22:37 Aşyk Merdan kyssasy -2 / dowamy | |
***
Powestler
Şondan soň biz dogan-garyndaşlarymyzdan, tanyş – bilişlerimizden toý sowar ýaly pul, mal kömegini sorap gapy-gapy aýlanyp başladyk. Emma, şol döwrüň içinde gudalaram boş ýatman ekenler. Öýümiziň ortarasynda oturyp saçagymyzdan içen antlaryny, duzumyzdan eden şertlerini şahlaryna oraşyp, gyzlaryny öňki bermekçi bolýan ýerlerine çykarmaklygyň aladasyny edip ugran ekenler. Öňi bilen-ä gyzlarynyň göwresinde galan çagany aýyrdypdyrlar, tanyş doktorlarynyň kömegi bilen synasyny “abatladypdyrlar”, oglum bilen görüşmezi ýaly işinden çykarypdyrlar, hiç ýere goýbermän öýlerinde saklapdyrlar. Gitjek bolup dyzasa-da urup-sögüp çişmedik ýerini çilik ýaly edipdirler. “Öýlerini, ýaşaýyşlaryny gördüň, köpçülik pukara ýer, ömürboýy hor-homsy ýaşarsyň, dişiňe ýyly-yssy degmez, gowusy biziň aýdanymyz bilen boluber, biziňem saňa ýamanlygymyz ýok” diýip assa-ýuwaşdan öz taraplaryna cekjek bolupdyrlar. “Maňa zat gerek däl, Merdan jan gerek, men onsuz oňup bilmen, goýberiň...” diýip, dyzasa-da: “Merdany kakasy goşun gullugyna iberdi” diýipdirler. Gyz barybir ynanmandyr. “Ýalan! Siz meni aldaýaňyz! Ol meni görmän, hoşlaşman hiç ýana gitmez!..” diýipdir. Bir gezegem gijäniň bir wagty gaçjak bolup äpişgeden böküpdir-de, aýagyny agyrdypdyr. Telim gün gozganybilmän ýatypdyr. Şol döwür Merdan jan gelnini görmek üçin olara gün yrman gatnapdyr. Emma görkezmändirler. “Git, gaýdyp gelme şu gapa, saňa gyz ýok” diýip, kowupdyrlar. Ol bolsa işikden kowsalar äpişgelerinden, äpişgeden kowsalar gapylaryndan barypdyr. “Sähergül! Sähergü-ül! Mähribanym! Bir gezejik daş çyk! Ýüzüňi göreýin! Gürleşeýin!” diýip gygyrypdyr. Sähergül ýarawsyz ýatan ýerinden jogap beripdir, emma ejesi magnitofony güýçli aýtdyryp, onuň sesini Merdan jana eşitdirmändir.Süýrenip äpişgä barjak bolsa-da basa-düşüp saklapdyr. Kakasy bolsa: “Janyň çykýanam bolsa şol ýok indi saňa!” diýip, üstüne gygyrypdyr. Gyzam: “Şonsuz şu jan maňa gerek däl, al onda özüň al, bolmasa-da goýber” diýipdir. Emma barybir ony goýbermändirler. Şondan soň gyzyň kakasy daş çykyp Merdan jana: “Git, ýogsam jübüňe tirýek atyp tutduraryn..” diýipdir. Merdan janam: “Tutdurmag-a däl, atdyrýanam bolsaňyz görmän gitjek-gä” diýip, aýagyny berke diräpdir. Şondan soň gyzyň kakasy emele ýüz urupdyr. “Gyz öýde ýok. Çykdy. Şol diýýän ýerimize çykardyk” Merdanam: “Onda men öýüňizi göreýin”, diýipdir. Sähergüli hammamlaryň içinde berk gizläp agzynam ýapyp Merdan jana öýlerini görkezipdirler. “Saňa dözmän ýördük welin, me indi şunam bir okap gör” diýip bir hat görkezipdirler. Onda: “Merdan! Sen indi meni ideme. Men eýýäm başga biri bilen ýaşaşyp ýörün” diýip ýazylan ekeni. Merdan jan onda-da ynanmandyr. “Salgysyny beriň, men ony öz gözüm bilen görjek, hatdaky sözi öz dilinden eşitjek” diýipdir. “Ýok, biz saňa bir bendäň öýüni salgy berip bilmeris –diýipdirler. –Ynanmasaňam ine, ýene gir-de gör, öýüň içinden şonuň ýekeje ýaglygyny tapsaňam biziň ýalan sözledigimiz” diýipdirler. Şol wagt Sähergüliň özünden uly uýasam gelipdir-de gözlerine ýaş aýlap: “Ynanaý Merdan. Şu gürrüňler çyn. Sähergül çykdy. Sen indi oňa azar berme. Gowy görýäniň çynyň bolsa ony öz gününe goý” diýipdir. Sähergülüň uýasy Merdany hakykatdan-da gowy görýärdi. Onuň söýgüsine guwanýardy. Hemişe onuň tarapyny tutýardy. Şonuň üçinem, Merdan jan oňa ynanman bilmändir. Aslyýetinde welin, ata-enesiniň tarapyny tutjak bolup ol ýalan sözlän ekeni. Sähergüliň adyndan hat ýazanam şol ekeni. Öz aladamyz bilen dürli taraplara ýortup ýörşümize biz-ä bu zatlardan bihabar galdyk, Merdan jan bolsa elden gideren söýgüsiniň ýaş ýüregine uran agyr zarbasyna döz gelip bilmändir we pynhan bir ýere baryp özüni heläkläpdir. Bir hat goýup gidipdir, daşynda: “Şuny Sähergül jana beriň” diýip ýazylan ekeni. Içinde bolsa: “Sen meni taşladyň, wadaňda durmadyň. Ataň-eneň gepine gidip biwepalyk etdiň. Emma men sensiz ýaşap biljek däl. Hoş gal! Ikimiz enşalla kyýamat güni duşuşarys” diýen ýaly sözler bar ekeni. Ol hatam, Merdan janyň ýogalan habarynam derhal Sähergüliň uýasyna ýetirdik. Her niçik hem bolsa nikaly aýaly, hoşlaşsyn, razylaşsyn, hemem merhumyň ruhy şat bolsun şu işi sen bitirmeseň başga başarjak ýok, diýdik. Ol gyz biziň tamamyzy ödedi. Ata-enesi goşuljak bolanda: “Siz etjegiňizi etdiňiz. Indi goşulmaň. Iň soňky söwdaň arasyna sokulmaň” diýendigini bolsa biz soň-soňlar olaryň goňşy-golamlaryndan eşidip galdyk. Howwa, ol gyz Sähergüliň başyna bürenjek atyp öýe getirdi. Biz gelnimizi başdaşynyň baş ujynda oturdyk. Ol: “Merdan ja-an!!!..” diýip özüni jesediň üstüne zyňdy. Zary-girýan aglady. Çykarjak wagtymyz goýbermejek bolup gapa germeldi. Söýeden aslyşdy. Bosaga başyny goýdy. Tabydyndan ýapyşdy. “Menem äkidip bile jaýlaň” diýdi. Tä gölegçiler gaýdyp gelýänçäler ses edip aglap oturdy. Agynyň arasy bilen ýaryny ýatlap ýas aýdymlaryny aýtdy. “...Mähribanym! Ikimizem aldadylar! Al bilen aýra saldylar. Menem indi sensiz ýaşap bilmen! Bu dünýe gözüme görünmez! Seň bilen tirkeşip gezen köçelerimden sensiz ýöräp bilmen...” diýen ýaly sözleri üznüksiz gaýtalady. Onuň çekýän ahy-zaryna döz gelip bilmän, ýasa ýygnanan agyr märeke birsyhly tolkun atdy durdy. Bütin halk onuň ata-enesine nälet okady. Soň biz ony ýene-de öýlerine eltip gaýtdyk. Gudalar tarapyndan hiç kim gelmedi. Derdimizi paýlaşmady. “Wah-wah, şeýle bolaýdymy? Biz edil beýle bolaram öýtmedik. Muňa biz günäkär, bizi bagyşlaň”, diýen ýaly sözlerem eşitmedik. “Gaýtam: “Olar indi bizi suda bererler, basdyrarlar” diýip goranyşa geçip ugrapdyrlar. Olaryň gelmediklerini bir tarapdan kemem görmedik. Çünki, olary görsek biziň diňe derdimiz täzelenjekdi. Suda bermek, basdyrmak barada bolsa biz pikirem etmedik. Hudaýa tabşyrdyk. Çünki, suduň tükeniksiz aladalaram biziň ýaramyza birsyhly duz sepjek durjakdy. Onsoňam, her niçik hem bolsa olar Merdan janyň gaýynlarydy, gelniniň ata-enesidi ahyry. *** Şondan birnäçe aý geçenden soň, men halys göresim gelip Merdan janyň doglan gününde ýazgy edilen widiokasseta seretdim. Şonda, onuň ölmeziniň öň ýany, ýeke özi öýde otyrka kamerany awtomatiki usulda goýup baýanyny goltuklap, boýunjagazyny burup oturşyna: “Biwepa gyz hoş gal indi...” diýip, aýdym aýdýardy. Aýdymyň sözlerinem, sazynam Sähergül bilen hoşlaşyk hökmünde onuň özi düzen ekeni. Ol ýazgyny görüp men erbet bozuldym. Öçüribem bilmän, düzüwli diňläbem bilmän, ekranyň öňünde tä aýdym gutarýança Merdan jan bilen deňine agladym. Ol-a öz söwer ýaryndan aýrylandygy üçin aglaýardy, men bolsam goçgar guzymdan jyda düşendigim üçin aglaýardym. Şol ýazgy şu wagtam şol kassetanyň içinde bolmaly. Ýöne, ony menden başga bilýän ýok. Menem hiç kime aýdamok. Açybam, görübem bilemok. Ýyllar geçer, agtyklarymyň, çowluklarymyň biri ahyr bir gün onuň üstünden barar, görer, aýdym aýdýanyň kimdiginem tanar, ýöne, ol aýdymyň ýüzugra, keýpine ýazylan aýdymdygyny ýa ölümiň öň ýany aýdylan hoşlaşyk aýdymdygyny, Aşyk Merdan dessanynyň bir bölejigidigini welin, bilmez. Betbagtçylyk edil dagdan inen sil ýaly degre-daşyna täsir edýär. Ýykýar. Ýumurýar. Biziň başymyzdan inen betbagtçylygam öz täsirini bizi şol güne salan adamlaryň özlerinede ýetirdi. Başga welaýatlaryň birinde ýaşaýandygyna garamazdan, ajy habar biziň gelnimizi gelin edinmekçi bolýan bendelere-de baryp ýetdi. Olar; “Beýle betbagtçylyga sebäp bolan bolsalar biz o tetelli adamlar bilen guda-da bolmarys, o gelne batyrynybam bilmeris” diýdiler we gudaçylyk söwdalaryny yzyna gaýtardylar. “Bizi aldajak bolupsyňyz, bolan işi ýaşyryp namart iş edipsiňiz, gül ýaly ýigidiň janyny öçüripsiňiz...?- diýip, gudalary bilen ajaşdylar. Betbagtçylyk onuň bilenem gutarmady. Sähergül söwer ýarynyň başujynda, başy bürenjekli otyrka “Men sensiz ýaşap bilmen” diýip, beren sözünde tapyldy. Merdan janyň jaýlananyna birnäçe gün geçenden soň ol säher wagty, il-gün örmänkä öýlerinden çykyp mazarystançylyga gidipdir we Aşyk Merdanyň guburyny gujaklap ýatyşyna jan beripdir. Ölmeziniň öň ýany gözýaşlary bilen guburyň üstüni mazaly ezipdir. Bu ahwalaty öwülýäniň şyhy görüpdir we il-güne habar edipdir. Onuň jesediniň gapdalynda içi boşan bir çüýşe aşhana uksusy tapylypdyr. Şondan bir gün öň Sähergül öz uýasynyň ýanynda: “Menem Merdan janyň ýanyna gitjek. Ruhy ýerden daşlaşmanka yzyndan ýetjek... Onsuz maňa bu dünýe dar görünýä...” diýipdir. Uly il ony öz aşygynyň ýanynda jaýlamaly, diýen karara geldi. Ol karara bizem razy bolduk. Hernä gyzyň hossarlary şoňa-ha garşy bolup durmadylar. *** Wakanyň bolan döwri Türkmenistan döwletiniň Garaşsyz bolanyna ýaňy bir dokuz ýyl bolupdy. Ýagny, 2000-nji ýylyň mart aýy. Şol dokuz ýyl içinde iş orunlarynyň kemeldilmeginden, döredijiligiň gysylmagyndan, galam hak tölegleriniň gadagan edilmeginden ýaňa işsiz we pulsyz galan döredijileriň köpüsi özlerini Aşgabadyň günortasyndaky Berzeňňi massiwinden bölünip berlen aramgählerine atypdylar we şol ýerde ýagdaýlarynyň ýetdiginden jaý gurmak, ekin ekmek ýaly gol zähmetleri bilen meşgul bolýardylar. Jaýy her kim birhili gurýardy. Käbirleri öz mümkinçiliklerine görä iki-üç otagdan ybarat, ýönekeýje, kiçeňräk, adaty aramgäh jaýlaryny gurmak bilen çäklense, özleri ýa ogullary işewirlige baş goşup birneme baýan döredijiler olaryňka görä görnetin uly howlusynyň içi howuzly, hammamly, belent telärli, garažly, ýatakly howaly jaýlar gurýardylar. Hiç hili gurluşyk etmän, ýerlerini ellerinden aldyrmazlyk üçin diňe maýda ekin ekýänler, üzüm çybyjyklaryny we miweli baglaryň nahaljyklaryny oturdýanlar hem bardy. Başga birleri bolsa onam etmeýärdiler-de, bary-ýogy ýüzden sekiz ülüş bolan ýerlerini baýlara müň dollara satyp ellerini pula çoýýardylar. Şol ýerleri satyn alan barly adamlar welin ýeriniň içinde ekin ekere ýekeje daban hem ýer goýman, tutuş howlyny tutup duran belent , giň hem kaşaň köşkler gurýardylar. Şol gurluşyklar iňňän uzak ýyllara çekýärdi. Käte telim aýlap hereketsiz ýatýardy. Şonuň üçinem, olaryň eýeleri çaşyşyp ýatan gurluşyk serişdelerine, gurallaryna, ownukly-irili tehniki degsalaryna, göz- gulak bolar ýaly ýatara-turara ýer, iýere-içere hörek gözläp ýören sergezdanlardan, her gün azardan çykarlygyny beribilseň başga hak-heşdek talap etmeýän neşebentlerden, arakhorlardan garawul ýa-da talaban tutýardylar. Işçi güýji hökmünde ulanýardylar. Olar ýalylar bolsa şol döwür köpdi. Günüň-günine kaňkaşar ýörerdiler. Dogry, hakykatdanam iş, gazanç gözläp gelýän agzy arassa ussalaram bardy. Ýöne, baýlar üçin olar amatly däldiler. Çünki, eli hünärli, damagyna işlemäne ýa-da ujypsyzja haka kaýyl bolup gelýänlerden üç-dört sanysyny tutup bilseň, islendik jaýyňy daşynyň “Galasy” bilen bilelikde, sähelçe pula saldyryp bolýardy. Ýöne, ol adamlar entek doly özleşdirilmedik çola aramgähiň seýrek ýaşaýjylary üçin howpludylar. Çünki, şolar zerarly şol ýerde uruş, sögüş, ogurlyk köp bolýardy. Käte ölüm-ýitim hem bolaýýardy we aramgähiň gohy döwlet derejesine çenli baryp ýetýärdi. Aramgähleriň çäginde tertip-düzgüne serenjam beriji edaranyň, polisiýa nokadynyň döredilmegem meseläniň çözgüdi bolup bilmedi. Gaýtam öň uly sygymly suw şisternalary, üýşürilgi kerpiçler, şifer, turba, agaç ogurlanýan bolsa, ertir-agşam wagtlaryny keýpi-sapada geçirýän polisiýa işgärleriniň peýda bolmagy bilen o zatlaryň üstesine ördek, gaz, towuk ogurlyklary hem ýüz berip başlady. Ýöne, ozaldan ýaşap ýörenleriň aýtmaklaryna görä, ýaşaýşyň howpsyzlygy el-hal gowulaşdy. Oglumdan jyda düşüp, agyr urga sezewar bolanymdansoň, hupbatdan az-kem aýňalmak maksady bilen menem maňlaýymy telim ýyl bäri idegsiz ýatan aramgähime diredim. Meniň entek-entekler jaý salmak niýetim ýokdy. Niýetim bolaýanynda-da ýagdaýym ýokdy. Ýagdaý bolaýanynda-da maňa ol ýerden jaý saldyraýjaklaram näbellidi. Çünki, üstünden ýol düşýär ýa-da bag ekjek bahanasy bilen aramgählerdäki öňki salnan jaýlaram bir ujyndan ýykyp ýördiler. Hat-da baýlaryň salan iki-üç gatly negözel jaýlaram ýykylaýýardy. Aramgähleriň Berzeňňi çeşmesi tarapynda şeýle ýykgynçylyklar güýçli depginde alnyp barylýardy we gürrüň köpden bäri biziň oturan ýerlerimiz barada gidýärdi. Köp adamyň jaý salybilmän ýaýdanyp ýörendiginiň sebäbem şoldy. Şol ýaýdanjaňlaryň arasynda menem bardym. Şonuň üçinem, ýelden-günden goranar ýaly çatmajyk gurnadymda ýerjagazyma güýmeniberdim. Bejerdim. Peljagazlar ýasadym, çiljagazlar çekdim, joýajyklar gazdym, agaç nahaljagazlaryny oturtdym. Arasynda-da şähere gidip pomidor, badamjan, bolgar burç şitiljagazlaryny satyn alyp geldim. Oturtdym. Hyýarjagaz, garpyz ekdim. Gawun ekmedim. Sebäbi ol ýerde gawun bolanok. Bitýär, ýöne, hasyl berenok. Ýeriň düzüminde daş, hek köp. Belki şonuň üçindir, pomidoram gaty bir gönendirip baraýanok. Bir gezek ýygdyrandan soň ýüzüňe seredip saralyp soluberýär. Çüýreýär, ýatýar. Şol zatlaryň hysyrdyjyklaram edil döredijiligiňki ýaly. Gyzykly. Ýüregiňe giňlik, bedeniňe gurp berýär. Agdarylan yzgarly topragyň, ýaňy bir dürterişip gelýän şitiljagazlaryň ýakymly ysy beýniňi arassalaýar. Gämikjagazlaryň gün-günden ese – boýa galyp gidip oturyşlary göwnüňi göterýär. Her gün ir bilen turuşyň ýaly pelme-pel, joýama-joýa aýlanyp olary synlamak, guwanmak ruhy lezzet berýär. Galyberse-de giden bir seleň ýer. Dag etegi. Howasy sergin. Ilerimiz uly jar. Dagdan sil gelende sil şondan akýar. Şaggyldysyndan ýaňa öýde oturyp bolanok. Sil has daşgynly bolanda jaryň hanasyna sygman biziň oturan ýerlerimize çenli çykýar we bar zady ýykan-ýumran edip gidýär. Jara tarap süýşdigiňsaýy ýeriň daşyny daşap tükederden kän. Şonuň üçinem, jara golaý aramgähleriň eýeleri ýa-ha ýerleriniň daşyny aýryp ýerine toprak dökýärler ýa-da hiç zat ekmeýärler. Biziň ýerimiz bir metre çenli toprak, ondan aşagy çagyl. Ötük. Joýada suw durjak gümany ýok. Edil elekden geçen ýaly şaglap siňip dur. Käte etýudnigimi egnimden asyp ilerki baýryň üstüne çykýan-da, Günbatardaky dagyň suratyny çekýän. Şol bir duran ýeriňden telim görnüş çekmäne mümkinçilik bar. Howa bilen baglylykda görnüş üýtgäp dur. Tutugrak, totly-tozanlyrak howa bolsa dag ýukajyk perdäniň aňyrsyndan görünýän ýaly salgym atyp dur. Ertirine, howanyň dury wagty haýbatly, kemerleri, aýyl-saýyl görünýär. Edil üstüňe abanyp duran ýaly. Ýagyş ýagsa ýa ümür gelse, ak bulutlar onuň kä gerşine kä biline käte bolsa ondanam aşak etege çökýär. Şonda dag gerişleri ak bulutlaryň arasyndan sommalyşyp görünýär. Agşamara ol goýy gök zolaga öwrülýär. Iňrigiň garalmagy bilenem garaňka garyşyp gitýär. Şondan soň ol Aý aýdyň bolaýmasa tä, ertire çenli görnenok. Gündogaryňa öwrülseň kinoçylaryň,ýazyjylaryň aramgähleri ýaýylyp ýatyr. Kinoçylaryňkyda birdir-ikidir bolaýmasa jaý ýok. Soň olaram ýykdylar. Ýazyjylaryň aramgähleriniň demirgazyk tarapynda gurluşyk köp. Günortasynda seýrek. Olaryň skwažynalarynyň mähnet uly suw sygymy seleňläp ýatyr. Uly ýoluň gyrasy diýip onam soň ýok etdiler. Aramgähleriň aňry çägi Maşat-Aşgabat ýoly. Sagrakda, ýoluň aňry ýüzünde gümrükhananyň ambary. Onuň howlysy giň. Daşy germewli. Aňyrsy gum gerişlerine urup gidýär. Uly ýoldan geçýän ululy-kiçili maşynlaryň sany - sajagy ýok. Şol zatlara ser salyp bir meýdan aýagymy ýazyp gelenimden soň bir käse çaý içýän-de ýene-de ekin-dikinlerime güýmenip başlaýan. Şeýdip, hysyrdanyp ýörşüme bir gün käşir eken peljagazyma suw goýberip, gyrasynda çommalyp, ýagyrnymy Güne çoýup, başymdan geçen apy-tupany ýene bir gezek aňymda aýlap, oturdym welin, ýeňsämden ýuwaşja, gyryljak ses eşdildi. –Armaň-da... Saryýagyz, gözleri gök, aksowult görünýän maňlaýy gasyn-gasyn, kellesi ullakan arkan daralan ösgün ýöne, seýrek saçlarynyň uçlary ýeňsesinde seçelenip duran, galyň äýnekli, äýneksiz wagty Meksikaly suratkeş Sikeýrosyň 1960-njy ýyllaryň başynda, bendilikde ýatyrka çeken Awtoportretine meňzäp duran bu adamy men gelelim bäri ençeme gezek görüpdim. Ol biziň köçämiziň günorta ýüzünde, menden üç-dört hojalyk aňyrda ýerleşýän horaşaja jaýdan girip çykýar. Ir bilen-ä ol köplenç aýagyndaky ýeňsesi ýyrtyk şypbygyny “şypbyldadyp”, etegi ýemşik-ýümşik, gyralary derden ýaňa desse-desse bolup duran saman şlýapasyny gözüne çenli çümrüp, aşaky ilikleri ýokmy ýa ildirilenokmy, köne kitile çalymdaş, aksowult çal köýneginiň synlaryny şemala galgadyp, eli boş baklaşkaly, ilerimizden geçýän ullakan, köne jara tarap ugraýar. Içi bilen günorta tarap ýöreýän bora çemeli, jara girensoň esli wagtlap görnenok-da, has çepräkden çykýar. Gök baýryň ýüzüne edil ak galamyň ujy bilen çyzylan ýaly bolup görünýän inçejik ýoda bilen ýapy ýokarlygyna dyrmaşyp başlaýar. Şonda ol gök otuň üstünde galgap ýören owadanja kebelege meňzeýär. Jaryň dag tarapyny ýakalap ýatan şol ýapynyň çür başynda ilki hudožnikleriň birine berilip, soňam haýsydyr bir baý tarapyndan satyn alnan ýerde salnan iki sany belent ymarat howalanyp dur. Ol binalar irki asyrlarda duşmandan goranmak üçin gurulan galalary ýadyňa salýar. “Awtoportret” gyrmyldap barşyna ahyry baýryň depesine çykýar we ýanaşyk duran şol iki binanyň demirgazyk çetkisine tarap ýönelýär. Diýseň mähnetdigi meniň duran ýerimdenem görnüp duran ýaşyl derwezä çep gulagyny goýup, sag eliniň ýarym ýumulgy ýumrugy bilen ýuwaşja kakýar. Jaýyň belent ýerde ýerleşendigindenmi ýa ertiriň dury howasyndanmy, her näçe ýuwaş kaksa-da, “Toň-toň” edip çykýan güňlenç ses maňa edil ýanymda ýaly eşdilýär. Bir minut geçer-geçmezem derwezäniň çep böwründäki bir adam sygarlyk gapyjyk içine tarap jygyldap açylýar-da, ýaşyl köýnekli, başy gök gyňaçly oralyrak bir aýalyň göwresi görünýär. Uly gyz ýaly aşak bakyp, uýaljyrap duran “Portret” oňa elindäki baklaşkany sessiz-üýnsiz uzadýar. Aýalam baklaşkany alyp sessiz-üýnsiz yzyna öwrülýär. Ýedi-sekiz minutdan soň gaýdyp gelýär we elindäki baklaşkany eýesine berýär. Baklaşkanyň howla reňksiz halda girip, çykanda çym-ak bolup çykyşyndan çen tutup, “Portretiň” süýde gatnaýandygy aňmak bolýar. Şondan soň ol uzyn günläp görnenok. Dogry, arasynda çykyp ekine-dikine güýmenýän bolmagy mümkin, ýöne, onuň jaýynyň arkasy köçä tarap bolansoň öň tarapynda kimiň näme edýänini bilip bolanok. Onuň ýene bir endigi bar, ýagny, her gün agşamaralar “çygşyl-çygşyl” edip, biziň köçämiziň gyrasy bilen gündogarlygyna, şäher ýola tarap geçýär. Deňimden ötüp barýarka maňa tarap ogryn-dogryn seredýär. Säginýär. Soň ýene-de ýoluny dowam etdirýär, aňyrrak baryp ýene-de durýar. Daş töweregine garanjaklaýar. Ahyram garaňka duwlanyp gözden ýitip gidýär. Esli wagtdan soň gaýdyp gelýär we ýene-de öz hütdüjegine girýär. Men onam ilki sähel pul üçin talabançylyk edip ýören neşebentleriň ýa-da arakhorlaryň biridir öýtdüm. Damagyna gezip ýören bir pukara bende bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikirem aradan aýyrmadym. Ogry ýa kezzap bolaýmagam mümkin diýip oýladym. Şonuň üçinem, üýtgeşik bir alara zadymyň ýokdugyna garamazdan, onuň agşamaralar şäher ýola tarap geçenini gördügim tä yzyna geçýänçä ynjalmaýardym, ýatmaýardym. Elbetde, onuň haýsydyr bir döredijilik işgäriniň garyndaşy ýa ynamdar tanşy bolaýmagam mümkindi, ýöne ony bilmek üçin sorag-ideg etmek gerekdi. Şonuň üçinem men ýuwaşlyk bilen öňden bäri ýaşap ýörenleriň birki sanysynyň ýanyna baryp, onuň kimdigi, kimiň aramgähinde ýaşap ýörendigi bilen gyzyklandym. Görüp otursam ol kişi görnükli türkmen alymy, fizika hem matematika ylymlarynyň doktory, güýçli ekstrasens hökmünde birwagtlardan bäri özüni dünýä tanadan meşhur professor Galandar Saryjaýewiç Bükdüzow ekeni. Men onuň adyny student döwürlerimden bäri eşidýärdim, ýazýan zatlary bilen gyzyklanýardym. Birki gezek daşyndan görüpdimem. Suratlaryny-ha gazet-žurnallarda köprägem görüpdim. Ýöne bu wagt ol öňkülerine düýbünden meňzemeýärdi. Hor, egbar, ejirli görünýärdi. Meniň görýän wagtlarym welin ol Bütindünýä ylmy derejelerine dalaş edýän, akademik Saharow, Lazarýew ýaly güýçli alymlar bilen aragatnaşyk saklaýan adamdy. Dine garşy gitmek bilen Hudaýy ýatdan çykarýandyklary üçin hökümet ýolbaşçylaryny, kompartiýanyň alyp barýan syýasatyny, umuman sowet sistemasyny tankytlaýardy. Ýöne, o zatlar üçin onuň özünem sylap goýmaýardylar. Dünýägaraýşynyň syýasata ters gelýändigi üçin birsyhly ýanaýardylar, göz tussagy edýärdiler, “düzetjek” bolup üstünde işleýärdiler. Daşary ýurt alymlary bilen ylmy aragatnaşyklar saklamana, daşary ýurt metbugatlarynda ylmy işler bilen çykyş etmäne mümkinçilik bermeýärdiler. Bardy-geldi bir ýol bilen çykyş edäýse dagy oňa hasam dözümli daraýardylar. Merkezi komitete, Döwlet howsuzlyk komitetine çagyrýardylar, haýbat atýardylar. “Kimden iberdiň? Kim bilen aragatnaşyk saklaýaň? Näçe tölediler?” diýip gyssaýardylar. Iş bermän köseýärdiler. Metbugatda ol barada masgaralaýjy makalalar berýärdiler, radioda, telewideniýede garşysyna gepleşikler gurnaýardylar. Şeýle-de bolsa öz aralarynda şeýle adamyň bardygyny onuň kim üçin zähmet çekýändigini halk bilýärdi. Oňa guwanýardy. Aşaklyk bilenem bolsa onuň ýazýan zatlaryny okaýardy. Halkyň arasynda ol barada rowaýat şekilli, gahrymançylykly gürrüňler ýaýraýardy. Ol hususan-da materializm bilen idealizmi, din bilen ylmy utgaşdyryp öwrenmek we ösdürmek baradaky pikiri öňe sürýärdi. Ähli dinleri birikdirip, bir ýola gönükdirmek ýaly has batyrgaý pikirlerem orta atýardy. “Olaryň hemmesiniň maksady bir―adamyň ruhuny kämilleşdirmek, barýan ýollaram bir –Hudaý! Şonuň üçinem olar birikmeli. Şonda olar öz öňlerinde goýan maksatlaryna has çalt ýeterler” diýýärdi. Awestany, Töwrady, Injili, Kurany, Buddanyň taglymatlaryny, Hindi wedalaryny, gadymy Hytaý filosofiýasyny, idealistik akymlary materialistik düşünjeler bilen bir gazanda gaýnadyp bütewi bir taglymat döretmekligiň, şol taglymaty tehnikanyň häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen ýaraglandyryp jümle-jahanyň hyzmatynda goýmaklygyň üstünde işleýärdi. Dünýäniň ähli dindarlaryny, alymlaryny bilelikde işlemäne çagyrýardy. Kosmos bilen Hudaýy bütewi bir zat hökmünde kabul etmekligi teklip edýärdi. “Taňry, Alla, Hudaý, Krişna, Rama, Bog, Iýegowo―bularyň barysy bir zat,-Kosmos! Ýöne her kim ony özüçe atlandyrýar” diýýärdi. Eşidişime görä ol esasanam adamyň ruhyny, ruhyň ölümden soňky ýoluny öwrenýän bolmaly. Mahlasy, ol adam ölenden soň içinden janynyň çykyp gidýändigi, soň ýene-de başga biriniň teni bilen täzeden dolanyp gelýändigi baradaky asyrlarboýy edilip gelinýän gürrüňlere gol ýapýardy. Halky gyzyklandyrýanam şoldy. Onuň ine indi ençeme müňýyllyklardan bäri çözülmän gelýän şol jedelli meselä baş goşýanlygy, şol mesele barada dünýä derejesinde öz pikirini aýdyp bilýänligi şolar ýaly uly meseläniň içinden öz hususy sistemasyny döretjek bolýanlygydy. SSSR ýaly gadagançylykly döwletiň içinde otyrkaň, olar ýaly uly meselä baş goşmaklygyň özem uly gahrymançylykdy. Demokratiýa we aýanlyga ýol açan üýtgedip gurmak döwrem Bükdüzowyň “çilesi” açylmady. Çünki, birinjiden-ä tutuş soýuz boýunça yglan edilen aýanlygy türkmen ýolbaşçylary halka rowa görmediler, ikinjidenem oň ine-gana işlemäne mümkinçiligi bolmadyk alym şol iki arada basa oturyp işlejek boldy, öňki ýazgylaryny timarlap, kitapjagaz çykartmak isledi. Ol kitapdan üzlem-saplam bölekler ýerli gazet-žurnallaryň sahypalarynda berilubem başlandy. Şeýle bölekler Moskwanyň Merkezi neşirlerinde hem peýda bolup ugrady, ýöne, onuň yzyny okamak ýa kitap görnüşde görmek halka-da, Bükdüzowyň özüne-de miýesser etmedi. Üýtgedip gurmak döwri gutardy. Soýuz respublikalarynyň özbaşdak, garaşsyz döwletlere öwrülmegi bilen-ä Bükdüzowyň ýagdaýy has hem agyrlaşdy. Çünki, öň arzyňy aýdara öňde Moskwa duran bolsa indi o-da ýokdy, ähli hak-hukuk ýerli ýolbaşçylaryň özlerine galypdy. Olara Bükdizow ýaly özbaşdak pikirlenýän adamlardan büs-bütin dynmaga mümkinçilik döräpdi. Bükdüzowyň daşary ýurtlaryň birine, iň bolmanda Orsyýede emigrasiýa gitmek baradaky hyýalam başa barmady. Goýbermediler. Prezidentiň syýasy garşydaşlary gitdi welin ol gidip bilmedi. Telim wagtlap ondan – oňa süýrediler, soňam oňa garşy metbugatda, radioda, telewideniýede öňkülerindenem bäş beterşyltak atyşy gepleşikler gurnadylar. “Watan dönügi, Germaniýa gidip nemeslere Gitleriň ruhyny tapyp berjek bolýar” diýdiler. Külli adamzada howply element hökmünde göz tussagy etdiler. Ony gorap daşary ýurt alymlarynyň syýasatçylaryň, adam hukuklaryny goramak baradaky halkara guramalarynyň eden çykyşlaram büs-bütin jogapsyz galdy. Netije bermedi. Goňşy-golamlardan eşidişime görä ol häzirem öz aramgähinde “sürgünlikde” ýaşaýan ekeni. “Üç harply” edaranyň işgärlerinden birugsat oňa şähere gezelenje gitmegem bolmaýarmyşyn. Alymyň soňky döwürlerde nirede, näme edip ýörendiginden men bihabardym. Asla soňky döwürlerde döredijilik işgärleriniň, alymlaryň hemmesem biri-birlerinden bihabardylar. Döredijilik birleşmeleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, kinostudiýanyň, neşirýatlaryň ýapylmagy netijesinde hiç hili ýygnaklar, duşuşyklar gurnalmaýardy, çekeleşikler, ylmy jedelleşmeler geçirilmeýärdi. Netijede öňki ýaly günde-günaşa o ýere, bu ýere üýşülmeýärdi, ýüz-ýüze, göz-göze düşmeýärdi, her kim bir ýerde baş-başa, jan-janady. Meniň garakçydyr öýdüp gorkup ýören adamymyň hut şol Bükdüzow bolup çykmagy dogrusy meni ilk-ä diýseň geň galdyrdy, soňam oňa bijaý nebsim agyrdy. Onuň bilen tanyşmak, gürleşmek islegi döredi. Meni esasanam onuň ruhlar baradaky ylmy garaýyşlary gyzyklandyrýardy. Meniň ondan Merdan janyň ruhy barada sorasym, onuň ýene-de gaýdyp gelmeginiň hakykatdan-da mümkindigini onuň hut öz agzyndan eşidesim, ýüregime sowuk suw urasym gelýärdi. Şonuň üçinem, men onuň bilen telim gezek tanyşmana synanyşdym. Köçeden geçip barýan wagty öňünden çykyp salamlaşmana, hat-da öýüne barmana-da hyýallandym. Bile süýde gatnaýsammykam diýip oýlanýan wagtlarymam bolýardy. Her gezegem öňümde dag duran ýaly ondan howalam basylyp, aýaklarym diýen etmän yzyma dönýärdim. Ýürek edip ýanyna barybildigim onuň meni höwes bilen garşy aljagyna, gepimiziň alyşjakdygyna welin ynanýardym. Çünki, şol wagtlar menem edil onuň ýaly göz tussaglykda ýa sürgünlikde bolmasamam, ähli zatlardan gyrakladylan, hatda garawulçylygam rowa görülmän işsiz gezip ýören döredijileriň biridim. Onsoňam bir garypja çatmadan girip-çykyp ýören goňşusynyň kimdigi bilen onuň özem gyzyklanyp gören bolsa gerek. Howwa, duşuşara, gürleşere, tanşara pursat peýläp ýören adamymyň şeýdip, öz aýagy bilen üstüme gelmegi meni diýseň begendirdi. Men böküp ýerimden turdum-da: ―Bar boluň, özüňizem armaň – diýip, oňa tarap ýöneldim. Iki elimi uzadyp salamlaşdym. Hal-ahwal soraşdym. Gaýybanasyndan tanaýandygymy, ylmy tejribeleri bilen gyzyklanýandygymy duýdurdym. O-da meni çalarak tanaýandygyny syzdyrdy. Wagtynda köp-köp sergilere baryp görendigini, meniň çeken suratlarymyňam käbirleri bilen tanyşdygyny, soňky döwürdäki başyma düşen ahwalatlardanam habarlydygyny aýtdy. Duýgudaşlyk bildirdi. ― Eşitdim, Sebäbinem eşitdim. Bolmandyr. Yzy ýarasyn. Imany hemra bolsun... Biziň döwürmizde beýle söýgi örän seýrek bolýar. Asla bolmaýar diýen ýaly... – Meniň ünsümi agyr aladalardan sowmakçy bolýan ýaly ol birden-kä gürrüňiniň ugryny üýtgetdi. Soňam gögerip oturan ekinlerime tarap baş atdy. – Ekinjagaz ekdiňizmi? Bir zatlar oturtdyňyzmy?.. ―Aý howwa... Bolşuna görä.. ―Oňarypsyňyz. Gowy edipsiňiz. Ekin älem-jahanyň janydyr. Ýaşaýşyň çeşmesidir. Siziň oturdan şujagaz nahaljyklaryňyzyň, eken ekinjikleriňiziň täsiri eýýäm... – Ol elini göm-gök bolup görünýän, kä ýerinde bir akja bulut gaýyp ýören arassa asmana tarap salgap goýberdi. ―...beýleki planetalara, hatda galaktikalara çenli baryp ýetendir. Özi barada maglumat berendir. Berendirem, alandyram. Menem bardyryn, diýendir. Çünki, ýeke bir zeminiň üstündäki zatlar däl, tutuş Kosmos, Aý, Gün, ýyldyzlar, Ýedi gat asman barysy biri-biri bilen berk bagly. Birinde bolup geçen hadysa hökman beýlekilere-de öz tasirini ýetirýär. Bir sygryň şahyna ursaň müň sygryň şahynyň syzlaýşy ýaly. Umuman, Kosmos bir beden bolsa, şondaky barlyklaryň her biri şol bedeniň öýjükleri. Bizem şol öýjükleriň biri... Bir görsem ol gidip barýar. Asyl soňky sözlerinem menden mazaly arany açanyndan soň aýtdy. Ellerimi serip, agzymy açyp galdym. Hiç zat diýibem, sorabam ýetişmedim. Şeýdibem onuň bilen ysnyşmaklygyň ilkinji mümkinçiligini elden giderdim. Yzyndan gygyrmana ýa ýetip ýeňinden çekmäne bolsa ejap etdim. Ýöne, her niçik hem bolsa yş açyldy. Şol günüň agşamy men ýolugra hem bolsa iki agyz gürleşmek, pikir alyşmak, başa barsa çatmama çagyryp çaý içişmek maksady bilen onuň şäher ýola tarap geçýän wagtyny peýläp, mellegimiň gyrasynda garaşdym. Emma näme üçindir ol gün alym gara bermedi. Ertesi-de görünmedi. Süýde-de gitmedi. Birigün ir bilen süýde gidip geldi-de, şondan soň ýene-de görünmedi. Soňkusy gün diýlende süýr günortanlar çatmamyň içinde dynç alyp otyrkam, girelgäniň agzynda öňürt-ä bir kelteräk kölege, soňam Bükdüzowyň uzynak, hor göwresi, saryýagyz ýüzi göründi. Dörediji adamyň bir gowy eser döredenden ýa açyş edenden soňky başyndan geçirýän lezzetli duýgusy bolsa gerek, gökje gözleri ýeserlik bilen ýyldyraşýar. Erinleriniň iki gulagyna tarap dyngysyzlyk bilen gelip-gidip durandygy sebäpli ýeke bir irimçik, sary dişleri däl, eýsem kentlewügine çenli gyzaryp görünýär. Men oňa salam berdim. Çatma çagyrdym. Bir gyra süýşüp gapdalymdan ýer görkezdim. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň ol meniň umumy ýagdaýlarym, döredijiligim bilen gyzyklandy. Diňläp bolanyndan soňam, hälki begenç uçgunlaryndan nam-nyşan galmadyk ýüzüni iki ýana sypajakladyp: ―Aý, howwa-da, şu wagt hemmäňem ýagdaýy şolar ýalyrak-da, nätjek-dä, gaýrat etmeli-dä, çydamaly-da – diýdi. ―Depressiýa düşmän işläbilýän bolsaňyz bu gutlamaly zat. Men ekinlerime tarap baş atdym. ―Aý, edil şu wagt-a bar güýmenjämiz şü diýen ýaly... Döredijilige elimem baranok, höwesimem ýok. Ojagaz etýutjagazlaram näme, işmi? Işiň ulusy aňyrda ... Ellenmän ýatyr... Ol agyr oýa batyp oturşyna: ―Howwa-da, siziňkem üsti-üstüne bolaýypdyr-da... – diýdi. Soňundanam: “aýtsammykam, aýtmasammykam” diýýän ýaly ýüzüme syrly seredip ep-esli dymdy. Tolgundy. Ahyram ýüregini bire baglady. – Distansiýa boýunça men siziň karmaňyza seretdim. Siz golaýda agyr syrkawlapsyňyz. ―Dogry, oglum ýogalandan soň men ýaraman iki gezek keselhana düşdüm. ―Islendik zada bolan söýgüni, goý ol pula, mala, baýlyga, ogul-gyza, aýala ýa döredijilige bolsun tapawudy ýok, Hudaýa bolan söýgüden ileri tutmaklyk adamyň bedeninde öz-özüni ýok etmek programmasyny, gönümel aýtsak ölüm programmasyny işläp düzýär. Ölüm programmasynyň öňi bolsa kesel bilen beklenýär. ―Kim tarapyndan beklenýär. ―Biribar tarapyndan. Kesellediňmi diýmek saňa ýokarky güýç tarapyndan duýduryş berilýär. Ol saňa: “Meniň ýolumdan çykdyň, yzyňa dolan... “ diýýär. ―Men onda ogluma bolan sögümi Hudaýa bolan söýgümden ileri tutpdyryn-da? ―Siz erbet gynanypsyňyz. Bu bolsa Hudaýa protest bildirmekdir. Islendik zady Hudaý tarapyndyr, şeýle bolaýmalydyr, diýip kabul etmeli. Çünki Alladan bidin çöp başy gymyldamaýar. Boljak işe çäre bolmaýar. – Bükdüzow aşaklyk bilen ýüzüme seretdi. – Umuman, bir zadyň hatyrasyna ýüregiňden söýgüni bütünleý aýyrmaklyk,kalbyňda ýigrenje, gabanja, gam-gussa, gynanja orun bermeklik bularyň barysy kesele ýol açmakdyr. Mysal üçin, gynanç, stress bir kesel döredýär, gabanjaňlyk, görüplik, gaharjaňlyk başga bir kesele sebäp bolýar, garaz hersiniň bahasy aýry-aýry. Birinde bagryň agyrar, beýlekisinde ýüregiň ýa böwregiň kemçilik tapar, ýene birinde gan basyşyň güýçlener we şonuň ýaly. Hatda rak keseline ýolugaýmagyňam ahmal. Men bilýän, şol gezek syrkawlanyňyzdan soň siziň aşgazanyňyzam agyran bolmaly. ―Dogry. ―O-da şondan. Ähli zady Allatarapyndyr diýip kabul etmeklik ruhy taýdan sagdynlygy talap edýär. Ruhy sagdyn adamyň bedenem sagat bolýar. Ol bu dünýäniň ähli kynçylyklary, gapma-garşylyklary bilen göreşmäne ukyply bolýar. ―Mende şol ukyp häzir ýok. ―Bar. Ýöne, siz onuň sebäbini bileňizok. Adamyň daşyny edil pile ýaly çolap duran energiýa meýdany bar. Ol kesellän wagty şol meýdan bozulýar. Siziňkem şeýle. Şony dikeltmän keseli bejerip bolmaýar. Däri-derman derdi diňe wagtlaýynça dep edýär. Energiýa meýdanyny bolsa diňe onuň sebäplerini, ýagny, kalbyňdaky agressiýalary, gam-gussalary, öýke-kineleri ýok etmek arkaly dikeldip bolýar. Şony dikelden günüň saglygyň hem dikelmek bilen boluberer. Bu babatda men size kömek ederin. Ol kyn däl. ―Men hi-iç-le... – diýip, Bükdizowyň ýüzüne çiňerilip oturyşyma gyryljak seslendim. Köpden bäri sorajak bolup ýören sözlerimi dile getirdim. ―Siz gowusy maňa başga bir zady aýdyň...–Men gurak-gurak ýuwdundym. ―Ýogalandan soň adamyň ruhy hakykatdanam gaýdyp gelýärmi? Bükdüzow esli wagtlap ýüzüme seredip dymyp oturdy. Şonda onuň aşaky dodagy birsyhly titredi durdy. Kellesi ýaýkandy. Iki dyzyny gujaklap duran elleri iki gezek dagy goşaryndan sypdy. Her gezegem täzeden gowşurdy. Ahyram uludan demini aldy-da, usullyk bilen: ―Gelýä, eger-de Ýedinji asmana çykyp bilmese ýa-da beýleki dünýälere tarap gitmese...– diýdi. Men depämden gyzgyn suw guýlan ýaly boldum. ―Beýleki dünýälere tarap? ―Howwa. Eger-de ruh belli bir derejede kämil bolsa, onda onuň Alla-tarapyn beýleki dünýälere iberilmegi we şol ýerde bir ýa-da birnäçe ömür ýaşanyndan soň ýene-de bu ýere gaýdyp gelmegi mümkin. Şonda ol Gün Merkeziniň üstünden geçip gaýdýar. ―Beýleki dünýäler diýýäniňiz köpmi? ―Olar otuz üç dünýeden ybarat we biri-birleri bilenem, biziň dünýämiz bilenem berk bagly. Şolaryň hersinde-de biziň ekiztaýlarymyz, ýagny, kopiýalarymyz ýaşaýar. Ýöne, olaryň hersiniň düşünjesi, daş görnüşleri başga. Olar özleriniň daş görnüşleri arkaly däl-de, içki mazmunlary boýunça aragatnaşyga girip bilýärler. Umuman, dünýä diýilende diňe öz ýaşaýan ýerimizi göz öňüne getirmeli däl, tutuş älemi, kosmosy, onuň her bir çüňküni göz öňüne getirmeli. Hemmesini ugrukdyryp oturanam Biribaryň özi. Onuň üçin tutuş jümle-jahan bütewi bir dünýä. Ýöne, bir zady bek bellemeli: Ruh beýleki dünýälere-de, Ýedinji asmana-da, zemine-de o dünýäniň üsti bilen gidýär. Çünki, bu dünýeden gideninden soň ilki barýan ýeri şol. Dowamy bar... | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |