20:13 Asyrlaryň jümmüşinden çykan hazyna | |
ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN ÇYKAN HAZYNA
Taryhy makalalar
Halkymyzyň geçmişini açyp görkezýän taryhy eserleri neşir edip halka ýetirmeklik biziň uly borjumyz bolup durýar. Asyrlaryň jümmüşinden çykan taryhy eserleriň biri hem XIII asyryň ýazary Alaýeddin Atamälik Jüweýniniň (1226–1282) «Älem eýeleýjiniň taryhy» («Taryhy jahanguşa») atly kitabydyr. «Älem eýeleýjiniň taryhy» atly kitap üç jiltden ybarat bolup, taryhy kitaplaryň iň ygtybarlylarynyň biridir. Bu kitap gündogarda gadymy we ýörgünli taryh kitaplarynyň biri hökmünde tanalýar. Ilki bilen kitabyň ýazary Alaýeddin Atamälik Jüweýni barada aýtsak, onuň asly orta asyrlarda «Sahyp diwanlar maşgalasy» ady bilen meşhur bolan maşgaladandyr. Bu maşgalanyň wekilleri seljuklar hem-de horezmşalar döwründe nesilme-nesil Sahyp diwan wezipesini eýeläpdirler. Bu bolsa «diwan işleriniň ýolbaşçysy» diýmekligi aňladýandyr. Şonuň üçin hem bu wezipe derejesi olaryň atlarynda agzalypdyr. Atamälik Jüweýniniň babasynyň babasy Müntejibeddin Be¬dig Kätip seljuklar nesilşalygynyň iň meşhur şasy Soltan Sanjaryň köşgünde kätip hem-de diwanbaşy bolupdyr. Öz kitabynda Jüweýni Müntejibeddin barada ýatlap, onuň gaçgaklyk döwründe Watwata öz öýünde gaçybatalga berip ony ölümden halas edişi barada ýazýar. Atamälik Jüweýniniň garry atasy Şemseddin Muhammet Horezm şasy Alaýeddin Muhammediň Balhdan Nyşapura gaçan wagty hem onuň ýanynda ekeni. Іmrüniň ahyrynda Muhammet şa ony Sahyp diwan wezipesine belleýär. Şol wezipede ol Soltan Jelaleddine-de gulluk edipdir. Onuň «Uzyn saçly» atly lakamy bolup, örän tejribeli we öňdengörüji adam bolupdyr. Çingiz han bilen bolan gazaply söweşlerde şowsuzlyga uçran Muhammet şa ýurtdan mejbury ýagdaýda gidip, 1220-nji ýylda Hazar deňziniň adalarynyň birinde aradan çykan wagty hem Jüweýniniň garry atasy onuň ýanynda eken. Ýazar kakasy Bahaýeddin Muhammet bin Sahyp diwan barada öz eserinde giňişleýin gürrüň berýär. Ol hem öz döwrüniň bilimli adamlarynyň biri bolup, Hulagu hanyň döwründe gös-göni mongol şihneleri tarapyndan şäherlere häkim bellenipdir. Bize gelip ýeten maglumata görä, Körgözden soňky günbatar şäherleriniň täze häkimi Emir Argun Giwegiň ordasyna gideninde Bahaýeddin Muhammet Sahyp diwany öz ornunda goýýar we ikinji saparynda Bahaýeddini özi bilen bilelikde orda äkidýär. 1253-nji ýylda Emir Argun ony Yrak we Ýezd ýurtlaryna häkim edip belleýär. Bahaýeddin altmyş ýaşynda aradan çykýar. Alaýeddin Atamälik Jüweýni, takmynan 1226-njy ýylda Nyşapuryň demirgazyk-günbataryndaky Jüweýn diýen ýerde eneden dogulýar. Ol «Taryhy Jahanguşa» kitabyny 1252-nji ýylda, ýagny ýaňy 27 ýaşyndaka Garagurumda ýazyp başlaýar. Jüweýni Emir Argunyň kätipleriniň biri bolup, ýazar köplenç onuň ýanynda bolupdyr. Emir Argun Jeýhunyň günbatarynda ýerleşen ähli welaýatlara, ýagny Horasana, Mazendera-na, Hindistanyň bir bölegine, Yrak, Fars, Kerman, Lur, Arran, Häzirbeýjan, Gürjüstan, Mosul we Halap ýaly ýerlere hökümdarlyk edipdir. Emir Argun hökümdarlyk eden ýyllarynda bäş-alty gezek mal-mülküni goýmak üçin mongollaryň baş paýtagty bolan Garaguruma sapara gidýär. Atamälik hem hemişe oňa hemra bolup, 1252-nji ýylda Argun bilen Mengu kaganyň gurultaýyna gatnaşýar. Ol bu sapar döwründe hökümdarlary, hanlary we şazadalary diňe bir daşdan görmek, synlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hersi bilen duşuşyp gürrüňdeş bolýar. Jüweýni syýahat etmek bilen bir hatarda geljekki taryh kitaby üçin maglumat hem toplaýar. Syýahat tamamlanansoň ondan taryhy kitabyny ýazmaklygy haýyş edýärler. Çünki Alaýeddiniň taryhy wakalardan anyk we baý maglumatlary bardy. Ýazaryň seljuklaryň we horezmşalaryň köşgünde dürli wezipelerde işlän kowum-garyndaşlarynyň gürrüňleri we ýazyp gal¬dyran maglumatlary oňa uly kömek berýär. Üstesine-de, ol öz döwrüniň akyldarlarydyr hanlary, danalarydyr ulamalary bilen ýakyn gatnaşykdady. Ol ähli kowumlaryň hekaýatlaryny we rowaýatlaryny, ýolda-yzda eşidenlerini we görenlerini bir ýere jemleýär. Şeýle-de, ol dost-ýarlarynyň gürrüňlerini diňläp, şol maglumatlaryň esasynda hem öz taryhy kitabyny döredýär. Atamälik Jüweýni Alamut galalarynyň iň möhümleriniň biri we Ysmaýyl patyşalarynyň şahsy mekany bolan «Meýmundaz» galasy boýun egdirilende, Hulagunyň buýrugyna laýyklykda parahatçylyk jarnamasyny ýazýar. Ol Alamut ýeňşinden soňra Hüseýin Sebah tarapyndan dö-redilen ýüz segsen ýaşly kitaphanadan köp sanly taryh kitaplary we beýleki nepis kitaplary ele salýar. Alamut kitaphanasynda saklanýan kitaplardaky möhüm maglumatlar bu eseriň döremegine uly hyzmat edýär. Şeýle-de ýazar öz kitabynda neberesiniň biri bolan Müntejibeddin Bedigiň ýazyp giden taryhy maglumatlaryndan has köp peýdalanýar. Ol Soltan Sanjaryň Horezme ýörişini hut şondan alan maglumatlary esasynda beýan edýär. Jüweýniniň ýene-de bir salgylanan işi Muhammet Arslan Abbasy al-Horezminiň Horezme hem-de onuň ilatyna bagyşlap (1172) ýazan segsen jiltden ybarat bolan kitabydyr. Muhammet Nejep Bekranyň «Jahannama» atly kitaby Muhammet Horezmşa döwründe ýazylyp, onda Mawerennahr wakalary öz beýanyny tapýar. Ýazar bu kitabyny ýazanda şol çeşmelerden hem ön¬jeýli peýdalanypdyr. Mongol basybalyşlarynyň ýörişleri Atamälik Jüweýniniň «Älem eýeleýjiniň taryhynda» («Taryhy jahanguşasynda») doly öz beýanyny tapypdyr. «Älem eýeleýjiniň taryhynyň» birinji kitaby «Mongol çozuşlary» ady bilen bellidir. Şeýle seredäýeniňde bu kitap Çingiz hana bagyşlanyp ýazylan ýaly. Dogrudan hem, Jüweýni ony «Älem eýeleýji» diýip atlandyrýar. Hakykatda bolsa, bu kitapda türkmen we beýleki türki halklar, XIII asyryň taryhy wakalary, döwrüň syýasy ýagdaýy barada gymmatly maglumatlar saklanýar. Çünki, ata-baba sowatly maşgaladan bolan Jüweýni öz gözi bilen gören taryhy wakalaryny, däp-dessurlaryny beýan edipdir. Hut şonuň üçin hem ýazaryň öz ýazyşy ýaly, bu kitapda sapak alar ýaly hereketler, işler juda köp. Ýazar Çingiz hanyň şeýle derejä ýetmeginiň sebäplerini esaslandyrýar. Onuň durmuşy bilen baglanyşykly wakalary beýan edýär. Jüweýni Çingiz handan ozal mongol-tatarlaryň gözgyny durmuşda garyp ýaşandygyny nygtaýar. Çingiz hana dagynyk taýpalary birleşdirmek başardypdyr. Jüweýni Çingiz hanyň hiç bir mezhebe uýmandygyny, onuň ogullarynyň bolsa islän dini mezheplerine uýandyklaryny ýörite belleýär. Jüweýni Çingiz hana aýratyn sarpa goýmandyr. Tersine, Abywert, Saragt, Köneürgenç, Mary ýaly şol döwrüň meşhur şäherleriniň weýran edilşi, günäsiz halkyň agyr durmuşy J-weýnini gynandyrýar. Onuň mongol basybalyjylaryna bolan ýigrenjini gizlin setirleriň arasynda duýsa bolýar. Muňa, belki-de Jüweýniniň maşgalasynyň seljuk türkmenleri bilen baglanyşykly bolmagy sebäp bolandyr. Kitapda Çingiz hanyň permanlarydyr ýörelgeleri barada hem gymmatly maglumatlar berilýär. Çingiz hanyň her hili hileler gurnap, Horezm şalarynyň ýurduna aralaşmagy Merwiň, Köneürgenjiň, Abywerdiň, Saragtyň, Täkiň mongol çapawulçylarynyň gylyjynyň astynda bolmagy Jüweýnini gynandyrypdyr. Kitapda Çingiz hanyň Soltan Jelaleddin bilen söweşi baradaky wakalar hem giň gerim alýar. Jüweýni diňe bir Jelaleddiniň söweşlerini, onuň mertligiň ajaýyp nusgasyny görkezişini nygtaman, eýsem Garaja, Gaýyr han ýaly türkmen emirleriniň hem mongol basybalyjylaryna garşy alyp baran gaýduwsyz söweşlerini ýatlaýar. Mongollar gaýduwsyz türkmen ýigidi Garaja özlerine gulluk etmegi teklip edýärler. Olaryň teklibine Garaja «Siz bize wepa berer ýaly, öz hojaýnyňyza bir wepa ber¬diňizmi? Biziň size birleşme niýetimiz ýok» diýip jogap berýär. Jüweýniniň «Älem eýeleýjiniň taryhy» atly bu eseri öz döwründe giňden ýaýrapdyr. Atamälik Jüweýniden soňky taryhçylaryň köpüsi bu eserden peýdalanypdyrlar. Taryhçy Ab¬dyl¬la Fazlallah Wassafyň «Wassafyň taryhy» («Taryhy Was¬saf»), Reşideddiniň «Umumy taryh» («Jowamygul taryh»), şeý¬le-de «Uly taryh» («Taryhy kebir») ýaly ençeme eserler soňra ýazaryň «Taryhy jahanguşasynyň» esasynda döredilipdir. Eýranly alym doktor Mansur Serwet Atamälik Jüweýniniň «Taryhy jahanguşasyny» 2000-nji ýylda neşire taýýarlaýar. Ol özüniň girişinden ýazar barada şeýle maglumatlar getirýär. «Hulagu han Bagdada hereket edip ýeňiş gazanan wagty (1257) Atamälik onuň ýanynda bolupdyr. Bagdat ýeňşinden bir ýyl soňra Bagdat häkimligi Hulagudan Jüweýnä geçýär. Ol Hulagunyň ömrüniň ahyryna çenli şu wezipede bolýar. Hulagu aradan çykan wagty onuň ogly Abaka wezirligi Atamäligiň do¬ga¬ny Şemseddin Jüweýnä berýär. Bagdat döwletini bolsa mon¬gol emirleriniň birine tabşyrýar. Atamäligi hem onuň orunbasary edip goýýar. On sekiz ýyl (1264-1281) hökümdarlyk eden Abakanyň ömrüniň soňky ýyllarynda Atamälik Jüweýni resmi ýagdaýda garaşsyz Bagdadyň we bütin Arap Yragynyň emiri bolýar. Alaýeddin Atamälik Jüweýni öz hökümdarlygy döwründe ähli güýç-gaýratyny şäherleriň abadançylygyna we adamlaryň asudalygyna bagyşlaýar. Daýhanlaryň we hünärmentçileriň gerdeninden köp salgytlary aýyrýar. Obalary, ekin meýdanlaryny, suw aryklaryny abadanlaşdyrmakda köp tagalla edýär. Şäheriň ammary bolup hyzmat eden Fyrat suwundan emeli köl gurdurýar. Onuň gözbaşy Bagdadyň günbataryndan başlanyp, ahyry Kufede we Nejepde tamamlanypdyr. Bu işiň çykdajysy ýüz müň dinar gyzyl pula barabar bolup, onuň kenarynda ýüz elli sany oba döräpdir. Şeýlelikde, bu mekanlar häkim Jüweýniniň başda durmagy bilen gök ekin meýdanyna we al-ýaşyl öwsüp duran gür baglyga öwrülýär. Bagdat tiz özgerýär. Halyf¬lyk döwründäki weýrançylykdan nam-nyşan galmandygyny şu ýerde aýtmaklyk ýerliklidir. Atamälik göripler tarapyndan hemişe yzarlanypdyr. Bir gezek ol garşydaşlary tarapyndan hanjar urlup ýaralanýar. Onuň köp duşmany bolup, hökümdaryň öňünde hemişe oňa töhmet atylypdy. Alaýeddin Jüweýniniň maşgalasy öz döwrüniň iň abraýly hem-de meşhur maşgalalarynyň birisidi. Ahyry olaryň hem başyna gara günler gelýär. Atamälik bir-iki gezek gybatçylaryň töhmetine sezewar bolup, oňa zordan aman galmak başardýar. Emma, ahyrynda ýeňiş duşmanlar tarapynda bolýar. Atamäligiň duşmanlarynyň biri Sahyp diwanlar maşgalasynyň elinde terbiýe alan Mejdilmülk Ýezdidir. Ol Atamälik Jüweýnini toplanan baýlygy biderek ýere harç etmeklikde hem-de şol döwürde mongollaryň uly duşmany bolan Müsür hökümeti bilen gatnaşygynyň bardygynda günäkärleýär. Atamäligiň elinden wezipesini we ömürboýy toplan baýlygyny alýarlar. Jüweýni ömrüniň soňky ýyllaryny örän galagoply geçirip, käte aklanylypdyr, käte bolsa ýene-de günäkärlenipdir. 1282-nji ýylda Alaýeddin Atamälik Jüweýni agyr kesele sezewar bolup aradan çykýar. Netijede, Jüweýniniň nebereleri Bagdatda orun tapmaýarlar. Onuň ýokary wezipeleri eýelän dogany Şemseddin Jüweýni hem jezalandyrylyp öldürilýär. Atamäligiň ogly Mansur bilen bilelikde Şemseddiniň ogullary Ferjola, Mesut, Ýahýa, Atabeg hem öz zamanalarynyň pidasy bolýarlar. Agtyklaryndan diňe Zekriýa atly gyzdan başgalary bir sebäp bilen aradan çykýarlar. Töhmetçi Mejdilmülk Ýezdi köpçülik tarapyndan ýigrenilipdir. Adamlar ony gizlinlikde öldürýärler hem-de beýleki töhmetçilere sapak bolsun diýen niýet bilen, onuň bedeniniň her bir agzasyny bir ülkä iberipdirler. Kellesi Bagdada, dili Töwrize, aýaklary Farsa iberilip, teniniň galan bölekleri bolsa kebap edilip iýlipdir». Ruhnamada Nuh aleýhyssalamdan gaýdýan türkmen halkynyň jemi 70-den gowrak döwlet döredendigi nygtalýar. Ine, «Älem eýeleýjiniň taryhynyň» «Horezmşalaryň taryhy» atly jildinde şol 70 döwletiň arasynda iň ulularynyň biri bolan Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň taryhy hakynda giňişleýin maglumat berilýär. «Horezmşalaryň taryhy» atlandyrylýan kitap «Taryhy jahanguşa» eseriniň göwrüminiň uly bölegini tutýar. Ruhnamada Köneürgenç türkmenleriň döwleti hakynda şeýle diýilýär: «Atsyz bu nesilşalygynda ilkinji hö-kümdar bolýar, ol garaşsyzlyga ymtylypdyr, ýöne 1138-nji ýyldaky gozgalaň üçin Soltan Sanjar oňa temmi berýär — Köneürgençden kowýar. Emma Atsyz birnäçe wagtdan yzyna dolanýar, şondan soň Köneürgenç şalary garaşsyz hökümdarlyk bolýar. Çingiz han bilen gazaply söweşlerde şowsuzlyga uçran Muhammet şa ýurtdan mejbury ýagdaýda gidip, 1220-nji ýylda Hazar deňziniň adalarynyň birinde aradan çykýar. Onuň ogly Jelaletdin mongol basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz söweşip mertligiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir». Bu kitapda Horezmşalar döwletiniň düýbüni tutujylar Atsyz, Tekeş barada giňişleýin gürrüň açylyp, olaryň öz hökmürowanlyklaryny Seýhun derýasynyň boýunda ýerleşen Jende çenli ýaýradyşy, şeýle hem Horasany, Reýi we Yspyhany ba-syp alyşlary, Tekeşiň ogly Alaýeddin Muhammediň Garahytaý hanynyň garşysyna alyp baran uruşlary hem-de başdan geçiren wakalary jikme-jik beýan edilýär. Kitapda ünsüňi özüne çekýän pursatlaryň biri-de, Soltan Jelaletdiniň Çingiz hana garşylyk görkezen söweşleri we onuň Gürjüstanda, Bagdatda, Hindistanda başdan geçiren wakalary barada giňişleýin durlup geçilmegidir. Çingiz han Soltan Jelaletdiniň boýun egmezekligini hem-de onuň çäksiz gaýduwsyzlygyny gören wagty ogullaryna: «Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr» diýip, gyjalat berýär. Olaryň türkmeniň mertligine, gaýduwsyzlygyna, batyrgaýlygyna haýran galyşy buýsançly görkezilýär. Kitapda şeýle hem Kö¬neürgenç türkmenleriniň Rukneddin, Gyýaseddin ýaly beýleki görnükli han-begleri barada-da giňişleýin gürrüň berilýär. «Köneürgençli şa Alaýeddiniň gullugynda duran Barak Hajyba 1222-nji ýylda Kermanda öz hökmürowanlygyny ykrar etdirmek başartdy. Bu sene Çingiz hanyň Köneürgenç türkmenleriniň döwletine zarba uran döwrüniň yzýanyna gabat gelýär» diýip, Ruhnamada bellenişi ýaly, bu kitapda mongol Ugadeý tarapyndan Gutlug han derejesini alan Barak Hajybyň we Kermandaky Gutlug han türkmenleriniň taryhy barada hem maglumat berilýär. Şeýle-de ýazar bu jildinde Horezmşalaryň soltanlarynyň, Garahytaýlylaryň Eýrandaky mongol häkimleriniň taryhyny ýazypdyr. Ýagny bu bölümde Horezmşalar döwletiniň döreýşi, onuň döwran sürüşi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Üçünji jiltde, Hulagu hanyň Eýrana ýöriş edişi we Ysmaýyllylaryň taryhy hem-de Mengu kagan we onuň döwrüniň wakalary, Hulagunyň dowamy baradaky taryhy maglumatlar öz beýanyny tapýar. Eýranly taryhçy doktor Mansur Serweti «Taryhy Jahanguşa» diňe bir taryhy kitap däl-de, eýsem ol bir hasratnamadyr» diýip, onuň hasratly kitapdygyny belleýär. Türkmen halkyna öz geçmişini, taryhyny, edebi mirasyny öwrenmeklige giň mümkinçilik döredi. Onuň başda durmagynda bize, ýagny türkmen halkynyň golýazma mirasyny öwrenijilere hem giň ýol açyldy. Serdarymyzyň başda durmagy bilen türkmen halkyna degişli daşary ýurtlarda saklanylýan golýazmalary öwrenmeklige mümkinçilik döräp, ylmy döredijilik toparlarynyň ol ýurtlara iş saparlary bilen gitmekleri netijesinde türkmen taryhyna, medeniýetine degişli ýüzlerçe golýazmalaryň nusgasy getirildi. Elimizdäki kitap hem Hindistanyň Deli kitaphanasynda saklanýan Alaýeddin Atamälik Jüweýniniň «Älem eýeleýjiniň taryhy» («Taryhy Jahanguşa») atly golýazma kitabynyň nusgasy esasynda taýýarlanyldy. Bu golýazma 698-nji hijri ýylynda (1299) göçürilipdir. Türkmeniň şöhratly taryhynyň uly bir bölegi bolan Atamälik Jüweýniniň bu eseri ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilýär. Şu ýerde terjimeçi hökmünde bir zady belläp geçmekligi ýerlikli hasap edýäris. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamada: «Okamak, öwrenmek — durmuş hakynda has düýpli oýlanmakdyr» diýip, belläp geçişi ýaly, biziň taryhyň gatlaryndaky ýatan wakalary, maglumatlary öwrenip, ony halka ýetirmegimiz hökmanydyr. Okyjynyň Alaýeddin Atamälik Jüweýni mongollaryň Horezmşalary basyp alandan soňky goýup giden dikmelerine gulluk edipdir diýmekligi hem mümkin. Emma biz bu ýerde ýazyjynyň şahsy durmuşyny öwrenmek niýetimiz ýok-da onuň ygtybarly eserindäki türkmen taryhyna degişli wakalary öwrenip, ony halka ýetirmek niýetimiz bar. Aýgözel GELDIÝEWA, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |