10:08 Taryhyñ gatlaryna siñen hekaýatlar | |
TARYHYŇ GATLARYNA SIŇEN HEKAÝATLAR
Edebi makalalar
Taryh — munuň özi adamlaryň asyrlar boýy toplan tejribeleriniň jemidir. Oňa "durmuşyň aýnasy" diýilmegi hem şunuň üçindir. Taryh tragediýadan, kynçylyklardan, şol kynçylyklary ýeňip geçmelerden, süýji umytlardan, ajy gözýaşlardan doludyr. Taryhyň hereket ediji güýçleri bolan adamlar adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşdy. Ýöne, taryhda adamlaryň medeni mirasyň ösüşine oňaýly täsir edip bilmän, ony gurap galan çöllüge öwüren pursatlary-da seýrek bolmandyr. Türkmen halkynyň taryhynda hem şeýle ýagdaýlar az bolmandyr. Biziň halkymyzyň dünýäniň çar künjegine ýaýran baý geçmiş taryhy, egsilmez ruhy hem medeni gymmatlyklary bar. Watanymyzyň miras taglymaty bolsa mirasy öwreniji alymlaryň öňünde türkmen halkynyň geçmişi — ruhy we medeni miraslaryny öwrenmek boýunça anyk wezipeleri goýdy. Türkmen halkyna öz geçmiş taryhyny, edebi we ruhy mirasyny öwrenmeklige giň mümkinçilik döredildi. Şeýle hem daşary ýurtlarda saklanylýan golýazmalary öwrenmeklige mümkinçilik döräp, ylmy döredijilik toparlaryň ol ýurtlara iş saparlary bilen gitmekleri netijesinde ýüzlerçe golýazmalaryň nusgasy getirildi. XVII asyr ýazary Abdylla Kudsynyň “Berk nahal” (“Tibri mesguk”) atly eseri bolsa Italiýa döwletinden getirilen işleriň hataryna girýär. Abdylla Kudsy kitabynyň ilkinji sahypalarynda öz kitabyny Beýik soltan, şalaryň beýik şasy, halklaryň parahatçylygyny we asudalygyny berkidiji Soltan Ahmet ibn Soltanmuhammet han Gaza bagyşlap ýazandygyny belleýär. Ýazar kitabynda taryhyň gatlaryna siňip giden paýhasly hekaýatlary jemlemäge çalşypdyr. Bu hekaýatlar özleriniň durmuşylygy we pähim-paýhaslylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýazaryň kitaby ýigrimi sekiz pasyldan ybarat. Golýazmasynyň ilkinji sahypalarynda ýazar: “Ilkibaşda bu kitap arap dilinde ýazylan eken. Bu kitaby okamak bilen adamlar bagtly döwletiň nähili ýörelgeleriniň bardygyna düşünerler. Şeýle hem özüňi diňe ýagşy gylyk-häsiýetler bilen alyp baryp, ýurdy dolandyrmaklydygyna has gowy göz ýetirerler. Adamlar bu kitaby okap peýdalansynlar diýen maksat bilen onuň ýigrimi ýedi pasylyny arap dilinden türki diline terjime edip, kitap çykartdym. Allatagala her bir kişini üstünlik gazanylýan ýola salsyn!” diýip belleýär. ■ Eýsem-de bolsa, ýazar dogrudan-da kitap çykardyp bildimikä!? Hawa, Osman imperiýasynda kitap çap etmeklige eýýäm XV asyryň ahyrlarynda başlaýarlar. 1494-nji ýylda doganlar Dawid we Samuil ibn Nahmasy Stambulda ilkinji çaphanany esaslandyrýarlar. 1495-nji ýylda Solonikada Osman imperiýasyndaky ikinji ýewreý çaphanasy açylýar. Şol ýylyň özünde “Ýewreý diliniň grammatikasy” neşir edilýär. Baýazit II (1481-1512) döwründe 19 ýewreý kitaby neşir edilen bolsa, Selimiň I (1512-1520) zamanynda olaryň sany 33 ýetýär. XVII asyryň başlarynda arap hatyndaky kitaplar çapdan çykyp başlaýar. 1706-njy ýylda bolsa hristian Afanasiý Halapda ilkinji arap çaphanasyny döredýär. Osman imperiýasynda XVI-XVIII asyrlarda, umuman, 50 ýewreý çaphanasy bolup, olaryň 35 Stambulda, 8 Izmirde ýerleşipdir. ■ Soltan Ahmet ibn soltan Muhammediň kimdigini we onuň haýsy döwürde hökümdarlyk edendigine göz ýetireliň. Soltan Ahmet taryhda 624 ýyllap dowam eden, şol döwrüň içinde 36 adamyň soltanlyk eden Türkiýedäki Osman nesilşalygynyň on dördünji hökümdarydyr. Ine, şu kitap hem hut şol şahsyýete bagyşlanyp ýazylandyr. Ýazar Abdylla Kudsy kitabynyň soňunda: “Bu hekaýatlar kitaby beýik Allatagalanyň kömegi bilen tamam boldy. Bu kitaby Allatagaladan rehmet islän pukara kişi — Gurhany kerimi ýatdan bilýän Abdylkerim ibn Elhaj Hasan ibn Ahmet 1646-njy ýylyň gurban aýynyň altynjy güni guşlukdan öň ýazyp tamamlady” diýip belleýär. Diýmek, bu kitap soltan Ahmet I aradan çykandan soňra ýazylyp gutarylýar. Sözbaşymda ýazaryň ýaşap geçen döwri barada, ýagny Osman imperiýasy barada umumy maglumat bermekligi ýerlikli gördüm. ■ Türkmen-Osman imperiýasy ýaly döwlet dünýäde ýokdur we bolmandy! Osman Türkmenleriniň döwleti ösen döwründe üç yklymda ýerleşip, Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň çäkleriniň böleklerini özüne birleşdiripdir. Emma beýik imperiýanyň taryhynyň öňisyrasy-da bar. XIII asyr... Türkmenistan ot-ýalnyň içinde müňlerçe türkmen esgerleri mongol basybalyjylary bilen bolan söweşlerde gurban boldular. Türkmenistandan, Eýrandan we Owganystandan toplanan goşuna ýolbaşçylyk edýän Jelaleddin Meňburun butparaz Çingiz han bilen Horezim şalygynyň yerleri üçin başlan gaýduwsyz söweşlerini dowam etdirýärdi. Müňlerçe türkmenler bolsa, gelmeşeklere tabyn bolmazlyk üçin günbatara, seljuk türkmen nesilşalygynyň wekilleri we olaryň öňki serkerdeleri tarapyndan dolandyrylýan türkmen begliklerine, döwletlerine göçüp gidipdirler. 1277-nji ýylda Sögütde, Anadolyda mesgen tutan türkmen toparlary özleriniň daşary ýurt duşmanlary tarapyndan her hili horluklara sezewar edilýändigini, howandar, goldaw isleýändiklerini aýdyp, ata Watana — Maryda ýaşaýan kowumdaşlaryna Ärtogrul Gaza ýörite habar ýetirýärler. Şol habar esasynda Maryda ähli türkmen taýpalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirilýär. Netijede, Ärtogrul Gazy 400 sany ýigidi bilen Anadolydaky türkmenlere goldaw, kömek bermek üçin ugraýar. 1299-njy ýylda Türkiýede güýçli döwleti esaslandyran Osman gazy Ärtogryl Gazynyň üçünji ogludyr. Osman Gazy (hökümdarlyk eden ýyllary 1299-1324-nji ýyllar) türkmen-osman imperiýasynyň ilkinji hökümdary. 1300-nji ýylda Goýunhisaryň eteginde Wizantiýa goşunyny derbi-dagyn edip, Gara deňze ýol açýar. Osman gazy köp sanly türkmen harby toparlaryny çagyryp, diňe öz ady dakylan türkmen döwletini döretmän, eýsem ol ajaýyp goşuny-da döredipdir. Onuň ýedi ogly, bir gyzy bolupdyr. Osman Gazynyň (1258-1324) taryhda tutan orny onuň diňe öz töweregine halky jemläp, ony öz güýjüne ynandyryp bilenliginde däl-de, eýsem onuň kiçijik döwleti uly imperiýa öwrüp biljek nesli terbiýelänligindedir. Osmanlylar ilkinji uly ýeňişleri özleriniň ikinji hökümdary Orhan Gazynyň döwründe gazanypdyrlar. 30 ýylyň içinde olar Balkanyň uly bölegini eýeläpdirler. Olar özleriniň Brusadaky (öňki grek Bursasy) paýtagtyny Edirnä (Adrianapola) geçiripdirler we 1389-njy ýylda Serbiýany, 1393-nji ýylda bolsa, Bolgariýany basyp alypdyrlar. 1453-nji ýylda Muhammet II (1444-1481) Wizantiýa imperiýasynyň paýtagty Konstantinopoly basyp alypdyr. Konstantinopol Istanbul (Stambul) diýlip atlandyrylyp, ol köp wagtlap türkmen-osmanly imperiýasynyň paýtagty bolupdyr. Şeýle-de bu kitapda Isgender Zülkarnaýyn, Aristotel, Hatam Taý, Hezreti Mugawyýa, Apbasylaryň halypy Mamun, Muhammet Mäti, döwrüniň akyldarlary Nowşirwan adyl barada dürli-dürli hekaýalar bar. Men gysgajyk sözbaşymda şol hekaýalarda getirilýän şahsyýetleriň käbirleri barada durup geçmegi makul bildim. ■ Ilki bilen Isgender Zülkarnaýyn we onuň halypasy Aristotel barada gysgajyk durup geçeliň. Zamanasynda dünýäni sarsdyran Isgender Zülkarnaýyn dünýä taryhynda älemi eýeleýji Aleksandr Makedonskiý diýlip tanalýar. Men şu ýerde okyjyma onuň gelip çykyşy barada gysgajyk gürrüň bermegi ýerlikli hasapladym. Aleksandr Makedonskiý b.e. öňki 356-njy ýylda Makedoniýanyň paýtagty Pelle şäherinde dogulýar. Onuň kakasy Filip II gadymy Makedon patyşasy Karanyň neslinden, ejesi Olimpiada Epir patyşasynyň gyzy eken. Filipe Platonyň şägirdi sapak beripdir. Ol b.e. öňki 359-njy ýylda Makedoniýanyň patyşasy diýlip yglan edilýär . Aleksandr Aristoteliň elinde bilim, terbiýe alýar. Ol ýaňy bir on alty ýaşyndaka Filip II ýurduň möhürini ogluna tabşyryp, Wizantiýa ýöriş edipdir. Patyşanyň ýoklugyndan peýdalanan duşmanlar aýaga galýarlar. Ýaş Aleksandr olara garşy çykyp, hem-de şäherlerini basyp alyp, Aleksandropol şäherini esaslandyrypdyr. Haçanda Filip II Kleopatra öýlenende, ataly ogluň arasyna sowuklyk düşýär. Filip II ölümi bolsa, Aleksandryň öňünde kyn meseleleri goýýar. Makedoniýada entek urug-taýpa gatnaşyklarynyň galyndylary saklanypdyr. Patyşa harby ýygnagyň üsti bilen saýlanypdyr. Makedon tagtyna Filip II ikinji aýaly Kleopatranyň ogly Karanyň hem geçmeklige haky bolupdyr. Emma tagta mynasyp hökümdar hökmünde Aleksandr çykarýarlar. Umuman, Aleksandr Makedonskiý ýigrimi ýaşynyň içinde goňşy döwletler tarapyndan howp abanýan patyşalyga eýe bolupdyr. Aleksandr Makedonskiniň Gündogara eden ýörişi hakynda onuň öz ýaşan döwründen bäri dürli-dürli pikirler ýaşaýar. Beýle diýildigi bolsa ol ýöriş adamzat tarapyndan henizlerem öwrenilýär diýildigidir. Eýsem-de bolsa, Aleksandr Makedonskiniň bu ýörişiniň sebäbi nämekä?! Birnäçeler ony Aleksandryň dünýäde ýeke-täk bolmak höwesiniň netijesi hökmünde düşündirse, taryhçylaryň uly topary Aleksandryň gündogara ýörişiniň sebäbini parslaryň Kiriň ýolbaşçylygynda dünýädäki eden-etdiligine jogap hökmünde düşündirýärler. Hakykatdan hem, şol döwürden biraz öň Alynky Aziýa Kawkazyň üsti bilen Don derýasynyň töwereginden aralaşan parslaryň ata-babalary ýerli halklaryň ýaşaýşyna, medeniýetine uly zeper ýetiripdirler. Üçünji bir pikire görä, Aleksandr Makedonskiniň ýörişi Allatagalanyň parslara ýollan haklaşyk jezasydyr. Aleksandryň bu ýörişiniň düýp sebäbini başga ýerden gözlemeli däl-de, hut Makedonskiniň özünden gözlemeli. Mälim bolşy ýaly, onuň kakasy Filipiň döreden döwleti töwerekdäki basylyp alnan kiçi döwletlerden emele gelen birlikdi. Bu bolsa döwletde närazylyklaryň ösen döwri bolupdyr. Şol närazylygy şemala sowurmak üçin gazapdyr, pikiri özüňden başga ýana gönükdirmeklik gerek bolupdyr. Şeýle hem ýurduň ykdysady ýagdaýy durmuşyň öňde keserdip goýan meseleleriniň biri bolupdyr. Ine, Aleksandryň gündogara ýörişi bolsa onuň döwlet ýolbaşçysy hökmünde bu soraga jogaby bolupdyr. Aristotel Platonyň iň ökde şägirdidir. Ol b.e. öňki 384-nji ýylda Fransiýanyň Stagiri şäherinde doglup, Afina demirgazykdan gelipdir. Aristoteliň kakasy Nikomah makedon patyşasy Amintaň lukmany bolupdyr. Ol b.e. öňki 343-nji ýylda makedon patyşasyndan çagyryş hatyny alýar. Aleksandr ýaňy on üç ýaşyndaka Filip II ony Aristotele tabşyrýar. Aristotel şazada hemme taraplaýyn bilim berýär. Akyldar şazada Miýez düzlüginde üç ýyl bilim beripdir. Ilki bilen özüňi alyp barmagyň we döwleti dolandyrmagyň usullaryny, filosofiýany, galyberse-de medisina ylmyny hem öwredipdir. Aristotel Isgenderiň her bir ädiminde paýhasly maslahatlary berip durupdyr. Her bir çözülmesi kyn meselä Aristotel çözgüt tapypdyr. Aleksandr Hindistany eýeländen soň öz halypasyna: — Men dünýäni aldym — diýip ýazanda, Aristotel: — Heý... dünýänem bir alyp bolarmy!? Dünýä seniň özüňi almanka gaýt, tizräk yzyňa — diýip jogap ýazýar. Ýa-da Isgender: — Eý, Aristotel! Garşyma gitmek isleýänleriň soňuna nädip çykmaly?! — diýip soranda, Aristotel: — Eý, Isgender! Adam öldürmek bilen ýurdy dolandyrmak bolmaz. Öldüren adamlaryň nesilleri saňa duşman bolar — diýip maslahat berýär. “Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter” diýlişi ýaly, Aleksandryň özi hem ýaşlygyna garamazdan akyl çeşmesiniň gözbaşy bolupdyr. Ondan: — Eý, Isgender! Dünýäde iň söýgüli käriň nämedir?! — diýip soranlarynda, ol: — Ynsanperwerli hökümdarlyk! — diýip jogap beripdir. Dünýäde beýik adamlaryň durmuşyna degişli bir häsiýet bar, o-da ömrüň öleniňden soňra rowaýata öwrülmegidir. Aleksandr Makedonskiý hem şol şahsyýetleriň hataryna girýär. Onyň ýörişleriniň basybalyjy häsiýete eýe bolmagyna garamazdan ol halkyň aňynda ýigrenilmeýän şahs bolup galypdyr. Ilki bilen ol öz ýörişi bilen köp halklary pars zulumyndan dyndyran halasgärdir. Parslara güýç görkezip dyza çökerensoň ol b. e. öňki 330-njy ýylda Merkezi Aziýa aralaşyp başlaýar. Serkerde üç ýyldan gowrak bu ýerdäki bölek-bölek bolup ýaşaýan halklar bilen söweşýär. Bu söweşlere taryhçylar Makedonskini Hindistan ýolundan üç ýyl alyp galan sebäp hökmünde häsiýetlendirýärler. Bu şahsyýet taryha grek-ellin medeniýetini ýaýradyjy progressiw häsiýetli adam hökmünde girýär. Ol Çingiz han ýaly diňe ýumurmak bilen meşgul bolman, tersine basyp alan ýurtlarynda gözel ymaratlar gurdurypdyr. Onuň gurduran galalarynyň, şäherleriniň üstünden wagt „ýumurtga togalan-da” bolsa, onuň ýörişiniň gowy taraplary galypdyr. Belki-de, şonuň üçin musulman ymmaty ony Taňry tarapyndan günäsi geçilen ýagşyzadalaryň biri hökmünde tanaýandyrlar. Dünýäde Aleksandr Makedonskiniň düýbüni tutan şäherleriniň aňyrsy-bärsi ýok. Beýik serkerde tarapyndan Jeý şäheri esaslandyrylýar. Sasanylar döwründe şa goşunynyň leşgergähi ýerleşenligi üçin oňa „Sipahan” soňra bolsa „Yspyhan” diýip at berýärler. Orta asyrlarda Yspyhan Ýakyn Gündogaryň gülläp ösen bir şäherine öwrülýär. Dag gerişleri bilen gurşalan we şäherden giň Zaýenderud derýasy geçýän Yspyhan özüniň arassa howasy, suwy we ýumşak tebigaty bilen tapawutlanypdyr. Eýýäm yslamdan öňki döwürdäki dolandyran nesilşalyklar Yspyhany öz döwletleriniň paýtagtlary edipdirler. Soňra bolsa Buýidleriň (932-989) we Ziýaridleriň (927-1012) paýtagty bolýar. XI asyryň kyrkynjy ýyllarynda Yspyhan uzaga çeken göreşden soňra seljuk häkimi Togrul beg (1038-1063) tarapyndan basylyp alnyp, äpet hem-de giň seljuklar imperiýasynyň paýtagtyna öwrülýär . Gadymy Merwe-de onuň dahyly bar. Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň „Näler görüner” atly goşgusynda: Seýl edeliň bu jahana, Jahanda näler göriner. Isgender Jemşit saldyran Beýik binalar görüner — diýen setirleri bar. Aleksandr – Isgender dünýä edebiýatynyň hemişelik obrazyna öwrülýär. Ol diňe beýik serkerde, döwlet işgäri hökmünde däl, dana adam, filosof hökmünde-de görkezilýär. Firdöwsi, Nyzamy, Dehlewi ýaly gündogar edebiýatynyň ýyldyzlary Isgender Zülkarnaýynyň obrazyny ulanyp, edebiýatda mynasyp eserler döredipdirler. ■ Sahylykda, jomartlykda we ejize ýardam bermekde nusga hökmünde geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan ynsany Hatam Taýyň keşbinde görmek bolýar. “Hatam Taý Muhammet pygamberiň zamanasyndan ozal ýaşap geçen taryhy şahs. Onuň jomartlygy baradaky hekaýat äleme dolýar. Hatam Taý türkmeniň hem sahylyk babatdaky ynamyna öwrülýär. Ol hatda dilegçä kellesini hem berip bilýän jomart kişi.” Hatam Taý Muhammet pygamberiň ýaşap geçen döwründen öň ýaşap geçen taryhy şahsyýet bolupdyr. Ol araplaryň „taýy” taýpasyndan bolup, onuň çyn ady Hatam ibn Abdylla ibn Sad ibn Taý bolupdyr. Hatam Taý ömrüniň köp bölegini syýahatçylyk bilen geçiripdir. Ol özüniň syýahatlaryny, esasan, Arabystanda, Hindistanda, Merkezi Aziýada, Kawkazda hem-de Hytaý ýaly ýurtlarda geçiripdir. Hatam Taý diňe bir sahylykda, jomartlykda ýa-da dilewarlykda meşhur bolman, eýsem, ol şahyrçylykda hem şöhrat gazanypdyr. Arap edebiýatynyň çeşmelerinde duş gelýän maglumatlara görä, yslam dininden öňki döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň hatarynda Hatam Taýyň ady hem duş gelýär. Hatam Taý özüniň goşgularynda-da, esasan, belent adamkärçilik, sahylyk, jomartlyk hem-de myhmansöýerlik barada gürrüň edýär. Mysal üçin: Baýlyk geler-geçer, diňe yzynda Gep-gürrüň, söz hem-de ýatlama galar. Hatam Taý bilen baglanyşykly gürrüňimi onuň: “Men Ýemen ýurdundan, meniň adym Hatam ibn Taý. Men Beýik Taňrynyň ýolunda mätäç bendeler üçin janymy pida etmäge taýýar” diýen sözleri bilen jemlemegi makul saýdym. ■ Indi gürrüňimi Mugawyýa baradaky maglumatlar bilen dowam etdirmekçi. Ady hekaýatlarda getirilýän Hezreti Mugawyýa kimkä!? „Tabarynyň taryhynda” Mugawyýa barada aşaky jümleler getirilýär. „Onuň doly ady Mugawyýa ibn Abu Süfýan ibn Harb ibn Ummiýe ibn Abdyşems ibn Abdymanafdyr. Mugawyýanyň dört aýaly bardy. Onuň üç ogly, dört gyzy bolupdyr. Mugawyýa uzyn boýly, ullakan gözli, burunlak görmegeý adamdy. Mugawyýanyň ýüzi ak, gülende ýokarky dodagy çekilýärdi, dişleri görünýärdi. Ol sakalyny hyna bilen boýaýardy. Ogullarynyň atlary Abdyrahman, Ýezit, Abdylladyr. Gyzlarynyň ady Hindu, Seffeýe, Äşe we Remiledir. Mugawyýa ýetmiş sekiz ýaşynda wepat bolupdyr. Onuň ýüzüginde „Lä kuwwata illä billä” (Hudaýdan başga güýç ýok) diýlip ýazylypdyr. Onuň kätibi Abdylla ibn Ewes Anany, weziri bolsa Sarwab ibn Eýýup bolupdyr”. Mugawiýa 19 ýyl, ýagny 41-60-njy ýyllarda ýurdy dolandyrýar. Hezreti Mugawyýa bilen başlanan täze döwletiň ady yslam taryhynda „Şam emewi döwleti” diýlip alynýar. Mugawyýa eýýäm Mekge basylyp alnan döwürlerinde yslamy kabul edipdir. Şol mahal ol heniz 23 ýaşynda eken. Biraz wagt hezreti pygamberiň wahyý kätibi bolupdyr. Hezreti Mugawyýa uzak ýaşapdyr. Bir gün ol münbere çykyp: — Eý, adamlar. Men uzak wagt emirlik sürdüm. Sizi ýadatdym, özüm hem ýadadym. Men sizden aýrylmak isleýärin. Siz hem meniň aýrylmagymy isleýän bolsaňyz gerek. Menden soňra size menden artyk haýyrly emir gelmez. Menden öňki geçenler hem menden haýyrlydylar. „Haýsydyr bir adam Allatagala gowuşmak islese, Allatagala hem şol adamyň özüne tizräk gowuşmagyny islärmiş. Eý, Allam! Men saňa tizräk gowuşmak isleýärin, sen hem şu dilegimi kabul et!” diýip ýalbarypdyr. Şu duýgular içinde bolan Hezreti Mugawyýa 680-nji ýylda ölüm düşeginde ýatýar. Mugawyýa ölüminiň öňüsyrasy ogly Ýezide şeýle wesýet edýär: — Eý, oglum! Seniň işleriňi ýeňilleşdirdim. Duşmanlaryň gazabyny ýumşatdym. Araplary saňa boýun egdirdim. Saňa her hili mümkinçilikler we girdeýji çeşmelerini taýýarladym. Hijaz halkyna göz-gulak bol. Çünki olar seniň aslyňdyr we saňa geljek kişileriň arasynda iň hormatlanýanlarydyr. Yraklylara hem göz-gulak bol. Senden her gün bir işgäri wezipeden boşadylmagyuny isleseler boşat! Çünki, bir işgäriň wezipeden boşadylmagy ýüz müň gylyjyň saňa garşy çekilmesinden has ýeňildir. Şamlylara hem göz-gulak bol. Çünki, olar seniň syrdaşyň bolarlar. Eger duşmandan şübhelenseň, Şamlylardan kömek sora. Ýerine ýetirmeli işlerini gutaransoň, ülkelerine dolanyp barar ýaly et. Çünki beýleki şäherlerde köp galsalar, olaryň ahlaklary bozular” . Mugawyýa berk we güýçli döwlet döredipdir. Ibn Abbasdan Mugawyýanyň nädip beýle döwlet döredendigini soranlarynda, ol: — Mugawyýanyň ynsanperwerligi gahar-gazapdan, sahawatlylygy bolsa husytlykdan güýçlidi!- diýip jogap beripdir. Muhammet pygamber Mugawyýanyň aýal dogany Ummi Habibä öýlenipdir. Bu barada Ibn Kesiriň „Beýik Yslam taryhynda”: — „Pygamber aleýhyssalamyň Ummi Habibä öýlenmegi bilen ol, ýagny, Ummi Habibe möminleriň enesi, Mugawyýa bolsa möminleriň daýysy boldy” diýlip aýdylýar. 632-nji ýylda Muhammet pygamberiň ölüminden soňra Abu Bekr halyplyga saýlanýar. Onuň yzyýany halyplyga saýlanan Omar , Osman , Aly „çaryýarlar” ady bilen meşhurdyrlar. Alynyň ölüminden soňra, ýagny 661-nji ýylda pygamber Aleýhyssalam ýaly Kuraýyş taýpasyndan bolan Mugawyýa halypa bolýar. Ol Emewiler neslinden bolupdyr (Dünýä taryhynda bu nesilşalyga Emewiler (661-750) diýip at berýärler). Eýýäm 661-nji ýylda olar Hyraty, Owganystany eýeläp, Hindistana ýetýärler. 670-nji ýylda arap goşunlary Atlantik ummanyna baryp ýetýärler . Hekaýatlarda Anuşirwan, Nowşirwan ýa-da Nowşirwan adyl ady bilen getirilýän şahs Eýranda höküm süren Sasanydlar nesilşalygynyň ýigrimi birinji patyşasy bolupdyr. Onuň hakyky ady Hysrow bolup, Anuşirwan onuň lakamy bolupdyr. Araplar oňa Kesra diýýärler. Kakasy Kubat patyşa ölenden soň, 531-nji ýylda patyşa bolýar. Bu patyşa däp boýunça adalatlylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Ol öz kakasynyň döwründe dinsizleri gyryp, olaryň soňuna çykýar. Nowşirwan adyl özüniň paýtagty bolan Tisfunda 579-njy ýylda aradan çykýar. Men bu hekaýatlaryň ýazary Abdylla Kudsy barada ne edebiýatlar-da, ne-de internet habarlarynda hiç hili maglumat tapmadym. Häzirki döwürde hem gözlegimi dowam etdirýärin. Hawa, taryhyň gatlaryna ser salsaň, öwrenere zat köp. Munuň üçin bolsa zamanasynyň pirleriniň, akyldarlarynyň, şadyr, soltanlarynyň hem-de han-begleriniň bitiren işlerine, göýberen ýalňyşlyklaryna göz ýetirmek gerek. Göz ýetirmek üçin bolsa, adam okamaly we öwrenmeli. Okamagy we öwrenmegi başarýan adam durmuş hakda düýpli pikirlenmegi hem başarýar. Taryhyň gatlaryna siňen gizlin wakalary, maglumatlary öwrenmek bilen adam durmuş ýolunda ýalňyşmazlyga çalyşýar. Eliňizdäki hekaýatlar ýygyndysy hem size durmuş ýolundaky kynçylyklary ýeňip geçmeklige goltgy berjekdigine ynanýaryn. Bu hekaýatlar bize sabyrlylygy, ynsanperwerligi, kanagatlylygy hem-de her bir işe akyl bilen aralaşmaklygy öwredýär. Şeýle eserleri halk köpçüligine ýetirmeklik bolsa biziň, ýagny golýazmaçylaryň paýyna düşýär. Aýgözel GELDIÝEWA, TMGI-niñ uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |