21:56 Aşyk Merdan kyssasy | |
AŞYK MERDAN KYSSASY
Powestler
«Всякая любовь, которую случается наблюдать на земле, рождается, живет и умирает или возвышается до бессмертия следуя одним и тем же законам» Стендаль («О любви»). “Dünýede kyssa ýok, beýle gussaly, Romeo we Juliettaň kyssasy ýaly.” (Şekspir) Bar! Ondanam gussaly kyssa bar. Öň bolmadyk hem bolsa indi bar. Oňa Aşyk Merdan kyssasy diýerler. Awtor. * * * Merdan meniň çagalarymyň içinde iň mähirlisidi. Mylakatlydy. Hoş sözlüdi. Ýüzüme gelmeýärdi. Gatyrganmaýardy. Çytylmaýardy. Jabjynmaýardy. Näme ýumuş buýursamam “bor” diýýärdi. Aňryujy ýagdaý bolsa boýun alan işini bitirjek bolýardy. Bitirip bilmedik ýagdaýynda-da mert durup: “Kaka, men-ä şony bitirip bilmedim, bagyşla” diýýärdi. Hünärlidi. Ýaşlygyndan başlap ony-muny ýasamany, surat çekmäni gowy görýärdi. Esasanam asmanyň, ýyldyzly gijeleriň, Aýly agşamlaryň, Günüň suratyny çekmäni gowy görýärdi. Bedew atlaryň suratynam üýtgeşik hyruç bilen çekerdi. Her möwsümde, dynç günleri aýlawa gidip, atlaryň çapyşygyna serederdi. Özüniň gowy görýän atlary bardy. Hususan-da şolaryň suratyny çekýärdi. Sag goly gylyçly, sol goly galkanly gyr atyň üstünde duşman bilen döwüş edip ýören Göroglynyň söweş geýmindäki suratyny çekmegi hasam halaýardy. Käwagtam ir bilen ukydan oýanardy-da, gözjagazlaryny süzüp, endigine görä boýunjagazyny bir gapdala gyşardyp oturşyna: “Kaka, düýşümde Göroglyny gördüm. Ol atynam, ýaraglarynam maňa berdi” diýerdi. Umuman, onuň duýgulary inçedi. Syzgyrdy. Balkyldap duran garaja gözleri arzuwçyldy. Hyýaly elmydama gökdemi, nämemi, bir ýerlerde gaýar ýörerdi. Görmegeý, polady ýumşak, daýaw, sada ýüregi yşkdan doly ýigitdi. Saçjagazlary maňlaýyna gytaklaýyn düşer durardy-da, ol ony mahal-mahal kellejigini bir tarapa silkmek bilen yzyna gaýtarardy. Başga otagda ýatsa irden gelip gapymdan boýunjagazyny uzadardy-da, salam bererdi. Geplemsek däldi. Özi gürlemän ili diňläýenini kem görenokdy. Soranjaňdy. Köp zatlary bilesi gelýärdi. Dördünji klasa geçeninde men ony Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň žiwopis bölümine okuwa salypdym. Şol ýerde-de ol özüniň iň eý görýän “Ýyldyzly gijeleriniň, Aýly agşamlarynyň” üstünde işledi. Asmanyň, Günüň suratyny çekdi. At çekmesinem dowam etdirdi. Ýöne, biraz soňrak ol öz meýli boýunça zergärçilik bölümine geçdi. Bu barada şol mekdebiň zergärçilik toparynyň okydyjysy şeýle gürrüň berdi: —Bir oglanjyk her arakesmede gelip biziň toparymyzyň işleýşine syn edip durýar. Okuwa irräk gelse-de baraýýar, okuwdan soňam baraýýýar. Şo-ol, işige söýenip, boýunjagazyny burup dur. Kalbynda şol hünäre höwes dörändigi bildirýär. Ýöne, sesini çykaranok. Aýdyp bilenok. Çekinýär. Toparyňy üýtgedip bolýandyr öýtmeýän bor-a çemeli. Ine onsoň men bir gün ondan: Bizde okasyň gelýämi, diýip soradym. “Howwa” diýip çagajyk bada-bad jogap berdi. Begendi. Gel-de okaber, o mugallymyň bilen özüm gürleşerin diýdim. Şeýdibem öz toparyma aldym. Soň görüp otursam seň ogluň ekeni... Şol mugallym ony dört ýyl okatdy. Gowy gördi. Gowy tälim berdi. Käte ol dynç günlerem öýe gelýärdi-de: “Ýör, Merdan jan, mekdebe gideli, azajyk işläli” diýip alýa gidiberýärdi. Merdany beýleki mugallymlaram gowy gördüler. Mekdebi tamamlanyndan soň çeperçilik uçilişşesine girmäne-de kömek berdiler. Çaga uçilişşede hem gowy okady. Kurs işleri üçin gowy-gowy kompozisiýalar döretdi. At üçin bezeg şaýlaryny, Göroglynyň gylyjyny, galkanyny, gyzlar üçin kökenli ýüzükleri, gülýakalary, dagdanlary ýasady. Öň žiwopisde ýerine ýetiren: “Ýyldyzly gijelerini”, “Aýly agşamlaryny” indi şaý-seplere geçirdi. “Ýedeinji asman” atly bilezigi bolsa uly hudožnikleriň işleri bilen bir hatarda uly-uly sergilere gatnaşdy. Sungaty öwrenijileriň iň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Halkara sergilere gatnaşdy. Ahyram şol iş Türkmen Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan satyn alyndy. Ol özüniň şol temasyny gelejekde-de dowam etdirmekligi, ösdürmekligi, diplom işi üçin gaýtadan, has giňişleýin görnüşde ýasamaklygy göz öňüne tutýardy. “Kurs işim üçin men diňe Ýedinji asmany saýlap aldym, diplom işimde bolsa ýedi gat asmanyň ýedisinem alyp bir toplum ýasajak. Onda gulak halka-da, ýüzügem, gülýaka-da, bilezigem bolar. Çünki, Magtymguly özüniň “Ýaşyl zümmerret” atly goşgusynda her asmanyň öz häsiýetini, reňkini perişdesiniň, eýesiniň kimdigini beýan edipdir. Menem şolary zergärçilik serişdeleri arkaly beýan etjek. Çeperleşdirjek” diýýärdi. Şol wagtlar ol uçilişşäniň üçünji kursunda okap ýördi we eýýämdan diplom işine taýýarlyk görýärdi. Ýene bir ýyldan bolsa kämil hudožnik hökmünde sungat ýoluna gadam basmalydy. Şonuň üçinem men oňa özbaşdak işläri ýaly hünärmen zergärleriň ulanýan gurallaryny satyn almak, häzirlikçe öý otaglarymyzyň birini ussahana hökmünde ýöriteleşdirip bermek, soňam şäheriň çetindäki aramgähimden ýörite ussahana gurup bermek barada pikir edip ugradym. Käbir gurallaryny alyşdyrdymam. Emma... ...Emma, birden-kä onuň ähli zatdan eli sowady duruberdi. Şaý-sep ýasamasyny goýdy. “Ýedi gat asmanam” okuwam, diplom işem ýatdan çykdy. Suslandy. Öňküsindenem beter geplemezek boldy. Men onuň bu bolşuna düşünip bilmedim. Ýedi-sekiz ýyl bäri bir hünäre höwes edip gelýän çaga birden-kä orta ýolda atdan düşürilen pyýada ýaly kürtdürdi duruberdi. Birdenem bir ýerden ýedi tarly gitara tapdy-da, ertir-agşam gözjagalaryny bir nokada dikip, dodajygyny çommaldyp yşk-söýgi hakda aýdym aýtdy oturdy. Tomus kanikuly döwründe kimdir birine doňdurma satyşyp puljagaz toplady-da, baýan satyn aldy we gitarany eltip eýesine gowşuryp geldi. Indi ol aýdymynyň gapdaly bilen baýan çalýardy. Haýsysyny haçan nirede öwrenip ýörenini bilmok, ýöne ol gitaranam, baýanam diýseň gowy çalýardy. Aýdymam gowy aýtýardy. Käte toýa gatnaýan bagşy oglanlaryň ýany bilen gidip toýam sowuşyberýärdi. Men elbetde, onuň aýdym aýtmagyna-da, saz çalmagyna-da garşy däldim, ýöne çagalygyndan bäri şeýle ürç edip gelýän hünärini-zergärçiligini taşlamagyna, şunça ýylky emgeginiň köýmegine garşydym. Onsoňam, onda bolup geçýän şol üýtgeşiklikler meni ata hökmünde-de ynjalyksyzlandyrýardy. Iň ýamanam onuň şol bolşunyň sebäbini bilip bilmeýärdim. Köçe oglanlarynyň ugryna gidýän bolaýmasyn, araga, neşä, çilime baş goşan bolaýmasyn diýen ýaly oý-pikirlerem küýüme gelmän duranokdy. Özünden welin sorap bolanok. Soraýanyňda-da peýdasy ýok. Ýerden ses çykýar, ondan ses çykanok. Käte ünjümiň gahara, gaharymyň gazaba öwrülip, üstüne dübläberýän pursatlarymam bolýardy. Ol bolsa şol bir bolşy ýaly boýunjagazyny burup, barmakjyklary bilen keçäniň gülüni dyrmalap sarsman oturandyr. Ýüzünde welin ne öýke, ne kine hiç hili alamat bildirenok. Gaýtam, meni gazaba çykarýandygy üçin öz-özünden müýnürgeýän ýaly utanjyraýar. Gyzarýar. Aşaklyk bilen ýüzüme seredip, günäkär halda ýylgyrýar. Ahyram özüm ýadap goýýaryn. Şondan soň ol ýene-de eline baýanyny alyp balkona ýa eýwana çykýar-da, söýgi baradaky häzirki zaman we halk aýdymlaryna ýuwaşja, süýji labyz bilen hiňlenip başlaýar. Bir günem çydam käsäm doldy-da: “Bar ýok et şol baýanyňy! Öýde-de goýma! Garažda dagam saklaýma! Meň demim düşýän ýerde durmasyn şol!” diýip, gygyrdym. Ol sesini çykarmady-da baýanyny goltuklap çykyp gitdi. Nirede, kimiňkide goýanyny bilemok, ýöne şondan soň ol öýde baýan çalmady. Aýdymam aýtmady. Çalsa-da goýan ýerine gidip çaldy, aýtsa-da şol ýerde aýtdy, zergärçiligine welin barybir dolanmady. Dymmalykdanam açylmady. Gepletjek bolup, bir zatlar biljek bolup käteler gaşynda sagatlap sarnap oturýan wagtlarymam bolýardy, emma hiç hili jogap alyp bilmeýärdim. Birdenem ol namaz okap ugrady. Dogry, şol döwür SSSR-iň dargap Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny yglan eden, öň gadagançylyga düşen köne däp-dessurlara, milli ýörelgelere, aýat – Kurana namaza-tärete açykdan-açyk rugsat edilip, uly-kiçi hemmäniň suwsan goýun ýaly Haka tarap yňyp başlan döwürleridi. Çagalaryny ýerli we daşary ýurt medreselerine iberýänleriňem, Türkmen döwlet uniwersitetinde açylan Ylahyýet fakultetine okuwa salýanlaryňam hetdi-hasaby ýokdy. Ýöne, bu zatlar birnäçe wagtlap güýçli depgin bilen dowam edýärdi-de, birdenem edil başlanyşy ýaly ýitip gidýärdi. Köp adamlar namazlygyň üstünde uzak eglenip bilmeýärdiler we aýlanyp-öwrülip ýene-de özleriniň öňki endiklerine dolanyp gelýärdiler. Käbirleri bolsa o zatlara göz üçin, iliň gözüne ilden üýtgeşik namazhon görünmek üçin, öz aýbyny ýaşyrmak, öňki-soňky günäleriniň üstüni basyrmak üçin baş goşýardy. Ana, men öz oglumam şolar ýaly möwsümleýin zatlara aldanýandyr, şonuň üçinem hünärinden sowaşýandyr öýtdüm. Birnäçe wagt geçenden soň ol namaz okamasynam goýdy-da, “krişnaçylyga” uýup ugrady. Bäş müň ýyl mundan ozal Hindistanda dörän bu din özünden soňky dörän ýehudyçylyk, zoroastrizm, hristiýançylyk, buddizm, yslam ýaly dinleriň ählisiniň köki, damary bolup hyzmat etdi we bir wagtlar öz möwritini ötürdi. Ýöne, soňky döwürlerde ol Amerikada, Ýewropada, üýtgedip gurmak döwri Orsyýetde, şeýle hem SSSR-iň düzümine girýän beýleki respublikalarda täzeden örç alyp ugrady. Krişnaçylygyň ýönekeý bir dini rutual däl-de, ylmy esasly çuňňur filosofiýa ýugrulan pelsepe sistemasydygyny bütün dünýä subut eden, Prabhupadanyň ýolbaşçylygynda Krişnany aňtamaklygyň Halkara jemgyýeti döredildi. Türkmenistanda hem olaryň ýörite öz wagyz-nesihatçylary, ýaýradyjylary, üýşmeleň geçirýän ýerjagazlary bardy. Hökümet olary yzarlaýardy, açyk işlemäne ýol bermeýärdi. Olar welin gün-günden köpelýärdiler, işjeňleşýärdiler. Ol taglymat boýunça öýlenmegem, et, ýag önümlerini iýmegem bolmaýardy. Şeýle ýaşasaň hamala öleniňden soň Ýedinji asmana, Krişnanyň ýaşaýan ýerine barýarmyşyň we ol ýerdä ki süýt kölüniň içinde gulaçlap ýüzýärmişiň. Krişna bilen gülüp-oýnap şat ýaşaýarmyşyň. Görüp otursam krişnaçylar köp-köp gögele ýaşlar bilen birlikde Merdan janam öz hatarlaryna çeken ekenler. Şonuň üçinem, ol indi namazlykdan düşüp süýt kölüne bakan ymtylýan ekeni. Soň görüp otursam ol baýanynam şolaryň üýşmeleň geçirýän ýerine eltip gaýdan ekeni. Asyl onuň krişnaçylyga baş goşanynam, telim wagt bäri gün içinde ýarym litr gyzgyn suwa ýekeje baldak reýhan atyp, diňe şonuň bilen oňup ýöreninem men bir gün öýde üýşüp otyrkak essi aýylyp ýykylanyndan soň bilip galdym. Şu zatlary wagtynda duýdurmandygy üçin öýdäkilere käýindim. “Siziň munyňyz oňa ýagşylyk etdigiňiz däl, ýamanlyk etdigiňiz bolýa. Adam iýmese öler...” diýdim. Essine gelenden soň Merdanyň özüne-de: “Öňküje iýýän zatlaryňdan iý. Daýan. Özüňem bek belle: hiç dinem, maňa uý-da ähli güýmenjäňi goý, bar zady terk et” diýýän däldir, Hudaýam “Senden hereket, menden bereket” diýýändir. Şonuň üçinem, haýsy dine uýsaň uý, ynansaň ynan, oňa garşylygym ýok, ýöne öz gol berenje hünäriňem ýöret. Okuwyňam alyp çyk. Ýaman dert indi okuwa gelenok, sapaklaryna ýetişenok diýip, mugallymlaryňam şikaýat edip başladylar. Okuwdan çykarmak, diploma goýbermezlik barada mesele gozgap ugradylar” diýdim. Ol welin diňledi-diňledi-de, sesini çykarman turdy gidiberdi. Bir günem öýe Krişna hakynda film ýazlan widio kasseta getirdi. Şondan soň ir ertir, giç agşam, biziň öýümiziň kä o burçundan, kä bu burçundan: —Hare Krişna – Hare Rama, Krişna, Krişna, Hare, Hare – Hare Rama, Hare Rama, Rama, Rama Hare, Hare – diýen dürli owazdaky mynajatlar eşidilip başlady. Bu krişnaçylar üçin musulmanlaryň kelemesi ýaly bir zat. Şony pylança gezek gaýtaladygyň Krişna uýdugyň bolýar. Bir görsem çagalarym bilen bilelikde aýalymam şoňa zowladyp otyr. Hatda ýaňyja dil biten agtyjagyma çenli öýüň içinde iki ýana ylgap: —Haýa Kýişna, Haýa Kýişna...- diýip sesiniň ýetdiginden gygyryp ýör. Bu ýagdaýy görüp men aljyradym. Has dogrusy gorkdum. Çagalarymy o ýoldan alyp galmaklygyň aladasyny edip başladym. Tersem bolsa, oňam bolsa, şol meselede öýe gadagançylyk girizdim. ―Uýjak bolsaňyz honha, ähli dinleriň seresi, iň soňkusy yslam bar, şoňa uýuberiň, ýöne, bu oýnuňyzy goýuň – diýidm. —Gaýdyp şular ýaly kaseta getiräýme şu öýe, jigileň arasynda agitassiýa geçäýme – diýip, Merdana-da berk sargadym. – Özüňe ygtyýar berdim, şol besdir. Gowus-a özüňem goý şol ýere gatnamaňy... —Bor, kaka, goýýaryn... –diýid. Ýöne goýmady. Iň bolmanda: -Baýan çalmana gitjek, şol ýerde aýdym aýtjak- diýip gitdi. Şondan soň men oňa bialaç: ―Baýanyňy öýe getiräý, öýde çalaý – diýmeli boldum. Gije-gündiz çalsa-da azar bermedim. Zergärçiligiňe ýapyş, käriňi unutma diýip, gulagyny gazalamamam goýdum. Özi ürç etmese birini bir käre zor bilen boýun etjek bolmaklygyň, bir gyzy bir äre zor bilen bermek ýaly bir zatdygyna düşündim. Öňem kalbyna men guýamok, Alla guýdy, nesip bolsa ýene-de şonuň özi guýar, yzyna dolar, bolmasa-da bolmadygy bor-da, diýdim. Birnäçe wagt geçenden soň ol göwnüme bolmasa krişnaçylaryň ýanyna gatnamasyny goýan ýaly boldy. Ýene-de namaz okap ugrady. Okuwyna gatnap, odur-budur ýasabam başlady. Ýöne, oňa derek birden-birden özünden gitmäni çykardy. Bir nokada seredip oturýar-oturýar-da, çaşýar ýatyberýär. Men ýene-de ol öňküsi ýaly aç gezýändir öýtdüm. Emma beýle däl eken. Öýdäkileriň aýtmaklaryna görä ol indi ajam gezmeýän ekeni, hakykatdan-da krişnaçylaryň üýşmeleňine gatnamaýanam ekeni. Men ony saglyk öýlerine, maşgala hekimlerine görkezdim. Kem tapmadylar. Hassahana ýerleşdirdim. Üç hepde ýaly sakladylar. Başga bir emmasy bar bolaýmasyn, diýip özüni alyp barşyna ogryn-dogryn gözegçilik etdiler. Emma o diýenlerem ters bolup çykdy. Ýörite psihiator çagyryp barlatdylar. O-da kem tapyp bilmedi. Derdini anyklap bilmänlerinden soň hiç-hili däri-dermanam etmediler. Şondan soň onuň ýagdaýyny gören-eşidenler: “Siziň şunyňyzyňky dogtorlyk däl bolaýmasyn”, diýişdiler. Türkmen emlerini etmekligi, molla görkezmekligi maslahat berdiler. Ruhy taýdan ejir çekýän bolaýmagynyň ahmaldygyny aýtdylar. Men olaryň aýdanlarynam etdim. Asylam derdiň bolsa, kim haýsy emi salgy berse şoňky derman bolaýjak ýaly bolar durar ekeni. Uly oglumyň bir dostunda maşyn bardy. Şondan haýyşt edip Merdany Tejene, bir tanyş mollanyňka alyp gitdim. Niýetim şol gün okadyp yzyma dolanmakdy. Emma molla: “Azyndan bir hepde, on gün okamasak bolmaz” diýdi. Oňa bolsa bizde mümkinçilik ýokdy. Sürüjimiz hakda-ha gürrüňem ýok welin, menem işlidim, Merdan janyňam okuwy, diplom işi garaşyp ýatyrdy. Mugallymlar henizem oňa garaşyk edýärdiler, “Gatnasa bolýa, diplom işine kömek ederis, gutardarys, ýöne, emgegini köýdürmäwersin” diýýärdiler. Şonuň üçinem ony molla bir gezejik okudyp yzymyza dolanmaly bolduk. Aşgabada gelenimizden soň şäheriň baş ymamynyň ýanyna bardym. Men ony tanaýardym. Ol resmi adamdy, şäheriň häkimliginde oturýardy. Özbaşyna kabineti, kürsüsi, telefony bardy. Gabat gelen ýerimizde aýak üstündenem bolsa salamlaşýardyk. Hal-ahwal soraşýardyk. Pikir alyşýardyk. Men başda-da oňa ýüz tutup biljekdim, ýöne, hökümet edarasyndan girip-çykyp ýörensoň o zatlardan çeke durýandyr öýtdüm. Çakym dogry bolubam çykdy. Ol meni diňledi-diňledi-de: –Gep salgyňa görä ogluňda dogrudanam bir derd-ä bar, krişnaly meseläň täsiri ýetýän bolmagam mümkin. Şu wagt ýaşlardan şolara goşulýan kän. Bu örän howply zat. Ýöne, okudaryn diýseň onuň-munuň salgysyny bereýin... – Şondan soň ol “pylan metjitde barsaň pylan molla bardyr, pylan ýerde pylan ahun bardyr”, diýip, birgiden adamyň adyny tutdy. – ... Meň adymy ber-de baryber, men özüm-ä baş goşamok olar ýaly zatlara. Bolmasa-da... – Ol häliden bäri galdyrman oturan pökgi gabaklaryny ýokary göterdi. Hanasyndan çykaýjak bolup duran bäbeneklerini balkyldadyp ýüzüme seretdi. – Bolmasa-da ... Şu gün, ertir, ýigriminji mekdepde sagat birde, üçde, bäşde üç gezek bir gipnoz oglan çykyş edýä, okuwçylaň öňünde. Özem dogtor. Büzmeýinden gelipdir. Isleseň şoň bilenem maslahatlaşyp göräý... Men böwrümi diňläp durdum-durdum-da: –Hansähet ahun näderkä? – diýdim. Ymam mendenem uzak dymdy. Şol aralykda men onuň jowur ak köýnegini, gögümtil ýektaýyny synlap ýetişdim. Üsti-başynyň şeýle tämizligine haýran galdym. Kabinetiň tamizligem onuň öz tämizligiçe bardy. Bir haýukdan soň ol ýüzüme gyýarak seretdi-de, göwünsizräge-de: –Aý, näme, bar-da göräý, tutyb-a galmaz, - diýdi. Salgysyny berdi. – Öňki “Kommuna” kolhozynyň aňyrbaşyna çyk. Şol ýerden täze mellek aldy. Jaý saldy. Metjit gurdy. Oglanlary, hemmesi şo ýerde... Bile bolýalar... Hansähet ahuny men daşyndan tanaýardym. Ol keýik aşygy ýaly kiçijek, sakgal-murtlyja, ýüzüniň ölçegi süýnmegräk, çalt hem köp gepleýän, şeýle-de haçan görseň birinde ary köýen ýaly küsserilip ýören adamdy. Egninde ykjamja ýektaýy, başynda bilegiň ýogynlygyndan uly bolmadyk, ýeňilräk sellesi bolardy. Ak reňkli, “GAZ-24” kysymly syrdambitin maşyny bardy. Üýtgedip gurmak döwründe ol özüniň uzyndan –uzyn makalary bilen gazetlerde çykyş edýärdi, redaksiýalarda geçirilýän üýşmeleňlere, çekişmelere gatnaşýardy, bilse- bilmese taryhy temalara baş goşýardy. Şäher ymamynyň ýanyndan çykanymda sagat onuň ýarydy. Pyýadalap barýançam, sorag-ideg edip tapýançam on bir boldy. Ahun aganyň täze ýurdy diýseň gowy ekeni. Daş- töweregi açyk meýdan. Giňişlik. Ymamyň aýdyşy ýaly jaý, jaýyň gapdalynda-da metjit. Şol ikisiniň aralygynda-da gara öý dikilen. Özlerinden başga janly-jemende ýok. Oba bilen arasy ep-esli üzňe. Mülke gözüm düşenden soňam men açyk meýdan bilen ep-esli ýöredim. Ýaz aýlarydygyna garamazdan men erbet yssyladym. Ýadadym. Penjegimi çykaryp elime aldym. Günüň çogy endamyma hoş ýakdy. Oýmurrak ýerlerde biten gökje ter otlaryň ysy düýn-öňňün ýagyndan ganan öl topragyň bozgunç ysy bilen garyşyp kalbymda birhili ýakymly duýgular oýardy. Işimiň oň boljagyna umyt döretdi. Men bärden baranymda akja köýnekli, bili guşakly, aýagy mesili, başyna ýatyş telpegini geýen ahun aga ogullarynyň biri bilen suw geçiriji turbalara degişlimi ýa öz sürýän maşynynyň bir zadymy, galyňlygy dört barmak, ini-boýy aýaň uzynlygy ýaly daşyna halka geýdirilen iki sany ýasy demri gysaja salyp, “sen gys-da, sen bas” bolşup otyr ekeni. –Essalowmaleýkim!.. Hatly-sowatly, edebi-ekramy bilýän adam hökmünde ol ýerinden turup garşy alar, görşer, salamlaşar, öýüne salar, çaý başynda içgin-içgin gürleşer öýdüp tama etdim. Emma men bilmedim ol meni hökümet adamsydyr öýtdümi ýa başga bir zada öňden myrryhy tutup otyr ekenimi, ýa bar bolup bilşi şeýlemi, salamym-a bir almady, üstesine-de meni görenden ýüzüni çytdy-da, aňyrsyna öwrüldi oturyberdi. Menem birhili boldum-da, nätjegimi bilmän direndim duruberdim. On bäş minut çemesi agyr dymyşlyk dowam etdi. Şonuň özem eýýäm meniň işimiň bitmejegini aňladýardy. Şeýle-de bolsa oglumyň hatyrasyna çydam edip garaşdym. Ahyram ol şol bir oturşyny üýtgetmän: ―Näme ýigit? Näme gerek? Näme meni öýümde-de goýaňzok? –diýdi. Men öňküdenem erbet boldum. —Ahun aga men-ä işli gelipdim. Siziň kömegiňiz gerek. —Bu gün meniň iş günüm däl. —Meňki edaralyk iş däl, ahun aga, syrkawym bar. Ol ýüzüni öňküsindenem beter eňşitdi. –Syrkaw okajak bolup men özüm maýyp boldum, maňa olar ýaly zat aýtma! Günüme goý! Şonuň bilenem gep gutardy. Men lapykeç halda yzyma dolanmaly boldum. Ýene-de günüň çogy... Ýene-de şol bir bozgunç ys, ýöne, men indi olaryň mazasyny duýamok. Garamy saýlaberenimde sagadyma seretdim. Göni on iki. Munça bolanyna görä şonam göreýinle, diýdim-de, ýene-de paýu-pyýada göni ymamyň salgy beren mekdebine tarap ugradym. Bir boluberende-de bardym. Bilet aldym. Girdim. Çykyş mekdebiň klubynda geçýän ekeni. Ýöne, ondan göwnüm suw içmedi. Görkezilýän oýunlar juda ýönekeý. Ynandyryjy däl. Köpçülikleýin nomerlerde aýtmaly zady gipnozçynyň özi çagalaryň gulagyna pyşyrdap aýdýar. Sähel çylşyrymlyrak nomer bolsa ur-tut sahnany garaňkyradýar. Şeýle-de bolsa gelenime görä gürleşip göreýin, diýip, çykyş gutarandan soň ol ýigidiň ýanyna bardym. Ýagdaýlarymy aýtdym. –Getir, getir! Bejereris, hökman bereris – diýip, ol ýigit bökjekläp başlady. – Bolmasa-da ine, öý salgym, haçan barsaňyz baryberiň... Göwnüme bolmasa ony syrkaw däl-de, müşderi gyzyklandyrýan ýalydy. Onsoňam näme, ol hiç hili gipnoz däl. Psihologam däl. Ýönekeý gözbagçy. Fokusçy. Hemme zat elleriniň hereketine, çalasynlygyna bagly. Maňa bolsa iň bärkisi ekstrasens gerek. Şeýdip ol ýerdenem gaýtdym. Indi bize Hudaýa bil baglamakdan, başymyza näme gelse görübermekden başga alaç galmady. *** Merdan welin henizem saz çalýardy, aýdym aýdýardy, soňundanam ýa çaşýardy, ýa-da öňküleri ýaly näbelli bir nokada gözlerini dikip dymýardy. Özem onuň şol dymmaklygynyň aňyrsynda birhili süýjümtik gussa, nämälim bir lezzet, şirinden-şirin arzuw-hyýallaryň humary duýulýardy. Men ol duýgy onuň Krişna, süýt kölüne bolan söýgüsi ýa yslamyň humary bolaýmasyn, diýip pikir edýärdim. Onuň kalbyna, göwün islegine düşünýän däl bolaýmaýyn, diýen iňkise gidýärdim. Ýüzünde uçganaklaýan şol süýjümtik duýgularyň Leýli diýip Mežnuny çöllere çykaran, Zöhre üçin Tahyry ýedi ýyl derýada akdyran, Şirin üçin Perhada daglary gazdyran, Romeony Julettadan aýyran şol bir gadymy kanunlary bilen dowam edip gelýän söýgüdigin welin bilmändirin. Boýunundan asanlarynda gögi titreden, daglary ereden, guşlary agladyp gurtlary eňreden şol bir yşky-apatdygyny aňmandyryn. Adamdan başga ne ynsyň, ne jynsyň boýnuna alyp bilmedik derdini çagajygymyň ýaş başyndan öz boýnuna alandygyny şol oda ýürejigini çawlaýandygyny onuň ähli dymyşlyklarynyň, syrly ýylgyryşlarynyň aňyrsynda: “Kaka, özüň düşünäýsene ýagdaýyma. Ýa sen bu ömrüňde söýüp görmänmidiň?” diýen ýaly manylaryň ýatangyny süýji-süýji hiňlenmeleriniň, dinler arasynda ser-sepil bolup ýörmesiniň aňyrsynda bolsa bir türpe jenanyň örboýuna galyp durandygyny görmändirin, bar derdini içine salyp, öz derdine özüniň derman gözläp ýörendigine düşünmändirin. Howwa, görüp otursam Merdan jan şäher hassahanalarynyň birinde şepagatçy bolup işleýän Sähragül atly bir gyza aşyk bolupdyr. Söýüpdir. Gyzam ony söýüpdir. Ikisem biri-birlerini söýüpdirler. Söýüşipdirler. Edil gadymky dessanlardaky ýaly biri-birlerini görmeseler kararlary ýetmändir. Onuň elini okuwdan, çagalykda höwes edip gol beren hünärinden sowadanam, gitaradyr-baýan çaldyrýanam, aýdym aýtdyrýanam, öňküsinden-de beter dymma edýänem, namazlyga mündürýänem, düşürýänem, Krişna tarap tolgundyrýanam, süýt kölüne bakan imrindirýänem, roýuna gussa gatyşykly süýjümtik röwüşler çaýýanam şol ekeni.Mahlasy ol şol gyzdan başga ähli zady ýatdan çykarypdyr. Ol ir bilen işine ugradýan ekeni, agşamam yzyndan baryp alyp gaýdýan ekeni. Uzynly günem hassahananyň töwereginde köwejekläp geçirýän ekeni. Gyz hassahanada nobatçylyk eden gijeleri bolsa gyşyna sowuk diýmän, tomsuna yssy diýmän, däliziň ugrundaky oturgyçlaryň üstünde ýatyp tä, ertire çenli garaşýan ekeni. Her oýananynda-da äpişgesinden kowsalar-a gapysyndan, gapysyndan kowsalaram äpişgesinden baryp söýgülisiniň ýüzüne seredip gaýdýan ekeni. Işläp duran bolsa daşyndan synlaýan ekeni. Oňa guwanýan ekeni. Gyzam eli sypyndygy palatadan çykyp Merdanyň ýanyna gelýän ekeni. Onuň bilen bir oturgyçda gujaklaşypjyk oturýan ekeni. Çagyrsalar ylgap gidip, soň ýene-de yzyna dolanyp gelýän ekeni. Bu zatlaryň barysyny men biraz soňrak, öýdäkileriň gürrüňlerinden eşidip galdym. Maňa welin ol hiç zat aýtmaýardy. Şolar ýaly ýagdaýlarynyň bardygyny bilenimden soň-a men asylam oňa geplemämi goýdum. Ýaşlykdyr, goý söýsün, Hudaýyň beren ülüşinden öz paýyny alsyn, zergärçiligine-de nesibesinde bolsa soň dolanyp geler, saglyk bolsa okuwynyňam bir alajy bolar, diýdim. Birdenem öýüň içine: “ Merdanyň söygülisini ata-enesi başga birine berjek bolýarlarmyşyn” diýen ýakymsyz gürrüň ýaýrady. Hemmämiz howsala düşdük. Näme etmelidigi barada maslahatlaşyp başladyk. Belli bir netijä gelip ýetişmänkägem Merdanyň özi ol gyzy tussumandan alyp gaçyp öýe getiräýdi. Şol wagt meniň ortanjy oglumy öýerip toý edenime-de ýaňy bir ýigrimi dört gün bolupdy we hojalygymyzyň maddy ýagdaýy noldanam aşakda durdy. Gudalaryň öňünden geçmeg-ä däl, asyl-ha toýy sowara-da ýagdaýymyz ýokdy. Ýöne, ýagdaýdan çykalga tapmalydy. Iň bolmanda karz pul gözlär ýaly wagt gerekdi. Şol zatlaryň pikirini edip ýaýdanyp ýörkäm Merdan janam häli-şindi ýanyma gelip molla çagyrmagymyzy nika gyýdyrmagymyzy haýyş edýärdi. Beýle gyr-gyssaglygyň sebäbini bolsa ata-enesiniň gelip gyzy alyp gidäýmekleriniň we derhal başga birine çykaraýmaklarynyň ahmaldygy bilen düşündirýärdi. “Alyp gaçmagymyň sebäbem şol. Ýogsam öýüň ýagdaýyny bilip durun-a men” diýýärdi. Ol şeý diýip özelenip duransoň bizem molla çagyrdyk-da nika gyýdyrdyk. Molla nika gyýmazdan öň gyzdan öz razylygy bilen gelendigi barada dil hat aldy. Ýaşynyň ýetendigini anyklamak üçin pasportyny barlady. Şonuň bilenem iş bitdi. Şol günüň özünde-de gudalara töwella bardyk. Olaram : “Gyzymyzy getiriň, soňam daşyny çolaň-da ýaňadandan alyp gidiberiň. Getirmeseňizem özümiz baryp alyp gaýdarys diýdiler-de, bizi öňküdenem beter kyn güne saldylar oturyberdiler. “Öýlendirere, toý tutara oglumyz-a ýok, iki gyzymyzyňam ulujasy öň gaçdy indi bu-da beýdip gitse iliň-günüň öňünde dilimiz gysga boljak. Özümizem armanda galjak. Hiç bolman-da şuny bir deňli-derejeli edip, kejebeläp, şaýlap-besläp göçüreli diýdiler. Biziň ýagdaýymyzy welin diňlemegem islemediler. “Toý etjek bilen jaý saljak adam bolmanda-da karza girýändir, sizem karza giriň” diýdiler. “ Wah, düýnjik toý etdik, girjek karzymyza şonda girdik” diýsegem: “ Ol siziň öz problemaňyz, bize bildirýän zat ýok” diýdiler. Gelnimiziň ejesi kän geplemeýärdi. Daşyndan ýuwaş, salyhatly görünýärdi. Gepleşige gelenlerinde-de arkasyny tama ýaplap sülmüräp oturýardy. Ýöne, ärine diýenini etdirýändigini welin mese-mälim bildirip dur. Çünki, dikýeňse, kül sepilen ýaly gögümtil görünýän ýülmek ýüzi sowuk, seýregräk saçlary arkan gaňşarylgy, burunlak orta ýaşlaryndaky uzynak ýigit her sözüni aýtmazdan öň ýa aýdyp bolanyndan soň aşaklyk bilen aýalynyň ýüzüne seredýärdi. Akmanpaç, garagözelek, eti-gany ýerindäki owadan aýal bolsa äriniň sözlerini makullaýandyny, sözlemäne ygtyýar berýändigini ýa bermeýändigini gözüniň, gaşynyň, dodaklarynyň biliner –bilinmez hereketleri bilen aňladýardy. Ol gün biz olar bilen belli bir netijä gelibilmän yzymyza gaýtdyk. Ertesi agşam ol ikisi tirkeşip biziňkä geldiler. Girişleri ýalam aýaly äriniň ýüzine seretdi. Ýigidem maňa bakyp gaşlaryny çytdy-da: “Görýän welin siz gepe düşünjek däl öýdýän” diýdi. Soňam gyzynyň üstüne heňkirdi. “Tur! Öýe gideli”! Men gelnime “Otur!” diýdim-de, gudalar bilen ýene bir gezek düşünişmäne synanyşdym. “Indi şularyň işi bitdi. Kerpiç ýerden gopdy. Degmäň.Öz eljagazlary bilen düzeden durmuşjyklaryny bozmaň. Bular biri-birlerini gaty gowy görýärler, muny bütin şäher bilýä, sizem bilýäňiz”. Gelniň kakasy yzgytsyz gepledi: “Leşli-Mejnun bolsalaram bolanok şol. Diňe biziň diýenimiz bolýa”. “Ahow, inim, türkmençilikde beýle zat ýok, durmuşa çykan gyzy yzyna alyp gitmek aýyp hasap edilýä”. “Aý, türkmençiligem näme, nirä çekseň şo bor-da”. Ýigit şeý diýdi-de tozan basan ýaly burugsap duran çalymtyk ýüzüni aýalyna tarap öwürdi. Aýal makullaýjylyk bilen baş atdy. Gaşlaryny gerdi. Ýigidiň ýaňky sözleri meni diýseň ynjytdy. Şonuň üçinem aýgytlylyk bilen: —Ýok, inim, men gelnimi size berip goýberip biljek däl – diýdim —Bermeli borsuň, sebäbi gyz meniňki – diýip guda boljak ýigidem dyzap başlady. Menem ýan bermedim. —Gyz seniňki bolsa-da maşgala meniňki. Ýok, onam etjek däl diýseňem onda kanun boýunça hereket edeli, hökümet edaralaryndan wekil çagyryp meseläni gaty anyk çözeli. Ýigit özüniň şähere degişli haýsydyr bir etrap häkimliginde işleýändigine baýrynyp aýdan bolsa gerek.: —Hökümetleşseňiz-ä utularsyňyz, gowusy gowulyk bilen beriň gyzy – diýdi.Ol şeý diýende häliden bäri diwara ýaplanyp sesini çykarman oturan aýalynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Süýjülik bilen çözlüşip bolmajakdygyna gözüm ýetenden soň men gelnime ýüzlenip: —Köşek! Sen bir agyz gitjek däl diý, men onsoň seni şular leşger tartyp gelselerem goraýyn! Prezidente çenli gideýin welin, alyp çykaryn. Gelin haýsy birimiziň aýdanymyzy etjegini bilmän kösendi. Kakasy “tur” diýse-hä zöwwe ýerinden galdy, men “otur” diýsemem lampa aşak oturdy. Herimiziň sesimize bir diň salyp keýerjekläp durşuna iki ýana elewredi. Başyna atylgy bürenjeginiň bir çetini galdyryp aşaklyk bilen Merdany gözledi. Gelniniň elden giderinden gorkan bolsa gerek, häliden bäri sesini çykarman gapdalymda ýygrylypjyk oturan Merdan jan maňa ýene-de öňki aýdan sözlerini ýatlatdy. Şondan soň men gudalaryma: —Bular şular ýaly hereket etmäne mejbur bolupdyrlar, sebäbi siz gyzyňyzy başga birine berjek bolupsyňyz, iki aşygy biri-birinden bilkastlaýyn aýyrjak bolupsyňyz, häzirem siz şuny aldap äkidip şo diýen ýeriňize berjek bolýaňyz – diýdim. Şondan soň beýleki ogullarymam, aýalymam ýerli-ýerden gürrüňe goşuldylar. Kimsi töwella etdi, kimsi ýalbar-ýakar etdi, garaz kömekçim köpeldi. Guda boljak ýigit şondan soň az-kem köşeşen ýaly etdi-de, süýşenekläp baryp ortarada duran saçagyň başyna geçdi. Öňüne çekdi. Açdy. Içindäki nanlary iki eli bilen ýüzüne syldy. Duz datdy. Soňam garaçyny bilen ýüzüme garady-da: —Bulara nika gyýylypdyr. Ýaşaşypdyrlar. Men indi muny sizden aýryp kime bereýin? Telpegi agana bereýinmi? Goýuň o gürrüňňizi. Çaganyň gepine gitmäň, mende olar ýaly niýet ýok –diýdi. Saçagy ýene bir gezek ýüzüne sylyp şert etdi. –Eger-de mende şolar ýaly niýet bar bolsa, goý meni siziň şu saçagyňyz ursun, duzuňyz gözümi gapsyn. Şeý diýip ol gözleriniň gyýgy bilen aýalyna tarap seretdi. Aýal gaşlaryny çytyp ýüzüni aşak sallady. Ýigit aýtmasyz zady aýdandygyny aňdy. Ýöne, söz eýýäm agyzdan çykypdy. Türkmençilikde şert ýaly agyr hem ýowuz zat ýok. Ony içmegem, nähak ýere içirmegem juda erbet görülýär. Ýöne, her niçik hem bolsa gudamyzyň şol gözgyny hereketinden soň bize olar bilen ylalaşaýmakdan, ynanaýmakdan başga alaç galmady. Olary şolar ýaly kyn güne salandygym, şert etmäne, ant içmäne mejbur edendigim üçin dogrusy öz ýanymdan erbet gynandym. Çünki, antdan-şertden aňyrda zat ýok. Şondan soňam ynanmasam onda özümiň olardanam pes boldugym bolýar. Galyberse-de, biziň özümize-de iň bolmanda toý üçin pul-mal toplar ýaly maý gerekdi. Şoňa çenli gelnimizi özümiz saklaly, toýuň öň ýanam size elteli, gelnalyjylabam alyp gaýdaly diýen teklibimize welin, aýal gudamyz çürt-kesik garşy boldy. —Biz gyzymyzyň gaçanyny hiç kime bildirmejek bolýas. Goňşy-golamlaram daýzalarynyňka gitdi diýip aldap ýörüs. Işine-de ýaranok diýip jaň etdik, şoň üçinem häziriň özünde äkitmesek bolmyýa – diýdi. Belki, antyň-şertiň täsirine düşüp ýalňyşandyrys, gowşak durandyrys, belki Merdan janyň kalbyndaky apy-tupana doly düşünen däldiris, ony bilemok, ýöne, gelnimiziň ýerinden galyp, ata-enesiniň öňüne düşüp ugran wagty, ählimiziň edil öli ugradan ýaly ýüzlerimizi sallaşyp, sowuk demimizi uludan alşyp gapa tarap ýönelenimizi, Merdan janyň bolsa ýürek tarlarynyň üzüm-üzüm bolanyny, ondan edil dutaryň tary üzülendäkisi ýaly zaryn bir owazyň çykanyny, gözjagazlaryndan akýan monjuk-monjuk ýaşlaryň ýaňajyklaryndan syrygýanyny welin bilýän. Ýöne, hiç birimiziňem oňa göwünlik beräýmekden, köşeşdiräýmekden başga edibilen kömegimiz bolmady. Onuň hiç birimiz bilen gürleşesi gelmedi. Hemişekisi ýaly baýanam çalmady, aýdymam aýtmady. Gitjekler gidip gapy ýapylan badyna bir burça geçdi-de, içini tutup, düwdek boldy ýatyberdi. Şondan soň barysynyň düýbünden bir bada palta salnan daragtlar ýaly biziňem barymyz birden, duran-duran ýerimizde aşak çökdük. Hiç kimiň hiç zat barada gürläsi, hiç kimiň hiç kime lak atasy gelmedi. Şol gije daň atýança hemmämiziň oýadygymyza garamazdan içerimizde elhenç bir ümsümlik höküm sürdi. * * * dowamy bar... | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |