07:57 "Ata-babasyny begendiren adam": Li Kuan Ýu | |
"ATA-BABASYNY BEGENDIREN ADAM": LI KUAN ÝU...
Taryhy şahslar
Ömrüni ýurduna bagyşlandygyny, ýurdunyñ öz ömründen has owadandygyny we gymmatlydygyny aýdan adamyñ kyssasy Li Kuan Ýu ýatlamalarynda basybalyjy ýapon esgeriniñ ony zor bilen dyza çökerjek bolandygyny we muny etmekdek ýüz öwrende ýa-da dyza çökmejek bolup güýmeñ-saýmañlyga salanda, özüne topulyp ýumruk salandygyny aýdýar. Ýaponlaryñ zulumyndan soñ Singapury basyp alan iñlis kolonizatorlary bolsa harby taýdan şowsuzlyga uçrandyklaryna garamazdan halka ýowuz çemeleşdiler. Li şular ýaly şertlerde "hiç bir kese ýerliniñ bizi eýläk-beýläk siltäp-depip ýörmegine ýol bermeris" diýen azmlylyk bilen ulaldy. Li Kuan Ýunyñ ady "ata-babalaryny begendiren adam" manysyny berýär. Häzir dünýä taryhynyñ iñ esasy strukturalaýyn gudratlarynyñ birini amala aşyran premýer-ministriñ doglan gününiñ ýüzünji ýyly baýram edilýär. Singapur 1965-nji ýylda Malaýziýadan bölünip aýrylanda, bu ýerler mör-möjeklerden we ýokanç kesellerden doly sadyr atyp ýatan batgalykdy. Ýurt üçünji derejeli ýurtlaryñ sanawynda-da iñ soñky orunlardady. Oksfordaky we Kembriždäki kolonizator ýokary okuw jaýlaryny tamamlap gelen Kuan ýurduny birinji derejeli dünýäniñ iñ ýokarky gatyna çykarmagy niýetine düwdi. 1990-njy ýylda premýer-ministr wezipesinden gidende, adam başyna düşýän ortaça girdeji 500 dollardan 13 müñ dollara çykyp, Günorta Koreýa ýaly birnäçe ösen ýurdy tozanyna garypdy. 2015-nji ýylda 91 ýaşap aradan çykanda 1,5 million singapurly onuñ bilen müdimilik hoşlaşdy. Ýönekeýje öýde we ýönekeýje ofisde, hiç hili tarhandökerlige ýol bermän ýa-da baýlykdan daş ýönekeý durmuşda ýaşady. Döwletdäki korrupsiýanyñ nol derejede ýa-da noldanam aşak bolmak şerti bilen ministrlerine we orunbasarlaryna mümkin bolan iñ ýokary aýlyklary berdi. Iki sany ýönekeý heýkelden başga özi üçin ýadygärlik heýkel gurulmagyna ýol bermedi. Ölüminden soñ öýüniñ muzeý edilmezligi üçin ýykylmagyny wesýet etdi. Emma wesýet çagalarynyñ arasynda düşünişmezlige sebäp boldy. Ogly premýer-ministr Li Hsien Lung heýkelleriñ biriniñ ýüzüne şeýle ýazylmagyny buýurdy: "Kuan Ýuwa degişli ýadygärlik göresiñiz gelse, daş-töweregiñize ser salyñ". Li Kuan Ýu / Fotosurat: Maýkl Stroud, "Daily Express" / Hulton Archive Genri Kissinžer bolsa Kuan Ýu hakda şeýle diýipdi: "Onuñ Singapur idealy diñe real bolup geçen zat däl, şol bir wagtyñ özünde üstünlik, ýokary añ-düşünje, doly tertip-düzgün we tebigy baýlygyñ döredijilik bilen üstüniñ ýetirilmegi netijesinde öñe saýlanan ýurtdy". Kuan demokratiýa onçakly ynanyp baranokdy. Ol bir gezek şeýle diýipdi: "- Geçmişde demokratiýa amal etmedik ýurtlara demokratiýany empozirläp bolar öýdemok. Bäş müñ ýyllap özüne boýun egmedikleriñ kellesini kesip gelen imperiýanyñ golastynda ýaşandan soñ Hytaýdan nädip demokratiýany tama etjek?" Meşhur sözleriniñ birem şudy: "- Syýasatçy sözlerini minimumda saklamaly we hereketleriniñ öz adyndan gürlemegine ýol bermeli". Singapur esaslandyryjysynyñ ýüzünji ýylyny belleýän döwri ähli halkara indekslerde birinji ýeri eýeleýär. Munuñ özi, ömrüni ýurduna bagyşlandygyny, ýurdunyñ öz ömründen has owadandygyny we gymmatlydygyny aýdan adamyñ kyssasydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 24.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |