00:15 Aýasofýa söwdasy | |
AÝASOFÝA SÖWDASY
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, ençeme günden bäri Aýasofýanyñ üstünde jedelleşýäris. Bu buthanany gurduran Wizantiýanyñ imperatory we Fatih Soltan Mämmet diri bolan bolsalardy, häzirki bolýan zatlara haýran galmakdan ýaña agyzlary uçuklardy. Wizantiýaly hökümdar "Jan dostum, biz bir ajaýyp ybadathana gurdurdyk, emma gel-gel XXI asyrda nämeler bolup ýöraý?" diýip, hopugardy. Mämmet soltan bolsa haýran galyp: "Balalarym, men bu buthanany metjide öwremde, haçanam bolsa bir gün, ýüzlerçe ýyl geçensoñ syýasata şeýlekin perde tutuljagyny nädip bilerdim?" diýip sorardy… Soñam şeý diýerdi: “Şindi sizde Döwlet soweti (Danıştay) diýilýän ýokary sud organy bar eken. Biziñ zamanymyzda bu işe kazylar serederdi. Men Döwlet sowetine minnetdarlygymy bildirýärin. Olar meniñ patyşalyk hukugymy gorapdyr. Osmanly hukugyna hemişe eýe çykmalaryny, mundan beýlägem şular ýaly kararlar kabul etmegini dileýärin!..” Hawa, gözümüz aýdyñ!.. Atatürküñ gol çeken kararnamasy ýok hasaplandy, ybarata öñdenem açyk bolan Aýasofýa muzeýiniñ iş režimi indi üýtgedi, metjide öwrüldi. Nämäniñ hatyrasyna?.. Dünýewi respublikan hukugynyñ güýçsüz hasap edilip, ýerine osmanly düzgünleriniñ we hak-hukuklarynyñ janlandyrylmagynyñ hatyrasyna… Şindi garşymyzda Aýasofýa perdesine duwlanýanlar bu ybadathananyñ belli bölümlerinde öñdenem Gurhan okalyp gelinýändigini, namaz okalýandygyny bilenokmydylar? Elbetde bilýärler, özem hemmämizden gowy bilýärler. Ýeri onda näme üçin olar bu işiñ täjirligine girişdiler? Bilmez ýaly zat ýok, din täjirliginiñ hatyrasyna! Öñümizdäki 24-nji iýulda ilkinji köpçülikleýin jumga namazyny Aýasofýada okajaklarmyş. Ýer ýokdugy üçin içerik diñe müñ adam alynjakmyş. Emma edilen we ediljek çakylyklardan soñ metjidiñ töweregine we Soltanahmet meýdanyna on müñlerçe kişi toplanyljak. Namaz metjitde we töweregindäki meýdanlarda okaljak. Namaz kyldyrmagy (ymamlygy) Rejep beýe (Erdogan -t.b.) teklip edipdirler. Emma ol "Edilem beýtmäñ" diýip, yrza bolmandyr. Käşgä kyldyran bolsa… Käşgä Din işler ministrliginiñ taýýarlan hutbasyny-da özi okan bolsady. Dünýä lideriniñ bu hereketleri hem gelişerdi, hemem meñ pikirimçe bütin dünýä jemgyýetçiligine ýiti täsir ederdi! Şindi häkimiýetiñ agalyk sürýän käbir häkimlikleri we jemgyýetçilik guramalary gyzgalañly taýýarlyk görýärler. 24-nji iýulda Aýasofýa namazy üçin turnir gurnamak! Çorum häkimligi şolardan biri… Binadan asylan ullakan şygarda şeýle jümleler ýazylypdyr: “Buşluk! Zynjyrlar üzüldi, Aýasofya ybadata açyldy.” Puluna dözenler turnirlere gatnaşar, dabaralara tomaşa eder, namazyny okabam gaýdar. Emma bugünlerde çynlakaý bir mesele orta çykdy… Aýasofyanyñ täze ymamlary we täze müezzinleri (azançylary) kim bolarka! Tarykatlaryñ we dini jemagatlaryñ arasynda bu boýunça dawalar-düşünişmezlikler çykypdyr. Her kim ol ýere öz adamlarynyñ goýulmagyny isleýärmiş. Bähbitlisi bolsun, başga näme diýeýin! Söýgüli okyjylarym, şindi Aýasofýa boýunça aklyma käbir sowallar gelýär. Aýasofýa ýerli we daşary ýurtly turistler tarapyndan Türkiýäniñ iñ köp gelim-gidimli muzeýlerinden biridi. Edil ýöne pul çykarýan stanogy ýalydy!.. Altyn guzlaýan towugy diýsegem öte geçmesek gerek!.. Gapyñ agzynda mundan soñam petek berlermikä? Muzeý hiç diýeli, ýylda gelýän millionlarça adam metjide-de pul töläp girmelimikä? Peteksiz girip bolýan bolsa, biziñ söwdagär pulgözlerimiziñ bular ýaly ummasyz girdejiniñ ýitgisine göz ýumjakdyklaryna hiç ynanamok. Üstesine bu boýunça näme edipdirler, bilýäñizmi? Petek işini torpedaly daşary ýurt firmalarynyñ birine ynanypdyrlar. Firma her petekden öz paýyny alýarmyş. Şuña herkesiñ gowy göz ýetirmegi gerek… Ybadata öñem uzak ýyllardan bäri açyk bolan Aýasofýa şindi aslynda ybadata däl-de, "Syýasata" açylýar. Ilkinji köpçülikleýin namazyñ 24-nji iýul güni Lozan şertnamasynyñ baglaşylan ýylyna gabatlap okaljak bolunmagynyñ sebäbi-de şundan. Ýagny, bize özygtyýarlylygymyzy, garaşsyzlygymyzy we özbaşdaklygymyzy kepillendiren Lozan şertnamasynyñ abraýyna kölege salmak!.. Walla, mekirligiñ, çemeçilligiñ we saýlawda ses sanyny artdyrma gaýgysynyñ bular ýaly usulyna isleseñ-islemeseñ haýranyñ hekgerýär. Emin ÇÖLAŞAN. 16.07.2020 ý. "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |