ARZA
Hormatly redaktor, ilki bilen men özüm hakynda birki agyz aýdaýyn, kim bilen iş salyşýandygyñyzy biler ýaly. Meniñ adyma Setdar, familiýama bolsa Babagulyýew diýýärler. Özümem gaty köp wagt bäri söwda ugrunda işleýän. Aýlygym 83 manat 76 köpügem bolsa, Hudaýa şükür kem zadym ýok, özümem iliñ hakyny iýemok. Onda-da işigim "Wolgaly", ýedi gat jaýym bar, kanalyñ boýunda daçajygam edindim şu ýyl. Men bu zatlary magtanmak üçin aýdamok, dogry düşüniñ.
Hawa, men esasy işimiñ daşyndan ýazyjylyk bilenem meşgullanýan. Ilki-ilkiler edebiýatyñ proza žanrynda işleýärdim. Ýöne arada "Kolhozçy" stadionyna futbol görmäge bardym. Ine, şonda oýunçylaryñ biriniñ depen topy göni gelip ýazzy mañlaýyma degdi, şondan soñam goşga geçdim. Ýazan zatlarym erbedem däl, çagalarymyñ-a göwni ýetýär. Dükana gelýän alyjylara-da käte okap berýän, öwüp arşa çykarýarlar. Goşgyñ gadyryny bilýänlere menem delje zadymy gysganamok. Onuñ aly hezreti Poeziýa başlygymyz uly sarpa goýýar. Raýon alyjylar jemgyýetiniñ "Ütüji" diýen diwar gazetinde meniñ bir topar goşgym çykdy. Olar uly başlygymyzyñ göwnünden turupdyr, şonuñ üçin arada onuñ öýüne-de baryp gaýtdym. Ol örän eli arassa adam, özüñ eltmeseñ üstüñe dyzap duranok.
- Sen, inim, bu goşgularyñy gazetlerde çykarmaly ekeniñ, dünýäñ puly tölener - diýip, ol maña maslahat berdi.
Men özümden ulyñ bir diýenini iki gezek aýtdyrýan adam däl. Papmamy goltuklap bardym redaksiýalara. Ynha, siziñ redaksiýañyzdan bir gotdyjak adam güler ýüz bilen garşy aldy. Özümiñ söwdada işleýändigimi aýdanymda, ol maña hantamaçylyk bilen seretdi. Gepiñ kelte ýeri goşgularymdan iki sanysyny alyp galdy. Soñ onuñ özi işleýän ýerime telim gelibem gitdi. Goşgularymyñ ýakyn wagtda ýalpyldap çykjakdygyny aýtdy. Menem uly iliñ ýanynda ony gürrüñ etdim, gutlamak üçin iki-ýeke öýe gelenem boldy. Ähli il maña "şahyr" diýip ýüzlenýär. Meniñ goşgym welin, siziñ gazetiñizde henizem çykanok. Ol işgäriñiz her gezek bir bahana bilen sypýar. Ilki-ilkiler resmi materiallarymyz köpräk, bir azajyk böwşeñleşse hökman ulanarys diýdi. Soñam öñki ýatan goşgulary öñürti çykarmasak, gykylyk ula turar diýip heder etdi. Razylaşdym. Tamakinçilik gursun, her gün şun-a çykan bolsa gerek diýip gazetiñizden iki-üç sanysyny alýan. Siziñ gazetiñizi satyn almak üçinem dünýäñ puluny çykarandyryn, ýogsam onuñ maña dogrusy geregem ýok. Şahyr bolmaklyk üçin talantdan beter erjellik gerek diýýäler, belki çyndyr. Şolaryñ mende ikisem bar. Ýyl ýarymyñ içinde ýazan goşgularymyñ agramy alty ýarym kile boldy. Indi olary çykarmak üçin neşirýatlara gatnaýan. Ýyly söz-ä berýärler. Aý, alyp ýataryn-la ahyryn, çünki mende erjellik bar. Gürrüñi başga ýana sowman, Siziñ redaksiýañyza gowşuran goşgularym hakynda aýtsam, olaryñ haly harap. Siziñ şol işgäriñiz meniñ şol eserlerimi asyl ýitiren bolsa nätjek. Ahyry boýun aldy.
- Goşgy gaty gowy bolany üçin ony biri ogurlan bolaýmasa - diýip, ol kimdir birine töhmet atjak bolýar. Megerem, olary ogurlan onuñ özi bolup çyksa gerek. Ynha görersiñ, eýlesine-beýlesine kak-sok eden bolup öz ady bilen çykarar bir ýerde. Siziñ şol işgäriñizden her zat çykar, saman astyndan suw goýberene meñzeýär, gör misminsokar.
Hormatly redaktor, köp gürläp başyñyzy agyrdyp oturmaýyn, meniñ sizden etjek talabym şeýle, ýagşy meniñ goýup gaýdan goşgularymy ýa-ha tapyp bersin şol işgäriñ, ýogsa-da täzeden özi ýazsyn. Meniñ üçin tapawudy ýok. Özüñizem gazet sahypasynda menden ötünç sorañ, meni ile masgara etdiñiz. Indi iki-ýeke "pylanyñ şahyr bolşy ýaly" diýip, maña gyjalat berýär. Men söwdada işläp ile hakymy iýdirmen, bilip goýuñ, ýaşuly. Eger wagtynda kanagatlanarly jogap bermeseñiz, onda Siziñ öz üstüñizdenem ýokaryk arz ederin. Özem arzamy goşgy bilen ýazaryn, ýokarda oturanlar býurokrat däldirler, gaty çalt şyhmütürigiñizi towlarlar. Düşnüklimi?! Düşnükli bolsa, jogabyñyza garaşýan. Salam bilen şahyr Setdar Babagulyýew.
Satiriki hekaýalar