14:40 Asylmaly adamlar | |
ASYLMALY ADAMLAR
Publisistika
Eziz Nesiniñ eserlerini kyrk ýyl bäri her gezeginde haýranlyk duýgym artyp okadym. Geçen gün... "Netflix"-de berilýän "Klub" ("Kulüp") serialynda 1955-nji ýylyñ 6-7-nji sentýabr wakalaryndan söz açylýanyny görüp, ýazyjynyñ "Düzüm-düzüm asylmaly adamlar" (“Salkım Salkım Asılacak Adamlar”) kitabyny gaýtadan okadym. Eziz Nesin bu kitabynda şol gorkunç wakanyñ we talañçylygyñ duzak gurnaýjysy bolan "Harbiýe" türmesinde geçiren günlerini ýazdy... Türmä giren diñe Eziz Nesin däldi. Kemal Tahyr we onuñ dogany Ratip Tahyr, Hasan Izzetdin Dinamo, Hulusi Dosdogry, Asym Bezirçi, Müeýýet Borataw we onuñ Jan Borataw, Hüsametdin Özdogry, Mustafa Börklüje, Ilhan Berktaý ýaly altmyşa ýakyn sosialist bardy... Eziz Nesin bigünä ýere nämüçin tussag edilendiklerini Respublikan Millet Partiýasynyñ (CMP) başlygy Osman Bölükbaşynyñ Ýokary Halk Mejlisinde (TBMM) eden çykyşyna ýüzlenip aýtdy: "Şol gün Stambuldaky ABŞ-nyñ Habarlaşma merkeziniñ (CIA) şefi Allen Dalles (ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Jon Foster Dalles dogany) Türkiýäniñ Türkiýäniñ Milli Howpsuzlyk gullugynyñ (MIT) başlygy general-leýtenant Behçet Türkmene (Türkiýäniñ öñki daşary işler ministri Ilter Türkmeniñ kakasy) şeýle diýenmiş: “Emele gelen ýagdaý bibatçylygyñ doly diýen ýaly kommunist taktikasyna we usullaryna gabat gelýändigini görkezýär…” Ýagny, şolar ýaly ýöntemdi, esassyzdy olaryñ tussag edilmekleriniñ sebäbi... Her pursat tapylanda buzdan tozan aramalar bilen bu ýurduñ çepçilerine nijeme jebri-jepalary çekdirmedilermi? • TARAKANLAR-SYÇANLAR Eziz Nesin "Harbiýe" türmesine Kemal Tahyr bilen bile girdi. "- Ýer betondy we beýan edip bolmajak derejede hapady. Çalaja düşýän yşyñ ýagtysyna darajyk gözenekde iki adam bolup sagatlarymyzy geçirýärdik. Ne oturjak ýerimiz bardy, ne ýatjak ýerimiz. Aşagymyza ýazar ýaly iñ bolmanda gazet bermeklerini haýyş etdik. Gazet gadaganmyş. Gije giç ýatdyk. Ýatan kameramyz şeýle bir daddy welin, meniñ aýaklarym Kemalyñ başyna, Kemalyñ aýaklary meniñ başyma degip durjak şekilde arkanlygyna ýatardyk. Kameranyñ gapysynda daşardan açylýan ini-boýy bir garyş çemesi demir gözenekli jyklanýan deşik bar. No atly esger zol-zol bu deşigiñ gapagyny açyp, içindemi ýa uçdularmyka diýip seredip, wagtyny geçirýär (…) Depämizde tarakanlar, ýerde syçanlar..." Şular ýaly agyr şertlerde dört aý ýatýarlar. Şol kynçylykly günlerde daşardan dowamly habar gelýär: "Sizi hatara düzüp asýarlar!" Eziz Nesiniñ ýeke gaýgysy bar: ýaşaýan jaýynyñ podwalynda holodilnigi, eşik ýuwýan maşyny, diwan-kreslosy bolmadyk öýde galdyryp gaýrqj on bir ýaşlyja ogly Ataş bilen on iki ýaşlyja gyzy Oýa... "Oý-pikirim çagalarymdady. Olary pulsuz we hossarsyz goýupdym..." Şol agyr fiziki-ruhy şertlerde Eziz Nesin we Kemal Tahyr gözenegiñ añyrsynda näme karara gelýärler, bilýärsiñizmi? • UMYT ELMYDAMA BAR Eziz Nesin we Kemal Tahyr gözenegiñ añyrsynda ýatan şol kyn günlerinde neşirýat gurmagy meýilleşdirýär! Darajyk hapa gözenekde alakalar, syçanlar bilen günlerini geçirseler-de, gaýta-gaýta "siz asylýarsyñyz" diýen habarlary eşitseler-de, olar ruhdan düşmän kitap neşir etmegiñ hyýalyny gurýarlar! Boýunlaryna dakylan horlugyñ özlerini ruhy taýdan çökermegine ýol berenoklar: "- Näme edip biljekdigimi gije-gündiz pikir etdim. Men näme edip bilerin? Žurnal çykaryp bilerin. Muna öñem kän synanyşypdym. Hökümetler muña mümkinçilik berenokdy. Bu ýoluñ ahyry ýene türmede soñlanjakdy. Neşirýatçylaryñ we atly neşirýatlaryñ biri-de meniñ kitaplarymy çap edesleri gelenokdy. (…) Özüm çaphana gurmak we öz kitaplarymy özüm çap etmek kararyna geldim. "- Kemal Tahyryñ teklibi şudy: Üç doganyñ (Kemal Tahyr, Nuri Tahyr, Ratip Tahyr) atasyndan galan iki-üç gatly, bagly-bakjaly agaç öýi bardy. Üç dogan bu jaýy satuwa çykardylar. (...) Kemal Tahyr öz paýyna düşen puly orta goýup, meniñ bilen bile neşirýat gurmak isleýärdi..." “Düşün Yayınevi" neşirýaty şeýdip şol gözenegiñ içinde dünýä indi. Ömrüniñ birnäçe ýylyny Kemal Tahyryñ we Eziz Nesiniñ durmuşdan el üzmejek bolup edýän işini, göreşini, tutanýerliligini görýäñizmi? Birküç ýyldan soñ guran "Düşün" neşirýaty ýüzlerçe kitaby bilen bile ýakylsa-da, durmuşa awularyny pürkmediler. Lapykeçlige düşmediler. Gelejegiñ gowy günlerine bolan ynançlaryny hiç ýitirmediler... Şu söze amal edip ýaşap subut etdiler: "Umytsyz ýagdaýlar ýok, diñe umytsyz adamlar bar." Gadyrdan okyjy.... Şu başdan geçirýän kynçylykly günlerimizde "Nesin Yayınevi" neşirýatyndan Eziz Nesiniñ umydy elmydama diri saklan kitaplaryny alyñ, okañ. Hatda ýakynlaryñyza sowgat ediñ... Hiç unutmañ: Gözenegiñ añyrsynda bolsañyzam, bir ýerlerde ýaşaýyş bar bolsa, şol ýerde umyt hem bardyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |