdigini aňladýan alamat bolýar. Şol zerarly-da şeraba ýykgyn edýänler onuň ýoluna, ymmatyna eýerip bilmezler. Ibn Ishak tarapyndan “Syra” salnan rowaýatlaryň ýene birinde pygamberiň Iýerusalimde bolmagy bilen bagly ýene bir waka aýdylýar. Bu waka Gurhanyň özünde beýan edilmändir. Oňa al-miraj diýilýär, ýagny basganjak, merdiwan diýen manyny berýär. Muhammet pygamberler bilen namazy tamam edende asmandan merdiwan inýär. Ol Jebraýyl perişdäniň hemra bolmagy bilen merdiwana galyp, arşa çykýar, onuň ýedi gatynda-da bolýar. Birinji gatda Adam atany görýär. Adamata ölenleriň ruhunyň aýgydy bilen meşgul eken Perişdeler Muhammede dowzahyň bir çetini görkezýärler. Dowzah odunyň aýylganç ýalnyny duýýar. Süýthorlaryň, zyna işe baş goşanlaryň, ýetimleriň aşyna el uranlaryň otda ýanyşlaryny synlaýar. Soňra Arşyň belentligine galyp barşyna ikinji gatda Isany, üçünji gatda Ýusuby, dördünji gatda Idrisi, bäşinji gatda Haruny, altynjyda Musany, ýedinjide Ybraýym halyly görýär. Şondan soň jennete düşýär. Hakyň ýolunda halallygy berjaý edenleriň jennetdäki sapaly jaýyny synlaýar. Soňra Allanyň huzuryna barýar. Alla musulman bendelerine Gün içinde elli gezek namaz okamagy buýurýar. Muhammet düşüp gelýärkä Musa oňa dolanmagy, namazyň sanyny kemeltmegi Alladan haýyň etmegi soraýar. Namaz bäşe çenli kemeldilýär. Öňki pygamberleriň arasynda-da Allanyň huzuryna baranlary bar, Musa-da şolaryň biri. Musa halkyny Firaunyň (Faraonyň) gol astyndan boşadyp, Sinaý daglaryna getirenden soň Allanyň jemalyny görmäge howlugýar. Emma bu isleginiň gorkuly bir çäredigine göz ýetirýär. Daglara ýetende daglar para-para bolýar. Şundan soňra Alla oňa mukaddes, keramatly ýazgyny gowşurýar. Ýazgyda ähli hadysanyň düşündirişi bar ekeni, hakyň ýoly, oňa ynanýanlaryň edäheti, kanagaty, özlerini nähili alyp barmalydygy görkezilipdir. Zeminden Arşa direlen merdiwan hakda Töwratda-da ýazylypdyr. Moiseýiň (Musanyň) birinji kitabynyň, ýigrimi sekizinji baynda Ishakyň ogly Ýakup Harrana barýarka meýdanda düşläp, gijäni geçirmekçi bolýar. Daşy ýassanyp uka gidýär, düýşünde merdiwan görýär. Merdiwanyň bir ujy asmanda, beýleki ujy zeminde. Perişdeler münüp, düşüp ýörler. Depede Hudaý dur. Ol Ýakuby ýalkaýar, oňa tükeniksiz nesil, rowaçlyk berýändigini aýdýar. Isa pygamberiň durmuşyny, keramatyny Injiliň dört kitaby beýan edýär. Isa hakynda Gurhanyň birnäçe süresinde-de söz açylýar. Dördünji sürede pygambere ezýet beren adamlar: biz Bibimerýemiň ogly Isany öldürdik diýseler-de, onuň ölmändigi, Allanyň emri bilen arşa göterlendigi aýdylýar. Bäşinji sürede ahyrzamanyň gelmegi bilen Allanyň öz resullaryny ýygnajakdygy, olaryň arasynda bolmaly söhbet beýan edilýär. Alla öňi bilen Isa ibn Merýeme ýüzlener. Oňa beren paýhasyny, bilimini, keramatyny, Isanyň hakyň ýolunyň ýeke-täkdigini adamlara düşündirmekde gören görgülerini ýatladar. Medinä baryp, Muhammet pygamberiň guburyna zyýarat edenimizde onuň gapdalyndaky bir jaýyň boşdugyny, şonda kyýamat güni asmandan inmeli Isa ibn Merýemiň jaýlanjakdygyny aýtdylar. Şu hadysanyň özi-de yslam üçin, ony döreden, jar eden Muhammet üçin Isanyň beýleki pygamberlerden has ileri saýylandygyny aňladýar. Gurhan Isanyň hudaý däldigini, Allanyň Resulydygyny, barça ynsana buýrulan iýmitleri iýip ulalan adamdygyny, ýöne Allanyň aýratyn bir keramatyna miýesserlikde dörändigini tassyklaýar. Oňy Alla adamlaryň, ýagny bendeleriniň arasyndan saýlap tutmady-da, Adam Atany ýaradyşy ýaly ýörite ýaratdy. Ol perişdeler ýaly Alla juda ýakyndyr. Allanyň sözüni aýtmak oňa-da buýrulandyr. Pygamberleriň arşa göterişlerini göz öňüne getirmek, ony çeper beýan etmek islegi dünýä edebiýatynyň beýik wekillerini erkine goýmandyr. Biz diňe ikije mysal bilen çäklenmekçi. Tomas Mann “Iosif we onuň doganlary” diýen uly eserinde Ýusup pygamberiň düýşde ýedi gat arşyň depesine çykyşy suratlandyrylýar. Biz ony Ýusubyň öz dilinden eşidýäris, ol täsin düýşüni öz jigisi Weniamine aýdyp berýär. Arşyň her gatyndaky görenlerini jikme-jik beýan edýär. Penjesi ýumşak ägirt bürgüt Iosifi (Ýusuby) arşyň depesine alyp çykýar, Biribaryň huzuryna eltýär. Hudaýyň jemalyna seretmeli däldigini öňinçä oňa duýdurýar. Biribar onuň egnine şöhleden dokalan don atýar, başyna dürden ýasalan täç geýdirýär. “Bu lybas şöhratyň hem buýsanjyň lybasy, bu täç bolsa, meniň tagtymyň belentliginden, ýalkymyndan bir paý” diýýär Biribaryň sözi älemiň gümmürdisi bilen utgaşyp gidýär, perişdeler ýüzün ýykylýarlar. Biribaryň keramatly nazaryndan soň Ýusubyň damarlary tütäp, süýekleri ýanyp, tutuş süňňüni ýalyn gaplaýar. Kirpigi ýyldyryma öwrülip, saçlary alow bolup oýnaýar, ýalyndan ganat baglap uçmaga häzirlenende oýanýar. Tomas Mann şol eserinde Iakowyň (Ýakubyň) merdiwan bilen Hudaýyň ýanyna göterilişiniň çeper beýanyny hem berýär. Ýokarda Muhammet pygamberiň hem ýedi gat asmana galyşy hakynda aýdyp geçdik. M.Piotrowskiý musulmanlaryň arasynda aý- dylýan bu täsin hekaýatlaryň orta asyrlarda Ýewropa ýetendigine güwä geçmek bilen, italýanlaryň beýik şahyry Dante Aligýeriniň ölmez-ýitmez “Božestwennaýa komediýa” eseriniň sýužet ýordumyna olaryň täsir eden bolmagy ähtimal diýen pikiri öňe sürýär. Bu eser bilen tanyş adamlar alymyň bu pikirini tassyklasalar gerek. Aýratynam bu täsir Danteniň dowzahy hem jenneti suratlandyrýan sahypalarynda ýüze çykyp biler. Ýokarda biz Tomas Mannyň Iakowyň (Ýusubyň) düýşüni beýan edendigi hakynda durup geçdik. Ýusubyň ýedi gat asmana galandygy Töwratda-da, Gurhanda-da aýdylmaýar. Emma ýazyjynyň çeper göz öňüne getirmelerine Danteniň täsirlenişi ýaly yslam bilen bagly meteriallaryň hemaýat beren bolmagy-da ähtimal. Pygamberleriň arşa göterlip, Allanyň huzuryna baryşlaryny beýan edýän mukaddes ýazgylary okan adama Magtymgulynyň “Turgul diýdiler” goşgusynyň tebigaty aýdyň bolar duruberer. "Resulylla aýtdy: “Eshaplar, ýörüň, Oglany uzadyň, bir pata beriň! Buýurdy tört atla, eltip tabşyryň, Getirgen jaýyňda goýgul!” diýdiler." Allanyň bendesine pygamberleriň patasy uly paýdyr. Ol mukaddes paý Magtymguly kimin ägirtlere nesip edýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |