"ASLA DÄNME, ASLA!"
"ABŞ-nyñ ýörite güýçleriniñ (спецназ) saýlama urşujysy, Wýetnam urşunyñ weterany, adalatsyzlyga garşy ýeke özi garşy çykan, epeý amerikan goşunynyñ etmedigini ýeke özi we hatda ýeke elinde eden, goşunyñ iñ geleñsiz ofiseri tarapyndan yzygiderli harby gulluga çagyrylyp durlan we her tabşyrykda ýesir düşen şol ofiseriñ özüni-de kinofilmiñ soñunda halas edýän gahryman esgeri tanaýansyñyz: Jon Rembo!
Ýetmiş dört ýaşly amerikan aktýory Silwester Stalloneniñ oýnan 1982-2019-njy ýyllar aralygynda alty bölümi surata düşürlen amerikan ekşn-uruşjañly kinofilmi.
Çeper gahryman, amerikan propogandasynyñ döreden hyýaly esgeri.
Ençeme ýyllap söýgüli gahrymanymyz Jüneýit Arkyny ýeterlik tanamandygymyzy onuñ ýeke adamlyk "goşuny" arkaly bilip galdyk.
SAT komando kursyny geçende bir zada göz ýetirdik: Rembolar diñe kinofilmlerde bolýan eken we hakyky goşunlaryñ Rembolara däl-de, egin-egne berip, goşaýumruk deý birigip hereket edip bilýän toparlara mätäçligi bar eken.
Şonuñ üçinem "Dowzah hepdeligi" tamamlanandan soñ bizem biri-birimize ysnyşyp, dost-doganlaşyp bir bitewi topara öwrülipdik.
Mysal üçin, tälimçilerimiziñ beren ýedi adamlyk ýetmiş kilo agyrlygyndaky çişirilýän boty sekizinji gardaşymyz bolmasa çişirip bilmezdik.
Diýseñ dar, çylşyrymly, belentli-pesli we arasyndan geçmek juda kyn tikenekli simler bilen gurşalan ýörite geçelgeden geçeniñizde hersi kyrk kilograma barabar jemi ýedi kişiniñ goşhaltasy we birem ýetmiş kilogramlyk bot bilen bile üç ýüz elli kilogramy kellämiziñ üstünde daşap bilmek üçin bir bitewi topar bolmaga mejbursyñyz.
Boýy uzynlara has köp ýük ýüklenýän, kelte boýlularyñ-da elleri, eginleri, ýürekleri bilen direg bolýan bu dar geçelgede haýsy kursda bolsa bolsun, şata döz gelip bilmän gözlerine ýaş aýlamadyk ýok bolsa gerek.
Her näme-de bolsa biri-biriñe gysylşyp we kynçylygy-da, agyr ýükü-de deñ paýlaşyp geçen kursdaşlar diñe egin-egne berip ýol aşandyklary bilenem çäklenmän, eýsem pellehanada ýoluñ başyndakydanam has güýçlenip çykýarlar.
Gysga harby kurslar iş karýeramyzda-da, şahsy durmuşymyzda-da ýeke özümiziñ eýgerip bilmejek ýüklerimizi deñ göterişmäge, şeýdip bolmajak zady boldurmaga we elbetde üstünlik gazanmagymyza, beýleki bir tarapdan gazanan üstünligiñe bolan begenjiñizi-de artdyrmaga ýardam edýär.
2006-2008-nji ýyllarda ýurdumyzyñ Germaniýa Federatiw respublikasynyñ Berlindäki ilçihanasynyñ Deñiz güýçleri boýunça ataşşesi bolup işledim.
Berlinde işlän ýyllarymda iki gowy dost gazandym. Olar Maşgala bolup gatnaşýan dostumyza öwrülen är-aýal - Ilçihanamyzyñ harby adminstrasiýasynyñ attaşesi Remzi Erbil we onuñ aýaly Ýasemin.
Olaryñ dört ýaşlyja gyzy Ýaren bilen biziñ üç ýaşly oglunyz Serkan şol geçen iki ýylyñ dowamynda hezil edip bileje oýnardylar.
Bir gün Berline Rumyniýadan sirk gelendigini eşden Remzi, petek alypdyr, şeýdip Serkandyr Ýareni hepdäniñ ahyrynda güýmemek işi iki atanyñ boýnuna galypdy. Çykyş ediljek ýere baranymyzda, sirkden zyýada özleriniñ ýarmarka gelen ýaly boluşlaryny gördük-de, çadyra golaýlaşdyk. Gapynyñ agzynda petekleri barlaýan ýaş rumyn gyzy bardy.
Mylakatly ýylgyryşyp peteklerimizi barladanymyzdan soñ ýerimize geçip oturdyk.
Ullakan bir tomaşa üçin hantama bolup durmagtñ gereginiñ ýokdugyny görkezen çykyş çagalarymyzy güýmese-de ýeterlikdi.
Çykyşyñ açylyşyny orta ýaşly bir aýal açdy we ilkinji bolup sahna çykmaly kolik eşikli masgarabazy anons etdi.
Masgarabazyñ çagalary güldüren gysga wagtlyk tomaşasynyñ yzysüre orta ýaşly aýal ýene eli mikrofonly orta çykyp: "Indi at üstündäki ajaýyp çykyşlar bilen sahnada Anastasiýa-a-aa!" diýip şowhunly gygyrdy. Bir seretsek onuñ Anastasiýa diýýäni - ýañy gapynyñ agzynda petekleri barlan gyz.
Ezber gimnastikaçy bolan Anastasiýa at üstünde hakykatdanam ýerine ýetirmesi kyn we göze ýakymly görnen çykyşlaryny gutaryp-gutarmanka soñky nobaty itli çykyş etmek üçin sahna bir jenap we onlarça it çykdy.
Çagalarymyzyñ begenşäýsini diýsene!
Itlu çykyşyñ yzyndan gelen anons şeýle boldy: "Indi trapezdäki ajaýyp çykyşy bilen sahnada Anastasiýa-a-aa!"
Petek barlaýan, at üstünde hokgabazlyk edýän Anastasiýa şindi trapezde ajaýyp çykyşyny etmelidi.
Anastasiýa hakykatdanam diýseñ ussat we ajaýyp gyzdy hem-de çykyşyñ galan bölüminde guşlar bilen, ýer hereketleri bilen, iki adamlyk çykyşlar bilen birnäçe gezek sahna çykdy.
Işiñ täsin tarapy, bir adamyñ ukyp-başarnygynyñ üstünde gurnapan sirkiñ ilkinji ýarymy tamamlanyp, arakesme berlen badyna Anastasiýa bu gezek sport eşiklerini geýdi we mekjejöwen arabasynda patrak satdy.
Anastasiýa hakykatdanam ajaýyp gyzdy!
Köpçülige çykanyñyzda Rembo ýa-da Anastasiýa bolmaga synanyşsañyz, diñe öz ýüküñizi agraldarsyñyz.
Işiñizi Rembolaryñ ýa-da Anastasiýalaryñ üstünde gurnamaga çalyşýan ýolbaşçy bolsañyz, onda işiñizi gowy gurnap bilmeýänligiñizdir.
Herkese Rembodyr Anastasiýanyñ wezipesi ýüklenen işler şahsylygyñ çäginden çykyp bilmeýän, kişileriñ ukyp-başarnyklarynyñ üstünde gurlan, "ýeke adamlyk çykyşa" öwrülen, şuña dahyllylykda-da tötänliklere dañlyp galan işler bolup galýandyr.
Rembo diñe çeper kinofilmiñ gahrymany. Anastasiýa bolsa rumyn sahnasynda bar işe bir özi ýetişjek bolup ylgamakdan başga çäresi bolmadyk işbaşarjañ gyz.
Rembo ýa-da Anastasiýa bolmaga synanyşsañyz, uzak möhletleýin üstünlikleri gazanmak kyn düşer we bu ýagdaý ne-hä size, ne-de edýän işiñize peýda getirer.
Şahsy durmuşyñyzda-da, iş karýerañyzda-da ýüki deñ çekişmek kynçylygy azaldýandyr, ukyp-başarnygy we şowlulugy barha artdyrýan faktordyr."
Şuña çenli okan ajaýyp setirleriñizi Aly Türkşeniñ ýazan "Asla dänme, asla!" (“Asla Vazgeçme Asla”) kitabyndan sitata aldym.
Kardak gahrymany, "Balýoz" dildüwşüginiñ ýesiri, legendar SAT ofiseriniñ adatdan daşary başdan geçirmeleri onuñ hut öz eli bilen ýazan kitabynda gürrüñ berilýär.
Emma çynym bilen aýdýaryn, kitap başdan geçirme hekaýatlaryndan has köp zady öz içine alýar. Kitap häzirki zaman "kuwaýy milliýäniñ" (milli goranyşyñ) neşir organy "Kırmızı Kedi" ("Gyzyl pişik") neşirýatyndan çapdan çykdy.
Arka sahabyndaky annotasiýany kelimeleriñ ependisi Sunaý Akyn ýazypdyr.
Çorludaky otly heläkçiliginde dokuz ýaşly ogly Oguz Ardany ýitiren we bu adalatsyz döwürde hukuk göreşini bermäge çalyşan Mysra Öze bagyşlapdyr.
- Dänme wirusynyñ añyñyza girmegine ýol bermäñ.
- Ýa bir ýol tap, ýa-da bir gezek ýol tapmaga synanşyp gör.
- Üstünlik sessiz-sedasyz däl, beýninizde oña ýoldaşlyk edýän ajaýyp saz bilen gelýär.
- Neçüýn göreş sportlary bilen gyzyklanmaly?
Neden mücadele sporlarıyla ilgilenmeliyiz?
- Herkes ýüreginiñ göwrümiçe gorkar.
- Batyrgaýlyk - gorkmazaklyk däl, batyrgaýlyk - gorkýandygymyza garamazdan idellarymyzyñ, söýýänlerimiziñ ugrunda etmeli işleri etmekdir.
- Paraşýut siziñ sosial derejäñiz bilen gyzyklanmaýar, şereketiñ başlygy, döwlet ýolbaşçysy diýip seljerip durmaz, ol sizi özüñi tanatjak, egoñyzy peseltjek kömekçidir.
- Ýigrenç öldürüjidür.
- Ýuwaşlanyñyzda nämeler bolýar?
- Nämä döz gelendigiñ däl, nädip döz gelendigiñ esasy zat.
- Ýelkenli gaýyklaram, durmuşam birmeñzeş kadalar bilen ýöreýär.
- Herkesiñ gidýän ýolundan gitseñiz, herkesiñ görýänini görersiñiz, aralyk we arka ýollara girmän durmuşy öwrenip bilmersiñiz.
- Geçmişde başdan geçirenleriñiziñ sizi ýesir almagyna, bugünki görjek gözellikleriñize päsgelçilik döretmegine ýol bermäñ.
Şular ýaly ünsüñi çekiji, hakykatdanam täsin we sarsdyryjy başdan geçirmelerden hem-de mysallardan doly, elli alty bölümden ybarat analitik akyl-paýhasdan pürepür kitap -bir kitabyñ aýdyp biljek zatlaryndan has köp zady gürrüñ berýär.
Dogrymy aýtsam, uzak wagtdan bäri şular ýaly gowy we okandan soñ şeýlekin oýlandyryp bilen kitap okamandym.
Aly Türkşene ildeşimiz hökmünde minnetdarlygymy bildirýärin.
Bu ýurtda çaga terbiýeläp ýetişdirýän herkese we ýurduñ gelejegini garañky görýän watan ogullaryna bu ylham beriji kitaby hökman okamagyny ündeýärin.
Ýylmaz ÖZDIL.
09.06.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Pedagogika we edep-terbiýe