01:42 Aşpez Hasan | |
AŞPEZ HASAN
Goşgular
Ömri geçdi onuň ojak, köz bilen, Düýbi sowamady gara gazanyň. Desterhany açyk tagam duz bilen, Ile belli aşpez ady, Hasanyň. Hasanyň susagy, Hasan gazany, Hasanyň ojagy, ojar, sazagy, Misli şahyr, mukamçynyň gazaly, Toýlarda ýaňlandy bady, Hasanyň. Yzçynyň yz ömri, seýsiň öz ömri, Şahyrlaryň, bagşylaryň saz ömri, Bar ekeni aşpeziňem köz ömri, Alawlady kerkaw ody , Hasanyň. Datmadyklar ýokdur, meger, tagamyn, Mazasy kän tüwi, käşir, soganyň... Köp görüpdik alkyşlaryň çoganyn, Ýaranydyr Omar, Mäti... Hasanyň. Toý görendir öz ömründe niçe ol, Hasan ýüz ýaşady, indi goja ol, Halaýany ertir, agşam köje oň, Toý-tomaşa—göwün şady Hasanyň. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |