14:56 Awtor bolsaň, sen bäri gulak goýgul ☻... | |
AWTOR BOLSAŇ, SEN BÄRI GULAK GOÝGUL☻...
Söhbetdeşlik
Ýazyjy-şahyram edil, beýleki sungat adamlary ýaly köpüň adamsy. Ol islese-islemese (eger-de adamlar oň ýazýan zadyny okaýan bolsalar :-(...) köpçüligiň gözünde bolýar. Ol diňe bir ýazýan zatlary bilen däl, eýsem, öz ýaşaýşy köpçülikde edýän gürrüňleri, hereketleri bilenem özüne üns berýänlere täsir edýär, adamlaň aňyna özüniň durmuşy ynançlaryny, dünýägaraýşyny biygtyýar girizýär. Onsoňam, adatça, eger-de ýazylýan zatlar okyjyň göwnünden tursa :-( ol şol eserleri ýazanyň şahsyýeti bilenem gyzyklanyp ugraýar. Şu nukdaýnazardanam, eger-de ýazmak işi bilen meşgullanýan awtorlar başardyklaryndan, ýagny elleriniň degdiginden hem-de islegleriniň boldugyndan şu aşakdaky sowallara jogap ýazsalar: 1. Öz dünýägaraýyşlaryny paýlaşyp, okyjylara, täzeje ýazmaga başlanlara we başlajak bolýanlara :-) täzeje bir zatlary öwredip sogap gazanardylar; 2. Öz aýdaslary gelýän zatlaryny gysgaça-da bolsa, eserlerdäki ýaly çeper söz bilen owadanlamasyz, okyjylaň dykgatyna ýetirerdiler; 3. Bu edil çeper sözi döretmek işiniň, edebiýaty öwrenişiň janly mekdebi ýaly, birek-birek bilen tejribe alyşmaga, şonuň netijesinde-de kämilleşmäge ýardam bererdi; 4. Edebiýatyň janköýerleri üçin gyzykly bolardy; 5. Sowallara jogap berýän awtoryň özi üçinem, öz toplan bilimlerine, tejribesine täzeden baha berip, ony seljermäge we gaýtadan özleşdirmäge itergi bolup hyzmat ederdi; 6. Okyjylara öz okaýan awtorlaryny has içgin tanamaga ýardam bererdi; 7. Eger-de okyjylaň goldawyna mynasyp bolsa, awtor bilen okyjyň arasynda janly (indi: "interaktiw" diýseň netkeşleň hoşuna gelýämişdik) dialogy ýola goýmaga mümkinçilik bererdi... Köne sanawaçda: “Ýedigenim ýedi ýyldyz, sanasaň sogaby köp” diýilýär. Ýedilik sanam türkmenlerde gowulyk getirýän, “bereketli” san hasaplanýar. Diýmek, haýsydyr bir pişäň ýedi bähbidi bar bolsa, belki şonuň bilen azda-kände wagt ýitirip, meşgullananyňa degýändir :-)... Edebiýat boýunça söhbetdeşligiň soraglary (meniň pikirimçe)☺ 1-nji sorag: Okyjylarymyzy tanyşdyrmak üçin, ilki bilen gysgaça terjimehalyňyzy aýdyp beräýseňiz?! Jogap: (Gysgaça, takmynan 5-10 setirde) Doglan senesi, ýeri, okan mekdebi, tamamlan ýokary okuw mekdebi, maşgala ýagdaýy, haçan ýazyp başlady, ilkinji çap edilen eseri we wagty; 2-nji sorag: Edebiýat näme? Onuň adamzat, jemgyýet üçin ähmiýeti, onuň kyssa, şygyr we drama žanrlarynyň her biriniň wajyplygy, artykmaçlygy we kemçiligi baradaky şahsy garaýyşlary; 3-nji sorag: Dünýä edebiýatyndan kimleriň, haýsy eserlerini has gowy görüp okaýar? Dünýä edebiýatynda özüne has ýiti täsir eden 10 eser, ilki şygyrda, soň kyssada. Şol eserleriň özüne has täsir eden ýerleri. Şahsy pikirine görä, şol eserleriň dünýä edebiýaty, adamzat üçin ähmiýeti nämede? 4-nji sorag: Türkmen edebiýatynda özüne has ýiti täsir eden 10 eser, ilki şygyrda, soň kyssada; 5-nji sorag: Türkmen edebiýaty baradaky pikirleri. Türkmen edebiýatynyň her bir taryhy tapgyry barada gysgaça öz garaýyşlary: 1.Halk döredijiligi (Dessanlar, şorta sözler, şadessanlar, nakyllar, hüwdüler, läleler we ş.m.); 2.Irki orta asyr türkmen edebiýaty (Enweri, Ferdöwsi, Haýýam we ş.m.) 3. Giçki orta asyr türkmen edebiýaty (Ýunus Emre, Ýusup Balasugunly, Garajoglan we ş.m.) 4.Nusgawy türkmen edebiýaty (Andalyp, Azady, Magtymguly, Şabende, Şeýdaýy, Magrupy, Misgingylyç, Mollanepes, Zelili, Seýdi, Zynhary, Talyby, Abdysetdar Kazy we ş.m.) 5. XX asyryň 30-njy ýyllarynyň edebiýaty (Körmolla, Ata Salyh, Ahundow-Gürgenli, Ata Köpekmergen we ş.m.); 6. XX asyryň 50-80-nji ýyllarynyň edebiýaty (B.Kerbabaýew, H.Derýaýew, B.Seýtäkow, B.Hudaýnazarow, G.Ezizow, K.Gurbannepesow, Italmaz Nuryýew we ş.m.) 7. 1980-2000-nji ýyllaryň edebiýaty (Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew, Orazguly Annaýew, Osman Öde, Agageldi Allanazar, Juma Hudaýguly, Kömek Kuly, Ýylgaý Durdy, Gurbanýaz Daşgyn, Saýlaw Myradow, Nazar Gullaýew, Öwezdurdy Nepesow, Annageldi Nurgeldiýew, Jumageldi Mülkiýew, Kakamyrat Ataýew, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler we ş.m.); 8. Türkmen edebiýatynyň häzirki güni we ýaşlary (Hemra Hudaýgulyýew, Kakamyrat Rejepow, Seýitmyrat Geldiýew, Annahal Baýhan, Orazmyrat Myradow, Maksat Hudaýgulyýew, Maksat Bäşimow, Umyt Küle, Suraý Babanyýazowa, Laçyn Pürjäýewa, Merdan Baýadow, Sapa Hommadow, Goçmyrat Orazberdiýew we ş.m.); 9. Şahsy pikirine görä, geljegiň türkmen edebiýaty nähili bolar? Nähili bolsa gowy (jemgyýete, adamlara) has peýdaly bolardy? 6-njy sorag: Iň ýazasy gelýän eseri näme?! 7-nji sorag: Häzirki döwürde türkmen edebiýatyndaky ýaş ýazyjylaryň we şahyrlaryň kemçilikleri hem-de artykmaç taraplary; 8-nji sorag: Şahsy pikirine görä, näme üçin kitap okaýanlar azalýar. Bu ýagdaý uzak dowam edermi? Soňky ösdürimleri nädip kitap okamaklyga imrindirmeli? 9-njy sorag: Şahsy pikirine görä, näme üçin türkmen edebiýatynda başdan geçirmeler, fantastika, fentezi, alternatiw taryhy, mistika eserleri juda az ýazylýar, tersine pelsepeçil eserler bolsa köp ýazylýar?! 10-njy sorag: Şahsy pikirine görä, durmuşda jemgyýetçilik işjeňliginiň islendik görnüşi (haýsy kär, iş, pişe) bilen meşgullanaňda-da üstünlik gazanmak we maksadyňa ýetmek üçin her bir adama haýsy häsiýetler zerur?! 11-nji sorag: Şahsy pikirine görä, her bir adamyň başyna betbagtlyk getirip biljek ýa-da ony abraýdan düşürjek ýaramaz häsiýetler haýsylar?! 12-nji sorag: Şahsy pikirine görä, adamlar bilen ýagşy gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpçülikde özüňi nähili alyp barmaly?! 13-nji sorag: Şahsy pikirine görä, edebiýatyň geljegi nähili bolar?! Ýagny soňky döwürler statistiki maglumatlara görä ýaşlar galyň kitaplary, iri göwrümli eserleri okamaýarlar, diňe gysgajyk, habar (rezýume) pisint, çaklaňja hekaýalary okanlaryny, üstesine-de şol hekaýalarda-da haýsydyr bir çözmesi kyn matally gizlin manynyň bolmagyny däl-de, her bir zadyň aýdyň çintgelip beýan edilmegini gowy görýärler. Bu ýagdaý epopeýa hakynda gürrüňem ýok, roman, powest ýaly žanrlaryň öz-özünden ýitjekdigini aňladýarmy? Şonuň ýaly-da okyjylar kagyz kitaplary okanlaryndan ses ýazgyly kitaplary diňlänlerini ýa-da elektron kitaplary okanlaryny gowy görýärler, bu ýagdaý kitaba bolan höwesiň gaçmagyna täsirini ýetirýärmi?! 14-nji sorag: Eserlerde durmuş hakykaty nähili beýan edilmeli?! Aç-açanmy ýa-da ýylmanypmy?! 15-nji sorag: Durmuşy kitap bilen öwrenmek gerekmi ýa-da kitap – bu adaty bir, üns bereniňe degmeýän güýmenjemi?! 16-njy sorag: Öz durmuşyndan iň gyzykly (bagtly) pursady ýatlap bermegi; 17-nji sorag: Öz durmuşyndan iň gülkünç wakany ýatlap bermegi; 18-nji sorag: “Her bir adam öz-özüniň iň adalatly kazysy” diýenem bir jedelli aýtgy bar. Ýöne, bu aýtgy jedelli bolsa-da, onuň özüniň häzirki güne çenli ýazanlaryndan iň gowy eseri haýsy diýip hasaplaýar? Onuň eserleriniň içinden haýsyny okyjylar has gowy görüp okaýarlar? Haýsy eserini bolsa ýazanyna soň ökündi, emma köpçülige ýaýrandygy sebäpli, üýtgedip bilmeýär?! 19-njy sorag: Ýazyjylygy ýa-da şahyrlygy kesp-kär edinip, şonuň üsti bilen eklenjek bolmak dogrumy ýa-da ol diňe göwnüňi hoşlamagyň serişdesi bolup galmalymy?! 20-nji sorag: Ýaş ýazyjylara we şahyrlara döredijilik babatda näme maslahat beresi gelýär?! Bellik: Söhbetdeşlik geçirilýän adamdan, soraglara jogap ýazanda (ýa-da aýdanda), mümkin boldugyndan sada hem düşnükli dilde, gysgaça beýan etmegi haýyş etmeli. Çünki, ýokarda bellenilen soraglardan görnüşi ýaly, okyjy ýaşlarymyzyň işleri başyndan agdyk bolandygy sebäpli :-( olaryň kellelerine uzak agram salmaga-da :-( we aýdylan düşnüksiz sözleriň manysyny tirmäge-de :-( wagtlary ýok :-(. Ýöne şonda-da :-) olary okamaklyga imrikdirmek üçin, özlerini gowulyga tarap özgertmegiň hatyrasyna zähmet çekýänler bilen tanyşdyrmak, olaryň dünýägaraýyşlaryny, durmuşy tejribelerini öwretmek üçin şeýle söhbetdeşlikleriň geçirilmegi maksadalaýyk bolarmyka diýýärin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 15 | ||||||||||||||
| ||||||||||||||