19:33 "Asmanyñ" añyrsy | |
"Kökler"
Edebi makalalar
“ASMANYŇ” AŇYRSY Halylarymyzdaky, şaý seplerimizdäki nagyşlaryň kult nyşanydygyny, olary döreden ynançlaryň müňlerçe ýyl ozal dörändigini öňdäki bölümlerde aýdyp geçdik. Gülýakanyň, dagdanyň şekilli, formasy bilen baglylykda Beýik Aýal hudaýyň adamy gözden-dilden, bela-beterden goraýan keramat bolandygyny, onlarça asyryň dowamynda oňa ynanylandygyny-da aýtdyk. Türkmenler şol hudaýyň obrazyny unudan bolsalar-da, onuň döreden ynançlary häzirem yrym görnüşinde dowam edip gelýär. Ruh bilen bagly hakyda ýitmezek bolýar. Biz muny Taňry atly beýik hudaýyň mysalyndada görýäris. Meniň pikirimçe, Taňry asmana erk eden, janlu-jansyza, tebigata hökümini ýöreden Beýik Aýal hudaýyndan soň dörän bolmaly. Matriarhadyň ikinji orna geçmegi erkek hudaýlaryň baştutan bolmagyna getiripdir Olara beýik hudaý diýilse-de, olaryň örüsi daralyp, lokal çäklilige sezewar boldular. Gadymy müsürlilerde Osiris, greklerde Zews, rimlilerde Ýupiter baş hudaýyň ornuny eýelediler. Türk kowumlary üçin baş hudaý Taňry boldy. “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada “Taňry” diýen aňlatmanyň Merkezi Aziýa halklarynyň gadymy mifleriniň gaznasyna degişlidigini, onuň bir ýanynyň hunlara-da ýetýändigi bellenilýär. "Taňrynyň" köküniň has aňyrdan gaýdýan bolmagy-da ähtimal. Şumerlerde asmana “dingir” diýilýär. Bu sözüň “tengri”, “taňry” bilen sazlaşygnyň bardygy duýlup dur. Şumer taýpalarynyň Mesopotamiýa göçmezlerinden öň Köpetdag eteklerinde ýaşandyklaryny alymlar tassyklaýarlar. Asmana erk edýän ruha ynanmakdan Taňrynyň beýik kulty döräpdir. Onuň mesgeni asman. Asmanyň ähli gudraty Taňrynyň emrine, islegne bagly. Asmanyň bakylygy Taňra bolan ynanjyň mizemezliginiň binýady. Mongollar bu ynanjy Han taňry diýip atlandyrypdyrlar.Uly taňrynyň uly wezipesi birgiden kiçi taňra paýlanýar. Gün, Aý, bulutlar, ýyldyzlar diýjekmi, garaz, asman bilen bagly gudratlar olara paý edip berlen. Hat-da adama bagtly takdyry-da şolaryň biri paýlaýar. Meselem, adamzat taryhyna adyny belli eden Çingiz han bagt paýlaýan Ohin taňrynyň nazary düşen adam diýilýär. Elbetde, türkmenler mongollar, burýatlar ýaly uly Taňryny pudaklaýyn taňrylara bölmändirler. Dogry, ýagyşyň piri Burkut diwana sanajyny kakyp gök gürledýän garra mama ynanypdyrlar, ýöne olar uly taňrynyň ady bilen gabatlaşdyrylmandyr. A.Bernştamyň, S.Malowyň pikirine salgylanyp aýtsak, gadymy türklerden miras galan ynanja görä, türkmenler Asmany, Zemini Humaý atly aýal hudaýy- nyň kulty bilen baglaşdyrypdyrlar. Gudratly garry mama-da şol hudaýyň mirasdüşeri. Bu aýdylanlardan soň ýene Beýik Aýal hudaý biygtyýar hakydaňa gelýär. Biziň nagyşlarymyzyň aňyrsynda onuň kulty dur diýdik, soňra onuň kultunyň başga atlar bilen dowam edendigi bolup biljek zat. Belli arap syýahatçysy Ahmet ibn Fadlan onunjy asyryň birinji çärýeginiň aýagynda Bagdat halypasynyň Wolga boýunda ýaşan bulgarlara iberen ilçisiniň gapdaly bilen gelip, oguzlaryň durmuşyny gözi bilen görýär. Türk taýpalarynyň arasyna yslam dininiň ýaňy aralaşyp ugran mahaly. Olaryň köpüsi entek bir taňra ynanýarlar, asmana sejde edýärler. Taryhda bir hudaýa ynanmak arkaly dagynyk, özbaşdak taýpalary bir ýere, bir döwlete birikdirmegiň başardandygyny ýewreýleriň, araplaryň mysalynda-da tekrarlap bileris. Meniň pikirimçe, gadymy türk hanlyklarynyň döremeginde bir Taňra ynanylmagy esasy rol oýnandyr. Ynanjy bir halkyň süňňi berk bolýar. Onuň ynanjyna zarba urup bilen duşman ony elgarama ýagdaýa salyp biler. Araplar ine, şuny başardylar. Soňky ýyllarda ýazylyşy ýaly, Oguz hanyň ýaşan zamany yslamdan has aňyrky asyrlara degişli bolsa, onda dünýä inen pursatynda ony Allanyň adyna baglamak üçin tapylan rowaýatyň soňky döredijiligini boýun almaly. Türki halklar, şol sanda türkmenlerem Hudaý, Taňry, Alla diýen sözleriň manysyna parh goýjak bolup ýörenoklar. Taňry diýlende öňi bilen Asman göz öňüňe gelýär. Türkmenlerde Taňryguly, Taňryberdi diýen erkek atlary köp. Asman, Asmangül diýen ýaly aýal atla- ryna-da duş gelinýär. Bu alamat asman hudaýynyň başda aýal bolandygyndan gözbaş alyp gaýdýar diýse bolar. Taryhçy A. Jykyýew türkmenleriň gelip çykyşy hem-de orta asyrlarda halk hökmünde kemala gelişi hakyndaky oçerklerinde gadymy türkleriň mekan tutan sebitlerinde “asman daglary” (hytaýça “týanşan”), “han tengri” (Týan-şandaky belentlik) ýaly atlaryň galandygyny, munuň asman hudaýyna ynançdan, söýgüden dörän nyşandygyny, mongollarda, gadymy türklerde belent dag geçitlerinde “obo” ady bilen daşdan kult binalarynyň galdyrlandygyny ýazýar. Binanyň daşdan galdyrylmagy meniň ünsümi çekdi. Edil şu ýerde A.Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary” diýen kitabyndan bir jümläni getirmekçi: “Gadymy adamlaryň ýaşaýşynyň, dünýäniň gurluşy baradaky düşünjeleriniň “Oguznamada” töwerekleýin... görkezilişine görä, biziň ata-babalarymyz durmuş asman bilen ýeriň arasynda, adamlaryň enesi Asman, atasy Ýer diýen düşünjelere uýupdyr”. Gördüňizmi Asman ene diýip atlandyrylýar. Bu taňrydanam ozalky ynançdan habar berýär. Hawa, şeýle ynanjyň bolandygyny, “enesi asman, atasy ýer” diýen düşünjäniň has gadymydygyny subut etmekden ötri, dilimizdäki “asman” sözüniň manysyna, onuň ýokarda aýdylan daş bilen baglanşygyna geçmekçi bolýaryn. “Mif we simwol” kitabynda ýazylyşyna görä, gadymy grek mifologiýasynda ähli hudaýlaryň atasyna Akmon diýilýär. Bu sözüň gadymy grek dilindäki manysy “meteorit daşy”, “ýyldyrym”, “sandal”. Sanskritçe, başgaça aýtsak, gadymy hindi edebi dilinde asman “daş” “ýyldyrym”, “asman” diýmek. Hettleriň ýazgylarynda bu ata hudaý asman tupanynyň hudaýy bolmak bilen, ol demirçi ussalara penakärlik edipdir, onuň esasy alamaty daş, onda-da meteorit daşy bolupdyr. Daş-Zemin hudaýynyň häsiýetli alamatlarynyň biridir. Gadymy pars dilinde “asman” sözi bar. AS-degirmen daşy, Man-meňzeş, ýagny “degirmen daşyna meňzeş” diýmek. Asmanyň forma taýyndan tegelek degirmen daşyna meňzeşdigi äşgär, ýöne bu ýerde-de “daş” diýen many aradan aýrylanok. Gadym zamanlardan bäri näletkerdäni, azan erkegi, aýaly daşlap öldürmek jezasy dowam edip gelipdir. Näme üçin hökman daş bilen öldürmeli? Bu ýerde üýtgeşik many bar bolmasyn? Zemin hudaýynyň häsiýetli alamatlarynyň biri daş diýdik, şonuň üçin hem onda keramat ýokundysy bar. Baryp-ha neolit zamanynda-da ölenleriň gabryna daş goýupdyrlar. 19-njy asyrlarda-da Rossiýada tabydyna (grobyna) daş salmak dessury bolupdyr. Ýewreýler mazar daşyny sypaýarlar. Birgiden ýerde zyýarata barlanda mazarlara daşjagazlar goýmak däbi dowam edýär. Antik zamanynda Gresiýada tebigy betbagtçylyk bolanda, gyr- gyn gelende bir aýal bilen bir erkegi daşlap öldüripdirler, şeýdip gur ban berlenden soň bela-beter sowular, gaýtalanmaz öýdülipdir. Gadymy Meksikada hasyl toýy mahalynda adamy gurban etmek düzgüni bar ekeni. Gurban berilýän adam hökman daşlap öldürilmeli, sebäbi hasyly öndürýän topragyň hudaýynyň esasy alamaty daş bolany üçin şeýdilipdir. Soňra bu däp jeza bermegiň çäresi hökmünde- de dünýä ýaýrapdyr. Irki zamanlarda hudaýlaryň ýoluna adamy gurban etmek adaty zat ekeni. Töwratdaky Abraam, Gurhandaky Ybraýym halyl hem hudaýyň, Allanyň ýoluna ogluny gurban etmekçi bolanda Biribar ony goýun bilen çalyşmagy buýurýar. J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda dünýäniň dürli künjünde daşyň gudratyna ynanylýandygynyň faktlary getirilýär. Meselem induslarda erkegiň ýigitlik çagynyň başlanmagy bilen geçirilýän däp dabarasynda oglan sag aýagyny daşyň üstünde goýup, özüne: “Daşy basdyňmy, şu daş ýaly-da berk bol!” diýmeli. Gadymy daniýalylar patyşa saýlanlarynda ýer bilen bile biten daşyň üstüne çykyp, gelnen karary jar edipdirler, kararyň daş kimin berkligini, üýtgewsizligini bildiripdirler. Siz Käbäniň “gara daşy” diýip häli-şindi eşidýänsiňiz. Al-Haram metjidiniň ortasynda Beýtulla-hudaýyň öýi ýerleşýär. Jaýyň Günorta burçuna ar-rukn al-aswad (“gara burç”) diýilýär. Diwardan metr ýarym oýulyp ýasalýan tekjede kümüş gurşawyň içinde “gara daş” al- hajar al-aswad dur. Ony Alla adamlara iberipdir, ol Allanyň gudratyndan, kuwwatyndan bir degerli nyşan. Musulmanlaryň ynanjyna eýerip aýtsak, ol jennetiň ýakut daşyndan edilen. Arassa hem gymmatbaha daşy Alla jennetden zemine düşen Adam ata iberýär. Soňra adamlaryň günä işleri zerarly keramatly daş garalypdyr. Bu ýerde-de daş bilen asmanyň baglanşygy bar. Görüň, dilimizdäki “asman” sözüniň aňyrsynda dürli döwre häsiýetli birgiden many ýatan ekeni. Syrly sözler dilimizde näçe diýseň bar. Şolary aýdyňlaşdyrmak halkyň taryhyny ýazmak dälmi eýsem?! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |