01:55 Aýasofýadaky talañçylyk!.. | |
AÝASOFÝADAKY TALAÑÇYLYK!..
Publisistika
2003-nji ýyl... Erkan Mumju Medeniýet we turizm ministri, professor Mustapa Isen bolsa onuñ orunbasary.... Dolmabahçe köşgüniñ ýerzemininde çüýräp pide bolan on müñlerçe taryhyñ güwäsi obýekti halas edip biljek giñ gerimli işiñ başyny başlandan soñ, gezek Aýasofýanyñ undulan gymmatlyklaryny ýagtylyga çykarmaga gelipdi. Çünki bize gelip gowşan maglumatlara görä, içinde köp sanly taryhy eser bolan 31-nji belgili ammaryñ gapysyna urlan gulp elli ýylyñ dowamynsa bir gezegem açylmandy!.. Ministriñ orunbasary Isen halypamyzyñ beren ejazasyndan iñ gowy şekilde peýdalanyp, taýýarlygymyzy gördük. Wideokameralaryñ öñünde gulpuñ çözlüp, gapylaryñ açylmagyna gezek gelende, hem-ä ARENA toparynyñ agzalary, hemem şol wagtyñ muzeý adminstrasiýasy tolgundyryjy pursatlary başdan geçirdi, demimiz demimize ýetmedi. Işe täze başlan müdir Serajeddin Şahin açary towlady, birküç gezek towlandan soñ agaç gapy kynlyk bilen jygyldap açyldy. Çäksiz bilesigelijilik bilen içeri girenimizde çydap bolmajak heñ ysyna gabatlaşdyk. Möý kereplerinden ýaña zat saýgarar ýaly däldi. Diwardan diwara ýüp bilen dañlan ýaly bolup duran bilek ýogynlygyndaly kerepleri syryp, kynlyk bilen birküç ädim äden ýolbaşçylar görýän zatlarynyñ garşysynda näme diýjeklerini bilmän doñup galdylar. Çünki inwentar hasapda duran taryhy pop kürsüleri, uly-uly ikonlar, agaç sütünçeler, osmanly döwrüne degişli ýagtylandyryjy çyralar we wagtynda mährabyñ iki ýanyna örtülen ýüzýyllyk geçmişi bolan gymmatly halylar çüýräp ýatyrdy. Geleñsizlik we ýatdan çykarmaklyk şeýle bir ýokary we weýran edijilikli derejelere çykypdy welin, deñi-taýy tapylmajak halylar elimizi degrende, bölek-bölek bolup elimize gelýärdi. Toz-topraga bulaşyp galan ikonlaryñ üstündäki suratlar öçüp gidipdir, pop kürsüleri çagşap galypdyr… Bizi asyl gynandyran, eýmençlikleri kinofilmlerini ýatladyp duran görnüşler işgärleriñ demirgazyk-gündogar geçelgesi arkaly galareýa tarap ýöränlerinde gazylyp-dörjelenen mazara duşanlarynda başlaýardy. Mazarlaryndan çykarlan ystyhanlar (skletler) we süñk bölekleri daş-töwerekde pytrap ýatyrdy. Görnüşi ýaly, muzeýde hazyna gözlenen bolmaly!.. Degişli ýolbaşçylaryñ berýän maglumatlaryna görä, polisiýanyñ maliýe bölüminiñ geçiren ýörite operasiýasynda ogrulardan alnyp, Aýasofýa muzeý müdirligine tabşyrlan surýany dilindäki gymmatly üç golýazma kitabyñ biriniñem ogurlanandygy ýüze çykypdy. Kitaphanadaky golýazma kitaplaryñ göz-görtele nädip çüýrändigi habarnamada şu jümleler bilen beýan edildi: ‘‘Nem, tozan we mör-möjekleriñ beren zyýany netijesinde golýazma eserleriñ jiltlerinde parçalanma, sahypalarynda agyr zaýalanma we käbir kitaplarda birnäçe sahypanyñ nemlenme sebäbi bilen biri-birine ýelmeşip galandygy we ýapyşyp ýyrtylandygy görüldi…'' Uly seslenme döreden "Arena" telegepleşigimiz ýaýlyma goýberilenden soñ şol wagtyñ Medeniýet we turizm ministri Erkan Mumju şu nebsagyryjylykly sözleri paýlaşdy: “Haýsy muzeýimiziñ ammaryny açsañyz açyñ - duş geljek manzarañyz şular ýaly bor. Gynansak-da, taryhy eserleri ammarlarda saklamaga dowam etdigimizçe, şeýlekin manzara hiç haçan üýtgemez!..” Ministr Mumju girizjek täze düzgünleri bilen muzeý girdejileriniñ medeni mirasyñ goralyp saklanmagy üçin muzeýleriñ özünde galdyryljakdygyny, şol wagta çenli bu muzeýleriñ syýahatçylardan gelýän düşewündüñ 10%-ni-de almandyklaryny aýdypdy!.. Söýgüli okyjylarym! Çökme howpuny başdan geçiren Dolmabahçe köşgi we ýerzeminindäki 10 müñ obýekt biziñ köpçülige ýetiren habarlarymyzdan soñ restawrasiýa edilip halas edildi we täzeden halk köpçüligine elýeterli hala geldi. Aýasofýadaky ýokarda agzalan eserlerem birlaý elden geçirildi. Eýse biziñ görmän galanlarymyz näme? Ministr Mumjunyñ aýdyşy ýaly, ammarlarda çüýremäge dowam edýänler näme?.. Bu biziñ şöhratly taryhymyza we medeni mirasymyza edip boljak iñ uly hyýanat dälmi? Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 17.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |