19:04 Aýagyñy galdyr, paşam! / satiriki hekaýa | |
AÝAGYŇY GALDYR, PAŞAM!
Satiriki hekaýalar
Işiň kyny - özüňe däli diýdirmek. Kim özüne birje gezek däli diýdirip bilse, galan ömrüne müşgiliň ýüzüni görmez. Ine, şoň üçinem ençeme ýyllaryň dowamynda özüne däli diýdirjek bolup çytraşýanlar baram bolsa, munuň hötdesinden gelip bilýän az-az. Emma Ýusup harby mekdebi gutaryp-gutarmanka adynyň yzyna däli lakamyny tirkedip bildi: Ýusup däli... Eger dälilik adamy dälihana dykdyrjak derejede bolmasa, bu eýýäm iň gowy artykmaçlykdyr. Akyly-huşy ýerinde biri nädogry iş etse, her kim ony geňleýär. Däli bir zat etse welin, “Aý, ol däli ahyry...” diýip pitiwa-da etmeýärler. Ýa-da aýdan-ýyldan bir gezek gowy iş edäýse dagy, “Ol eder-le, däli ahyryn ol...” diýip, oňyn baha berýärler. Ýusup däli orta ýoly tapanlardan boldy. Biziň hemmämiziň dälilere, dälibaşlyga aýratyn söýgimiz bar. Ýusup däli-de gowy görülýän gullukçylaryň biridi. Gözsüz batyr, dile çeper... Ol bu artykmaçlygyny ýerlikli ulanyp, harby çinlerini-de çalt-çaltdan aldy. Az wagtyň içinde paşa bolaýdy, zaňňar! Zapasdaky gullukçy Hasan ependi Ýusup däliniň wzwodynda gulluk edýärdi. Hasan ependiniň çini dört gezek peseldildi. Onuň bar arzuwy golagasy çininden otstawka çykmakdy. Uruş wagty biri maýor alsa, işler öz-özünden ugruna bolup gidiberýärdi. Ýusup däli paşa Hasan ependini gowy görýärdi. Hasan ependi harby mekdebi gutarmandy, ol “torbadan çykma gullukçy” diýilýänlerdendi. Sowady pesem bolsa, işeňňirdi, dogruçuldy, iş başarjaňdy. Uruş döwründe iň gereklenýän häsiýetlerem şu. Ol maýor çinine ýetip otstawka çykmak üçin öňki işleýşindenem gowy işlejek bolýardy. Emma onuň ininden gorky-ünji hem bir tüýsli aýrylyp gidiberenokdy: çininiň yzyna alynma gorkusy... Öňem dört gezek çininiň peseldilendigi az zatmy näme? Ol her gezek leýtenantlyga düşürlip, soňra täzeden golagasy çinine galdyryldy. Maýor bolmasa-da, ol bu çininden müňde bir razydy. Oña çini yzyna alynmasa bolýardy... Şol wagtyň goşunynda magnitli meýdan telefonlary ryçagly bolardy. Telefonda gürleşip durkaň ryçagyna basyp durmasaň, ses gelmeýärdi. Haçanda ştabdaky telefonda gürleşilse, Hasan ependi geň galyp, ştabyň işgärlerine: — Bu nähili beýle bolýar, düşünemok – diýýärdi. – Telefonda men gürleşip bilemok-la. Hasan ependi telefonyň ryçagyna nähili basmalydygyny bilenokdy. Bir gün ştabyň işgärlerinden biri telefonda gürleşip durka, Hasan ependi: — Maňa bersene şuny! – diýip, telefony ýoldaşynyň elinden kakyp aldy. Ol: — Alo… Allýo!.. – diýip, gygyrmaga başlady. Ses eşdilenokdy. Beýleki gullukçy: — Bolmanam gürleşip bilmersiň, Hasan ependi – diýdi. – Sen telefonda gürleşeňde iki aýagyňy birden ýere basýaň, şol sebäpli elektrik tolkunynyň barsy ýere siňýär. Hasan ependi: — A näme etmeli onda? – diýip sorady. — Aýagyň birini ýokaryk galdyryp, birini ýere basmaly. — Bäýbä, diýmek şoň üçin gürleşip bilmeýän ekenim-dä? — Dagy näme! Ine, seret, şeýle! Ýaş işgär aýagynyň birini galdyryp, telefonyň trubkasyny eline aldy, bildirtmän ryçagyna basdy, soňra Hasan ependiniň gulagyna uzatdy: — Aýagyňy galdyryp gürleşiber! – diýdi. Hasan ependi aýagynyň birini galdyrdy, ýaş işgäriň elindäki telefonda gürleşmäge başlady. Edil şol wagtam kätip esgerleriň biri içeri girdi. Ol Hasan ependä: — Sizi paşa soraýar, hojaýyn... – diýdi. Hasan ependi Ýusup paşanyň ýanynda bäş minudam durmady. Gidişi bilen gelişi deň boldy, ol reňkini agdyryp boz-ýaz bolup gelşine iki elini gowşuryp: — Ýene çin gitdi! – diýip, ah urdy. Hasan ependiniň bäşinji gezek çini peseldilýärdi, ol ýene leýtenanta düşürildi. Hasan ependi Ýusup däli paşanyň otagyna girende paşa telefonda gürleşip durdy. Otagda paşanyň adýutanty bilen harby nyzama jogap berýän serkerde bardy. Telefon aragatnaşygy oňat gurnalmandygy we bulam-bujarlygy üçin paşa gowy gürleşip bilenokdy. Onuň gahary gelýärdi. Ine, edil şol wagtam maýor almaga mümkinçilik dörändir öýden Hasan ependi: — Bir aýagyňyzy galdyryň, paşam! - diýdi. Ýusup däli paşa garamagyndaky ofiserler bilen gönümel, ýüzbe-ýüz gürleşmän, adýutantynyň üsti bilen gürleşerdi. Ol adýudantyndan sorady: — Näme diýýäraý bu? Adýutant hem ondan sorady: — Näme diýýäň, Hasan ependi? Hasan ependi: — Paşa hezretleri telefonda gürleşjek bolsa, bir aýagyny galdyrsyn – diýdi. Adýutant paşa ýüzlenip: — Bir aýagyňyzy galdyr diýýär, şef – diýdi. Ýusup däli paşanyň otagyndan gök gümmürdisine meňzeş aýylganç ses eşdildi. Soňam Hasan ependiniň zymdyrlyp çykyp barýanyny gördüler. Ol has-haslap gelşine, stolunyň başyna çökdi... Telefonyna agzyndan gelenini sögünip bolansoň: — Ýene gitdi çinimiz, täzeden başlamaly boldy! – diýdi. Eziz NESIN / "Jenap Tüýdük” ("Bay Düdük") Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |